15:43 Ýuwaş! / gülküli hekaýa | |
ÝUWAŞ!
Satiriki hekaýalar
Aýlygyny alyp pullanan gelin bazara gitjek bolýar. - Dur, keýwany! Agyr ýük göterme, ýeke özüñe kyn bolar. Ýanyñ bilen gidip, kömekleşeýin - diýip, adamsy rehim edýär. - Aý, bolýar-la, kakasy. Özüm giderin, sen arkaýyn dynjyñy al - diýip, aýaly ýeke gitjek bolýar. - Ýok, ýok, keýwany, seni ýadadyp bolmaz. Häzir bileje gideris. - Bolýar-da onda. Ýöne... Kakasy, bazara barañsoñ, satyjylar bilen dawalaşyp durmagyn. Zatlary özüm alaryn. Sen diñe göterişseñ bolýar - diýip, aýaly haýyş edýär. Tirkeşip, allanäme bolup bazara barýarlar. - Süzme näçeden? - 20 müñ. Adamsy süzmäñ ýüzünde yzyny goýup, barmagy bilen ýalap görýär-de: - Turşy süzmen 15 müñ bolanda bolanokmy? - diýip, satyjy gelne ýüzlenýär. - Ýok, bolanog-a, daýy. Hon-ha, 30 müñden satyp durlar. - Hany onda çemçäñi ber. Düýbünden agdaryp görjek. Geçen gezek alan süzmämiziñ içine könelen tworog garylan eken. - Alsañ, al, agam, almasañ, gidiber - diýip, gelin beýlesine bakyp oturýar. - Bulara kemini aýtsañ, halamazlar - diýip, ýaşuly gaty sesi bilen gürleýär. Onda aýaly: "Ýuwaşrak, kakasy. Hon-ha, tanyş aýal barýar, utanýan" diýip, duýdurýar. Soñam: - Sen dur şu ýerde. Häzir özüm alyp gelýän - diýip, başga bir satyjydan süzme alyp gelýär. Oña çenli adamsy: - Sogan näçeden? - 10 müñ. - O nähili beýle. Teke bazarynda 6-dan, 7-den. Näme, bu bazaryñ sogany üýtgeşikmikä? - Aý, agam. Üýtgeşik näme işlesin. Söwdagärler köp bilýär-ä. Köp gatly jaýlaryñ ýakyny bolansoñ, alyjy köp, şoñ üçin şeýdýärler. - diýip, başga bir alyjy gürrüñe goşulýar. - Ol oturana dagy bir seret. Töweregine çüýräm hurma ýaýradyp. Ýeri, zaýalanmanka arzanyrak sataý-da. Adama iýdirenden, çüýredip ýere dökenlerini gowy görýärler. Bular söwdanyñ tärini bilenoklar. Gurbanlyk güni soganyñ nyrhyny galdyrýan söwdagärler-dä. Il-ä haýyr-sogap üçin gurbanlyk edýär, bular bolsa şo gün nyrhy galdyrýarlar - diýip, ýaşuly käýinýär. Mañlaýyny eliniñ aýasy bilen tutup, diñläp duran aýaly: - Häzir ähli almaly zatlary alyp gelýän. Şu ýerde garaş. Onsoñ derrew taksili öýe aşaly. Kelläm agyryp başlady - diýip, hasanaklap gidýär. Köp eglenmänem, ýüklenip gelýär-de: - Ýör, kakasy. Taksi tut - diýip, tirkeşip ýola çykýarlar. Taksiniñ yzynda aýaly, sürüjiniñ gapdalynda adamsy otyr. Öýleriniñ deñine ýetýär welin, ýaşuly: - Inim, şu ýerde saklanaý - diýip, sürüjä ýüzlenýär-de, 10 müñlügi uzadýar. Sürüji: - Bar berýäniñ şum-aý, agam? - diýip, nägilelik bildirýär. - Hawa, dagy näçe bermeli? Şu iki aralyga bir kürşge benzin ýakañok ahyry - diýip, ýaşuly düşündirjek bolýar. Sürüji bolsa puly ulagyñ tekjesine aýlap taşlaýar. Adamsy: - Naýynsap - diýip, käýinip başlaýar. Onda aýaly: - Näme, jigim. Porsap duran ulagyñ ysu üstümize çykyp gitdi. Iki ädime ýüregim bulanyp zordan geldim. Arkañ bilen getiren ýaly-la, minnet edip. Başga sürüjiler şu aralyga 10 müñ manat berseñ, 5-ini gaýtardyp berýärler - diýip, gapyny ýapýar. - Düş-de, ýap gapysyny. Ynsaply ýaşamak ýeke bize degişlimi? Razy bolmasa, tersine razy bolsun - diýibem gaharly gürläp, adamsyna ýüzlenýär. Şol wagt sürüji ulagyny ala-tozan edip, gahar bilen sürüp gidýär. Ýaşulynyñ aýaly bolsa ondan beter gaharlanyp: - Ozal bazara ýeke özüm gidip, awtobus bilen gelen bolsam, gowy bolardy - diýip, tasanjyrap ýöräp ugraýar welin, adamsy: - Ýuwaş... Keýwany, hon-ha, tanyş adam barýar meni utandyrma - diýip pyşyrdaýar. Akgül SAPAROWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |