20:50

Adamzady halas etmek / powest

ADAMZADY HALAS ETMEK

■ Awtordan: Bu hekaýatyň aslynda hakykatdan bolan real waka ýok. Onuň aslynda ýagşy niýetlere eýlenen çeper hakykat ýatyr.

* * *

Gün dogup, al-asmana galyp gidipdi. Iki adam  jülgäniň ugry bilen eşeklerini maýdaja sürüp,  ilerligine bakan barýardy.
Jülgäniň ugry imisalalykdy. Bu dereleriň ygaldan ganmanyna ep-esli wagt bolana meňzeýärdi. Baharyň ahyry bolsa-da meýdan juda gurak görünýärdi. Bu ýerlerde ot-çöp, eýýäm sary samana öwrülip galypdy.
– Görersiň, gyş gowy geler – diýip, daýaw ak eşegiň üstünde  oturan başy ullakan telpekli kişi badyhowalyk bilen aýtdy. Ol gytyjakdan gelen keltejik mäşbürünç sakalynyň ujuny berdaşly eliniň keltejik, kirli barmaklary bilen sypalap, soňam eňeginiň aşagyny keýp edip, hart-hart gaşalap aýtdy. – Güýzem erbet bolmaz. Ot dyzdan bolar. Emma, tomus heýwere yssy bolar. Men ýeri gelende onam saňa aýdyp goýaýyn. – diýip, ol  Çapaýewiňki ýaly gypygrak, içiniň ýaşyly görünip duran gözlerini  dogumlyja ýyldyradyp   goýberdi.
– Goýsan-aý, Bekki mugallym! – diýip, melemtil gara eşegiň üstünde  atan-satan aýaklaryny ýerden süýräp barýan şilliň ýaş ýigit  ynamsyzlygyny aç-açan  yglan edip  gepledi. – Geçen ýylam şeý diýdiň. Üstesine-de, «Sen şu ýyl hökman okuwa girýäň» diýdiň. Emma ilkinji bolup men ýykyldym, okuwdan...
– Ýo-ok! – diýip, Bekki mugallym eşegini ugrukdyrmak üçin  eline alyp gelýän taýagyny ýoldaşyna  bulaýlady. – Ýo-ok! Onyň ýalňyş...
– Näme, diýmedim diýjek bolýaňmy?
– Diýdim. O dogry! – diýip, Bekki mugallym sakallyja eňegini göge galdyrdy.
– Onda näme, ýok diýjek bolup dursuň.
Bekki mugallym  agyr telpekli başyny ýaýkady.
– Men  «ýyl» diýdimmi?
– Diýdiň!..
– Onda, ýyl diýen bolsam, ýyl gutaranog-a, Roçjy jan!
Roçjy diýileniň hakyky ady Rejepdi. Bekki mugallym ikiçäk wagtlary onuň  adyny Roçjyý diýip tutaýýardy. Onuň pikiriçe,  sowatly, graždanlyga ýeten  her bir adamyň iki ady bolmalydy. Onuň öz adam Begmyratdy. Emma Roçjynyň «Bekki» has dogrusy «Bekki mugallym» diýenini gowy görýärdi.
Aslynda Rejep Bekki mugallymyň tüýs bir halaýan ýigididi. Uly obada Roçjydan hem-de öz aýaly Ogulbikeden gaýry, onuň bilen idili gürleşýänem galmandy.
– Sen, sen bara, sen şu ýyl hökman okuwa giräýmeli!
Roçjyý uly tamakinçilik bilen Bekki mugallyma garady.
– Öz-ä, öz göwnüme-de, men şu ýyl okuwa giräýjek ýaly. Entejig-ä, seniň aýdyşyň ýasly, wagtam bar-la. – diýip, ol birhilije, ysgynsyzja aýytdy. – Ýöne, nädip? Nirä?
Roçjyý geçen iki üç ýylda oba hojalyk institutynyň gündizki, agşamky, gaýybana bölümine bäş sapar synanyşypdy. Emma Hajy diýen bir päli ýaman her sapar onuň maňlaýyndan çykyp, ýykdy durdy, ýykdy durdy...
– Hawa, wagt bar entejik! – diýip, Bekki mugallym has ekabyrlanyp aýtdy. –Iň esasy, Hajyýewiňem indi ýok. Oňa derek Eminowa diýen bir aýal senden ekzamen alar. Görseň, onuň bilenem men Çärjewiň pedinstitutynda bileje okandyryn. Menden salam aýdarsyň, edil adymy tutanyňdan «drassiý», «pýat» bolar durar. Diýenim bolmasa-da, üç eşek ýüki kerkawyňy menden al...
– Roçjyý begendi.
– Ýok, mugallym, şu bara, okuwa gitsem, men saňa «Wetnamskiý balzam» konýagyny getirip bererin, alla jan kessin.
Bekki mugallym  hoş boldy.
Ýöne, şu gürrüňleri ejesine aýdanda welin, Bibigül daýza Rejebiň  ýüz- gözüni tas ýolmalapdy.
– Pohuny iýipdir şol Bekki mugallymyň. Sen samsyk bolmaňsaň, obadan welaýat edilip kowulan şol alasamsygyň kepini diňlär ýörermiň, bagty ýatanyň çagasy, diýmäýin diýsem... Saňa ganyny berdi-de, seni al-arwaha öwürdi goýaýdy, şol ýer çeken. Her ýylda seni aldap, üç sapar okuwa iberýär, ol meýdi ýanmyş. Üç sapar! Gidip, gelip, «Okan namazyň ürküzen gurbagaňa degenok», seniň. Bolmasa, her aýda elli eşek ýüki odun satýan diýýäň. Gazananyňy Aşgabat ýoluna sowrup...
Rejep «Indi oduna ýeke özüm giderin» diýip, ejesini zordan köşeşdirse-de, Bekki mugallymyň ýanynda, edil çagasy galan tüwe ýalydyr.
Aslyna seredeniňde-hä, Bekki mugallymyň Rejebe öz ganyny beren-de, onuň mugallymylygy-da, onuň pedinistutda okany-da çyndy. Ýöne oba adamlarynyň aýdyşy ýaly, bar bela onuň dilindedi.
Bir sapar mekdebe barlag gelmezmi! Ol günem Bekki mugallym pes klaslarda rus dili sapagyny okadýan eken. Ol barlagçam edil, Aşgabadyň özünden bolup,  Bekki mugallymyň sapagyna girse näme. Bu neresse-de, rus dilini nireden bilsin. Ol zol-zol «bolşoý bret», «malinkiý bret», «bolşoý sestra», «malenkiý sestra» diýip duranmyşyn. «Hleb näme?» diýse-de, «nan» diýipdir. Bar bolany şol.
– Kommunizm gurýan ýaş nesle Beýik Leniniň dilini ters öwredip, ýaş nesle ýaramaz düşünje berýän beýle bisowat adamy mekdepde ýeke günem goýmak bolmaz – diýip, barlagçam tutupdyr tükezzibana. Oňa höre-köşe etselerem:
– Men tä birinjä çenli gidişerin. Emma adalaty dikelderin. Şol adam mugallym bolup işlemez ýaly ederin – diýip, ahyry Bekki mugallymy işinden aýyrypdyr. Şeýdip, ol görgüliniň gulluga gitmezinden öň Çärjewiň  mugallymçylyk instutynda üç aýlyk gutarany biderek boldy galdy. Ýogsa, ol nebir işläbem ýördi-le...
Onuň obadan kolhozyň birwagt taşlanan köne korownigine sürgün edilmegine-de, onuň öz dili günäkär.
Obadaşymyz Myrryk ogluny öýerdi. Şol toýda oturanlaryň ýanynda «Staliniňem, Pýoter Perwoýyňam kakasy türkmen bolupdyr» diýip gürlemesi, edil bir «merk» diýilen ýaly bolaýdy.
Obamyzdan kimdir biri bu gürrüňi, ony ýaýradan adamy jikme-jigi bilen ýokary guramalara ýazyp beripdir. Şonuň yzysüre, ony at tezegini guratman, aşak-ýokary çagyryp başladylar. Baran badyna-da: «Sen şu gepleri aýtdyňmy» diýip sorapdyrlar. Olam: «Ol gepleri men aýdamok. Olary bize pedinistitutda okadan Alymow diýen professor gürrüň berdi. Men şol gürrüňi aýtdym» diýip, sapalak-supalak edipdir. Soň görlüp oturylsa, Çärjewiň pedinistutynda onuň ýaly mugallymam ýok, onuň aýdan zadam  aslynda ýok bolup çykdy.
Ýöne, soň Bekki mugallymy  berk kontrollyga alyp başladylar. Şol arada ol «Bu oba gurrumsaklaryň obasy, iýmedigiňi iýdi diýip, diýmedigiňi diýdi diýip, gep-gybady gülledip ýörler. Muny edýäni bilýän, Taýtar molla bilen Haçjandan başga kişi däl» diýip, gaty gowy bulaşdy.
Adyny aýtmaýyn welin, ýokary guramalar Bekki mugallymyň bu sözüne syýasy ähmiýet beripdirler.
– Serhet ýakasyndaky  obalar örän parahat bolmaly. Emma siz duşman döwletiň etek ýanynda oturyp, halka ters görelde bolýarsyňyz. – diýip, şol ady agzalmadyk guramanyň jogapkär we ygtyýarly wekili şeýle bir tükezzibana tutdy.
Üç obanyň ilatyny ýygnap edilen ýygnakda oturan Haçjansoltan:
– Eger Bekki tentegi şu obadan ýok etmeseňiz, men özümi otlaryn – diýip, aglamjyrap, ýygnakdan çykyp gitdi. Taýtar molla-da gaty erbet boldy. Ol obanyň agzybirliginiň aladasyny edip, gijeler gözüne uky gelmeýän adamdan bolup, orta çykdy:
– Görýäňmi, görýäňmi, agzalalyk nireden başlanýar? Ana,  şol bedibagt özüne bir zat edäýmesin, häli!  – diýip, Haçjansoltanyň yzyndan çykyp gitdi.
Bu ýygnak «Bekki mugallymy obadan çykarmaly, ýagny, welaýat etmeli» diýen karary orta atdy. Karar makullanyldy.
Şol günüň ertesi Ata Kişiýew lökgelije Bekki mugallymlara geldi.
Ol Bekki mugallymy görüp birhilije, ýalum-ýulum eden boldy.
– Wala, Bekki jan, nähili bold-aý, byý! – Ol içeri garady. – Sen bolmasa  köne korownigiň, hol, aýallaryň süýt tüňňürlerini goýýanja jaýyna göçäýsen-e. Oňa çenli menem  etraba-zada baryp, ony-muny göreýin, häli...
Şeýdip, Bekki mugallym welaýatda ilkinji welaýat bolanadam bolup galyberdi.
Ol-a, bir! Ikinjisi, Bekki mugallymyň Rejebe gan bermeginiň meselesi! Olam dogrydy.
Şol gün Rejep bilen Bekki mugallymyň hersi iki sany eşek alyp, «Zyndan» diýen  çuňňur derä, ýatymlaýyn odun ýygmaga gidipdiler.
Olar  dagdan aşak inip, «Zyndan» derä ýaňy girjek bolanlarynda gapdaldaky tümüstan bolup ýatan böwürslenlikden eli awtomatly bir adam zompa çykmazmy?!
Ol adam azzat-da, mazzat,
– Eliňizi galdyryp, ýaragyňyzy, azygyňyzy şu ýerde taşlap, eşegiňiziň birinem galdyryp, şu ýerden ugraň! – diýip, haýbat atyp başlady. Rejebiň öz-ä oňa razy ekenem-dä, ýöne Bekki mugallym, heý oňa razy boljakmy. Ol öz okuwçylarynyň «Mugallym namartlady-aý!» diýerinden çekindimi, ýa-da Watan namysy oýandymy, eşeginden düşdi-de, iki elini öňe uzadyp:
– Salowmaleýkim, gardaşym! – diýip, eli awtomatly adamyň edil alkymyna bardy.
Ol pyýada bu ýat adama elini bermäge gorkdymy, ýa başga bir ätiýaç bilenmi, birki ädim yza çekildi. Ýöne:
– Waleýk, gurgunmysyňyz-a – diýdi. – Oňa çenli Bekki mugallymam zyňdy onuň üstüne. Şeýdip, olar girdiler agyr aldym-berdime. Awtomat beýleki zyňylyp gitdi, beýläk.
Emma  ol pyýada-da edil  ýekegapan ýaly güýçli eken. Bilindäki uzyn tygly gamasyny alyp, çiň arkan ýerinden sokandyr Bekki mugallymyň aýagyndan. Bekki mugallym tygyň  agyrysyna «wäk» diýip bir gapdala agdarylyp gitdi. 
Häliden bäri bu iki adamyň garpyşygyna keseden syn edip bir gyrada duran Rejep birden özüne gelen ýaly boldy. Ol gelmişegiň üstüne arslan bolup eňterildi-de, elindäki paltanyň ýeňse tarapy bilen gelmişegiň aýagyna  güýjünde baryny etip ýelmedi.Gelmişek sör-söbe boldy-da, birdenem ok ýaly atylyp, Rejebiň böwründen elindäki gamany boýa-boý sokup, özem onuň gapdalyna serpmeden gaýdan ýaly bolup, şalkyldap gitdi.
Bir salymdan essine gelip, Bekki mugallym aýagyny ellese, edil topugynyň ýokary ýanyndan barmak sygar ýaly deşilip, ondan gan joralanyp durdy.
Ol köneje köýneginiň etek tarapyndan ep-esli ýyryp aldy-da, ýarasyny  pugta çekip daňdy. Soňam Rejebi agtaryp başlady. Onuň gözi gut haýsy, kybla haýsy, bilmän, gelmişegiň gapdalynda süýnüp ýatan, Rejebe düşensoň, ýüregi birneme ynjaldy.
Ol ýaraly aýagyna agram bermän ýerinden usullyk bilen turdy-da, gelmişegiň awtomatyna topuldy. Soňam awtomatyň gundagy bilen ýerde serilip ýatan adamyň depesinden aýlap saldy.
Ol indi näme diýseňem arkaýyndy. Şol maýdaly bilenem eşeginden odun ýüpüni aldy-da, onuň bilen gelmişegiň elini, aýagyny sarap, pugta daňdy. Ony gymyldamaz ýaly edip, güýlüp goýdy. Gerlmişegiň uzyn tygly gamasyny eşegiň   palaňyna gysdyrdy. Awtomaty boýnundan asdy. Soňra Rejebiň ýanyna bardy. Kut haýsy, kybla haýsy, bilmän, uzaboýuna ýüzinligine süýnüp ýatan Rejebi beýlesine öwürip, onuň durşuna gan bolup giden köýnegini çykardy. Onuň böwründen bulk-bulk edip, gan akýardy.
Bekki mugallym sarygiden çit köýneginiň galan bölegini ýyrtyp, Rejebiň ýarasyny pugta daňdy. Soňam, hykylap-çokulap, gelmişegi eşekleriň birine, Rejebi bolsa, onuň öz eşegine ýükläp, odun ýüpi bilenem olary berk  baglap, oba bakan sürüp başlady. Ol gijäniň bir wagty oba geldi. Ýaralylaryň ikisinem öýüne taşlap, ýolsuz- ýodasyz ýerlerden batyp-çomup, daňa golaý kolhozyň kontoryna geldi.
Kontoryň gapylary ýapykdy. Garawul bu töwerklerde görnenokdy. Şonuň üçin ol  penjireleriň biriniň aýnasyny döwüp,  jaýyň içine girdi. Soň telefony tapyp, onuň trubkasyny göterdi-de, jaň edip başlady.
– Alýo, «Tiz kömekmi»? Alýo, «Tiz kömegi» beriň, gyssagly, gaty gyssagly. – Ol aňyran gürleýän aýal sesini tanady. – Aýnabat, bu senmi?! Gyzýam, maňa sroçnyý «Tiz kömegi» bereweri!.. – Hä, ol jogap bermese, raýkomyň birinjisini Pudakowy alyp ber. – Ol trubka diň saldy. – Ýok, ýok, ýangyn ýok. Bir şpion serhetden geçip, awtomat bilen...
Oňa çenli ukuly-oýaly  ýogyn, erkek adamyň sesi eşidilip başlandy.
– Ol-a, al-o-ow! Ýhhä, ýhhää! Ähüm! All-ow!...
– «Tiz kömekmi»?
– Raýkomyň birinjisi diňleýär! Jaň edýän kim!
Bekki mugallym  ýerinden zarp bilen turdy-da, sag elini gulagynyň deňine göterip:
– Ýoldaş raýkomyň birinji sekretary! «Zyndan» deresine  iki oglan bolup, eşekli oduna barýarkak eli awtomatly gelmişek – şipiýon, bize hüjüm edip başlady. Ol meni aýagymdan, ýoldaşymy böwründen agyr ýaralady. Her näçe gazaply garşylygyna garamazdan onuň özüni tutduk. Elini-aýagyny daňdyk. Ýoldaşym ölüm halynda, tiziräk wraç, wraç iberiň. Gany kän akdy. Gaty tiz gelmeseňiz, ol öljek...
– Sen nirede? – diýip, birinji sähel maý bolandan sorady.
– Men «Rabat» kolhozynyň kontoryndan jaň edýän. Özümem agyr ýaradar. Ilki meni alyň, soňra olaryň nirededigini özüm görkezerin...
– Bolýar. Goýaý trubkany...
Bekki mugallym agyrysyna zordan çydap, süýrenip diýen ýaly giren deşiginden çykdy. Şol wagtam daňa galan okly kirpi ýaly bolup, niredendir bir ýerlerden Hanja aga tapylyp geldi. Ol gele-gelmäne, penjireden çykyp gelýän pyýadany görüp, elindäki tüpeňini asmana pagladyp goýberdi.
– Ogry, dat, öldüm. Ogry gelipdir. Dat, ýetişiň! Kolhozyň kassasy urulandyr-la-haw, ýeteweriňle-haw!..
Ol gele-gelmäne Bekki mugallymyň üstüne özüni oklady-da, onuň  durşuna gara gan bolup duran ellerini gaňryp arkasyna daňdy. Aýagy bilenem, onuň gan syzylyp duran aýagyna depip ugrady.
Bekki mugallym özüne gelende, üç maşyn oňa bakan çyrasyny öwrüp, bir topar adamam  maşynlaryň çyralarynyň ýagtysyna sallam-sajak boluşyp ýördi.
Oňa suw berdiler.
– Senmi, jaň eden – diýip, birinji Pudakow onuň üstüne abanyp sorady.
– Men!
– Hany, şpiýonyň? Hany ýaralyň?.. – Öýde! – Ol hasanaklap ýerinden turdy-da, maşynlaryň birine mündi.

* * *
Raýon keselhanasyna getirilensoň Rejebiň operasiýa etmeli meselesi ýüze çykdy.
Gyssagly operasiýa etmeli, gaty gyssagly. Emma oňa bolar ýaly bir damja-da ganymyz ýok – diýip keselhananyň hirurgiýa bölüminiň müdiri birinjiniň ýanynda tykyrady. – Ol ýaş ýigidiň barja gany akypdyr...
– Hany, donaryňyz ýokmy? Bolmasa serhet otrýadynyň oglanlaryny çagyraýmaly ekeniňiz-dä! – diýip, birinji – Pudakow sagadyna  garap aýtdy.
– Wah, bardy, ikisi bardy. Olaryň bir-ä, edil gerek wagtynda  gaýra gidipdir. Beýlekisem sarylama bolup ýatyr. Başga ganlaram oňa hiç laýyk bolanok... Bekki mugallym bu gürrüňleri eşidip, agsaklap daşary çykdy. Olam şu keselhanada ýatmaly edilipdi.
– Meniň ganymy alyň, oglanlar! Armyda gulluk edenimde-de, Çärjewiň pedinistutynda okan mahalymam oglanlara kän gan beripdim – diýip, birinjiniň ýüzüne tamakinçilik bilen garady.
– Ana, alyň şonuň ganyny – diýip, birinji ýüzüni ýagtyldyp aýtdy. Emma gapdaldan lukmanlaryň biri: – Näçe ganyň bolsa, onuň özüne gerek. Özem bar ganyny ýitiripdir-ä, onuň – diýdi.
Bekki mugallym ol lukmana gözleriniň agyny köpeldip bir garady-da ýene özünkä tutdy:
– O nähili men ganymy gideripdirin. Ine, göräýiň. Onsoňam, Bekki mugallym onça-munça ganynyň ýitenini bildim bir edýän adammy? Gerek bolsa, alyň, bolmasa, biziňk-ä bir aýtmak!..
Wraçlar  şol bada depmehalalrak barlap, şonuň gany «bolýar» diýen çözgüde geldiler.
...Aý, garaz, şeýdibem, Bekke mugallym bilen Rejebiň ganam, göbegem çatylyp gitdi.
...Edil, häzirem , olar «Zyndan» deräniň ugry bilen kemimiz bar diýmän, ala goh bolup, oduna barýardylar.
...Emma edil şu wagt Rejebiň ejesi Bibigül daýzanyň kolhozyň kontorasyna ýetip barýanyndan olaryň habaram ýokdy.
Ol aýal  ýaňy «lökgesine» münjek bolup duran kolhoz başlygyna elini salgap gygyrdy.
– Dur-uw, başlyk. Hany, dur-san-a!
«Darawa» kolhozynyň başlygy Ata Kişiýew «stalin papagyny» çykaryp, takyr kellesini birki gaýta sypalady-da, gurap ýatan sähra gussa bilen gözüni aýlady.
– Bu ýyl-a näbileýin, mallaryňyzyň başyna musallat inäýmese-e...
Bibigül daýza gele-gelmäne titiräp başlady.
– Ýeke bala gitdi, başlyk. Ýeke bala haýyp boldy. Ikem däl-ä, bir ýumurtgam palak boldy diýer ýaly. Bala gitdi, başlyk, gitdi, ýeke bala gitdi.
Ata Kişiýew ör-gökden geldi.
– Näm  boldy? Agzyňy haýyr aç! Haçan öldi, ol?
Bibigül daýza hamsygan boldy:
– Şu gün öldi, şu gün!
– Nädip?.. – diýip, kolhoz başlygy «oglum öldi» habary bilen, onuň derpenişiniň arasynda ynandyryjy baglanyşyk tapmandan soň sorady.
– Bar, Bekki tentekden sora onuň haçan, nirede ölenini. Düýnki gidişi, öten agşamam öýe gelmedi... – Ol sesini birdenem başga, has haýýar depgine geçirdi. – Ýer çekmişler, edil, är-heleý ýaly, olar. Ol oglana ganyny berdi-de, öz tarapyna ýaman ymykly geçirdi, oglany. Men oňa  diýdim: «Han-a Bekki, ine-de men, ýa ondan geç, ýa menden geç». Ol başlyga  tutunyp aglady – Başlyk jan, hana meniň paýym. Düýn sen «maňa aýtdyňmy,  üýrüp duran ite aýtdyňmy» asyl, öten agşam öýe-de köwlenmed-ä, ýerler çeken. Wah, başlyk jan ogul doguranyň garny gurasyn, garny. Ine, men şol garny guran heleý boldum galdym. Ine, onsoň, onuň ölmedigimi. Onuň kepinden çykanog-a.
Başlyk  takyr kellesini gaşaý-gaşaý «Stalin papagyny» başyna geýdi.
– Aslynda, ölenok dälmi? – Ol gyssandy.
Bibigül daýza welin  gyssanar ýaly däldi.
– Şol indi ölmedigimi? Öli bolup kepende däl, diri bolup sanda däl.
Ol oglunyň Bekki mugallymyň gepine gidip, odun satyp gazanan pulunyň ählisini ýylda Aşgabada okuw diýip, bäş-alty gezek gidip, ýele sowurandygyny, aýtjak boldy. Emma başlyk eýýäm öz «lökgesine» münipdi.
– Sen raýon milisesine-de bir duýduryp goý. Galanyny özüm oňararyn. Sen arkaýyn bol-da, öýüňe gaýdyber...
Heý, Bibigül daýza öýüne gaýdarmy?! Ol şol ýerden göni raýon milisiýa bölümine ugrady. Barybam milisiýanyň naçalniginiň ýanyna baryp, onuň edil garşysyna-da geçip, iki sagat aglady.
– Oglumy azdyrýar. Öz-ä bir ilden çykan tentek. Ogluma ganyny beren bolup, özüne meňzeş tentek edip taşlady, ony. Obadan welaýat edilip, kowulyp çykarylsa-da,  ýene haçan görseň, obanyň içinde tentiräp ýör, ol bagty ýatan. Aklam üýtgäp başlapdyr. Indi, haçan görseň,  ýoldaş Staline, gül ýaly döwletiňize masgaralaýjy sözleri aýdýar. Şol müjerret öteni başga kolhoza göçürmeseňiz, men ýokary arz etjek. Ýurdy alahekge soranok. Menem gepimiň diňlenjek adamynam, ýerinem taparyn. Eger meniň arzymy diňleseňiz, oglumy halas ediň! – diýip, ol dilden-ä bir aýtdy, şol ýerdäki milisioner oglanlara gysgajyk arza ýazdyryp, oňa-da goluny goýup gaýtdy. 

* * *
Bekki mugallym häzir obanyň padasyny Gulçanyň ogly Mämiş bilen gezekleşip bakýardy. Bir hepde Bekki mugallym, ikinji hepde Mämiş sürini alyp gidýärdi. Gepem ýok, gürrüňem ýokdy. Sürüde bir ýüz dört gara mal bardy. Mal başyna bir manat kyrk köpükden mal haky. Olam bilen bir ýüz kyrk manat. Onuňam ýetmiş-ä Mämişiňki, ýetmişem Bekki mugallymyňky!
Häzir gezegi Mämiş alypdy. Şonuň üçin ol Rejebe birki eşek ýüki odun getirişeýin diýip, onuň bilen daga oduna gaýdypdy.
– Soran boldumy? – diýip, ol agşamara dagdan gaty ýadap gelen badyna  aýalyndan sorady.
– Akgalar ertir ak goýun toýuny berýärmiş. Şoňa ogl-a gelip çagyryp gitdi.
Bekki mugallym birhilije, begendi.
– Hakyt, çagyrdylarmy?! Ýa-da, diňe senimi?
– Aý, ýok, bar, «ak goýun toýuny edýäs» – diýdi-de gitdi. – Ýöne, ol Bekke mugallymyň adynyň tutulmandygyny aýtmady.
– Çagyran bolsalar, gelinbaý, «Çagyrylan ýere erinme, çagyrylmadyk ýerde görünme» diýipdirler. Toýa bararys...
Ojagyň başynda köwlenip ýören Ogy gelneje dikeldi-de, eşegi ýatagyna alyp barýan adamsynyň ýanyna gelerine-de garaşman:
– Roýondanam-a biri sorap gitdi. Men, şol, öňem gelem milise oglanmyka diýip güman etdim. Öz-ä motorly, kellesem ýalaňaç.
– Raýkomdan bolaýmasyn?!
Aýaly oýa batdy.
– Mümkin.
Bekki mugallym öz ýanyndan: «Sen watana ýaman niýet bilen gelip, serhedimizi bozan «del myhmany» tutup, ýaragsyzlap, getireniň üçin, saňa sag bolsun yglan edýäris, Begmyrat Abdyllaýewiç!» diýäýerlermikä diýip, öz ýanyndan inçejik tamasynýardy. Emma bu tamasyny daşyna çykarmaýardy.
«Aý, ine bir gün-ä güpürdeşip gelerler, Şonda: «Bizi bagyşla, Begmyrat Abdyllaýewiç! Ýalňyşypdyrys! Diýip, ötünjem sorarlar-la. Medalmysyň, gymmatja sowgatmysyň getirenem bolarlar. Emma giç bolar, giç».
Ol ertesi «ak goýun» sadakasyna baranda, oňa nämüçindir, ýüz beren bolmady.
– Aý, bu ýyl gurak bold-ow, dagdaky çeşmelerem gurap galdy. Ynanar bolsaňyz, gurt-gumrular gorkanogam, edil adamyň deňinden ýöräp, çeşmelere suwa inip başladylar – diýip, çopanlaryň biri derdinip başlady.
– Aňyrda-ha, gurakçylyk ýok. «Zyndanyň» dagyna çykyp seretdim welin, aňyrsy gözýetime çenli paşyrdap ýatan maýsalyk...
Ol sözüni soňlamanka, nahar-şora serenjam berip ýören Myrryk:
– Eý, Bekki,  hany, gapylyp otur! – diýip, onuň sözüni agzyndan kakyp aldy. – Näme, bu toýam meniň toýum ýaly edip, bozjak bolýaňmy? Wapşe seni şu toýa kim çagyrdy?
– Men-how – diýip, Bekki mugallym iýip oturan naharyndan ünsüni sowup, özüni aklajak boldy. Emma toýa beýemçilik edip ýören Taýtar molla oňa özüni aklamaga ýol bermedi.
– Näme, sen şeý diýen bolup, «Eýran halky  jennetde ýaşaýar sowet halkam dowzahda ýaşaýar» diýjek bolýaňmy, hä?
Bekki mugallym aljyrady. Ol ýekedyzyna galjak bolyp, tas öňündäki  çanagy döküpdi.
– Adamlar, obadaşlar, bolşuňyz nähili? Gepiň içinden meniň ýadyma, oýuma düşmeýän «monjugy» gözleýäňiz. Ýa, indi biziň bar bolup bilişimizmi?! Adamkärçiligi bir saklalyň-a!..
– Seniň obadaşlaryňam, edil seniň özüň ýalydyr. Sen nähili bolsaň, bizem şonuň ýaly!
– Keplejek kepiňi bilip keplemeli.
– Aslynda, kolhoz prawleniýesiniň «welaýat» edip, obadan çykaryp kowan adamyny şol obanyň toýuna-da, ýasyna-da çagyrmaly däl. Bolmalysy, düzgün boýunça, oba-da goýbermeli däl. Ol «welaýat» edilip, obadan çykaryldymy, «welaýatlygyna-da» gezsin... Oba azaryny ýetirmeli däl.
Taýtar mollanyň bu sözüni oturanlaryň ählisi alyp göterdi. Myrryk bolsa onuň öňüne goýulyp, ýaňy duzy dadylan tabagyny öňünden alyp gitdi. Bu agyr gepler Bekki mugallymyň içine depdi-de, onuň gursagynyň bir ýerlerini para-para edip goýberdi. Ol öz ýagdaýyny oturanlara bildirmän, ýerinden zordan turdy-da,  köne, bir wagt taýarlanan «korownige» tarap, yra-dara mytdyldap ugrady.
Onuň geçmeli ýolunda kolhozyň başlygy Ata Kişiýewiň «lökgesi» durdy. Bekki mugallym maşyna golaýlaberende, onuň içinden raýon milisiýasynyň  naçalnigi böküp, ýere düşdi. Olam Bekki mugallymyň ýoluny gabasalady.
– Hany, dur-la, pälwan! Sen nireden gelýäň?
Bekki mugallym, «Men-ä sadakadan gelýän» diýjek bolup, elini oba tarap uzatjak boldy. Emma naçalnik milisioner ony sypdyrarly däldi.
– Sen, haramzada, obadan sürgün edilen halyňa, ýene, obada näme sümsünip ýörsüň?! – Ol aýagy bilen maşynyň duran ýerinden ilerligine, on ädim töweregi köwşüniň burny bilen sürpäp çykdy-da, şol çyzygy  eliniň ujy bilen görkezdi. – Sen, sen şu çyzykdan günbatara bir ädimem geçmeli däl. Emma sen, sen, näme edip ýörsüň? Kolhoz saňa gül ýaly jaý berd-ä!
Ol kolhoz başlygynyň ýüzüne garady.
– Seni, kolhoz ýygnagynyň kararyny äsgermändigiň üçin, äkidip, gözenegiň aňyrsyna dykmaly bolaryn...
Bekki mugallymyň öňem aşa düşen öküzüňki ýaly, ynjap, sallanyp duran ýüzi hasam üýtgäp gitdi. Ol Çapaýewiňki ýaly gözlerini gazaply süzgekletdi-de, «awtomatyň» küregini çekip goýberdi.
– Hormatly  kolhoz başlygy Ata Kişiýew, sizden ýekeje haýyşym bar. Ýöne, bu haýyşyň jogabyny raýkomyň býurasynda, şaýat hökmünde jogap berilmeli bolarsyňyz.
Ata Kişiýew  bu söze aňka-taňka boldy.
– Soraň, soraberiň!.
– Sorasam, bu ýoldaş maýoryň, özi ýaly sowet graždaninine «haramzada» diýmäge haky barmy, ýa-da ýok?
Naçalnik milisiýa Bekki mugallymyň ýüzüne garanjaklady.
Bekki mugallym söz gezegini adama berer ýaly däldi.
– Sen, Ata Kişiýew, «Haky ýokdur!» diýjek bolduň, şeýle dälmi? Onda sen şuňa-da şaýat bol.
Ol Naçalnik milisiýanyň alkymyna bardy-da, barmagyny onuň gözüne  sokaýjak bolup, gygyrdy.
– Sen, sen, maňa  «haramzada» diýen bolup, gel, meni alyp, ol-a gözenegiň eken, bar, elt-de, niräň gowuz bolsa, şoňa dyk. Meniň yzymda «kaka, çöçje» diýip, aglap galjagym ýok. Ýa-da, Ata Kişiýewiňki ýaly, yzymda haramdan, halaldan  ýygnap gurduran iki gatly, içinde suwy, gazy, elektrik togy şaglap duran köşgi-eýwanym galjak gümany ýok.Ýa-da Taýtar mollanyňky ýaly, ärli oýnaşym galjak bolup duranok. Ýygna, meni, atyň, öldüriň. Sizem menden dynyň, menem sizden dynaýyn.
Bekki mugallym  ýene dilini saklap bilmedi:
– Aslynda, sendenem halkyň hak-hukugyny goran bolarmy? Seniň baryp ýatan parahor, ýaranjaň harapdygyňy bütin halk bilýär-ä. Sen gelip maňa haýbat atýançaň, barda ketdeleriň syrtyny ýalasan-a.
Kolhozyň başlygy Bekki mugallymyň raýon milisiýasyna gygyryp durmasyndan gaty gorkdy. Ol naçalnik milisiýadanam öňe geçip, Bekki mugallymyň üstüne süründi.
– Sen-ow, akyllyja bol, hökümet adamsyna gulluk wagty beýle diýme.
Bekki mugallym oňa elini gaharly silkip goýberdi:
– Bar-san-aýt, loly heleý ýaly bolup, seniňki näme? Kolhoza başlyk bolanyň bäri bir özüňe iki gatly jaý gurunup, onuň içini-daşyny bezäp ýörmekden başga bitiren işiň ýok. Haçan görseň raýonyň ketdeleriniň ýallak iti ýaly bolup ýörsüň. Sendenem halka hossar bolan bolarmy? Bar, güm bol-san-aý, alasamsyk..
Naçalnik milisiýa oňa haýbat atan boldy.
– Tatyrdama, Bekki. Tatyrdama, seni atjak bolup duran adam ýok. Ýöne, seniň diliň erbet. Bujagaz sözleriň üçine jogap bermeli bolarsyň. – diýip, hälki bolşundan birneme peselip aýtdy.
Indi Bekki mugallym özüni saklap bilenokdy.
– Dilim erbet bolup, kimiň bajysyna «bäri gel» diýipdirin. Dilim erbet bolup, näme, döwlete, hökümete «Ýüzüň üstünde burnuň bar» diýipmidirin. Ýa men kimiň namysyna degerlik söz aýdypdyryn? Maksadyňyz meni gepletmezlik dälmi,  men geplemerinem, obaňyza gelmerinem.
Ol öýüne bakan düňderilip gitdi. Iň bärkisi, tä barjak ýerine ýetýänçä, yzyna ýeke saparam garamady.
Daň bilen, ýaňy ýerinden tutup, ýuwunyp durka, Rejep tasanjyrap geldi.
Eşidiňmi?!
– Ýok!.
– Onda diňle. – diýip, Rejep onuň garşysyna geçip, dyzlarynyň üstüne oturdy. – Öten agşam oba adamlary malymyzy Bekki mugallyma bakdyrjak däl diýip, maslahat edipdir. Şonda, Myrryk: «Men bakaýyn» diýip, Taýtar mola ýalbarypdyr. Taýtar  molla-da, «Başd-a bu işi özüm alaýyn diýip, başlapdym welin, ýeri, ýalbaryp duraňsoň, baksaň, bakaý-da» diýenmişin. Bu bir! Ikinjisi, düýn ejem ilkä kolhoz başlygynyň ýanyna baryp, Bekki mugallymy şu obadan göçürmeseň, men ýokary guramalara arz ederin. Tä, seni işiňden aýrdyrýançam gidişerin» diýip, aglapdyr. Başlygam ejeme halys dözmän, «Sen naçalnik milisä-de bir duýduryp goý, bu işe şolar gatyşmasa, ýeke özümiň güýjüm ýetenok» diýenmişin. Onsoň, ejem naçalnik milisiýäniň ýanyna baryp, «oglumy azdyrýar, şony ýok edip ber» diýip, iki sagatlap aglanmyşyn. Onsoň, olaram «bolýar, sen gaýdyber» diýip, ejeme seni göçürmek barada söz berenmişler. Indem, seniň üstüňe milisiýadan adam iberjek bolup durmuşlar.
Bekki mugallym kündigi beýlede goýup, Rejebiň ýüzüne garady.
– Sen ejeň barada ýaman sözi ýüregiňe alma! – diýdi. – Soňam, kolhoz başlygy-da, milisiýäniň naçalnigem geldem, meni gördem. Olar maňa diýmeli zatlar diýdiler, eşitmeli zatlaram eşitdiler. Oýun, deňme-deň...
Rejep bir zada geň galýardy. Bu naçalnik milisiýasymydyr, kolhoz başlygymydyr, Taýtar mollamydyr, Myrrykmydyr, Haçjan soltandan başlap öz ejesi Bibigüle çenli, asyl obanyň deň ýaryndanam köprägi Bekki mugallym diýseň,  agzyndan ot çykýana öwrülip barýardy. Bekki mugallym olaraa näme ýamanlyk edip biler?! Ol şol geň galmasyny sowala öwürip, Bekki mugallyma bermegi niýet edinip ýördi.
– Mugallym! – diýip, Bekki mugallymyň  hor ýüzüne, içine giden ýaşyl gözlerine seredip aýtdy. – Men bir zada düşünemok. Ine, obamyzyň käbir adamlary näme üçin sähel gepiň üstünde saňa ýapyşýarlar.Ýogsa, seniň baýlygyň ýok, uly wezipäň ýok, seniň ýaş, owadan aýalyň ýok. Sen bir beýik zehinli ýazyjy, ýa alym däl. Il-gün göriplik eder ýaly. Men-ä, şu obada senden garybyny, senden biçäresini tapybam bilerin öýdemok Olar, olar...
Bekki mugallym ýylgyrdy-da, sag  elini galdyrdy.
– Soň düşünersiň, Roççym, soň! Sen entek ýaşsyň...
Rejep zäherli temeni ellän ýaly boldy.
– Indi nädip eklenerkäň? Iş bolmasa, bakmaga mal bolmasa, işlemäge iş bolmasa?
Bekki mugallym elini «Aý, işiň bir zady bolar-la» diýen manyda, elini endikli silkdi.
– Eklenji gaýgy edemok, Roççyjan, bu namart adamlara däl-de, gara daglara tutunarys. Ikijigimiz bileje daglara gidip, odun ýygarys. Sähel wagtdan ota gideris. Men getirerin, sen satarsyň. Men puly, baýlygy nädeýin. Ogul öýerjek, gyz çykarjak, jaý gurjak aladam ýok, Rejebim! Oglumam, dostumam, doganymam   diňe sen bolup galdyň. Eger, senem «ýo» diýseň, janyň sag bolsun.
Bekki mugallym bilen Rejebiň obadaky işi ýaňy ugrugyp başlapdy. Olar on günde  iki manatdan kyrk eşek ýüki odun satdylar.
...Bir gün olar eşeklerini odundan ýagşy ýükläp, halys ýadap gelýärdiler. Bekki mugallym  Rejebe halys dözmedi.
– Roççy jan, gel bir oýun oýnaly.
Rejebiň jan-jan öz janydy.
– Aý, ýok-la, häzir oýun ýada düşer ýaly däl, mugallym!
Bekki mugallym yzky eşegiň az-kem  gyşaran ýüküni düzedişdirip, Rejebiň deňine ýetdi.
– Gel, sen-ä ýolda Stalin bolan bol, menem Woroşil... Eger sen ýoldaş Stalin bolan bolsaň, häzir näme ederdiň?! Häzir ikimizden uly adam ýok, SSSR-de. Başladykmy?! – Ol  elini gulagyna ýetirdi.
– Ýoldaş Stalin, men Woroşil. Jaň etsin diýen ekeniňiz!
Rejebiň bu «oýna» hiç gatyşasy gelmedi. Aslynda, ol beýle suwjuk oýunlary asla halamaýardy.
– Bolýar-laý, mugallym. Men ýaman ýadaw-haw!
Emma «Woroşiliň» sesi dogumly çykdy.
– Ýoldaş Stalin, Türkmenistanda Roççiý diýen  bir gaty gowy oglan bar. Şol  oglan her ýyl okuwa synanyşýar, emma hiç geçip bilenok. Bu okuw jaýynyň adamlary juda adalatsyz, indi näme etmeli?
«Stalin» oýlandy.
– Ol haýsy obadan?
– Ol «Rabat» obasyndan, ýoldaş Stalin.
Rejep oýna nädip gireninem duýman galdy.
– Ol şol Bekki geroýyň obasyndan-da!
– Hawa, ýoldaş Stalin.
– Onda şol oglany gepsiz-gürrüňsiz okuwa ýerleşdiriň. Berkki geroýyň özünem şol institutyň direktorlygyna belläň. Roççynyň näçe gezek ýykyp, adalatsyzlyga ýol beren adamlaryň ählisiniň temmisini beriň.
– Bekki geroýy direktor etmek bolanok, ýoldaş Stalin.
– Näme üçin, ýa olam halk duşmany bolanmy?
–Ýok, ol arassa oglan, ýoldaş Stalin. Diňe, onuň ýokary bilimi ýok.
Staliniň sesi hökümli çykdy.
– Näme, meniň ýokary bilimim barmy? Işi ýokary bilim edenok. Işi akyl-parasat edýär. Meniň bilýän Bekki geroýym boljak bolsa, biçak akylly adam bolmaly, ol. Ony ertirden başlap, Aşgabat Oba hojalyk institutyna başlyk, wiý... – Rejep öz ýalňyşyny wagtynda duýdy. – Diroktory belläň. Özüne-de, Aşgabatdan gowy jaý beriň.
– Rejebe-de jaý beräýeli, ýoldaş Stalin, ol gaty gowy oglan-a.
– Rejebe-de  Aşgabatdan gowy jaý beriň, iň ýokary aýlyk beriň.
– Işbitdi, ýoldaş Stalin... – diýip, Bekki mugallym  ähli ýadawlygyny undup, bagtyýarlyk bilen  töweregine buýsançly garady.
– Ýogsa-da ýoldaş Stalin, Amerika-da halys hetdinden aşdy. Onuň iki sany razwetka samolýoty serhetimizden aşyp, biziň skretniý ýerlerimizi surata alypdyr. Şol samolýotlaryň birini atyp aldyk, ýöne biri  gaçyp gitdi.
– Wah, oňarmansyň, ýoldaş Jukow wiý, ýoldaş Budýonnyý, tüfu, saňa, ýoldaş Woroşil!.. Sen şu günüň özünde Amerikanyň başlygyny meniň ýanyma çagyr.
«Woroşil» öňden barýan eşege bakan ylgady-da, onuň ýüküni taýlap, süýrenip başlan ýüpüni alyp, odunyň üstüne oklap goýberdi.
– Men Amerikanyň başlygyny siziň ýanyňyza sroçnyý çagyrdym, ýoldaş Stalin. Ýöne, ol hiç gelenok.
– Näme diýýär?
– «Gerek bolsa, özi geläýsin» diýýär.
– Onda olaryň üstüne iki sany atom bombasyny taşlaň. Oňa özüň meniň adymdan «Eger şu gün gelmeseň, iki sany atom bombasyny taşlap, ýurduňy kül-peýekun etjek» diýibem bir aýt.
Ol sakyndy. Ýoluň üstünde bulara garaşýan ýaly bolup, bir gara durdy.
– Ol kimkän-aý, ýoldaş Budýonnyý, wiý...
– Iş gaýtdy, ýoldaş Stalin. Ol-a  hol, tokaý gorap ýören Allaberdi kel!
– Eý, hoý, ýoldaş Budýonny, wiý, Woroşil. Ol nejis biziň işimizi görüp, bagtymyzy ýatyrmasa ýagşydyr...
Olar Staliniň derejesinden Bekki mugallymyň  ýagdaýyna henizem gaýdyp gelip  bilmänkäler, Allaberdi keliň ýanyna ýetdiler.
– Hä, enesi ýalamadyk Bekki mugallym, ahyr ele düşdüňmi?
Bekki mugallym bu adama gaty beletdi. Şonuň üçin ol «Ýamandan boýuňy satyn al» diýenlerine eýerip, bu adama ýalym-ýulum etdi.
– Salowmaleýkim, Allaberdi Hudaýberenowiç!
Allaberdi tokaýçy egnindäki tüpeňini  eline aldy.
– Bu odunlar kimiňki?
– Biziňki-iý! – diýip, Bekki mugallym onuň garşysyna geçdi.
Allaberdi gara ýanyk bolan ýüzüniň, boýnunyň derini eliniň aýasy bilen syldy-da, soň şol elini silkip goýberdi.
– Siziňki bolsa, hany odun ýygmak üçin raýon tokaýçylyk hojalygynyň başlygyndan rugsat hatyňyz.
Bekki mugallym Allaberdi kele elini uzatdy. Allaberdi keliň tutuş göwresi saňňyldady.
– Bar, sen ol salamyňy köne korownigiň aňyrsyndaky jara dök. Özüňem, häziriň özünde, jogap ber, hany, rugsat hatyň?..
Odunçylar seslerini çykarmadylar. Allaberdi öňem bu adamlada rugsat hatynyň bolmajagyny, bolubam bilmejegini gaty gowy bilýärdi.
– Znaçit, odun ýygmaga rugsat hatyňyz ýok. Znaçit,  sowet döwletine, onuň tebigatyna hyýanatçylyk bilen kast etme bar?! – Ol tüpeňini eline alyp, arkasy agyr ýükli, sütüni süýnüp duran eşeklere bakan çenedi. – Eşekleriňiziň odunyny düşüriň!
Odunçylar oňa ýerli-ýerden ýalbarjak boldular.
– Allaberdi, jan agam, düşün...
– Allaberdi jan, indikide beýtmäli. Şu sapar bir bizi bagyşla. Söz berýäs, Alla çapsyn...
– Hawa, bizi şu sapar bir bagyşla, jan aga!
Tokaýçy bu yssydan ýaňa hündi gara bolan ýüzüni, edil bir ýetişen igde ýaly gyp-gyzyl bolan gözlerini ligiretdi.
– Düşüriň, oduny! – Ol bu ümsüm dereleriň bagryny çatladyp, tüpeňini asmana atyp goýberdi. Eşeklerden beter, Rejep tüpeň sesine ziňkildäp gitdi.
– Bor, bor, Allaberdi aga. – Soň Rejep öz eşeginiň biriniň ýüküni, hasyr-husur agdardy-da, ýene-de ýalbaryp başlady.
– Allaberdi aga, jan agam, gaýrat et-de, bizi bagyşla.
Bekki mugallym hem eşeginiň garnynyň aşagyndan berk daňylan ýüpi çözüp başlady.
Ol Rejebe garap:
– Ýalbarma, bu yrjal adam wennezynadanam beterdir. «Namarda ýalbarsaň, eseler, merde  ýalbarsaň, peseler» diýipdirler. Bu adam namardyň hem iň pesidir.
Allaberdi odunçy Bekki mugallyma haýbat atdy.
– Düşür oduny, gepiňi köpeltmän. Ýogsa, bagryňdan otlaryn. Wezipe borjuny ýerine ýetirip ýören adama hapa sözler aýdanyň üçin.
Bekki mugallym iki eşeginiň üstündäki odunam agdaryp goýberdi-de, ýüpüni, paltasyny soguryp aldy...
– Ýüpi, paltany bärik alyň.
Bekki mugallym ýüpüni, paltasyny Allaberdi tokaýçynyň  aýagynyň aşagyna taşlap goýberdi-de, aýasyny aýasyna çaldy.
– Eşekleri goýmalymy?
– Eşekleňi äkit-de, ejeňe aş ber. – Tokaýçy elindäki tüpeňini ýene-de asmana pagladyp, atyp goýberdi. Soň Rejebe haýbat atdy. – Eý, tentek, saňa düşür diýilenok.
Rejep bir-ä tokaýça, birem mugallymyna garady. Soňam garnynyň aşagyndan aýlanyp alynan ýüpi çözülen  odunyny  töweregindäkilere göz edýän ýaly, agdaryp goýberdi-de, paltasyny, ýüpüni Allaberdi keliň aýagynyň astyna taşlap goýberdi.
– Al, senem, şu oduny. Äkit-de, ejeňe aş ber. Seniň bajyňam bir...
Bekki mugallym hyrra yzyna öwrüldi.
– Heýt, sen näme diýýäň.
– Özi näme üçin diýýär?
– Sen oňa deň bolma, özüňe deň bol. – Ol gury samany süpläp duran eşekleriň birine mündi.
– Gideli, ýoldaş Stalin!
Rejep keýpiköklük bilen güldi.
– Gideli, ýoldaş Bur.., wiý. Ýoldaş Woroşil.
Allaberdi tokaýçy hiç zada düşünmedi-de,  aglamaga, gahar-gazaba münmäge derek, gülüşip barýan odunçylara garap, aňkarylyp galdy.

* * *
Bekki mugallym indi halys ugruny ýitiripdi. Güýji, gaýraty ýerindekä, öýde  işsiz burulyp oturmak oňa aňsat däldi.
Ata Kişiýew: «Göçerin diýse, maşyn bereýin» diýip adam hem iberipdir. Ýöne, oýlanyp-ölçerip, Bekki mygallym dogduk obasyny taşlap, başga bir ýerde jany ynjalyk tapyp ýaşap bilmejegine düşündi.
Ol şol oturyşyna mugallym bolup işlän, sygyr bakan, odun ýygan günlerini arzuw etdi.
Rejebem boşdy. Olam işsizdi.
– Meýdi ýansyn, şol haram tentegiň. Nebir oglum, nebir günüm bardy. Baryny bulady oturyberdi, ganyny beren bolup, uppbat bolmuş. – diýip, Bibigül daýza her günde tapgyr-tapgyr gargap, Bekki mugallymyň gulagyny şaňladyp goýberýärdi.
– Indi näme iş etmeli bolarka? – diýen meseläni çözmegiň wagty gelip ýetdi. Rejep täze teklibi orta atdy.
– Azajyk dynç alaly. Mugallym, Eýýäm awgust ýetip gelýär. Hany bir orak başlansyn, saman satarys. Bugdaý orulan meýdanlardan  galan-gaçan samanlary ýygnarys, onam gowja bahadan satarys...
– Ýok, onyň bolmaz!...
– Onda  balyk tutup sataly!
–  Ýok, onyňam bolmaz.
Bekki mugallym Rejebiň ýüzüne garady-garady-da, birdenem tarsa ýerinden turup, zarp bilen içeri girip gitdi-de, eline bir bölek gazet alyp çykdy. Ol gazetem, getirip, Rejebiň öňünde ýazdy.
– Ine,  ünslije  seredip çyk. Şunda näme bar? Hany, biläni?!..
Rejep  Bekki mugallymyň bolşuna lykyr-lykyr edip güldi.
– Men ony nirden bileýin? Bu ýerd-ä Orsýetiň prezidentiniň suratyndan başga zat ýok. Başga näme?
Bekki mugallym Rejebiň sözüne begendi.
– Dogry, tanaýan ekeniň. – Ol Rejebiň ýüzüne hilelije garady.
– Ýoldaş Stalin. Men bir hat ýazaýyn. Sen maňa şony orsyja geçirip ber.
– Kime? – diýip, Rejep ör-gökden geldi.
Bekki mugallym  gazetiň ýüzündäki surata başam barmagyny degirdi.
– Şuňa!
Rejep Bekki mugallymyň ýüzüne haýran galma bile seretdi.
– Ýoldaş Woroşil özüň bolýaňda, ýogsa şu wagt Amerika (ol Amerika diýende Allaberdi tokaýçyny göz öňünde tutýardy) bolsa, «bar, bu hatyňy ejeňe  aş ber» diýerdi.
Ýöne Rejep Bekki mugallymyň gara çynydygyna ynandy.
– Hut, ol  Orsiýetiň Prezidenti bolany üçin ýazaly. Ýogsa, bizde ugran ugruň tapbat bolup dur-a, ýoldaş Stalin...
Gün öýlä sapypdy. Rejep öýüne gaýdarman boldy...

* * *
Rejep Bekki mugallymyň ýazan hatyny okap, ör-gökden geldi. Hat şeýle başlanýardy.
«...Salam, eziz doganym Putin!
Men seniň hakyky doganyň, gullukdaş dostuň, Bega! Ýadyňa düşýärmi, hytaý-sowet serhedi. Gazagystan. Sterlitamak şäheri! Ikimiz gije garyň aşagynda goýlan minanyň üstünden basdyk. Ikimizem agyr ýaralandyk. Sen ölüm halyndadyň. Men, näme diýseňem, senden ganymadyrakdym. Seni egnime göterip,  gije, garaňkyda bir oba, Karataw obasyna baranymyz. Şol obada ýaralarymyzy tikdirenimiz. Saňa meniň ganymy goýberenleri seniň ýadyňdamy?!
Men seni gaty kän gözledim. Seniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti saýlananyňy okap, juda buýsandym. Sen meniň doganym ahyryn. Heý, dogan doganyň üstünligine begenmezmi?!
Meniň seni juda göresim, eziz doganymy gujaklasym gelýär. 
Eger şu hatymdan meni tanan bolsaň, doganlygymyzy ykrar edýän bolsaň, bir habarjagaz iber.
Men örän oňat ýaşaýaryn. Gelnejeň ikimiziň, gül ýaly günümiz bar.
Hoş, meniň mähriban doganym, duşuşýançak. Hat ýazan Bega! – Begmyrat Abdyllaýew...»
Ol hatyň ahyrynda öz salgysyny ýazypdyr.
Rejep haýranlar galyp, begenip, azajygam gorkup, bu haty rus diline terjime etdi. Soň arassaja kagyza göçürdi-de, köne korownigiň  jaýyna bakan ylgady.
– Men-ä iş tapyndym! – diýip, Bekki mugallym jalbaryny dyzyna çenli  çekip, aldygyna palçyk depeläp duran ýerinden, Rejebiň gelenine begenip aýtdy – Indi kerpiç guýjak. Her günde ýigirimi kerpiç guýanymda näme? Iki manat bolýar. Taýtar molla: «Guý, men näçe bolsa kerpijiňi  on köpükden alaýyn» diýdi.
Onuň ýazan haty bilen dertli bolan Rejep, oňa  akja kagyzy bulaýlady.
– Bu näme. Ýa bularyň bary ýalanmy?
Bekki mugallym palçykdan çykdy-da, köne bedräniň içindäki suw bilen palçykly aýagyny, ellerini ýuwdy. Palçyk ýoklaryny çöpläp, barmaklarynyň ujy bilen owkalap, pitikläp-pitikläp aýyrdy.
– Ýoldaş Stalin, hat örän gizlin. Şonuň üçin hat baradaky gürrüňlerem gaty gizlin bolmalydyr. Ony beýdip, bulap ýörmek bolmaýar.
Rejep onuň bir ol gapdalyna, bir bu gapdalyna geçip, belli jogap aljak boldy.
Bekki mugallym tamyň kölegesine ýazylan keçäniň üstüne geçip, ýassyga gyşardy-da, eýlesine, beýlesine esawan etdi.
– Elbetde,  ol zatlar, Roççy jan, eddil ýüz  prosentdenem ýokary dogry. Ýöne, ondan netije ýok. Biz keseki ilden, keseki adamdan däl-de, öz ilimizden orun, ojak almaly...
Bekki mugallym başyny ýaýkady.
– Gör, ol adamlary. Men olar bilen bir esger kotologyndan kaşa iýdim. Olar öz ýurdunuň prezidenti bolýar. A sen meniň düşen günüme sert! Diýmek, bir ýalňyşlyk bar. Ol, ýa meniň dilimden, ýa meniň pälimden, ýa-da, meniň ýaltalygymdan. Ýa bolmasa-da  täleýden, şeýle!
Bekki mugallymyň mum ýaly erän ruhy Rejebe täsir etdi. Olam kerpiç guýubermeli, üýşüp duran gara palçyga hesret bilen  garady.
– Aý, näme, dostum, doganym, «gan berdim» diýib-ä ýazypsyň. Indem, gör, ýazan hatyň-a terjime etdim.
Rejep haty berip, turdy-da oba bakan ugrady. Oňa Bekki mugallymyň ýanynda kän saklanmak bolanokdy.

(dowamy bar)....

Категория: Powestler | Просмотров: 607 | Добавил: Нawеran | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Powestler bölümiň başga makalalary

Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024
Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024
Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024
Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024
Taraşa / powest - 01.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]