01:12

Aý dolanda görünýän geñsi jandar

AÝ DOLANDA GÖRÜNÝÄN GEÑSI JANDAR

Filippinleriñ Sibale adasynda eldeki haýwanlaryñ nämälim şekilde öldürilmegi ýerli halkda gorky döretdi. Ýaşaýjylaryñ aýtmagyna görä käbir "jandarlar" Aý dolmaga birnäçe gün galanda orta çykyp geçileri parçalap gidýär. Filippinleriñ merkezi sebitlerinde ýerleşen daglyk Sibale adasynda 4.500-e golaý adam ýaşaýar we gury ýerden ada barjak bolsañ iki sagada golaý ýol ýöremeli.
"Manila Standard" gazetiniñ ýerli ýaşaýjylaryñ gözi bilen görüp beren gürrüñlerine esaslanyp berýän habaryna görä, geçen bir aýda jemi on alty geçi parçalanypdyr. Munisipialetiñ başlygy Lemuel Kipriano hem 2012-nji ýyldan bäri Aý dolan wagtlarynda öldürilen geçileriñ 211-e ýetendigini aýdyp, yzygiderli bolýan bu näbelli wakalaryñ ýerli halkda gorky-howsala döredendigini belledi.
Öý haýwanlarynyñ "ýüregini, bagryny parçalap we ganlaryny  sorup" öldürýäniñ kimdigini belli bolmansoñ, gorkunç kinofilmleri ýatladýan myş-myşlar adanyñ her ýerini gurşap aldy.
Käbir daýhanlar gan öýen gözleri bilen geçilere hüjüm edýän jandaryñ äpet gara ite meñzeşdigini aýdýar, käbirleri bolsa onuñ "adam-möjek" ýa-da "it görnüşli wampir" bolaýmagynyñ ahmaldygyny orta atýar. 
Geçileri parçalap läşini meýdana serip gidýän jandarlar köplenç gije ýarymdan agansoñ orta çykýar. Ýaşaýjylar geçileriñ soñuna çykyp bolandan soñ bu jandaryñ çagalara hüjüm etmeginden gorkýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 604 | Добавил: Нawеran | Теги: Geñ-tañsy jandarlar | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Ayhan  
215

0
2 jumagylyjovao  
88
Bähh bu-da käwagt bir özüni görkezip,dünýäň her ýerinden bir çykyp,adamlary gorkuzyp alýan şol çupakabra diýilýän,ylymda näbelli adamlaryň aýtmaklaryna görä bolsa hakykatdanam bar bolan jandarmyka? Meň pikirimçe şu jandar, bar bolaýanda-da, ýa-ha mutant ýa-da çaknyşdyrma esasynda alnan ýyrtyjy haýwanyň täze görnüşi.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]