17:06 Bagtyň aksiomasy | |
BAGTYŇ AKSIOMASY
Kynçylygy, kemçiligi derňäp, Ýanmaly biz aýralygyň oduna Ähli minuslary bir ýere jemläp, Bileje salaly ony modula Geljegimiz barybir "x" diýme sen, Hökman ugry bardyr - hasaplar ýaly! "Iller näme diýer?!" söze köýme sen, Teorema däl-ä biz - subutlar ýaly! Hem gideli matematkaň tersine 1+1=3 bolaly, 4 bolaly, 5 bolaly (nesibe..) Saglyk, şatlyk köpeldilsin hersine... ...Galany-da bagly Taňryň berşine, Ýagşy niýet, gitmeris hiç hesibe "n" derejeli bagt bolsun biz bilen Daşymyz gurşasyn üçburçlyk ýaly Emma amal etmän, geçsek söz bilen, Bularyň barysy "boş köplük" ýaly... Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/21582-bagty-aksiomasy.html. 07.12.2022ý. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |