11:25 Zamanlaryñ moderator gojasy | |
ZAMANLARYÑ MODERATOR GOJASY
Edebi makalalar
• kitapcy.ru üçin ýörite söhbetdeşlik ... Piýalasy jyňňyrdamaýar nije, Gyrmyzy gülleriň yrgyldasa-da. Guzujyk ýaly hut, mäleýip bakýan Owaza imrinip gidýän gursaga. Menem ymyzganýan, menem iňleýän, Derwüş geçen sähralaryň otunda... Häzir güneş piýalanyň erňegne Dodagyny basyp, çomup otur-da... Göze ilginç, elwan güli elinde Şahyr çykardy bu gyrmyzy ýaýla. Elindäki güller bu ýeriňki däl, Durardy kämahal başyny aýlap, Nireden tapanny bilip bilmersiň, Hem saçlarnyň düwdeginde gar bardy... Sährada gül çykdy, Şo gije ýöne, Şahyryň ýüregniň ýarsy ýanwardy... Gijeki garawul uklan bolarly, Kim bilipdir göwresini kölgeleň... Elindäki güli galdyryp bir dem: “Gülden urmaň, meniň göwrämden uruň!” -diýen seslerine kim oýanýardy?!” Säheriň hiç ynsan düşmez gatynda... Onuň aý ýüzüni görýän belki-de Elim elwan gülli çykardym ýola... Piýalasy jyňňyrdamaýar nije, Gyrmyzy gülleriň yrgyldasa-da. Guzujyk ýaly hut, mäleýip bakýan Owaza imrinip gidýän gursaga. Menem ymyzganýan, menem iňleýän, Derwüş geçen sähralaryň otunda... Käte- käte oýlanýaryn ýene-de Durup bilmän şahyrlaryň gatynda... Şonda derwüş bir söz diýdi ýadymda: Bilmeli: “Şahyrlaň ölümi şeýledir belki, Eger öňde-soňda ölmeli bolsa, Şahyr şeýle ölmeli” Timur Zülfikarowyň “Şahyryň ölümi” poemasyndan alnan bu parça üçin nijeme gün pikirlendim, nädip terjime etmeli? Özeninimi ýa- da, sözme- söz... Ahyry bir netijä geldim: Zülfikarowdan Oguljennetçe terjime... Bu tapan pikirime özümem begendim... Çünki Nisşeden Awesta çenli, Zorotuştradan Zülfikarowa çenli, Oguljennetden Magtymgula çenli ýollaryň ählisiniň çatrygynda baý pikirlenmek pikirlenipdim- ä... Ahyr hyýallarmy bir “düwünçege” düwüp, ýöräberdim. Diýmek ýörelen ýol aşylýarmyş, “ýörelmedik ýoluň syryny nädip biljek?”- diýip, ýola düşdüm... ...Timur Kasymowiç Zülfükarowyň (Rus şahyry) şu güne çenli birnäçe goşgularny terjime etsem- de onuň eserleri bilen ýüzbe- ýüz bolanymda her gezek täze bir barlyga düşýärin. Belki- de ol zamanany iň gowy düşündirip bilýän şahyr goja bolandygy üçindir, Maňa?! Belki-de beýle-de däldir, belki-de ruhlarymyz ýakyndyr ,näme üçindir bilmeýärin… Emma onuň döredijiligi her zaman gyzykly maňa! Şahyryň özi bilen ýüzbe- ýüz bolmak bagty heniz miýesser etmese- de günde men onuň bilen hyýalymda salamlaşýaryn, edil Nisşe bilen, Kafka bilen, Taki Boki bilen, Magtymguly bilen, Mowlana bilen, Garajaoglan... ýene – ýeneler bilen salamlaşyşym ýaly, salamlaşýaryn... Çünki biziň ählimiz döwürdeş ýaly, belki ruhy zynjyrlaryň arasy üzülmeýänligi üçin şeýle bolýandyr. Diýmek döwürdeşlik halkasy modern dünýäniň arhaik keşbini göterýänleriň ählisi üçin bir halka bolmaly.Onda- da poeziýada. Ol başga bir dünýä, goşy kän, golamy kän, reňki kän, sözi kän, seljerip- seljerip, özüňkini süzüp almak, ol ana seniň tejribäň hem- de duýgylaryň, zehiniň hem- de sowadyň bilen baglanşykly... Şeýdip ýolumyzy dowam etdirýäris...Tä ki... …Wawilýon güllerniň şalygna çenli Gadymy Ýegipt pişikleriniň gül üstünde süýnenleri ýadymda... Gaýalarda püre- pürdi güller hem, Ýaradanyň jaýryk elleri deýin Gadym dünýäň ruhy bardy adynda... Çigildemden münberdi... Joýa-joýa bolup bildirip durdy, Saýlanyplar saýlananlar mysaly... Gül çemenli ýagyrnysyn göýäki, Saýlanan pişikler dyrmalan ýaly... Oýup ýyzylypdyr, Olaryň bary... Şahyryň döredijiliginiň aýratynlygy –onuň özboluşly poeziýasynyň bardygynda däl- de eýsem, seni öz şygry bilen peç ýakyp, ýyladýandygynda. Nädip beýle bolýarka? Nädip? Munuň üçin näme gerekkä?” diýen soraga nijeme gezekler dolanyp baranym belli däl, ýöne her gezekde onu döredijiligine ýüzlenenimde üşäp oturan ýagdaýymdan ýylanýan hala geçýändigim- ä çyn. Belki şudur şahyryň döredijiliginiň , eger- de aýtmaly bolsa, “aýratynlygy” Poeziýa – döredijilik umuman ýylatsa gowy... Gerek zadymyz hem şol ahbetin. Döredijilik biziň enäniň içinde galan pursatlarymyzyň gözel bir beýäny diýsem, eger- de pikirim hasaba alynsa, alynmasa, hukukgym bar bolsa, meniň üçin-ä asla ýalňyş bolmaz. -Gelersiňmi Eý Konfusiý – Maestro-tutdan eýwanlarda uklan ruhuňda... Ýa özüňe dolanansyň belki-de Biz bolsa, entegem galýarys munda... Zümerret kenara göwrämi taşlap, derwüş kädimi süýräp, etegim öl gidip barýaryn...Belki-de uzyn derwüş şalymyň ýeňleri nijeme gezekler gözýaşlara süpürilip, öllenendir, kim biler? Kim biler nije gidenleriň yzynda beýdip gezdim, ömrümiň iň galyň sahypaaryna şeýdip ýüregmiň suratyny çyzdym, çydar ýaly däldi. Edil häzir “Ýüregmiň süňki agyrýar”-diýsem ynanarmysyňyz? Hala ynanyň, Hala ynanmaň! Maestro bu janlaryň içinde ýalňyz başyň gojaman Elbursyň Ýaradan bilen aralykdaky gatynda ýaşaýrsyň diýýärler, bu çynmy? Çyndyr! Çünki ol ýeri şahyrlaryň ýeri, dogurdan hem... Ýene-de şol ýoda bilen barýaryn, nijeme eginlerime direnenleri ýitirdim, olaryň hersinde bir ölüp – direldim, ýene-de ýolumdan şalymy süýräp gidiberdim. Belki-de meniň bu kyssam diňe Maestro barada däldir, belki-de bize meňzeşler, şalyny deňiz kenarynda süýränler baradadyr, ine bu bolsa hakykatdan hem şeýle! - Gargalar çokýarlar akja tenini, Ýok tenini däl-de ýalanlaryny Ýetimiň hakyny, Yşgyň dawasyn, hemem aýralygyň guran heýkelniň Ählisinden ýasalan bir et bilen Doýmaýarlar... Ýöne yşk bar teninde O- da ýalan... Sen gidersiň, ahyr bu giň düzlükde Ýene-de gülleriň piýalasy bor, Olar erňeginden suw berer hem-de, Şaly öle gaçan derwüşler geler... Geçer durar, geçer durar dünýeden, Bu pikirlem uly: Emma aýtmaga bir gamgyn derwüşiň hyýalna sygar... Ýylgyryş hem bir din, bilýärmiň näme? Ol din döwürleriň aňyrsyndandyr, Men çokunyp hiç zat dilämmok gökden, Men içimden gelen bir ahy-nala, din diýýärin, Meniň diniň ýaradalyş eşidýärmiň? Meniň dinim, ýaradylyş! Zülfükarowyň döredijiliginde öňe çykýan täsin pikirleriň içi bilen gidip barýaryn, olar maňa dünýäniň bu günki aýdymlary hakda aýdýarlar, olar şeýlebir köp pyşyrdaýarlar, hat-da pyşyrdylardan ýaňa daşardaky sesler eşidilenok, eşidilmeýär-dä...hany dur- la, bu ses kimiňki? - Saçy sary bugdaý deýin örüme giren Wasilisanyň garyň astyndan çykýan gargüljagazlaryny gözlemek üçin garlary serpikdirip, güli tapman, ellerine güle meňzeş bir gaz tokgasynyň tozgalaryny almasy meni eýmendirýär. Ol ony ýuwtjak bolýan ýaly- la? Wasilisa, iýme, bogazyň agyrar, doganjygym iýme, bilýän sen ýüregňi sowatmak isleýärsiň, bilýän ýar wepasy ýat boldy saňa, saňa dünýäniň şejeresinden söz açsam, öň hem şeýle bolandyr diýmek isledim. Emma sen eşitmeýärsiň ki meni?! - Dur, saklan, iýme! Ol eýýäm men barýançam ýuwtdy, basymjakdan onuň bogazlary gyzaryp, pyşyrdamaga başlady we ýuwdunýardy, çünkionuň ýüregindäki sesi bogazyna geçid-de ýalňyz pyşyrdynyň eýesi boldy, ol! ...Iýmeseýdiň, Wasilisa! Iýmesediň, käşgä, gar tozgalaryny!Indi saňa öz pyşyrdylaryňdan başga hiç kim kömege gelmez, ne bir tiz kömek, ne bir doganlaryň! Ah , Wasilisa, seniň altyn saçlaryň bugdaý örümi deýin, ýüregimdäki , süňňümdäki müňýyllyklaryň goýan bugdaý ysyny söker durar, söker durar, a men bolsa, rus meýdanlarynda, alabaharda seniň saçlaryňa gül dakyp, baharda gül ýygmagyňy isleýärdim, kä ýerlerde bolsa, gar güljagazlarynyň entegem galandygyna haýran galyp bakmagyňy isleýärdim, ah Wasilisa, Wasilisa...Aglama!Ene toprak saňa hossar bolar, çykar ol bir ýerden... ...Soň ýene-de derwüş şalymy süýräp, onuň eteginde galan ölleriň palçyga bulanmasy-da maňa agram berdi biraz, gidip barýaryn: -Meniň tapmaly zadym bar, ol Aglap oturan Wasilisanyň enesi...Anistasiýa... Hä ana ol, aýakalry palçykdan ýasalan ýaly, guýup duran ýagnyň içinden zordan gelýär, seretsene diýýärin, özüme. Özüm bolsa: “Hany?” –diýip, seredýär. “Serretsene, ol Wasilisanyň enesi-dä?” Özüm sesini çykarmaýar, bir haýukdan soň: “Hmmm...” diýdim. Men özümiň ýüzüme seretdim-de : “Hany , ýör!” –diýdim. ...Batdym, palçyga... “Pat”, “Waý!” men özüme geň galýaryn,emma bir hoýukdan soň üstümdäki etegi öl bolan şalymyň gara palçyga ýagmyryň astynda “ýuwulandygyna” seredip, gamgyn gaşlarymy galdyrdym. Görsene, Wasilisanyň ejesi Anistasiýa ýylgyryp dur, seret ol ýylgyryşa! Haýran galaýmaly,ol hem biziň “diýnimizden” bolmaly. Näme üçindigine bu gün göz ýetirdim, palçygyň içinde durkam. Nämäniň diýýärsiňizmi? “Ýylgyryşlaryň süňküň, ruh bilen çatylan ýerinden çykýan enetgiýadyna, men size ýüregmiň süňki agyrýar diýdim, ahbetin. Ynanmadyňyz! Ine size ýylgyryş! Bu ýylgyryş dinlerden hem ynnaçlardan hem Zorotuştradan hem has öň döräpdir. Bu ýylgyryş atalaryň, eneleriň, müňýyllyklardaky baglaryny şu güne getiripdir, özünden goşupdyr, özi bilen hem alyp gidip barýar, nesillere öz çyzgylaryndan goýup... Anistosiýa men sen aglaýansyň öýdüpdim, dur- la, sen ýylgyryp aglaýan ynsanlardan ýaly- la! Howa, sen gülüp duran aglaýan ynsan, ine, biz bir- birimizi tanadyk! Häzir men seň kalbyň agşamlarynda çökdüm ene! Enejan! Aglama- gülmesene diýeýinmi saňa? Saňa näme diýeýin? Sorasam aýyp bolarmy?Enem!Ah meniň naçar enem, o ýerde Wasilisanyň bogazlaryny ýara tutdy, pyşyrdaýar ahbetin, seniň habaryň barmy? -Ol seniň iýme diýen gar tozgalaryňy iýdi, özi günäkär.Onuň müňýyllyklardan gelýän, gulak asma kanunlaryna akly çatan bolsady, ol beýtmezdi. - Ene, oňa nebsiň agyrmaýarmy? - Agyrýar! - Özüm hem ikimiz hem Anistosiýa enä soragly bakýarys, ondan öňürti bir- birimize seretdik, “ men aýtdym-a –da men aýtdym-a” boluşdyk. -Ikiňiz hem bilýärsiňiz, onuň sizi diňlemediginiň sebäbini... Maňa at oýnatmaň. Men bolsa, egnimdäki çagbamy, ýagyşamy, ýagmyramy, leýs bolan derwüş şallaryma seredýärin, bular haçan gurap ýetişer, men haçan olaryň egnimde ýyljak bedenim birlen birleşip gidişini duýaryn,belki-de hiç haçanmy, ene gyzyndan , gyz enesinden bihabar, topragym... Sen meni öz ýüzüň aşagynda sakla indi, diýip, onuň ýüzlerinden ogşaýaryn, men oňa iň gadymy ýylgyryş, agyly ýylgyryş bilen ýene seredýärin, onuň parhyna- da däl. Ol göýäki nijeme perzendini ýitiren, soňra dünýäniň hiç bir agyrylary täsir etmeýän ene kibi dymyp otur! Dymýar. Iň gadymy dymyşlyk bilen dymýar. Bu dymyşlygyň hiiiç soňy gelmeýär. Diýmek ol akylly enäniň perzendine hereketini dymyp düşündirýär, aýdyp däl, biz ýaly... ...Men iň soňky oba bilen siňerin, Gözlerim hem kalbym ýeňip süýnende, Undulan meýdanda, saýhal otlaryň, Arasynda jesedimi süýrär-de , Men giderin... Siňerin şol barlyga, Gazlaryň göçünde ýerimi goýup, Iň soňky obada ybadathanaň Aýdymlarny otsuz sährada duýup... Şehit ogullarnyň ýasyna boglan, Eneleriň ýüreginde mazarym... Ýarlarny unutman ýarym asyrlap, Garaşan gözelleň kirpiklerinde Gözýaş bolup, öz adymy ýazaryn... Kepbeleriň hinlerinde eglenen Gözleriň içinde bolar, jorabym, Berýezalaň “diwarlarna” gazylan Söýgi atlarynda Duýgularymyň kakabaş tenini basym tanaryn... Iň soňky hatarlaň siňşi deý ýere, Hem gömülen guýularyň içinde Çäge doly, şemal uwlap duran bolsa-da Men suw içmek üçin dyrnagym bilen, Onuň çuňňur göwresini gazaryn... Ýetimiň haly deý huzursyz çeşmäň, Guýynyň içinden çykarna çenli, Gazaryn, Gazaryn, giderin bir dem, Teşneligmi alyp çykarma çenli... Sen öň bardyň,diýmek ýene bolarsyň Gyzyl gyrmançasy çaýylan meýdan, Güýzüň gussasynda bogulyp durkaň, Men huzurňa gelip çökerme çenli... - Howa, ol entegem özi bilen bile barýardy, wagtyň eline ýesir düşen şol ýylgyryş bilen taryhyň gatlaryna gelejegiň beýik syrkyndylaryny, geçmişiň beýik medeniýetlerni geljegiň kirli süňňüne garyp-gatyp, olaryň ählisinden bir ýylgyryş çykarmak üçin palçyk bilen samany garyp, heýkel ýasaýan heýkeltaraş kibi gidip barýardy, haýsyny haýsyndan saýhallajagy welin belli däldi, göýä... Onuň gidip baryş agak yzlaryny hiç kimiňki bilen çalyşmak mmükin däldi, eýsem-de derwüş kädisiniň yzy, şalynyň palçyklary onuň deňiziň, batgalygyň, sähralygyň, garlygyň üstünden geçip, yz goýup barýan aýak yzyny süpürýän bolsa-da abrybir ol aýak yzlar bardy, durdy we ola aýak yzlar müňýyllyklaryň aýak yzydy, agyly ýylgyryşlaryň aýak yzydy.Ol aýak yzlarda gadymyýetiň beýik ýaňlary,jadyly mukamlar, eneleriň hüwdisi, şygryýetiň syrly setirleriniň içindäki göze görünmeýän güýçler bardy, ol aýakyzlarda, kän zat bardy...Beýik hatlar we az edilen işler ýa-da köp edilen işler we hatlara geçmedik hallar bardy, olaryň ählisi hem şahyryň- derwüşiň aýak yzlaryndady, bary... Şahyrlar zamanlaň häkimi belki, Belki olar güýçdir, Belki-de O dur, Belki jana ýer tapmadyk azary, Belki ol gap- gara ene topragyň Astynda galan ogullaryň, Hiç dymmaýan mazary, Belki olar sergezdan gök ýüzünde, Belki-de bir ýerde armany galan... Şahyr o köprüleň ählisi bilen Özüne taýar, özüne gaýar... Özüni olaryň ýerine goýar... Olar ruhuň sallançagy mysaly, Derisini geýer sergezdan ruhlaň, Oýalykda-da däl, ukuda-da däl, Alasarmyk dünýäň daşynda-da däl, Ýa içinde galyp, gulplanmaz şahyr, Çünki ol mazarda galan gerçekleň Bitmedik işlerniň dowamy bolup, Iki jahan owarrasy mysaly, Ýaşaýarlar ahyr... Öl bolan şallarňy süýräp, nirä barýaň ýene derwüş, heý saňa bu giň älemde dynç ýokmy ahbetin, heý seniň älemiňde rahatlyk, bir minut bolsa-da ruha bir dynç bermek, göwrä bir dynç bermek ýokmy? Ol ýene agyly ýylgyryş bilen ýylgyrdy, çünki ol ýylgyryş şahyrlaryň dinidi. ...Nähili dymyşlyk bu, şahyr ellerinde etegini süýräp, öl bolan şalynyň ýarysyny süýräp, ýerzeminden çykyp, ýene ýoluny dowam etdirmäge başlady, ýolda bir nätanyş dymyşlyk bardy, ol gören-eşidenlerini birin-birin hakydalarnyň kitaphanasyndaky tekjelerde goýmaga çalyşýardy.ýaryk- ýaryk dodaklary pyşyrda doldy: - Ýabany, ýabany, ýalňyzlyk daşyny gurşapdyr,gussaly teninde gorkydan başga hiç zat galmandyr, ýok teninde däl diňe , ruhunda hem şeýle, ruhunda-da...ajy tüssä ýanan ýapraklaryň ysy gelýärdi, teninden, gorkynyň üstüni basyp käte- käte, diýmek ki ys hem alýar. Ol özüne sorag berjek bolýardy, emma dodaklary gymyldamaýar ahbetin. Ol nädip sorag bersin, onuň dodaklary barmy näme?ýalaňaç berýozalaryň sütünine ýaplanyp, gözlerini dik göge garaýar, garaguşlar geçäýmese, bu jelegaýlarda onuň islän guşlarynyň geçmejekdigi belli ýaly, hamana!Birdenem aňyrlygyna çaýkanyp gidip barýan, zordan ýöreýän, huşy biraz garma- garyşyga meňzeýän garry möjek gözleriniň öňünde jnalanýar, belki-de bu surat onuň hoşuna gidýärdi... Möjek, gurt, ol bir zatlara nyşan berýärdi dälmi , näme?Eý ol özüniň elini özüne uzadýardy, egnindäki şaly indi öňküden hem sowuk tenine degip, ony üşedýärdi, üşeýän ýaly titreýärdi, hamana! Haçan ýyljak güneşiň tyglary bu agaçlaryň içinden gelip, meniň sowuk tenime sanjylar, şonda men ýene-de özümiň müňýyllyklardan ganym bilen getiren agyly ýylgyryşymyň ýene bir gezek ýüzümde peýda bolmasyny başga birine , kimdir birine belkki-de ýolundna azaşana, belki-de bir sebäp bilen hakykaty söýmeýäne, belki-de baryp ýatan zyrrajym ýalança görkezerin, bu ýylgyryşy. “Eýsem enemiziň içinde biziň ählimiz bir däldikmi näme,enemiziň içinde bir- birimiziň hakymyzy iýmäge düşünmeýärdik ahbetin,eýsem heý bir- birimizden ýokarda bolmaga çalyşardykmy biz enelerimiziň içinde. Bäbekhanada dogumdan öň bileje bir otagda bolýan enelerimiziň içindekäk, haýsymyzyň ýeňjegimiz däl-de haýsymyzyň enemiziň göwresinde ýyljak ýerde ýatjagymyz hakda dälmi arzuwymyz. Şepagat uýasy bizi enelerimize paýlanynda eýsem, biziň enelerimize ilki gowşanlarymyzyň agy sesleri birinji galmaýardymy näme? Näme üçin biz bu hala düşdük, näme üçin biz bu gün bir- birimizi ýeňmek hakda pikirlenýäris? Tersine ene gursagyndaky aýdymy diňläp, ene topragyň hüwdisini diňläp, müňýyllyklardan gelen agyly ýylgyryşy gelejegiň müňýyllyklaryna äkitmäliňmi näme?” Şahyr soraglar bilen bu ýaly endamynda şemala kepän şalynyň üçinde syňsyraklap barýan hr göwresini birden- birden ýere düşürýärdi... Elinde “Kollems” baýragynyň sertifikaty bardy... “Sen sorap görsene” sen näme üçin beýle kagyzy almadyň? Beýleki Men eginlerini gysýardy. Men bolsa, “ Men bilýärin!” diýýärdi: çünki şahyr- derwüş onlarça medeniýetleriň, şalyklaryň, gadymy siwilizasiýalaryň, söweşlere şaýat bolmagyň, medeniýetleriň aramaglanşygy hakyndaky hakykatlaryň, kökleri bir ruhy derýalarň akabasyndan ýekeje minut hem çykmady” -A sen çykdyň? -Ýooo! - Men seni tanaýan ahbetin, o nähili “ýooo” ol çykmady, ol şeýlebir akabalarda boldy, boguldy, hopukdy, gark boldy, ýüzdi, ýüzi bilmese çöpe dyrmyşdy, şahyrlar oňa gämi taşlady, guş- gumrylar çöp taşlady, ahyry tabydyny sil bolup äkitdiler, sile meňzeşdi onuň tabydy... Howa sile meňzeşdi, sen bolsa, tabydyň sile meňzeş boljagyna güwä geçýärmiň, hany gazanan zatlaryň! Eger-de derwüşi ölüminden soň, tuzuryp tabydyndan tutýanlary görkezip bilsedik, ol hiç wagt hem ýalňyşmazdy,iň bolman ýalňyşmajak bolardy, özi aýagy bilen gitmedik ölümini, göwresini diriler, aýak üstünde gezip ýörenler mazara salmaga äkitdiler, olar şeýlebir köplükdiler, dil bolup äkitdiler, oalr juda köplükdiler, olaryň ýarsy belki-de onuň arzuwlaryny amala aşyrmaga gatnaşanlardyr, belki-de ýarsy asla arzuwlaryny bilemýänlerdir, belýärmiň bu sili kim döretdi, şol ýüzdäki müňýyllyklardan gelen garry ýylgyryş, enemiň ýylgyryşlary, atamyň ruhy, kakamyň, ejemiň hossarçyllygy, ol şonuň bilen hem gitdi. Emma ol gitmedi, seret, ola men ýazyp otyrkam, ýanymda oturyp, maňa “eý’ diýip, ýaz, “beý” diýip, ýaz diýýärdi, çünki ol jud aokumyşdy, meniň bilmeýän , ýöne ýazjak bolýan zatlarymy ol bilýärdi we ýazyp bilmeýärdi. Şahyr öz meni bilen meniň özüni jedelleşdirip, entegem guramadyk şalynyň ýarsyny egnine atyp, gür tokaýlygyň içine sümüp gitdi... baryber häzir menem yzyňdan barýan, aýak yzlaryňy ýitirmen, derwüş-gidiber, men ýolsuz ýerden ýoly bilemn, emma sen bilersiň! - Olar näme üçin akyp durkalar? Olar gögerýärler, sebäbi näme? Näme üçin olar bakýarka göge? Tüsse goýberýärkä, ýogyn pejinden? Näme üçin kirledýärler kenaryn, Undulan derýalar, Akarlar, ýaplar? Ýa “Kirli suw aksa- da bor içimden, Duranymdan diýýän ýaly hamala!” Gözleýän soragma soňsuz jogaby... Menem ony başym bilen goldaýan, Belki başym yraýandyr şemallar... - Men şonda enäniň seň tabydyň yzyndan ylganyny gördüm, ol ýok ahbetin, ol diýmek bu giň älemde seni bagryna basyp bilmedik durmuşyň agyr ýüküniň astynda ýegşerilip galan bolara çemli, ýa ol şol ýönekeýje melleginde seni nähili har edenlerini synlap oturdymyka? Sesini hem çykarmadymyka ýa? Her ene-de her ata-da öz perzendiniň älemde galyş syrlaryndan hababarly bolmaly belki-de. Beýnisini çokjalaýan pikirlerden ýaňa ol gidip barýardy. Emma yzyndan aýakýalaňaç mazara çenli özüni äkitjek siliň yzyndan yzarlamak üçin nijeme ýol geçmelidiginden entegem habarsyzdy.Ol ertiriň sarsmaz awtorydy. Şahyryň Ýer bilen Gögüň arasyndaky sergezdanlygy - Müň ýyllyklar hem az bolýar Şahyr şeýlebir piramida gurmak isleýär, onuň ruhundaky güýç oňa söýget berýär, megerem şahyr şol ruhlardan güýç alýar , kuwwat alýar. Şol sebäpli-de şahyryň döredijiligi diňe gurup barýar, gurup barýar.Şol güýiň çeşmesini hem BEÝIK SÖZDE görýär. -Şahyryň elinde galan ýarag könelipdir biraz, Meýdanda sykylyk atýan şemal deýin keýpsiz garaz... Yzyndan uwlaýar tupan, şehit bolan şahyrynyň, Büremek üçin üstüni ýaşyl otdan ýapyp ýorgan, Hem juda içgysgynç hem zar eşdilip dur jaňyň sesi, Belki-de şahyr deý meýdana siňip gidendir, “häzir geljek” diýip, giden ybadathanaň eýesi... - Kakam, kaka janym bagyşla meni, sen ony öz ýanyňa alanyňda meniň ruhuma kynçylyk berdigiňde men neneň düşünmändirin, meni bagyşla, eýsem ol seniň ýanyňda öz ukybyny ýitiren halyn adäl-de tä ki ýitirjek halyna çenli galmalydy, onuň gözlerindäki uçgun kitaplaryň setirlerine siňipdi, dogrusy derwüşiň gapdalynda kitabyny saklap bersem bolmaýarmy diýen setirlerini men juda köp eşitmedimmi? Kitaplardan gözledi, özüni. Ýoklugyny bilse-de kitaplardan gözledi, tapmady. Bir-birine hiç dözmedik doganlar bolup ýaşadyk ahbetin bu janly dünýäde. Bir günem ol şeýle diýdi, ikimiziň aramyzdaky parh nä bilýärmisiň? - Ýooo... - Elejiremsene, ýok bormy bilýäň! - Aýt näme bileli! - Parh sen şahyrlaryň arasynda gezýärsiň, okaýarsyň, ýazýarsyň... A men …Adamlaryň arasynda gezýärin, okaýaryn, ýazmaýaryn... Ikimiziň aramyzda ýekeje parh bar, sen az okaýarsyň we ýazýarsyň, men bolsa, köp okaýaryn we ýazmaýaryn. Soňra men tä ki özüm bilen meniň arayndaky jedeli otlyň içinde –de diňläp oturşyma ondan ötünç soradym: Sen özüňe seretmediň, batgalyk bolsa-da girdiň, sowuk bolsa-da bökdüň, biri amanadyny tabşyrsa, başujynda oturdyň, çagalar aglasa bir bolup bile agladyň, eýsem sen özüňi aýamadyň! - Sen aýadyň diýeli, sen, hany sen aýadyň diýeli-dä, hany söhbetimiz gutarmajakdy-da... - Men üşeýärin! - Çünki seniň egniňdäki bu çyplak eşigiň hiç kime berilmedik hyrkaň, seni iki jahan owarrasy edip taşlady, sen üşediň,men bilýän! Çünki sen gyş gijelerinde çugtdyryp ýatdyň, aňzakly gyş gijeleriniň içinde daňa çenli çirim etmän çykdyň, birhili men o gowrulmalardan habarlydym ýaly. Kim- kim bilen söweşýän bolsa-da biz biri- birimizden hiç aýry däldik. Şahyr- derwüş dymyp oturdy, ikimiziň aramyzdaky parhy göýäki ol henizem açyp bilmedik ýaly. Zamanlar bilen zamanlaryňa rasyndaky parh –olaryň bir- birini bir ýere getirip bilýänligi bilen ölçelýändir, sen muny nädip bildiň , diýip, bilmersiň bu gezek maňa! Sen ony diýip bilmersiň! - Indi ikimiziň aramyzda uzak menziller bar, sen topragyňa styndan maňa bakýarsyň, men bolsa, topragyň üstünden saňa bakýaryn! Ine şudur belki-de ýer bilen gögüň arasyndaky sergezdan ruhlayň aýdymlary-da belki ŞUDYR! Belki-de atalarnyň mazaryny bilmeýän ogullar bir ýerlerde , ýerdölede aglap oturandyr, şu hal. A sen ataňa bir bakdyňmy? Onuň gözlerinde saňa bolan mätäçlikler hakda pikir etdiňmi? Ýa oňa güýjüňem ýetmedimi? Belki sen ataň hakda diňe eneňden eşiden gürrüňleriňe uýup ulalansyň, men bilmedim, ýene! Bu barlykda atasynyň hat-da mazaryny görmedik ogullaryň bardygy seni eýmendirmedimi? Ol pyşyrdap barşyna kädisini ýere gaçyrdy, näme-de bolsa, döwülmedi. Şoňa-da müň şükür etdi, belki-de ol hem menden gaçyp galmagy arzuw edýändir, diýdi-de saklandy, soň hem ýöräp gitdi. Şondna soň ol ýerde hiç kim kitap okamady. Soňra kaşaň, kaşaň halylar, diwarlary bezelen humlar, ah ýene köp zatlar galdy, mawy hünjüli ýassyklar. Ol ýassyklarda indi hiç ukusy tutmaýan, dünýäniň çüýrükligine on üç ýaşynd adüşünen baş uklarmy? Ol ýassyklarda ýürek karar tapman, mellekden ylgap, baglaryň içinden elini slagaýan çaga ýaly äpet göwre uklarmy? Biz ikimiz bir- birimiz bilen nijeme söhbet gurduk, emma şeýle süýji söhbetleriň ählisinde ýene gelip bir nokada salgylanypdyk, ýadyňdamy? Ol diňe kitaplara barýardy. Ol nokat diňe kitaplara barýardy, diwarlardaky kitaplara. Ol kitaplar nirde? Olary nirä aýyrdylar. Derwüş ýerinden tutdy-da hamana hiç zada jogaby ýok ýaly, ýarym ýylgyryşly gadym hyýallaryny alyp, ýola düşdi. Ykbal ony bu dünýeden aýyrdy. Şahyr galdy yzynda suw kädisini süýräp, entegem gidip barýan şahyr. Onuň sowallary bu golaýlarda gutarjak däldi, ahbetin!Howa-da zeminiň üstünde çalt, nämädir bir zada howlugýan adama näme galdy indi, ol diňe bir durmuşyň akymyna görä ýöräp barýar, söz bilen düşündirip biljek zatlary azaldy. Öňler söze güýji ýeterdi, indi dymyşlygyň baky şalygyna ýesir düşdi, baky şalygyna. Howa, diri bolmak üçin, dymyşlygyň şalygynda durmak üçin diňe ölüleriň ruhundaky aýdymlaryň agyrysyny syzmaly.Ony wirus äkitmese-de , ol derwüş şalyna gizlenen bakteriýadan habarsyzdy.Apreliň çatrygyndaky dag çeşmeleriniň gyrasy bilen käte- käte şalyny tikeneklere ilişdirip, derwüş ýene ýoluny dowam etdirdi. Ol ýolda çeşmeler onuň bile bile bökjekleşip, göýäki çagalykdaky ýaly “kim öňürti barmaşak” oýnaýardy. Nirä? Ýere siňmek üçinmi, ýa-da asmaan uçmak üçin? Şahyryň ruhy baky iki sany soragyň arasynda ýene-de galdy. Onuň suw kädisini çeşmeden dolduryp, dabanyna gözi düşen wagty dabanyň gözden öňürti agrraýanyna göz ýetirmesi, dabanyň ýere gözüň bolsa, ýagtylyga tarap ymtylmasyndandy. Döwürdeşleriniň ählisinden öňde barýan biriniň mazara çenli adam silleri bilen gitmesini gazanmagy bu gün birhili örän kyn ýagdaý ýaly bolup dursa-da şahyryň ölümi bilen diriliginiň arasyndaky söweş entek bitmedi. Ol şeýlebir ýaşaýardy, hamana zamanlar togtan ýaly, ol zamanlaryň arasyndaky bir bag ony nijeme günden, hat-da aýdan bäri birgiden paýtunlary dakyp, sürekläp gelýän ýaly. Bu şahyra agyr düşdi, ýöne ol barybir şol ýüküň aşagyndady, ne durýar, ne –de ýöreýärdi, zaman, ne durýar, ne-de ýöreýärdi zaman. Şükür ýaşyl , garry çynaryň gapdalyndan ýaşajyk nahalalr çykyp, olar ýaşaýyşy dowam etdirmek üçin ellerinde baryny edýärdiler. Diýmek ki garry çynarlar ýaşajyk nahallaryň ösüp, boý almasy üçin gerek! - Dogry, şol bir jadyly taýak bilen şol bir zady , görkezip, haran galdyrmak mümkin däl ahbetin, diýmek her bir galtaşýan zat beýlekiniň güýjüniň çeşmesi bolmaly. Şahyr muňa bir mahal düşündi, ol çomup içip duran suw kädisinden akan suwlary bal ýaly edip ýalady, gözlerindäki ýekeje pikirden saýhallanyp bilmeýärdi, çünki gerekli günleriň bir mahallar yşk bilen dost wepasy bilen hetdini aşyp gidendigi üçin baglary gopuk- gopuk dünýäniň içine tarap gidip barýandygyndan habarlydy. Bir gün beýläk, bir gün eýälk öwrülýärdi, arasyndaky söhbetler gutarypdy, ýakynlary bilen. Gutarmalydy hem ol söhbetler. Ol döwürleriň içgysgynç dymyşlygynyň içi bilen entegem şalyny süýräp gidip barýardy...Şahyrlar eýse näme üçin ynsanyň derdine dert goşmagy däl-de olaryň derdine bir müddet bolsa-da derman bolmaga çalyşýarlar. Diýmek , zamanlary zamanlar bilen birleşdirýän inçejik ýodaardaky tikenleri “çöpleýän” şahyrlar bolmaly ahbetin.Azajyk pursat bolsa- da bu şeýle, çünki olar ýaşan pursatlarynda iliň – günüň bagty üçin nijeme ýollardan sergezdan bolup gidip barýarlar.Ähli täzelikler, innowasiýalar, mediýa Zülfikarowyň galamynyň astynda ynsanyň hakydasyndaky gadymy bir hazyna öwrülip, şol akyp ýatyr. Ol islendik döwürleriň bir- birege seplenmegi üçin şahyrlara mätäç bolandygy hakynda ýazýar. Islendik zatda sözüň güýjüni görýär, öz görýänni aýdýar, ýazýar, netije çykarýar hem-de ýene-de onuň Alyhezretleri Poeziýa bilen ýüzbe ýüz bolmak üçin deňiz, derýalary, tolkunlary , ýer asty sadaplary, suwlary, gämileri, howaly binalary , ählisini terk edip, şol gyzgynjak ýere- ynsan kalbynyň mähri ýaşaýan ýere köňüllere girmäge çalyşýar. “Sözüň ynsany essinden aýyp bilmeýän zamanynda ýaşaýarys” –diýip,käte gamlanýar, käte- de belki-de biziň- şahyrlaryň ysgyny ýokdur” diýip, iki aralaygyň altyn birligini tapmak isleýär, belki-de.Iki aralykda galan döwürleriň şahyry bolmak ne kynmyş? Dogry. Belki-de şahyr muny öz- özüne subut etmäge çalyşýar. Täjigystanyň belent daglarynda ýaşaýan rus şahyry hakda oýlandygymça onuň zamanamyzyň beýik moderator gojasydygyna göz ýetirýärin. Şahyr segsen dört ýaşnyň içinde bolsa- da ol ýaşlaryň hem ýaşlylaryň hem dosty. Ol zamanlary bir- birine çatyp bilýän beýik köpri. Onuň döredijiliginde ýalan bilen çynyň arasy açyk däl-de ýalana çyn tarapyndan çyna bolsa, ýalanyň gözi bilen düşünjekl bolmak- hörpli. Onuň döredijiligi zamanlary bir- birine çatýan kenarlaryň köprüsi deý täzelikçi hem-de asudalyk deý käte ýürek gysdyryjy, käte-de birhili şowhunly. Şowhunly ýaly bolsa-da sanyny ýitiriji. Onuň döredijiligi hakda ýazmagyň şeýle özüme ýakynlygy hakynda hem köp oýlandym, belki-de pikirdeşleriň ykbalynda şeýle zatlar bolup geçýändir?käte birhili dogry ýaly, käte-de ýalana meňzeş galtaşmalaryň içi bilen heniz hem şalyny süýräp gidip barýar, şahyr – derwüş. Onuň derdinde öz derdini görýänler onuň geçip giden ýerlerinde gözlerini bir nokada dikip, garap durýarlar. Belki-de olaryň içindäki dert şol geçen egni şally derwüşiň ruhy bilen gabatlaşýandygy üçin şeýle bolmaly. Belki-de ýa beýle-de däldir?! Kim biler?! Derwüşiň derdi gurlan ojaklaryň ýykylmasy, ýykylan ojaklaryň başgaça gurulmasy, belki-de ynsan ýüreginde orun alan duýgularyň içindäki iň ýakymly hakykat şol galtaşmalara şaýat bolmakdyr. Gurlanlary ýykmakdyr ýa-da ýykylanlary gurmakdyr,olary öz ruhy gözüň bilen görmekdir. Zamananyň goja derwüşi - öz modernizmi bilen hem döwrebap hem-de arhaik şekilde entegem gidip barýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |