00:05 Ýumoristiñ bloknotyndan | |
ÝUMORISTIÑ BLOKNOTYNDAN
Degişmeler
Daş çyksam stolumy biri eýelär öýdüp, ol gabyz keselinden pahyr bolupdyr. *** «Wah, agzymdan şeýtan kakdy!». Gör, sklerozyň mekirdigini, şeýtanyň ady bilen hereket edýär. *** Onuň goşgusynyň ýekeje ýetmezi bardy, olam düşnükliligidi. *** ― Sakaldaş, näçe ýaşadyň? ― «Ata, sen bir dymsana» diýlen ýaşa-ha ýetdim. *** ― Oglum, indi senem işle. ― Kaka, men ýetim däl ahyry. *** Ol iliň tersinedi, onuň sabyr käsesi dolanynda gaýtam oňa zat guýmalydy. Olam arakdy. *** Öňki başlyga «zat okanok» diýip dil ýetirerdiler. Ol takal okaýardy ahyry. *** Naharhanamyzyň müdiri bäş ýylda üç gezek maşynyny üýtgetdi. Emma menýu üýtgänok. *** Aýakgap fabriginiň pes hilli önüm öndürmegi aýakgap remonty ussahanasyna göçme Gyzyl Baýdak getirdi. *** Ýaranjaň dosta däl, posta baş egýär. *** Käbir adam holodilnik ýaly bir zat, erbet häsiýetini üýtgetmän saklap bilýär. *** Onuň goýundan tapawudy ― possunynyň tüýli tarapynyň içinneligindedi. *** «Göreşde ataňam bolsa ýyk», emma pensiýasyna degme. *** Olar diş-dyrmak bolşup, özlerine köşk ýaly ymarat gurundylar. (Adamsy diş tehnikdi, aýaly iliň dyrnagyny reňkleýärdi). *** Maşynyň astyna düşen özüň bolma. *** Taý ýetim galsa kürre bilen dost bolar. *** Ol ilden ýüz görmese-de, ýüz elli-hä görerdi. *** Ol hemişe «Külüňi çykaryn!» diýip käýinerdi. Diýen sözüni gögertmek üçin bolsa, eli bedreli kül atardy. *** «Eşek semrese eýesini deper». A eýesi semrese kimi deperkä?! *** «Ajyň aňy bolmaz». Bolsa-da doýansoň üýtgär. *** «Mesligi goýun götär, onda-da gara goýun». Gara goýnuňam fermada bakylýany. *** Erbet adamlaryň bolanlygy gowy zat. Ýogsam gowy adamlar erbet bolmaly däldiklerini nädip bilsinler. *** Alym bolmak aňsat, ýuwmak kyn. Оl birki gуş ile оt ýаkdyrmady. «Вetligi» üçin оny tорbazanyň dirеktоrlygyndan kоwdulаr. *** Ýeri sary öküz göterýän bolsa, ol Günüň daşyndan däl-de, sygyrlaryň daşyndan aýlanardy. *** ― Maşynyň gaz alşy neneň? ― Düz ýer bolsa keýig-ä alýar. *** Ol naçalnigiň ody bilen girip, küli bilen çykjakdy. Emma naçalnigiň öýi bug bilen gyzýardy. *** Radio oýlanyp tapylmadyk bolsa, käbir bagşysumagy diňe sesiniň ýetýän ýeri ýigrenerdi. *** Ol garawulam bolsa ýokary wezipä ymtylýardy. Gije başlygyň kabinetinde uklardy. *** «Taýym, taýym» diýlip ösdürilen çaga ulalansoň eşek bolar. *** Ol aýaly garradýan zat gündiz adamsynyň iňirdisi, gijesine-de horruldysy. *** ― Halypa, wagt näçe? Satyjy: ― On birden 25 manat işledi. *** ― Aýalym meniň bilen aýrylyşmak üçin suda arza berdi. ― Sen razymyň? ― Wah, hawa-la, menem arza berdim. ― Beýle aňsat ylalaşyp bilýän bolsaňyz, ýaşaşybermeli ekeniňiz-dä. *** ― Aýalyň bilen sögüşýäňmi? ― Geplemän oňup bolmaz ahyry. *** Tommaýly söz, adatça, kütek tankytçyda bolar. *** Troleýbusa 4 köpük tölemejek bolup, ol kontýolýor geleninde, gyssanjyna 5 manadyny komposter etdi. *** Myhmançylykda otyrkalar aýaly: ― Waý, kakasy, huşum gursun, hakyt ütügi tokdan aýyrman gaýdyberipdirin-dä ― diýýär. Adamsy: ― Arkaýyn bolaý, gelinbaý, menem suw kranyny ýapmagy ýadymdan çykarypdyryn. *** Pul karz alyp, soňam bermeýän ýakasy gaýyşly biri goňşusynyň ýanynda zeýrenýär: ― Adamlaryň tüýs nekgedi çykypdyr. Mämmetden 500 manatjyk karz diledim weli, ýüzüne gara çekip, hakyt bermedi-dä. ― Goňşy, menem şol nekgetleriň biridirin. *** «Kalbymyň mawy ekranynda diňe sen görünýäň» (Diktoryň söýgülisine ýazan hatyndan). *** ― «Ondan gyşda gar alyp bolýarmy?» diýşip, maňa töhmet atýarlar. Ýalan. Her ýyl gyş jaýymyň üçegindäki gary goňşularymyň howlusyna tarap süpürýän-ä. *** ― Näme üçin okuwdan gijä galdyň? ― Biri magazinde puluny ýitirdi. ― Tapyp berjek bolduňmy? ― Ýok-la, aýagymy puluň üstünden aýryp bilmedim. *** ― Näme üçin aýalyňy oklaw bilen urduň? ― Şol aýal seňki bolan bolsa, pilsapy bilenem urardyň. *** ― Garrylygy boýun alýarmyň? ― Ýok, özi boýnuma münýär. *** Mugallym: ― Transformator nähili işleýär? Okuwçy: ― Huňň ― edip. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |