18:04

Aýdym

AÝDYM

(Magtymguly Garla)

Aýdymyň süňňi gudratdan,
Meý görkezmän, meý içiren.
Gelni çykaryp adatdan,
Ýüzden ýaşmagyny gaçyran.

Yşka duçar bolan ýaly,
On iki süňňi endireden.
Arşa uçuryp hyýaly,
Ýürek-bagry elendiren.

Aýdym kalbyň nagşymyka
Nalamyka, goşgumyka?
Ýa goşgyň örtgüsini geýen,
Owazmyka, başgamyka?

Sil suwy deý, yňdarlyp dur,
Pederlerden , geçmişimden.
Şu günki deý ýaňlanyp dur,
Asyrlaryň jümmişinden.

Gelýär ýatladyp mahmaly,
Diýarbekiriň şemaly.
Göz öňüňde janly ýaly,
Senem gyzyň Aý jemaly.

Süňňi gudratdan aýdymyň,
Ýönekeý sesden düzülen.
Gursagyna bakylygyň,
Nagyş sünnäläp çyzylan.

Oňa dünýä sygan, kalp dar,
Daş urýar, kine bolmaýar.
Goşgy-da köne bolsa, bor,
Aýdymda köne bolmaýar.

Öremyrat RAHMANOW.

Категория: Goşgular | Просмотров: 338 | Добавил: Нawеran | Теги: Öremyrat Rahmanow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Из письма к В.П.Горчакову / Goşgular - 27.01.2023
Güýzdäki düýş / şol bir şygryň iki äheňi / Goşgular - 02.02.2023
Gar ýagýar / Goşgular - 06.01.2023
А.Л.Бржеской / Goşgular - 28.01.2023
Сон весталки / Goşgular - 13.02.2023
Ода на прибытие из Голстинии и на день рождения великого князя Петра Феодоровича 1742 года февраля 10 дня / Goşgular - 10.02.2023
«В последний раз зову Тебя: явись…» / Goşgular - 13.02.2023
"Beýnimiň içinde gopgun turzuşyp..." / Goşgular - 14.01.2023
Ýeller, maňa yşk hakynda aýdaýyň! / Goşgular - 06.01.2023
"Yhlas bilen ak tozgañy seçeläp..." / Goşgular - 11.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]