16:38 Yslam dünýäsi we Günbatar | |
YSLAM DÜNÝÄSI we GÜNBATAR
Publisistika
Ýer ýüzünde Günbataryñ ezmedik ýeke ýurdy, Günbataryñ taýagyny iýmedik ýeke halk we döwlet ýok diýen ýaly. Günbataryñ ýüz ýyllarça dowam eden kolonial syýasaty netijesinde käbir döwletler we siwilizasiýalar ýitip-ýok bolup gitdi, käbirleri formasyny üýtgetdi, käbirleri-de heläkçiligi iñ az mukdarda başlaryndan geçirdi. Iñ uly zyýany çekenlerden başlalyñ: Kristofor Kolumbyñ Amerika yklymyny açmagyndan soñ materikdäki siwilizasiýalar, ilkinji nobatda astekler, yzyndan maýýalar we ahyrynda indeýler doly ýitip-ýok bolup gitdi. Kanadadan Argentinanyñ tokaýlyklaryna çenli ümmülmez materik ýewropalylaryñ dilini, dinini alyp, doly assimilleşdi we öñki siwilizasiýalardan nam-nyşan galmady. Şeýle ýagdaýy Awstraliýadaky aborigenler üçinem aýtmak mümkin. Olaryñam nesli şu günki gün ABŞ-daky indeýler ýaly ýok bolup gitmegiñ öñüsyrasynda dur, olar gojaman yklymyñ iñ çet, iñ takyr, iñ hasylsyz ýerlerine sürülensoñ, häzirki wagtyñ ülñüsine garanda gözgyny ýagdaýda ýaşaýarlar. Ikinji uly zyýany çeken Afrika yklymy we halky boldy. Iki-üç asyr öñ ilki Amerika yklymyna gul edilip äkidilen ýüz millionlarça afrikaly häzir ABŞ-da iñ ýaramaz şertlerde ýaşap, ýygy-ýygydan diýen ýaly jynsparazçylykly hüjümlere uçraýar. Afrikadaky birnäçe ýurt häzirem Günbataryñ berk medeni, syýasy we ykdysady gabawynyñ astyndadyr. Häzir birnäçe Afrika ýurdunda fransuz we iñlis dilleriniñ döwlet dili hökmünde ulanylmagy bu gabawyñ açyk-aýdyñ subutnamasydyr. Günbatar kolonializminden iñ az zyýany çeken musulmanlardyr. XX asyryñ birinji çärýegine çenli birküç kiçeñräk ýurdy hasap etmesek, onda Günbatar tarapyndan ele geçirilen yslam ýurtlarynyñ aglabasy Ikinji jahan urşundan soñ garaşsyzlyklaryny gazandylar, ondan soñky ýyllarda Katar, Bahreýn ýaly birnäçe kiçi yslam ýurdy kolonialistleriñ elinden gutuldy. XX asyryñ soñky çärýeginde-de 150 ýyllap rus boýunturygynyñ astynda ýaşan öñki SSSR-iñ türki respublikalary garaşsyzlyklaryna gowuşdylar. Häzir Yslam Konferensiýasyna girýän 57 musulman ýurdunyñ 52-si garaşsyz, galan bäş ýurdam awtonom respublikalardan ybarat. Üns berýän bolsañyz, Günbataryñ basyp alan yslam ýurtlarynyñ ep-esli bölegi ýene Günbatar tarapyndan erkinlige goýberilen bolsa, az sanlysy garaşsyzlyk ugrunda ýaragly göreş alyp bardy. Hatda käbirleri uzak wagta çeken bendilige şeýle bir öwrenişdi welin, garaşsyz bolaslary-da gelmedi, hojaýynlarynyñ olary taşlamagyndan soñ zoraýakdan we islegsiz ýagdaýda garaşsyzlyga ädim ätdiler. Ýadyñyza salyñ, 1991-nji ýylyñ awgustynda döwlet agdarlyşygyna synanşykdan soñ türki respublikalaryñ liderleri agdarlyşykçylaryñ tarapyny tutupdy, agdarlyşykdan soñ SSSR dargap Russiýa, Ukraina, Belorussiýa üçüsi jemlenip, Slawýan blogyny gurdy welin, Gazagystanyñ ýolbaşçysy Nursultan Nazarbaýew "Bizem ýatdan çykarmaweriñ, arañyza goşaweriñ" diýip ýalbarmaga durdy. Onsoñ Boris Ýelsin üç Pribaltika ýurdundan daşgaryn öñki sowet respublikalaryny öz içine alýan Garaşsyz Döwletleriñ Arkalaşygyny gurupdy. Garaşsyzlygyny yglan edeninden bir ýyl soñ, 1992-nji ýylda Türkmenistana gelenimde, biziñ öz garyndaş-doganlarymyza çenli gürleşip gören ildeşlerimiñ barsy dargan Soýuz üçin ýas tutýardy, hatda ak sakgaly göbegine ýetip duran bir türkmen ýaşulysy "Ors gitdi, işimiz gaýtdy. Indi ýetmiş ýyl mundan owalkymyz ýaly bäş-alty adam bolup bir baýyñ gapysynda işlemeli bolarys" diýip, ahmyrly başyny ýaýkaýardy. Men olaryñ garaşsyzlyk üçin begenmegine, asmana towusmagyna garaşypdym, olar bolsa giden rus agalary üçin gözýaş dökýärdiler. Musulmanlar soñky iki ýüz ýyldan bäri yza galandyklary üçin zol-zol Günbatary aýyplap göwünlerini hoşlasa-da, Günbatardan has beter zarbalary alan ýurtlar bireýýäm aýaga galyp ABŞ-nyñ we ÝB-niñ yzyndan ýetdi, hatda ozup geçenleri-de bar. Altmyş ýyl öñ iki şäheri amerikan bombasy bilen ýanyp kül bolan Ýaponiýa häzir dünýäniñ iñ uly tehnologiýa läheñi. Şeýle ýagdaýda iñ uly şäherlerden biri bolan Gonkong we tegelek ýüz ýyllap iñlisleriñ golastynda galan Hytaýam indi ABŞ-ny tozanyna gardy. Bir pursatlyk Stambulyñ tutuş ýüz ýyllap (XX asyryñ dowamynda) iñlisleriñ elinde bolandygyny we ezilendigini ýa-da Eýranda iki şäheriñ atom bombasy bilen ýanyp kül bolandygyny göz öñüne getiriñ. Ýa-da bütin Ýakyn Gündogardaky ýerli halklaryñ Amerika yklymyndaky indeýler ýa-da Awstraliýadaky aborigenler ýaly ýedi puşdunyñ köwlenip aýyrlandygyny, häzirki wagt biziñ ýerlerimizde akýagyz ýewropalylaryñ ýaşap ýörendigini göz öñüne getiriñ. Eýsem, yslam dünýäsi hiç haçanam bular ýaly heläkçiligi başdan geçirmedi. Elbetde, ysllam dünýäsiniñ yza galmagynda Günbatar kolonializminiñ belli bir derejede täsiri boldy. Emma meseläniñ agramly bölegi biziñ özümizde. Başgaça aýdanda, biz ylym-bilim ýaly birnäçe ugurlarda yza galandygymyz üçin basylyp alyndyk we eksplutatirlendik. Basylyp alynandygymyz üçin yza galmadyk. Şu günki gün biziñ öñümizde durýan iñ uly wezipe - keselimize dogry diagnoz goýmakdyr. Dogry diagnoz goýman keseli bejerip bilmeris. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. 04.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |