11:32 Yslam dünýäsi alaçsyz, munuñ çözgüdi nämede? | |
YSLAM DÜNÝÄSI ALAÇSYZ, MUNUÑ ÇÖZGÜDI NÄMEDE?
Publisistika
Yslam dünýäsiniñ häzirki başdan geçirýän tragediýasy hakykatdanam ýüregiñi gyýym-gyýym edýär. Indoneziýadan Marokka, Gazagystandan Sudana çenli yslam geografiýasynda diñe ýönekeý adamlar däl, hökümetlerem, ýerli dolandyryş edaralary-da, döwletlerem özlerini alaçsyz we güýçsüz duýýar. Şonuñ üçinem iki milliard adamyñ ýüregi alada-gaýgydan we gahar-gazapdan doly. Munuñ sebäbi on aý bäri Gazada dowam edip gelen musulman genosidi, munam az görýän ýaly Ysraýylyñ guduz açan ýaly beýleki musulman ýurtlara agyz urmagy, döwlet ýolbaşçylaryny, ýokary wezipeli işgärleri iñ rehimsiz we adamkärçilige sygmaýan ýollar bilen öldürmegi, ýok etmegi. Musulmanlary örteýän zadam, iki asyra golaý wagt bäri demokratiýa, adam hukuklary, şahsy azatlyklar ýaly temalarda başgalara akyl satýan, tankyt edýän, ýazgarýan Günbatar siwilizasiýasynyñ bu genosidi duruzjak bolmagyñ gamyny iýmek beýlede dursun, gaýtam tersine, ähli mümkinçilikleri bilen ganojak jöhitleri goldamagy we arkasynda durmagy boldy. Iñ ýamany-da bütin bu zatlaryñ garşysynda elli garaşsyz ýurtdan ybarat gojaman dünýäniñ hiç zat etmezligi, bialaç synlap durmagy. XIX asyrdan bäri basylyp alynmaga we koloniýalaşdyrmaga başlanan yslam geografiýasynda Birinji jahan urşunyñ öñüsyrasynda Günbataryñ basyp almadyk iki sebiti galypdy: bularyñ biri Anadolynyñ suwsyz tebsiräp ýatan ýerleri, ikinjisi-de Owganystanyñ daglyk sebitleri. Birinji we ikinji jahan uruşlaryndan soñ çäklerini Günbataryñ çeken birnäçe musulman ýurdy guruldy we garaşsyzlygyny aldy. Emma bu ýurtlaryñ juda azy garaşsyzlygyny hakyky göreşiñ netijesinde gazanyp bildi. Köpüsi bolsa Günbataryñ özi tarapyndan öz erkine goýberildi. Edil şolar ýaly XX asyryñ ahyrynda sowet geografiýasyndaky musulman respublikalar-da (Russiýanyñ içindäki awtonom respublikalardan we oblastlardan başgasy) tötänlik bilen we özleri islemezden garaşsyzlygyny aldylar. Garaşsyzlygyny alan musulman ýurtlar ösmek, galkynmak we Günbataryñ yzyndan ýetmek üçin birnäçe ýola, emele, usula ýüz urdy. Günbatardan parlament, demokratiýa, saýlawlar, profsoýuzlar, zawod-fabrikler, metbugat serişdeleri ýaly birentek zady kopiýalap aldylar. Emma bularyñ biri-de garaşylan netijäni bermedi. Çünki musulmanlar Günbatar ösüşiniñ añyrsynda ýatan pelsepewi düşünje, nukdaýnazary, durmuşa bokan garaýşy bilen gyzyklanmagyñ ýerine diñe onuñ önümlerini alyp, gysga ýolda maksatlaryna ýetjek boldular. Ýagdaý şeýle bolansoñ, garaşylan netijäni gazanyp bilmediler. Belki-de şoñ üçin bolsa gerek, soñky ýetmiş-segsen ýylda Günbataryñ goşunlary bilen garşylaşan musulman goşunlary gumbaýrak deýin dargadylar. 1967-nji ýylyñ Arap-Ysraýyl urşy ýa-da togsanynjy ýyllar we şondan soñky birinji we ikinji Pars aýlagy uruşlary munuñ iñ bärkije mysallary. Häzirem şu ýagdaýy Eýran başdan geçirýär. XX asyry dünýewi we dinçi diktaturalar, harby döwlet agdarylyşyklary, ýeke-täk adam ýa-da maşgala dolandyryşlary bilen yrýa eden yslam geografiýasy XXI asyrda-da öñki ýalñyşlyklaryndan ders alarly däl, gaýtam tersine, bu geografiýada adam hukuklarynyñ, demokratiýanyñ, şahsy azatlyklaryñ, gündelik hak-hukuklaryñ çygry we örüsi barha daralýar. Ýogsam bolmasa musulmanlary birinji halas etjek zat şu gymmatlyklaryñ belende göterilmegi we bularyñ dilujy däl-de iş ýüzünde amala aşyrylmagydyr. Häzir yslam geografiýasynyñ iñ garañky ýurdy bolan Owganystandan iñ aýdyñ ýurdy bolan Türkiýä çenli çar künjegindäki adamlar Günbatara gidip arzuwlaýyşlary ýaly durmuşda ýaşamagyñ hyýalynda gezýärler. Mümkinçiligi barlar şonsuzam gidýär, ýoklaram elde baryny-ýoguny sarp edip gitjek bolýar, hatda munuñ üçin janlaryny howp astyna salmakdanam gaýtmaýarlar. Ýekeje pursatlyk üçin millionlarça musulmanyñ küýseýän we arzuwlaýan durmuşynyñ yslam geografiýasynda berkarar edilendugini göz öñüne getirip görüñ. Marokkodan başlap Türkiýä, ol ýerdenem Eýrandyr Päkistanyñ üstünden Indoneziýa çenli adamlaryñ hakyky manyda demokratik we hukuk döwletinde ýaşaýandygyny, hemmeleriñ kanunyñ öñünde deñdigini we Gurhanda birnäçe ýerde ýanjalyp aýdylan "işi oñarýan adama beriñ" aýatynyñ hutma-hut ýerine ýetirilişini göz öñüne getiriñ. Marokkodan howalanan ýolagçy Türkiýede, Eýranda, Päkistanda ýa-da Täjigistanda başyna näme bilen garşylaşjagyny, bolmajak işleriñ başyna inmejegini bilse we gorkman-ürkmän arkaýyn gezip bilse. Edil şwesiýalynyñ Londonda, Parižde, Nýu-Ýorkda ýa-da Melburnda arkaýyn gezip bilşi ýaly. Eger şeýle bolaýsa dagy, yslam geografiýasynda durmuş jennete dönerdi, hiç kimse ýurduny taşlap eklenç üçin ýat ýurtlara gitmäge zerurlyk duýmazdy, belki-de, göçe-göçlükler tersine bolardy. Günbatar tarapyndan itilip-silterlenen, basylyp alynan, koloniýalaşdyrylan Ýaponiýa, Hytaý, Günorta Koreýa, Taýwan ýaly ýurtlar başdan geçiren kösençliklerinden degerli netije çykaryp, gaýtadan aýaga galmagy başardylar. Häzir bu ýurtlar Günbatara tehnologiýa önümlerini satyp, hamana ädikçiniñ özüne ädik satýarlar. Elbetde, Uzak Gündogar ýurtlary-da entek demokratiýany doly özleşdirip ýetişmediler. Emma özleşdirip ýetişen bir zatlary bar, olam - ylym-bilim, pähim-paýhas we ýedi ölçäp bir kesmek. Olar ylym-bilimi we pähim-paýhasy özlerine çelgi edinendikleri üçin göz öñüne tutan maksatlaryna añsat ýetdiler. Eýsem edil şular ýaly ugur-ýoldan yslam dünýäsi ýöräp bilmezmi? Hernäme-de bolsa, akylyñ ýoly bir ahyryn. Olary üstünlige ýetiren ylmy we rasional düşünje formasy bizi-de salamatlyga ýetirip biler. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkmen žurnalisti. Sişenbe, 06.08.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |