22:10 Yslam dünýäsinde demokratiýa | |
YSLAM DÜNÝÄSINDE DEMOKRATIÝA
Publisistika
Häzirki wagt adam sany 1,8 milliarda ýeteñkirlän yslam dünýäsinde 52 garaşsyz ýurt we 5 awtonom region bar. Emma bularyñ arasynda sözüñ doly manysynda hukuk-demokratik düzgünine eýe ýeke ýurt ýok. Elbetde, gürrüñ iş ýüzünde hukuk döwletiniñ we demokratik düzgüniñ ýokdugy barada barýar, ýogsam bolmasa kagyz ýüzünde olaryñ hemmesinde-de hakyky demokratiýada bolmaly ähli edara-guramalar bar. Birküç sanysy bolaýmasa, ähli yslam ýurtlaryndaky parlamentler, syýasy partiýalar, saýlawlar, kärdeşler arkalaşyklary, metbugat serişdeleri we raýat-jemgyýetçilik guramalary ýaly demokratik gurluşlar doly güýjünde işlemeýändigi we diñe kagyz ýüzündedigi üçin şol ýurtlaryñ raýatlary kanunlaryñ öñünde deñ däl. Iñ ýaramaz mysal bolan Owganystandan başlap, iñ gowy mysal Türkiýä çenli ähli yslam ýurtlarynda işiñizi bitirmek üçin hökman bir tanyş-biliş tapmaly bolýarsyñyz, döwlet edaralarynyñ ýolbaşçy wezipelerinde işleýän näçe köp dost-ýaryñyz ýa-da garyndaş-doganyñyz bar bolsa, işiñizde-de şoña görä ulalarsyñyz we edeniñiz ugruna bolar. Bu ýurtlarda döwlet edaralaryna añsat baýamak we maddy bol-telkilige ýetmek üçin girilýär. Şonuñ üçin ähli yslam ýurdunda ýek-tüki bolaýmasa, döwlet işinde işleýänleriñ köpüsi ýedi arkasyna ýetjek baýlyk toplandan soñ işden çykýar. Hiç kimem Günbatardaky ýaly munuñ gözbaşyny soramalydyram öýdenok. Gaýtam, musulman jemgyýetlerde "Döwletiñ baýlygy bir deñiz, ondan iýmedik doñuz" düşünjesi bar. Parahorlugy ýazgarýanlar we kada-kanuny, hukugy öñe sürýänler geñ görülýär ýa-da halanmaýar. Iñ ýaramaz nusga bolan Owganystandan bir mysal bereýin: 2002-2021-nji ýyllarda Owganystanda häkimiýet başynda oturan Günbatar goldawly respublikan režimde şol döwrüñ prezidenti Hamid Karzaýyñ ilkinji hökümet toparynda Ramazan Beşerdost atly bir ministr bardy. Karzaýyñ maşgalasy we ilen-çalan dogan-garyndaşlary bilen bir hatarda ministrler düzümi-de tutuşlygyna korrupsiýanyñ batgasyna batan wagty, Beşerdost özi para almandan soñ, alýanlara-da gazaply garşy çykýardy. Şol sebäpli Karzaý bilen oñşup bilmän wezipesinden el çekdi we işini halk deputaty bolup dowam etdirdi. Ramazan Beşerdost / Fotosurat: AP Parlament münberinde her pursatda diýen ýaly hak-hukugyñ, adalatyñ tarapyny tutýan, deñligi öñe sürýän we parahor syýasatçylaryñ etmişlerini ýüzüne basýan Beşerdost hiç kimiñ göwnüne ýaramady. 2014-nji ýylyñ saýlawlarynda maña ony görmek miýesser edipdi. Ýörite ofis almaga puly bolmansoñ, saýlawlara taýýarlyk işlerini "Gyzyl ýarymaýdan" alan çadyrynda alyp barýardy. Ýönekeý owganlar "Görgüliñ çagasy ministr bolupdyr, halk deputaty bolupdyr, emma özüne ibaly ofis almaga ýagdaýy ýok, özüne haýry ýok adamdan bize haýry bolarmy?" diýip, Beşerdostyñ üstünden gülýärdiler. Hiç kimse halal ýaşaýandygy üçin ony oñlamaýardy, gaýtam tersine, ministr we halk deputaty bolan halyna kör-köpüksiz aýlanyp ýörenini ýañsylaýardylar. Beşerdost bolsa modern Hindistanyñ esaslandyryjysy Mahatma Gandi ýaly daş-töwereginiñ ýañsyly hyşy-wyşylaryny diñlemän halkyñ arasynda aýakýalañaç diýen ýaly paýu-pyýada aýlanyp, adalaty we hak-hukugy dabaralandyrmak üçin göreşýärdi. Gandini ahyrsoñunda halky depesine täç etdi, Beşerdosty bolsa gülki ýassygy boldy. Ine, indem Owganystan bilen Hindistanyñ ýagdaýyny görüp dursuñyz. Halal syýasatçylary depesine täç eden Hindistan birtopar adamyñ añyna siñen "hindi gedaýy" düşünjesini döwüp, tehnologiýada belent sepgitlere ýetdi we dünýäniñ iñ güýçli döwletleriniñ birine öwrüldi. Owganystan bolsa uzak wagtlap batgalyga batyp galan haýwan ýaly jahyllygyñ we fanatizmiñ hendeginde urunýar. Ylym, tehnologiýa, senagat, ykdysadyýet, söwda bäsleşiginde yza galyp, ýerleri basylyp alynan yslam dünýäsinde mundan ýüz ýyldan gowrak wagt öñ şeýlr ýaramaz yzagaýdyşlygy togtatmak üçin düşünjewi gözlegler başlady. Munuñ netijesinde üç dürli çemeleşme ýüze çykdy. Birinji garaýyşa görä, musulmanlar yslamdan daşlaşandyklary üçin yza galypdylar. Şonuñ üçinem yslamyñ özenine dolanyp gelmek we pygamberiñ (s.a.w) zamanyndaky ýaly düzgüni ýola goýmak gerekdi. Munuñ netijesinde wahhaby hereketi ýüze çykdy we wahhabylyk ýaýramaga başlady. Ikinji garaýyş bolsa, yslamy modernleşdirmegi (döwrebaplaşdyrmagy) öñe sürýärdi. Bularyñ pikiriçe, Günbatar ylmy bulen yslamy utgaşdyranyñda, galkynmak mümkindi. Müsürde orta çykan "Musulman doganlar" ("İhwan-ül Müslimin") şol gözlegiñ netijesidi. Üçünji garaýyş üçin ösüşiñ iñ dogry ýoly - Günbataryñ ýolundan gitmekdi. O Musulmanlar yslamyýetiñ jylawyny ösüşe aýak goşup bilmeýän jahyl din adamlarynyñ eline berip, döwürden yza galypdylar. Şonuñ üçinem, etmeli zat - ynanjy Günbataryñ edişi ýaly tebigatdan daşary elementlerden saplap modernleşdirmek, jadygöýçülikli düşünjelerden el çekip, ylmy we dünýewi aktuallyklar bilen utgaşykly ahlak sistemasyny täzeden ýola goýmalydy. Yslam dünýäsinde üç ýoldanam giden ýurtlar boldy, emma bularyñ biri-de öñlerinde goýan ahyrky maksadyna ýetip bilmedi. Ýagny, yslamyñ ylmy we maddy üstünlikler bilen doly birmahalky altyn eýýamyny täzeden dikeltmegiñ hötdesinden gelip bilmediler. Wahhaby ýoluny saýlap alan Saud Arabystany, Kuweýt, Katar, Bahreýn we yslamy modernleşdirme ýoluny oñlan Homeýni Eýrany dini diktatura öwürdiler. Günbataryñ ýolundan giden Atatürküñ Türkiýesi, şa döwrüniñ Eýrany ýa-da gysga ömürli Amanulla han döwrüniñ Owganystany ýamaly demokratiýa formasyny aldy. Jemal Abdynasyryñ, Saddam Hüseýiniñ, Hafyz Esadyñ, Muammar Kaddafiniñ ýolbaşçylyk eden sosialistik arap respublikalary bilen garaşsyzlygyna täze gowşan Orta Aziýadaky türki respublikalary hersi özbaşyna dünýewi diktatura öwrüldiler. Häzir şol ýurtlaryñ birinde-de hakyky demokratiýanyñ we hukuk döwletiniñ gürrüñini etmek mümkin däl. Agzalan ýurtlarda ýönekeý raýat bolup döwlet işinde işleýän wezipeli işgär bilen arañyzda mesele ýüze çyksa, siziñki dogry bolaýanda-da hak-hukugyñyzy gorap bilmeýärsiñiz. Eger hak-hukugyñyzy goramakçy bolsañyz, muña ilkinji nobatda prokraturanyñ işgärleri we ýerli häkimiýetler ýol bermeýär. Arz-şikaýat edäýeniñizde-de utjak gümanyñyz ýok, gaýtam ýolbaşçylara dil ýetirmekde aýyplanyp, başyñyza bela satyn alarsyñyz. Yslam dünýäsi muny bilmeýän ýokdugy üçin bolsa gerek: uruşdan gaçýan siriýalylar guk ýanlaryndaky Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Kuweýt, Bahreýn ýaly ýurtlara gitmegiñ ýerine ajalyñ we agzyny hatap ýaly açyp duran ýuwdarha deñizlerde gark bolmagyñ üstünden ätläp, Günbatara gitmäge dyrjaşýar. Ýogsam bolmasa, Pars aýlagyndaky arap ýurtlary arap medeniýetli we ykdysady taýdan has oñatlygy bilen bir hatarda ýakyn aralykda bolandyklary üçinem siriýalylara has amatly bolaýjak ýaly. Owganlar üçinem munuñ şeýledigini aýtsa bolar. Hut Eýranda bolşy ýaly, Owganystanda-da pars medeniýeti agalyk sürýär we pars dili ähli etniki toparlaryñ umumy dili bolup hyzmat edýär. Muña garamazdan ýeke owgan bosguny Eýranda galasy gelenok, olaryñ barsy serhetden ýüzlerçe kilometrlik ýoly aýakýalañ-başaçyk paýu-pyýada Türkiýä gelýärler. Sebäp olar üçin Türkiýe - Günbatara barýan ýoluñ ugrundaky köpri bolmak bilen birlikde Günbatar demokratiýasynyñ iñ pes wersiýasy. Galyberse-de, bu ýurtda adamlar Eýrana garanda has azat we arkaýyn ýaşaýarlar. Ýurtlaryndan çykmaga mejbur bolan ähli bosgunlaryñ ahyrky maksady Günbatara ýerleşmek. Olaryñ gözünde Günbatar ýer ýüzüniñ jenneti. Günbatary adamlaryñ gözüne ýakymly görkezýän zat diñe maddy bol-elinlik däl-de, şol bir wagtyñ özünde magnawy artykmaçlyk. Ýagny sözüñ doly manysyndaky demokratiýa, hukuk döwleti, adam hukuklary, deñlik we şahsy azatlyklar. Elbetde, Günbataryñ demokratiýa we adam hukuklary babatdaky geçen ýoly we taryhy örän hapa. Emma şonda onuñ öz giñişligindäki demokratiýasy we adam hukuklary taýdan alanda häzirki şertleri dünýäniñ beýleki ýerlerinden has oñaýly. Hawa, ol ýerde ýönekeý türk işçisiniñ cagasy, arap migranty ýa-da hindistanly biri işläp, daban azaby bilen iñ ýokary wezipelere ýetip bilýär. Haýsydyr bir türk Germaniýada, haýsydyr bir arap Fransiýada ýa-da niräniñ bir hindistanlysy Angliýada ministriñ, premýer-ministriñ kürsüsinde oturan wagty, ýerli halkdan ýekesi olara "dagdan gelip, bagdakyny kowýar" diýen pikirde gezenok. Muña garamazdan Eýranda ýa-da Türkiýede owganlaryñ, siriýalylaryñ haýsydyr bir wezipä bellenmegi beýlede dursun, köçeden geçip barýarka öz din doganlaryndan eşitmeýän paýyş sözi ýok. Bu iki ýurtda adamlar başdan geçirýän ykdysady kynçylyklaryny we sosial adalatsyzlyklaryñ hyltyny garawsyz göçegçilerden çykarýar. Yslam geografiýasynda reformalar üçin edilýän tagallalaryñ üstünden ýüz ýyldan gowrak qagt geçendigine garamazdan, häzirem ýeke yslam ýurdunda demokratik düzgüne goldanýan hukuk döwletiniñ doly ornaşyp gidibermizligi nebsagyryjylyklydygy bilen bir hatarda çuññur oýlandyryjydyr. Şol sebäpli "Nirede ýalñyşlyk goýberdik?" sowaly orta atmak her kesiñ borjy bolmalydyr. Bu sowaly orta atanymyzda gan, gözýaş, içerki uruşlar, zulum, we basyş bilen dünýä jemgyýetçiliginiñ añyna siñen yslam geografiýasy Orta asyrlarda bolşy ýaly täzeden dünýä siwilizasiýasynyñ merkezine öwrülip biler. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. Duşenbe, 21.11.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |