11:00 Ysraýyl: Başga front | |
YSRAÝYL: BAŞGA FRONT
Publisistika
Ysraýyla abanýan uly howp bar, emma Gazada bolup geçýänlere gezek gelende welin, hiç hili bökdençlik ýok! Amerikan ýazyjylarynyñ biri ysraýyllylaryñ BMG-nyñ ganym duşmany bolup dörändiklerini ýazýar. Ysraýyl hernäçe halkara guramanyñ karary bilen döredilenem bolsa, islendik karar oña we onuñ ýöredýän syýasatyna çapraz gelýärdi. Ibrany döwleti häzir Gaza urşuny iki frontda ýöredýär: Birinjisi gazaly çagalar, beýlekisi BMG. Ysraýyl iki täsin sýurpizi bir wagtyñ özünde başdan geçirdi. Birinjisi harby derejede 7-nji oktýabrda bolup geçen "Aksa tupany" operasiýasy, ikinjisi bolsa BMG-nyñ baş sekretary Antoniu Guterrişiñ bolup geçenler boýunça özüni alyp baryşy. Syýasy taýdan portugaliýaly diplomatyñ geçmişde Ysraýyla has ýakyn durýandygyny bilýärdiler. Emma Gazada bolup geçen aýylgançlygyñ garşysynda aýaga galdy. Tolgundyryjy we batnykly sözler bilen palestinalylaryñ geçiren operasiýasynyñ 1956-njy ýyldan bäri başdan geçiren zulumynyñ netijesidigini aýtdy. BMG-nyñ Baş Assambleýasynyñ kararlary iş ýüzünde ýöräp durmasa-da, Gazada 14 sese garamazdan 120 ses bilen ýaraşyk talap edýän Ysraýyla ýene bir urgy berdi. Guterriş Ysraýylyñ Daşary işler ministri Eli Koeniñ ýazgaran kararynyñ Baş Assambleýadaky ses berişlik müddetiniñ özüni "azyndan ýardam etmek maksady bilen adamy ýaraşyga gönükdirilen goldawyñ artmagy babatda ýagşy niýetli bolmaga" synanyşdyrandygyny aýtdy. BMG-nyñ Baş Assambleýasyna palestin halkynyñ demikdiriji okkupasiýa zerarly kösençlik çekýändigini aýdanam şonuñ özüdi. Guterriş ildeşi Fernando Pessoanyñ şygyryny jümle-jahana täzeden ýatladyp, "ýerleriniñ basybalyjylar tarapyndan lak-luk atylandygynybwe tragediýalaryna syýasy çözgüt tapma umytlarynyñ aradan aýrylandygyny" gören adamlaryñ kösençiliklerini agzap geçdi. Guterrişiñ şuña meñzeş görlüp-eşdilmedik pozisiýasynyñ tersine, ABŞ hem şoña meñzeş görlüp-eşdilmedik pozisiýa geçdi. Dessine ýaraşyk baglaşylmagy üçin ses berişligi geçirmäge garşy çykdy. Ýagny Ysraýylyñ premýer-ministri Binýamin Netanýahu üç million adamyñ doly ýok edilmegini tamamlamazdan ýaraşyk baglaşylmagyny islemedi. Birleşen Korollygyñ Daşary işler ministri-de has salyhatlyrak görnüşde onuñ edenini gaýtalady. Günbatar "Hamasyñ" Ysraýyly ýok etmek isleýändigini we Ysraýylyñ bütindünýä jöhitleri üçin ygtybarly watan hökmünde gurlandygyny aýdyp, Ysraýylyñ "Hamasa" garşy uruşa girendigi bahanasyny ulanýar. Emma bu boş pikir ýele ygyp gitdi. Geçen aý ysraýylly jöhitleriñ uly göçhä-göçlügi başlady we olar Ýewropadaky ýurtlaryna dolanyp bardylar. Araplaryñ üstünde uzak wagtlap öwünip gelinenem bolsa, ösüş togtady we walýuta dolanşygy hümmetini ýitirdi. Gorkusyz-ürküsiz "güýçli Ysraýyl" sypatlandyrmasy sumkasy bilen ýassygynyñ tapawudyny bilmeýän gorkak sypatlandyrmasyna gaýdyp geldi. Birnäçe wagt öñ dünýä gazetlerine Germaniýa bilen Ysraýylyñ arasynda ylalaşyk baglaşylandygy hakda kiçiräk habar düşüpdi. Onda Germaniýa Ysraýyly goramak üçin "demir saýawan" berilendigi aýdylýardy. Jöhitleri ýok etmek niýetiniñ bardygy aýdylýan Germaniýanyñ indi Ysraýyly gorag astyna almagy bilen nämüçin hiç kimseläniñ gyzyklanmaýandygyna düşünemok. Germaniýanyñ premýer-ministri Olaf Şolsyñ ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýdeniñ yzysüre Netanýahuwa goldaw beren ikinji adamdygyny gördük. Öñem şeýle boldy, häzirem şeýle bolýar, hemmesi bir rubrika sygýar: Ysraýyla abanýan uly howp bar, emma Gazada bolup geçýänlere gezek gelende welin, hiç hili bökdençlik ýok! Gassan Şerbiliñ duşenbe güni çap edilen makalasynda aýdylyşy ýaly, "adamlaryñ ölýän, ýöne öldürilmeýän" dostana döwrüni başdan geçirýäris. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Penşenbe, 02.11. 2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |