10:03 Ýüregime | |
ÝÜREGIME
Goşgular
Ýüregim, ýok günä mende, Beýdip alma meniň hezlim. Dünýä saňa ýerleşende Sen giň dünýä ýerleşmezmiň? Gujagymda göterdim men Seni ylla bäbejik deý. Seni diňdirip biler men Näm edip heý, näm edip heý!? Kişşik, kişşik bäbejigim: Söýgi ýüzün sowsa eger Ýaşar ýörär adam ogly, Diňe ýetim galar jiger. Meniň bagrymy diler sen, Aglama sen bäbejik deý. Seni diňdirip biler men Näm edip heý, näm edip heý!? | |
|
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Kim görer hurşydy, ol mahy-sima bolmasa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Soňky sonet / Goşgular - 10.07.2024 |
√ Gaplañ ölümi / Goşgular - 22.08.2024 |
√ G.M / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Asmaýar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Bäsdeşlik / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |