16:09 Yslam dünýäsi alaçsyzmy? | |
YSLAM DÜNÝÄSI ALAÇSYZMY?
Publisistika
Yslam dünýäsi we musulmanlar haçanda Günbataryñ garşysynda ýeñlişi, ejizligi we alaçsyzlygy başdan geçirseler, muña üç dürli garşylyk görkezýärler. Birinji garşylyklary, "atarys, asarys, keseris, hetdini tanadarys!" diýen ýaly hiç zada ýaramaýan bagyryp-çygyrmalar. Ikinji garşylyk, "Günbatar bizi ýüz ýyllarça ezip gelendigi üçin şu ýagdaýa geldik, şolar bizi şu güne düşürdi, ýogsam bolmasa..." diýip, öz nalajedeýinlikleriniñ we ejizlikleriniñ aýbyny başgalaryñ üstüne atyp, azajygam bolsa psihologiki taýdan ynjalmak. Üçünjisi bolsa, "Biz osmanlylaryñ nesli, biz Selaheddin Eýýubynyñ esgerleri, biz Fatih Soltan Mämmediñ nebereleri" diýip taryhdan dalda gözlemek, müñ ýyl ýada bäş ýüz ýyl öñki ýeñişler bilen öwünip, şu günki alaçsyzlyklaryna teselli gözlemek. Iki ýüz ýyl bäri synalyp gelinýänem bolsa, bularyñ hiç biri-de wagtlaýyn ynjalyk tapmadan başga hiç zada ýaramady we ymykly çözgüt getirmedi. Asyl edilmeli zat bolsa, peýdasyz pañ-pañlamalardan, ata-babalarymyzyñ taryha siñen ýeñişleri bilen öwünmekden el çekilip, uzak wagtlaýyn durnukly ýollara ýüzlenmekdir. Uzak wagtlaýyn durnukly ýollar nähili bolýar diýseñiz, akyl-paýhas, mantyk we ylym-bilim ýoluna dolanyp gelmek. Hut müñ ýyl owal Ibn Sinanyñ, Birunynyñ ýa-da Omar Haýýamyñ edişi ýaly. Şol Ibn Sinanyñ müñ ýyl öñ ýazan 1100 sahypalyk "Medisinanyñ kanuny" eseri XVII başlaryna çenli Günbataryñ ýokary okuw jaýlarynda okuw gollanmasy hökmünde okadylýardy. Ibn Sinanyñ ýa-da Omar Haýýamyñ döwürlerinde we olardan öñ yslam dünýäsiniñ belli şäherleri Bagdat, Kair, Damask, Yspyhan, Merw, Balh, Hyrat, Nişapur, Buhara, Andalus dünýäniñ saýlama ylym-bilim ojaklarydy. Hemaýatynda ýüzlerçe ýazyjy-şahyry we alymy saklaýan Mahmyt Gaznaly, Mälikşa ýaly soltanlar, hökümdarlar täze eserleri döredýän alymlary, ýazyjy-şahyrlary baýlyga çümdürýärdi. Şeýle-de, jadygöý aýallaryñ diriligine ýakylýan, garşydaş pikirli adamlaryñ gazygyñ üstünde oturdylýan we haça çüýlenýän Ýewropasy jahylýet girdabynda ýüzýärkä, Gündogar Türküstandan Marokka çenli aralykda uzaýan uç-gyraksyz yslam geografiýasynda adamlar saz bilen bejerilýärdi. Arap, pars, türkmen alymlary guran obserwatoriýalary bilen ýyldyzlaryñ hereketine gözegçilik edip hasaplap, matematikada täze formulalary işläp düzýärdiler. Aristoteliñ, Eflatunyñ eserlerini täzeden teswirläp, matematikada, pelsepede, himiýada, algebrada täze çygyrlar açylýardy. 750-1500-nji ýyllarda yslam dünýäsi ylymdan sungata, dolandyryşdan goşun guramaçylygyna, arhitektura, edebiýatdan pelsepä çenli hemme ugurda Günbataryñ öñündedi. Indem şu günümize göz aýlañ: gündiziñ ornuny gijä berşi ýaly, bu gezek yslam dünýäsi jahylyýet we fanatizm (yñdarmalyk) deñizinde ýüzse, Günbatar hemme ugurda jennet durmuşyny ýaşaýar. Musulmanyndan buddistine, hindisinden arabyna, afrikalysyndan Ýakyn Gündogarlysyna we Günorta Amerikalysyna hemme jynsdan we ynançdan, hemme ýerden adamlaryñ hatda ölüm howpunyñ abanmagyndanam gorkman ýaşamak üçin jan edýän ýerleri Günbatar Ýewropa, Demirgazyk Amerika we olaryñ şahalary bolan Awstraliýa, Täze Zelandiýa. Gürrüñimiziñ has düşnükli bolmagy üçin şu günümizden we yslam dünýäsinden bir mysal bereliñ: 2015-nji ýylyñ 11-nji sentýabr güni Mekgede Käbäniñ töwereginde uly kranlardan biri güýçli öwsen ýeliñ zarbyna Mesjidi-Haramy zyýarat edip ýören hajylaryñ üstünde düñderilende, 107 adam aradan çykdy, 238 adamam ýaralandy. Saud ýolbaşçylaryñ we hajylaryñ muña beren düşündirişleri yslam dünýäsiniñ akyl tutulmasyny täsin ýagdaýda açyp görkezipdi. Saud ýolbaşçylary heläkçiligiñ sebäbini ylahy ýazgyt diýip düşündirse, şonda kakasy ölen bir türk Allatagala mukaddes topraklarda kakasyna şeýle takdyry rowa görendigi üçin begenýändigini aýdypdy. Ýogsam bolmasa, heläkçiligiñ sebäbi hemmeleriñ düşünip biljek derejesinde aýdyñdy. Kranyñ işledilişine jogapkär nemes inženerleri ýönekeýje barlag geçirip, saud ýolbaşçylaryñ hajylara has giñ ýer açmak üçin kranyñ aşagyndaky beton bloklaryñ birnäçesini süýşürendigi sebäpli kranyñ kiçiräk şemalyñ badyna düñderilendigini anyklapdylar. Şeýle-de, 2002-nji ýylda Saud Arabystanynda talyp gyzlaryñ ýatakhanasynda çykan ýangyny söndürmek islän erkek ýangyn söndürijä içeri girmäge nämährem diýip rugsat berilmändigi zerarly 15 talyp gyz diriligine ýanyp ölüpdi. Kim ynanmasa, googl-a girsin-de göräýsin. Yslam ýurtlarynyñ islendiginden jahylyýet kükäp duran şular ýaly ýüzlerçe mysaly bermek mümkin. Eýsem, yslam dünýäsi soñky 200 ýyl bäri şular ýaly masgaraçylykly jahylyýet deñizini boýlap ýörkä, genoside uçramasynyñ we kiçijik Ysraýyldan taýak iýmesiniñ nämesine geñ galjak? Dünýä şular ýaly özgerensoñ we Allatagala bize akyl-paýhas berensoñ, muny ulanyp bilmeýän bolsak, günä kimde? Yslam dünýäsiniñ yza galmagynyñ sebäpkäri ne günbatarly, ne-de aziýaly imperialistler, ne hem kese ýerleriñ komplimasiýalary, hilegärçilikli oýunlary, ne-de başgalary. Ýeke-täk sebäpkär bar, olam biziñ özümiz. Bizi yza galandygymyz üçin basyp aldylar, häzirem basyp alýarlar we şu günki masgaraçylykly ýagdaýy başdan geçirýäris. Hernä, ýene-de biz musulmanlar bagtly. Indeýler, astekler, maýýalar ýa-da aborigenler ýaly kökümiz guradylmady we ýerlerimiz doly elimizden alynmady. Diñe o taýda-bu taýda az-owlak öldürilýäris we taýak iýýäris. Emma aklymyza aýlanmasak, soñumyz indeýlerden gowy bolmaz. Munuñ başy eýýäm başladam. "Hany, nirede?" diýip soraýan bolsañyz, Kaşgardan, Urumçydan eşdilýän dady-perýatlara gulak germegiñizi maslahat berýärin. Şu gün nobat uýgurlarda we palestinalylarda bolsa, ertir bizde. Meñki aýtmak. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. 23.12.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||