10:21

Adam kelleli ýylanyñ barlygy çynmyka?

ADAM KELLELI ÝYLANYÑ BARLYGY ÇYNMYKA?

Gadymy Mesopotamiýa mifologiýasyndan gözbaş alyp gaýdýan Şamar (Ýylanlaryñ şasy) rowaýaty indi ençeme asyrlardan bäri birnäçe musulman halklaryñ ertekileriniñ esasy sýužeti bolup gelýär. 
Erteklerem ertekidir welin, olaryñ käbirine "aý, erteki-le..." diýip geçibermelem däl. 
Ynha, golaýda edil şol ertekileriñ şamaryna meñzeş bir gorkunç jandara Indoneziýada duş gelnendigi habar berildi.

■ Mifiki ženglot

Malaý we indoneziýa halklarynyñ mifologiýasynda agzalýan täsin jandar ženglota ilkinji gezek Indoneziýada gabat gelindi. Indoneziýanyñ günorta-gündogar sebitindäki bir obada görnen täsin mahluk şol obanyñ ýaşaýjylary tarapyndan öldürildi.
Mifiki hekaýatlardaky we ertekilerdäki ýaly hem adama, hem balyga we hem-de ýylana meñzedilen 15 santimetr uzynlykdaky gorkunç jandaryñ ýüzi we saçy adama çalym edýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 568 | Добавил: Нawеran | Теги: Geñ-tañsy jandarlar | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]