13:41 Ysraýyly kim durzup biler? | |
YSRAÝYLY KIM DURZUP BILER?
Publisistika
Ilki bilen prezident Erdoganyñ Ysraýyl hakdaky soñky çykyşynyñ örän şowsuzdygyny we ýerliksizdigini nygtamak gerek. Akylly-başly her bir türk raýaty Türkiýäniñ Ysraýyla garşy harby herekete girişmejegini gowy bilýär. Türkiýäniñ beýle güýji bolýan bolsady, Ysraýyl 2010-njy ýylda "Mawy Marmara" gämisine dökülip, on sany türk raýatyny öldürende jogap bererdi. Özübiz bilýänsiñiz, ara şol wagtyñ amerikan prezidenti Barak Obamanyñ girmegi we Ysraýylyñ dilujundan ötünç soramagy bilen meseläniñ üsti gömüldi. Erdoganyñ bu çykyşy elbetde ýurduñ içindäki halk köpçüligine gönükdirilipdi we bahalaryñ gymmatlamagyndan ýadan garyp halkyñ ünsüni sowup, hökümetiñ üstündäki basyşy ýeñletme maksady bardy. Ýöne bu çykyş Günbatar mediýasynda "Erdogan Ysraýyla haýbat atýar" habarlarynyñ berilmegine getirdi. Erdoganyñ sözleri ABŞ-da resmi saparda aktiw lobbi işlerini geçirip ýören Netanýahunyñ Ysraýylyñ howp astyndadygy barada aýdanlaryny güýçlendirişi ýaly, Türkiýäniñem Eýran ýaly ikiýana urunýan, boýundan uly gürleýän ýurt ýagdaýyna düşürdi. Bir zady bilmegimiz gerek: Türkiýe soñky ýyllarda goranmak senagatynda uly öñegidişlikleri gazananam bolsa, Günbatar bilen, aýratynam ABŞ bilen gidişip biljek güýçde däl. Türkiýäniñ ykdysadyýeti entek gowşak, entegem Günbataryñ kapitalyna we tehnologiýasyna mätäçlik duýulýar. Uruş beýlede dursun, Günbataryñ Eyrana edişi ýaly yglan etjek sanksiýalary-da ýurdy ykdysady taýdan kyn ýagdaýlara düşürip biler. Şonuñ üçin türkler mazaly güýçlenýänçä Günbatar bilen gönüden-göni dikleşmekden gaça durjak bolmaly. Serediñ-ä, önümçilikden söwda, tehnologiýadan ylym-bilime her bir ugurda Günbatary aldym-berdime salýan Hytaýam şunça mümkinçilikleriniñ bardygyna garamazdan öz ýeri hasaplaýan Taýwan meselesinde ABŞ bilen göni çaknyşyga girmekden gaça durýar. Onuñ ýerine ussat küştçi ýaly berjek urgusy üçin iñ amatly pursatyny peýleýär. Biziñem şeýtmegimiz gerek. Gürrüñimize dolanyp gelsek, halkara jemgyýetçiliginiñ gazaply nägileligine we dünýäniñ ýüzlerçe şäherinde geçirilen protest demonstrasiýalaryna garamazdan Günbatar şindizem Ysraýylyñ Gazada on aý bäri dowam edip gelýän gyrgynçylygyna arka durýan bolsa, etmeli iş belli: Yslam dünýäsi aýgytly herekete geçip, Russiýa, Hytaý, Braziliýa, Günbatar Afrika ýaly ýurtlary-da kömege çagyrmaly. Yslam dünýäsiniñ belli-başly ýurtlary, meselem Türkiýe, Müsür, Saud Arabystany, Katar, BAE, Iordaniýa, Päkistan, Indoneziýa ýaly ýurtlar Ysraýyl Gazadan çekilip, BMG tarapyndan kesgitlenen çäklerde Palestina döwleti (kagyz ýüzünde däl-de, iş ýüzünde) gurulýança ABŞ bilen her dürli hyzmatdaşlygy bes etse, gysga wagtda netije gazanmak mümkin. Esasy mesele, ýokardaky ady agzalan ýurtlary köpçülikleýin garşylyga razy edip bilmek. Ýekeje pursatlyk Pars aýlagynyñ arap ýurtlarynyñ Günbatara nebit sanksiýasyny girizendigini, Türkiýäniñ, Iordaniýanyñ, Päkistanyñ, Müsüriñ ABŞ bilen harby hyzmatdaşlygyny bes edendigini, Katardaky, Saud Arabystanyndaky amerikan harby bazalarynyñ ýapylandygyny göz öñüne getirip görüñ. Bular ýaly ýagdaýda Waşingtonyñ etegine ot düşüp, şobada Ysraýyly agyzdyryklamak üçin näme etmeli bolsa ederdi. Ysraýyl ABŞ üçin näçe gymmatly-da bolsa, Waşington Saud Arabystany, Katar, Kuweýt, BAE ýaly amerikan ykdysadyýeti üçin jana-jan bähbidi bolan bolan energetika ýurtlaryny özünden daşlaşdyrasy gelmez. Edil şolar ýaly, Afrikada materigiñ bir başyny saklap duran Müsür bilen Aziýadyr Ýewropanyñ arasynda köpri funksiýasynda oturan Türkiýe hem strategiki taýdanam, sebitdäki agramy taýdanam ABŞ-nyñ añsat el çekip biljek ýurtlary däl. Türkiýe ýerliksiz we manysyz çykyşlary edip, özüni kyn ýagdaýa düşürmegiñ ýerine, yslam ýurtlary bilen güýjüni birikdirip, Günbatary-da, Ysraýyly-da gysaja gysmagyñ pikirini etmeli. Taryhda ilkinji gezek yslam dünýäsi Günbataryñ garşysynda bir bitewi güýç bolup hereket etse, dünýäniñ güýç deñagramlylygy-da üýtgäp biler. Şol sanda beýle synanyşyk yslam dünýäsiniñ müñ ýyllap dünýä öñbaşçylyk eden birmahalky güýjüne we ýitiren ajaýyplygyna täzeden gowuşmagynyñ ýoluny-da arçap biler. Beýle bolýan bolsa, bokurdaga bat berip, boş haýbatlary atmagyñ ýerine anyk işleri orta goýmagymyz gerek. Esedulla OGUZ, Germaniýada ýaşaýan türkmen žurnalisti. Sişenbe, 30.07.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 8 | ||||||
| ||||||