20:44

Syrly bäbenek haýsy jandaryñ gözükä?

SYRLY BÄBENEK HAÝSY JANDARYÑ GÖZÜKÄ?

ABŞ-nyñ Florida ştatynda tolkunlaryñ deñiziñ kenaryna getirip zyñan ullakan gözi görenleri haýrana goýdy. Kenarda gezim edip ýören Gino Kowaççi tarapyndan tapylan bäbenegiñ haýsy jandaryñ gözüdigi belli däl. Iki eliñ aýasyny dolduryp duran ullakan bäbenegiñ haýsy haýwanyñ gözüdigini anyklamaga çalşan ABŞ-nyñ Balyklary we Ýabany tebigaty goramak boýunça komissiýasynyñ wekili Karli Segelson "Gözi içgin öwrenmäge mümkinçilik tapdym. Göz beýsbol topundanam uly... Dogrusy, juda owadan göz" diýip çykyş etdi.

■ Syrly bäbenek

Gözi tapan Kowaççi ýerli gazetlerden "Sun Sentinel" gazetiniñ žurnalistlerine: "Gözi ilki görende tolkunlaryñ üstünde gaýmalap ýörendigini, ilkibaşda nämedigini bilmändigi üçin şar şekilli närsäni eli bilen urup suwa batyrjak bolandygyny, emma onuñ jompuldap ýene suwuñ ýüzüne çykandygyny" gürrüñ berdi.
Kowaççi soñra o närsäni, ýagny gözi polietilen haltajyga salyp öýe getirendigi we holodilnikde goýandygyny aýtdy.
Kowaççi "Ol örän täzejedi we mylkyldap durdy... Men ony pakede salanymda-da gany sarkyp ýaryrdy" diýdi. 
Kowaççi syrly bäbenegi holodilnige salandan soñ polisiýa bölümine til kakdy we polisiýa işgärleriniñ kömegi bilen Floridanyñ Balyklary we ýabany tebigaty goramak boýunça komissiýasy habarly etdi.
Komissiýanyñ wekili Segelson mawy reñkli syrly bäbenegiñ haýsy jandara degişlidigini bildirip biläýjek hususlara ünsi çekdi. Segelson "Käbir balyklaryñ gözi gök bolýar" diýdi.
Käbir hünärmenler gözüñ läheñ karakatisa balygyna (карака́тицы (лат. Sepiida) — отряд моллюсков из класса головоногих) ýa-da gylyç balygyna (меч-рыба, или меченос (лат. Xiphias gladius), — вид лучепёрых рыб из отряда скумбриеобразных, единственный представитель семейства мечерылых, или меч-рыб, или ксифиевых (Xiphiidae) degişli bolaýmagyny çak etse, käbirleri bu ähtimallyga mümkinçilik berenok. Munuñam sebäbi "gözüñ töwereginde süñk gurluşynyñ barlygydyr". Çünki osminoglar we karakatisalar süñksüz haýwanlaryñ hataryna girýär. Käbir hünärmenler bolsa, düýbünden başga pikiri öñe sürýär, ýagny deñiz suwlarynyñ hapalanmagy henize çenli görlüp-eşdilmedik jandarlaryñ orta çykmagyna sebäp bolýar.

2015.

 Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 547 | Добавил: Нawеran | Теги: Geñ-tañsy jandarlar | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 @  
cry wacko

0
2 @  
Gorkunçly

0
3 Mergenowna  
28
Diýmek bilinmändirda. Gyzyklandyrdy....

0
4 Ayhan  
215
Mowzukda surat goÿup bolanokmyka?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]