22:31

Ara

Категория: Goşgular | Просмотров: 396 | Добавил: ibrahimbadakhshan | Теги: Ybraýym Badahşan | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024

Teswirleriň ählisi: 15
0
1 mango  
651
Ýene-de “men” bilen men...
Ybraýym däde. Sizde “şahsyýetiň ikä bölünmesi” derdiňizä ýokdurda hernä?
Düşüneniň düşündirişini okaýmasak düşünmesi kyn goşgy...

0
2 hekaya  
567
Şizofreniýa däl bu. Gapmagarşylyk. Howa garalandaky göwniçökgünlik. Öz-özüň bilen hasaplaşyk. Geçenki goşgy bilen parallel gidýär.
Özüňi perdäň aňyrsynda gizlemek gerek, dogry. Ähli durkuň bilen köpçülige çyksaň, ýaralanýaň. Şoňcün öýden çykmakaň käbir zatlary goýup çykmaly. Birden daşaryda ýalňyşaýsaň, yza geleñde hasaplaşyk geçer ýaly.
Bizem özümizi profillerde gizleýäs. Sen-men ýaly. Ybrahym aga, saýtda özüni gönümel tanadýan ýaly görünse-de, aslynda onuň bizden gizleýän tarapy bar. (Eger goşgy özüne degişli bolsa) Herkimiňem bar. Bolaýmaly. Bolmasa adam ýeňles görünýär.
Özüň bilen ýekeçäk galmagy başarmalyda.

0
3 mango  
651
Minnetdarus.
Düşüniberdim.
Hawa, perde erbet zadam däl.
Edil özümä perdäň aňyrsynda özümi erkin duýýan.
(perdä gizlenip etjegiňi etmek däl-de, gowy manysynda).
—-
Bulutlar galňap ýaşaýsa güni,
uzalan ara,
oýlanmaga
ÿere berilen pursatdyr.
—-
Şu setirlede ýalňyşylan ýerler, bulaşdyrylan zatlar ýokdura.
(“aýa-saýa”-daky ýaly).

0
4 hekaya  
567
bar ýaly. ýa-da atamyň atalary unudany üçin düşünen däldirin diýip geçäýdim. eýrandaky, owganystandaky türkmenler bilen habarlaşmak gowy duýgy. Emin Rasen bardy raperlerden. Eýpiýo gardaş bar, birem. Gürlänlerinde owadan eşdilýär. Dogan Abdyllany tapana dönýäň.

0
5 Sona  
621
Bagyşlaň adamlar, maňa-ha eýranly doganlaryň poeziýasyna düşünmek kyn bolýar. sadwalk

0
6 Jeyhun  
637
Eýranly garyndaşlar musulmançylygy gowy bilýärler. Ol bu goşgyda sopularyň "menden" ýüz öwürmesi barada gürrüň edýär. Özüni bilen weli. Meniňiňden ýüz öwürseň Allatagala gowuşarsyň. Ýöne beýle iş her bir kişä başardyp duranok. Bizi men-menlik, tekepbirlik heläk edýär.

0
7 hekaya  
567
Niresinde musulmançylyk bar, düşündiräý?

0
8 mango  
651
Jeýhunyň dijek bolany başga zatlaý.
gabat geläýdi öýdýän.
Ybraýymda sopularyňky "menlikden ýüz öwürmek ýok".
içki konflikt meselesi.
her bir eýranla musulmançylygy gowy bilýär diýip düşünmeli däl.
her bir başga bir ýerlä-de ateist diýip düşünmeli däl.
eýranlylarda-da bar şeýleräk düşünje (ýa-da gabat gelse bolýar) - sowet türkmenistanlylar dinsiz galdylar, olar gowşak ynançly. bu ýalňyş.
bir awstraliýalynyň musulmanlygy, mekgäniň düýbünde ýaşaýan bir arabyň musulmandan üstün bolup bilmezmi?
tema başga ýana akyp gitdi....
yza-da saratmak kyn...
gowusy duraýyn. :-)

0
10 hekaya  
567
Eýranlylar dinden sowap başlady diýip bilýän. Sebäbi dini despotlyk üçin ulanýalar. Aslynda bu ýagdaý taryhda köp gaýtalandy. Diňe bir musulmançylyk däl. Ähli dinlerem şeýle oýunlaryň pidasy boldy (ýada sebäp boldy).

0
12 mango  
651
"Eýranlylar dinden sowap başlady diýip bilýän."
hawa, türklerde-de şol ýagdaý(myş) diýip eşitdim...

0
11 hekaya  
567
Eýranda sopy bar bolsa, Zaratuşraň okuwçylarydyr. smile

0
9 mango  
651
duzediş.
Ybraýymda sopularyňky ýaly "menlikden ýüz öwürmek ýok".

0
13 Bagabat  
43
Ýaşuly mugallymym bilen, ýokary mekdebini tamamlanymdan kän ýyl soň bir iş otagynda oturyp, işlemek, kärdeş we dostana gatnaşykda bolmak nesip etdi. Bir gezegem özgelere baha kesmek barada ikimiziň aramyzda jedelli gürrüň boldy. Men-ä ýaşlygyň çigbeýniligine mahsus çürt-kesiklik bilen şakyrra baha kesmäge howlukdym. Şonda halypam maňa ýumşaklyk bilen: "Adam diýlen janawer iň bolmanda ýene-de bäşje sekuntdan özüniň nämeler goparjakdygyna güwä geçip bilmeýär. Onsoň ol nädip giden bir özbaşyna nämälim dünýä bolan özge birine dogry baha kesip bilýärkä?" diýdi.
Ondan bäri on ýyldanam gowrak wagt geçdi. Indi şol aýdylanyň dogrudygyna düşünýän.
"Özüni bilen weli" diýýärler. Göwnüme bolmasa, dünýe welilerden doly ýaly bolup du... cool

0
14 hekaya  
567
Furug, Sohrab we ş.m. ýazyjylary okasaň, Eýran intelligensiýasynyň aglabasyny diňleseň, şu netijä gelmän bolanok. Dogrusam şol. Din bilen döwlet "dolandyrmak" modasy, Ronesans-dan soň gutardy. Ony soň-soňlaram köpçüligi kontrol etmek üçin ulanyp başladylar. Ýogsa din herkimiň özüçe ynanyp gezmeli zady. Ony sistemalaşdyrmagy başaranlar bolsa, adamlaň gözündäki kiçijik taňryjyklar bolýar. Onsoň isläniňi etdiriber. Garşy çykjak bolsalar, bu Ýaradanyň tabşyrygy diý-de başyňdan sowuber.

0
15 abdyllahmuhammadi  
377
Salam . Nowruz baÿramyñyz gutly bolsun .
JAN YBRAŸYMy 30 ÿyl gowrak gatnašygyñ dowamynda oñat tanyÿan . Bir psychologist ( psyholog) hökmünde Jan Ybraÿymda hiç hili šahsyÿet kemçiliginiñ ÿoklugyny KESGITLÄP aÿdyp bilerin . Irzamandan '' Owgi- Döwgi '' edbiÿatyndan dašlašan šahyr Pars , Türkmen , Türk , Rus we bašga- da näçe dillerden täsir alyp öz šahyrana ÿoluny tapyp gošgy dünÿäsine girip we ÿašan .
Yslamda '' her gije ÿatmazdan öñ ozüñizi hasaplañ '' ÿa '' sizi biri hasaba çekmezden öñ özüñizi hasaba çekiñ '' diyip aÿdylÿan rowaÿatlar bar . Jan Ybraÿym hem gošgularynda özi bilen bir hasaplašyp görÿär . Nähili ÿašap ertirini giçä owrendigini barlap görÿär . Šol barlaglarda kä begenÿär kä öÿkünÿär . Degerli ÿerlerinden ÿene peÿdalanar ÿaly ÿa bolmadyk ÿerinden dašyrak durar ÿaly . Öz wyždanyñy kazy etjek bolsañ özüñi bašga bir šahsyÿete owrüp hasaba çekmeli .
Eÿranda hem dinden dašlašÿan bolsa bardyr , emma ylmyñ we internetiñ ösmegi sebäpli din dälde belkem diniñ adyndan bolÿan ÿagdaÿlara garšy cykÿanlar köpelÿär . Ÿogsa šonça da dine uÿÿanlaryñam sany köpelÿändir .

minnetdar

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]