06:33

Aýdym ogrulary hakda

Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 327 | Добавил: Moderator | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Remezan  
1397
Hakyky aýdylan...

0
2 Haweran  
411
Aždarhaly henek gödegräk bolupdyr. Ýöne hakykat. Ajy hem bolsa hakykat.
Mundan on ýyldan gowrak wagt öñ häzirbegjan telekanallarynyñ birinde bir aýdym-saz gepleşiginde bize ýaramajak gürrüñiñ üstünden baranym ýadyma düşýär. Şonda bir ozan-bagşy gepleşigi alypbaryjyñ ýanynda "türkmen gardaşlar biziñ aýdymlarymyzy ogurlap, öz dillerine ýanap aýdýarlar" diýip zeýrendi. Şonda alypbaryjy "Nämä gynanýañ, her gowy aýdym çykarañda hit bolýar, esli wagtlap köçelerde körpe balalara çenli señ aýdymyña hiñlenip gezýär, eýse sen şolaryñ haýsy biriniñ agzyna urýañ "meñ aýdymymy özümçe aýdyp bileñok, aýtma" diýip. Goý, aýtsynlar, ýitirýän zadyñ barmy? Biziñ gaýtalanmajak özboluşly aýdym-saz sungatymyz bilen olañ ikinji sortly birgezeklik (odnorazowy) sungatynyñ tapawudy görnüp dur-a!.." diýende, aýdymçy dälem bolsam, ekranyñ bärsinden ýer ýarylmady, men girmedim...

* * *

Mysal. Araplaryñ birküç ýyllykda çykaran aýdymynyñ sazyna ýanalyp aýdylan "Dam-dam" diýen "aýdymy" dagy ýüzüñ çydap diñlär ýaly däl. Ylla ýöne, "Ýukajyk köýnegiñ wow-wow-wow..." diýende dagy jokrama yssynyñ aşagynda kölege tapman uwlaýan gazan kelleli ullakan türkmen itiniñ sesi ýadyña düşýär. Beýle-de bir masgaraçylyk bolmaz ahyry. Türkmen aýdym-saz sungatyny öwrenijiler, sungat tankytçylary nirede?

* * *

Aýdym-saz ogurlyklarynyñ başy segsenji ýyllardan gaýdýar. "Edebiýat we sungat" gazetinde, "Tokmak" žurnalynda bu barada Allaýar Çüriýew, Berdinazar Hudaýnazarow, Kowus Omadow ýaly ýazyjy-şahyrlaryñ tankytlaýjy makalalary çykypdyr. Hatda A.Çüriýewiñ "Başyna giden bagşylar" diýen makalasyna jogap edip, "Çüri-çüri" diýip "aýdymam" döredipdirler.

* * *

90-njy, 2000-nji ýyllarda şeýle "aýdymçylar" adamlaryñ gündelik durmuşyna, toýlaryna hemişelik ornaşanam bolsa, milli telewideniýämiziñ, radiomyzyñ gapysy aýdymçysumaklarymyza ýapykdy. Gynansak-da soñky 10-15 ýyllykda olañ "baýdagy" parlady. Indi 5-nji kanalda şeýle "aýdymlary" aç-açan" zowladyp durlar. Döwlet teleýaýlymynda şeýle "aýdymlaryñ" we "aýdymçylaryñ" nämä geregi bar... Ony bütin dünýä görýär ahwetin.

0
3 Kovalevskiy  
1521
Toýlary, baýramçylyklary, telewideniýäni, TikTok, Instagram ýaly birnäçe programmalary aýdym ogrulary hemem şeýle ogrulyk aýdymlar bilen doldurmaklyk masgaraçylyk. Bar TikTok, Instagram we başga internet programmalary düşnükli welin telewideniýä näme gerek. Özüm türkmen hem bolsam köpden bäri türkmen teleýaýlymlaryny göremok. Görer ýaly zat hem ýok. Käwagt edebi döredijilik bäsleşiklerine gabat gelip göräýmesem haçan görseň музыка bolup dur. Gowy музыка bolsa ýagny wokal ugrundan aýdylýan живой
aýdylýan aýdymlar bolsa başga gürrüň welin ol hem däl. Häzir janly sesde aýtmaga sesleri ýeter öýdemok. Sebäbi wokal ugrundan janly sesde aýdym aýdýan aýdymçylary barmak basyp sanaýmaly. 5-nji kanala çykýan gündelik 100 sany aýdymçynyň haýsy birini tanajagyňy biler ýaly däl. Aýdym ogrulary hemem ogrulyk aýdymlar hakynda nämedir bir zat aýtmak islegim ýok. Sebäbi ol başga bir döwletiň aýdymy eken şol ogrulyk aýdymlarama öz aralarynda bir-birinden ogurlaýarlar. Hany şol teleýaýlymlary gurnaýjylar? Hany jogapkärler? Nirede? Diýmek, geljekki aýdymçy bolmak isleýän nesillere halypalyk etmeliler şularda. Gaty gynandyryjy ýagdaý.
Gaty gynandyryjy.

0
4 sylapberdimuhamov  
1428
Türkmen sazy bilen agasyny bendilikden halas eden Şükür bagşy, Şalaryñ köşgünde saz çalmajak bolup gözüni oýduran Saltyk bagşy, Gökdepe mukamyny döreden Amangeldi Gönübek şu ysnatlary gören bolsa täzeden ölerdiler.

0
5 Remezan  
1397
Ýalñyşmasam "Ülkämiñ toý saçagynda " diýen aýdym bolmaly Mämi Çaryýew aýdýar, sözleri kimiñki bilemok. Şol aýdymyñ sazy ogurlanyp alynan diýseñ ýalñyş däl bolup biler.
Kim ogurlapdyr?
Şu Ärtogrul kinoserialyñ sazyny alyp görüñ we Gazaklaryñ bir aýdymy bar aady ýadyma düşenok. Şol aýdymyñ sazyny ogurlanan hasaplap boljak. Sazlaryny döwrebaplaşdyrylyp üýtgedilen şol üç sazy deñeşdirip görseñiz hakykatdanam meñzeşdigine göz ýetirersiñiz.
Menem bir mediada görenimden soñ ýalñyşmasam you tube kanalynda gördüm öýdýän.

Bizden ogurlanan aýdymyñ sazy bu barada nähili pikirde.

Ogurlyk barada aýdylanda bir wagtky aýdym sazlar başga döwletlerden alyp ýa goşgy bolsa-da ulansañ. Ony hiç kim bilmese, bilinende hem awtorlary ýok. Rugsat alaýyn diýseñ kimden aljak?
Şu soraga nähili jogap bermeli?

0
6 Kovalevskiy  
1521
Ençeme günden bäri gidýän çekeleşmede ýuwaş-ýuwaşdan köp zyýan çeken eserler orta çykyp barýar. Awtorlaryň nägilelikleri ýöne ýerden ýüze çykýandyr diýip pikir edemok. Sebäbi ogrulanýan eserler sebäpli rugsat soramak hem ýatdan çykyp gitdi. Öňler gowy görýän goşgularymy internet programmalarynyň köpüsinde paýlaşýardym. Emma bir gün Islenen.ru saýtynda bir şahyryň goşgusyny "...awtordan rugsat soralmazdan ýaýratmak gadagan..." diýen ýazgy bardy. Okap şok boldum. Häzir goşgulary dilden okap beräýmesem surat hökmünde paýlaşmaýaryn. Ýokardaky agzan saýtyma bir aýdan bäri girmeýärdim. Sebäbi gaty geň galdyryjy ýagdaý boldy.
Köp makalalarda bellenilişi ýaly birinji gezek hakyky awtoryň öz işi bolup çyksa-da soňky gezekler awtoryň ady öçürilip şygyr, aýdym-saz ogrusynyň awtorlygy bilen çykýar.
Rugsat almak meselesinde Magtymgulynyň döredijiliginden köp aýdymlar döredildi. Rugsat alynman döredilen aýdymlar hem bolsa olar Magtymgulynyň adyny öçürmedilerä.
Umuman men ençeme gün bäri ýazýan zatlarym üçin gynanýan. Sebäbi ajy hakykaty aýtmak, eşitmek, boýun almak hemişede agyr düşýär.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]