21:01 Ukrain konfliktinde Orta Aziýa iki oduñ arasynda | |
UKRAIN KONFLIKTINDE ORTA AZIÝA IKI ODUÑ ARASYNDA
Publisistika
Russiýanyñ 2022-nji ýylyñ 24-nji fewralynda Ukrainany okkupirläp başlan wagtyna çenli Günbatar bilen Moskwanyñ arasynda aýlap dowam eden söz atyşmalar we çekişmeler wagtynda görnetin Kremliñ ýanynda ýer alan Orta Aziýa halklarynda şindi göze görnüp duran başagaýlygyñ we gorkynyñ bardygy duýulýar. Ukrain şäherlerine düşýän bombalar, raketalar we howsala düşüp çar ýana ylgaşýan adamlar Orta Aziýalylary başagaýlyga salýana meñzeýär. Sebitde hemmeleriñ gözünden okap bolýan gorkynyñ we başagaýlygyñ terjimesi şu: Şu gün öz slawýan doganyna rehimi inmedik Putin erte biziñ gözümiziñ ýaşyna seredermi? Orta Aziýa ýurtlarynyñ jemgyýetçiligi howsalaly we gorky içinde, emma iñ agyr ýagdaýa düşeni sebitdäki hökümetler boldy. Hem Putiniñ gazabyny üstlerine çekmezlik, hem-de Günbatar tarapyndan Russiýa bilen birlikde jezalandyrylmazlyk üçin çykalga gözleýärler. Russiýanyñ togsanynjy ýyllarda çeçen gozgalañyny rehimsizlik bilen basyp ýatyrmagy, 2008-nji ýylda Gürjüstany jezalandyrmagy ýa-da 2014-nji ýylda Krymy almagy Orta Aziýalylary o diýen howatyrlandyrmandyr, regional hemişe Orsyýete düşünmek bilen hoşniýetli garalypdy. Hatda 2015-nji ýylda Türkiýe bilen bolup geçen ucar konfliktinde-de Moskwa bolan simpatiýa dowam edipdi. Emma bu gezek ýagdaý düýbünden başgaça. Moskwa bu gezek rus kowumdaşlaryny goramak üçin sebite girenok, gaýtam tersine, ähli halkara kada-kanunlary aç-açan bozup, garaşsyz we bir bitewi döwleti basyp alýar hem-de raýat diýmän, goşun diýmän, hemmeleriñ üstüne bomba ýagdyrýar. Orta Aziýa ýurtlarynyñ jemgyýetçiliginiñ howsalasyny we gorkusyny aýyrmak üçin dessine herekete geçen Putin bir ýanda Özbegistanyñ Prezidenti Şewket Mirziýoýew bilen telefon arkaly jañlaşan bolsa, şol bir wagtyñ özünde iki sany ýokary wezipeli wekilini Orta Aziýa ugratdy. Russiýanyñ premýer-ministri Mihail Mişustin Gazagystanda, Russiýa Federasiýasynyñ Geñeşiniñ başlygy Walentina Matwiýenko Täjigistanda ýurduñ ýolbaşçylary bilen görüşdi. Russiýany goldaýandygyny mälim eden ilkinji Orta Aziýa respublikasy Gyrgyzystan boldy. Gyrgyz prezidenti Sadyk Japarow 22-nji fewralda Facebook-da paýlaşan ýazgysynda Russiýanyñ Donbas oblastyna girmegini goldaýandygyny aýtdy, Özbegistanyñ Prezidenti Mirziýoýew hem Putin bilen telefon arkaly gepleşende, Russiýanyñ harby operasiýasyna dogry düşünýändigini aýtdy. Täjigistanyñ hökümeti-de Russiýanyñ tarapyny tutýar. Orta Aziýanyñ iki garyp ýurdy bolan Gyrgyzystan bilen Täjigistan ykdysady taýdan alanda Orsyýete doly diýen ýaly bakna. Russiýada işleýän işçileriñ ugradýan pullaryndan alynýan töleg Täjigistanyñ daşarky girdejisiniñ 30%-ni, Gyrgysystanyñ bolsa 28%-ni düzýär. Gazagystanyñ hökümeti Russiýanyñ Ukraina goşun ugratmak baradaky talabyndan ýüz öwürse-de, Moskwanyñ bu ýurda girmegine garşy çykyp duranok. Gaýtam häkimiýetini saklap galmaga kömek edendigi üçin Putine bergidar bolan gazak prezidenti Tokaýew aç-açan bolmasa-da, ýeñ astyndan goldaw bermegini dowam etdirýär. Mälim bolşy ýaly, ýylyñ başynda Gazagystanda ýüze çykan nägileçilikli çykyşlar Russiýadan ugradykan harby güýç arkaly basyp ýatyrylypdy. Putiniñ açyk goldawy bolmasa, bu çykyşlar basyp ýatyrylaýanda-da Tokaýew häkimiýeti elden giderip bilerdi. Orta Aziýada Putiniñ basyşyny iñ az derejede duýup biljek ýurt bolsa uzak wagtdan bäri bitaraplyk syýasatyna arkalanyp gelýän Türkmenistandyr. Türkmen hökümeti togsanynjy ýyllarda bitaraplyk syýasatyny BMG-na ykrar etdirdi, şol wagtdan bäri-de her dürli toparlanmadan we bileleşikden daşda durmaga jan edýär. Ykdysady taýdan alanda-da, Türkmenistan beýleki Orta Aziýa respublikalaryna garanda has rahat. Russiýada işleýän türkmenistanly işçi ýok diýerlik derejede az, şeýle-de bu ýurduñ ykdysadyýetiniñ agramly bölegi gaz-nebitden gelýän girdejilere arkasyny direýär. Dünýä Orta Aziýanyñ Orsyýete bolan ogryn-dogryn goldawyny görmän duranok. Şonuñ üçinem iñlis parlamentiniñ geçen hepdedäki ýygnagynda käbir halk deputatlary Russiýanyñ jenaýatyna şärikdeşdikleri üçin Belorussiýa bilen bir hatarda Orta Aziýa respublikalarynyñ, aýratynam Gyrgyzystanyñ sanksiýa gurşawyna alynmagyny talap etdiler. Öñümizdäki günlerde beýleki Günbatar ýurtlarynda-da muña meñzeş sesleriñ eşdilmegi ähtimal. Russiýanyñ garşysyna yglan edilen sanksiýalaryñ agramyny häzirden ýagyrnysynda duýmaga başlan Orta Aziýa respublikalary iki oduñ arasynda galdy diýen ýaly. Korrupsiýanyñ, parahorlygyñ, garyndaşparazlygyñ we ýeke-täk adam hökmürowanlygynyñ döreden ykdysady ser-sepilligi hem-de işsizlik problemalarynyñ astynda öñem ezilip myžžygy çykan Orta Aziýa halklaryna rus halky bilen birlikde kyn günler garaşýar. Belki-de, garaşylmadyk üýtgeşmeler bolup biler. Russiýada onda-munda görünýän uruşa garşy we demokratiýany öñe tutýan demonstrasiýalar tolkunma-tolkun ýaýylyp, bütin sowet geografiýasyny gurşap almagy hem-de birmahalky "Aç-açanlyk we üýtgedip gurmak" syýasatyna meñzeş açylyma beleñ bermegi mümkin. Eger şeýle bolsa, "Her şerde bir haýyr bar" sözüniñ dogrudygy ýene bir gezek subut bolar. Esedulla OGUZ. 03.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||