22:34

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy -16: Syýasy şahsyýet -1

SYÝASY ŞAHSYÝET

1.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy döwlet, syýasat, häkimiýet barada dünýäniň meşhur syýasatçylarynyň we syýasatşynaslarynyň eserlerini gaýta-gaýta okapdy. Eflatun, Seneka, Aristun, Mark Awreliý, Russo, Sen-Simon, Marks, al-Farabi... Beýik Serdar olaryň ýiti paýhasyndan özüne geregini alypdy. Hem-de ol pikirlerden özüçe netije çykaryp, öz ýörelgelerini işläp düzüpdi. Öz ýörelgesini tapmak işi şeýle bolup geçipdi: Beýik Serdar akyldarlaryň taglymatlaryny suw isleýän şüdügär toprak kysmy kalbyna hezil edip siňdiripdi. Onuň paýhasynyň aýratynlygyna, onuň entek akyldarlaryň arasynda gabat gelmeýän akylynyň tebigatyna laýyklykda bolsa, şol taglymatlar üýtgäp, bütinleý täze many we öwüşgin alýardy hem-de agajyň şol bir tohumynyň bardygyna garamazdan, dürli toprak, suw, howa şertlerinde başga-başga hilli miweleri berşi ýaly, gaýtalanmaz bitewüligi kemala getirýärdi. Şol bitewülik Beýik Serdaryň paýhas şahsyýetiniň surata gelşidi. Şeýdip dünýä syýasy paýhasynda entek bolmadyk birlik ýüze çykýardy. Emma diňe şu hili amal bilen – kitapdyr ony özleşdirýän beýik paýhasyň gatnaşygy bilen iş gutarmaýardy. Dünýäde täze syýasy «meniň» döremegi üçin üçünji bir tarap, üçünji gatanç – janly durmuşyň gatnaşmagy hem gerekdi. Ylmyň sapaklary bilen durmuşyň sapaklary utgaşmalydy we diňe şu ikisiniň bitewi täsirinden göze doly bitewi bir taglymat kemala gelmelidi. Beýik Serdar ömürboýy janly taglymatlaryň we pelsepeleriň içinde ýaşaýşy ýaly, janly durmuşyň hem jümmüşinde ýaşapdy. Ol durmuşyň kesesinden seredýän synçysy bolmandy. Durmuşyň ajysynam, süýjüsinem öz ýüreginde çekipdi, gözläpdi, agtarypdy, tapypdy, işläpdi, ýalňyşypdy, ýene dogry ýoly gözläp tapypdy. Şuňa-da biz durmuşyň jümmüşi diýýäris. Gaýtalanmaz beýik şahsyýetlere diňe şol gaýnap duran durmuşa özüni lükgeligi bilen urmakdan gorkmaýan adamlar öwrülip bilýärler.
Durmuşyň kynçylyklaryndan gaçmak, olardan gorkmak däl, eýsem şol kynçylyklardan garşylyklaýyn lezzet, täze bat alyp bilýän adamlar beýik şahsyýet bolup bilýärler. Şeýle adamlaryň ýasawy şu hili: olar adatylyk bilen täsinligiň, ýeňillik bilen kynçylygyň, süýji bilen ajynyň, hözir bilen ynjynyň, lezzet bilen ýakymsyzlygyň utgaşygyndan durmuşyň we manynyň kemala gelýändigini bilýärler. Şonuň üçinem, olar kynçylyga duş gelenlerinde muny agyr hossa hökmünde kabul edip, ýüreklerini ele alyberenoklar-da, muny kanunalaýyklyk, bolaýmaly zat diýip bilýärler. Akyl ýürege kömege gelýär: dünýä düşünmek ýürege giňlik berýär. Göwni giňlik bolsa, mertlik we batyrgaýlykdyr. Beýik Serdar ýaly beýik şahsyýetler mertlik bilen hem özlerini hakykatyň jümmüşine urýarlar, hakykatyň edil gözüniň içine bakyp, onuň manysyny okap bilýärler. Ýöwsel hem namart kişileriň, kiçijikleriň utulýandygynyň sebäbi, hakykaty bilmeýändikleriniň sebäbi hakykatyň gözüniň içine seretmäge gaýratlarynyň ýoklugyndandyr.
Ylym hem, pelsepe-de, sungatam, durmuşyň özi hem keseden synçylygy halamaýar. Synçylara syryny açmagy bularyň hiç biri-de özüne rowa görmeýär. Aljak bolsaň, bermeli. Maddy nygmat emgenmäni, ruhy hözir we akyl baýlygy öwezine pidany talap edýärler. Diňe şuňa döz gelip bilseň, olar – ylym, pelsepe, sungat hem-de durmuş seni özüne kabul edýär, özüniňki hasap edýär. Diňe şondan soň sen beýik alym ýa-da beýik filosof, beýik ýazyjy ýa-da beýik syýasatçy bolup bilersiň.
Kiçijik adamlar şunuň hötdesinden gelmän, aňsatlyk bile, hiç zady pida etmän, beýik şahsyýet bolmak hakda göwün ýüwürdýärler, bolup bilmän hem illeriň beýikligine göriplik edýärler. Göriplik adalatsyzlykdyr, sebäbi beýiklere beýiklik asla-da mugt berilmeýär ahyryn.
Bu gezegem şeýle boldy: Beýik Serdar bir anyk, hususy wakadan durmuşa we syýasata degişli düýpli, bitewi we umumy netije çykardy. Nähili belent ygtykatlary jar etse-de, nähili beýik maksatlar hakynda agyz dolduryp, bokurdagyna bat berip gygyrsa-da, adam mertebesini basgylaýan häkimiýet halal häkimiýet bolup bilmez. Maksat serişdäniň dowamydyr. Ýaramaz serişde bilen oňat maksada ýetip bolmaz. Halal maksat diňe halal serişdäni talap edýär. Çünki serişde iş ýüzündäki maksatdyr. «Sen maňa serişdäňi aýt, men seniň maksadyňy aýdaýyn» diýip, Beýik Serdar özboluşly pähim döredip, ony içinden gaýtalady. «Adyllyk maksatda däl, serişdededir» diýibem, ol üstüne goşdy. Haram ýol, haram serişde diňe haram maksat bilenem tamamlanýar.
Haram häkimiýet hem, ony berkarar etjek bolup hars urýanlar hem halkyň başyna düşen musallatlardyr. Olar ähli kişini öz bet niýetlerini amala aşyrmakdaky serişde, zat hasaplaýarlar. Onsoň olaryň guran häkimiýeti nädip gowy hem adalatly bolup bilsin! Şeýle häkimiýet adamzadyň taryhynda müňlerçe gandöküşikligiň, jebir-sütemiň, pitneleriň sebäbi bolupdyr. Beýik Serdar dünýäde onlarça höküm süren şeýle zalym häkimiýetiň biriniň öz soňky möwritinde durandygyna anyk göz ýetirdi.
Onuň ýyndam hem ýiti pikiri «Syýasatnamanyň» mazmunynyň içinden bir gezek aýlanyp çykdy. Onuň pikiri sekundyň ondan bir böleginde görnüp, jahany ýagtyldyp gidýän ýyldyrymy ýada saldy. Şobada-da bu beýik kitabyň mazmuny aňynda aýan boldy. Onuň türkmeniň döwlet, syýasat, häkimiýet, adalat baradaky pelsepeleri jem bolupdy.
Soňra onuň hakydasyna beýik Sagdynyň meşhur setirleri geldi:

Han bir daragtdyr,
Kökleri hem raýat.
Kökleri berk boldukça
Pudak ondan tapar hemaýat.

Sowet imperiýasy öz köklerini çüýredip, öz oturan şahasyny kesip ugrapdyr. Häkimlik ugrundaky aldajy göreşlerde Beýik Serdar ýaly päkýürekli, diňe watanyň we iliň aladasy bilen ýaşaýan ýigitleriň bokurdagyndan basmaga taýýar bolsa, beýle häkimiýetden nämä garaşyp bolar?! Diňe şumluga.
Beýik Serdar beýik Azadynyň «Wagzy-Azadyndaky» bir täsin hekaýaty – «Mahmyt şanyň biakyly istegeniniň beýany» diýen hekaýaty ýatlady.
Mahmyt şa türkmenleriň Gaznaly döwletini guran beýik patyşa bolupdyr. Ol bir gün öz wezir-wekillerine «Iň samsyk adamy tapyp getiriň!» diýip buýruk beripdir. Şonda onuň ýanyna agaja çykyp, öz oturan şahasyny kesip duran adamy eltipdirler.

Diýdi şa Mahmyt bulara: «Eý, mehan,
Halk era zulm etgiji şahy-jahan.
Akly kemdir, bu kişiden akly kem,
Zulmy öz kökün gazar, eýlär adem».
Patyşa kim – işi zulm etmek bolar,
Biakyldyr, ahyr öz kökün salar.

Manysyny näçe tirseň, tirip oturmaly. Sowet imperiýasy hem daragta çykyp, öz oturan şahasyny kesýän adama meňzeýär. Meňzeýär diýmek sypaýyçylyk bolýar, aslynda hut şol. Bir zat belli – Sowet imperiýasy öz möwritini ötürip barýar.
«Alladan bidin çöp başy gymyldamaz» diýip, dindarlar bir jümläni köp gaýtalaýar. Edil şol jümlede diýlişi ýaly, Merkezden, Moskwadan bidin çöp başy gymyldamaýardy.
Näme gürlemeli – ony Moskwa çözýärdi.
Näme iş etmeli – ony Moskwa meýilnamalaşdyryp berýärdi.
Näme gerek – ony senden soramaýardylar. Moskwa islese köpräk, islese azrak berýärdi.
Respublikanyň býujeti Aşgabatda kabul edilse-de, ol ilki Moskwada taslanyp, biçilip, kesilip, eliňe berilýärdi.
Ýürekden, özümki diýip işleýän adam ýokdy. Ýürekden edilmedik işde hil nireden bolsun. Özümki diýen garaýyş bolmasa işde hil bolmaz! Beýik Serdar türkmen halkynda eýeçilik garaýşyny döretmelidigini, bu wezipäniň aňsat düşmejekdigini aňlaýardy. Ýöne Beýik Serdar kynçylykdan gorkýan adam däldi. Çünki onuň ömri kynçylyklardan ybarat ahyryn!

* * *
Syýasy şahsyýet häkimlige barýan ýolda taplanýar we häkimlik etmek işinde ýüze çykýar. Şonuň üçinem syýasy şahsyýet – munuň özi, ilkinji nobatda, häkimlik ediji şahsyýet. Syýasy şahsyýet mowzugyndaky esasy mesele-de häkimlik meselesi.
Türkmen jemgyýetçilik-taryhy aňynyň däplerinde «häkimlik», «döwlet» hem-de «syýasat» düşünjeleri özara berk baglanyşykly, şol bir wagtda-da biri-birinden tapawutlanýan düşünjelerdir. Döwlet jemgyýeti edara ediji, jemgyýeti dolandyryjy gurama hökmünde göz öňüne gelýär. Şol döwletiň iň ýokary, ýolbaşçylyk ediji merkezine häkimlik diýilýär.
Häkimlik bir toparyň ýa-da bir şahsyýetiň döwleti edara etmegidir, ýöretmegidir. Biziň milli taryhymyzda bir adamyň häkimligi – patyşalyk, soltanlyk ýa-da hanlyk rowaç bolupdyr. Şeýle häkim öz töweregindäki adamlar arkaly häkimlik edipdir, ýagny jemgyýeti dolandyrypdyr. Adatça, patyşanyň ýa-da soltanyň ýanynda wezir, baş wezir bolupdyr. Baş wezir häkimlik basgançagynda patyşadan soň ikinji adamdyr. Baş wezirden soň eýýäm döwletiň aýry-aýry ugurlaryna jogap berýän wezirler, welaýatlaryň ýolbaşçylary, kazylar, dini ulamalar we beýlekiler gelýär.
Döwleti dolandyrmak işine syýasat diýlipdir. Beýik türkmen-seljuk döwletiniň meşhur weziri Nyzamylmülküň «Syýasatnama» eseri döwleti dolandyrmagyň tärleri we usullary, bulara esas bolan aňyýet gymmatlyklary baradaky kitapdyr.
Şu gysgaça aýdylanlardan çen tutsaň, syýasy şahsyýet – munuň özi döwleti edara ediji, jemgyýeti dolandyryjy şahsyýetdir. Syýasat bolsa häkimlik etmegiň usulydyr.
Häkimlik – munuň özi dürli serişdeler hem usullar arkaly jemgyýetiň öz erkine laýyklykda ýaşamagyny gazanmakdyr. Ykdysadyýetde pul nähili orun tutýan bolsa, häkimlige syýasy ulgamda şonuň ýaly orun degişlidir. Häkimlik – adamlaryň ýaşaýşyna täsir etmek mümkinçiligi we ukyby. Häkimlik ediji wakalaryň hem hadysalaryň gidişine öz täsirini ýetirip, gerek bolsa olary doly üýtgedip bilmelidir. Munuň üçin ol dürli syýasy guramalara – kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji hem gözegçilik ediji guramalara ol ýa-da beýleki ygtyýarlyklary berýär. Bu ygtyýarlyklaryň düýp manysy häkimiň syýasy erkini amala aşyrmakdyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň häkimligi özüniň görnüşi boýunça demokratik esasdaky we demokratik düzgünlerdäki häkimlik. Mälim bolşy ýaly, demokratiýa – halk häkimligi diýmekdir. Emma bu iň umumy kesgitlemedir. Şu durşuna alanyňda, demokratiýa barypýatan howaýylykdyr. Käbir alymlaryň hem syýasatşynaslaryň demokratiýa hakyndaky garaýşynyň şol derejede-de galýandygyny, birnäçeleriň şeýle howaýylygyň alaga-da ur-tut durmuşa ornaşdyrmak hyýalynyň olaryň syýasy gözýetiminiň iň aňyrky serhedidigini görmek bolýar. Emma görnükli nemes akyldary O.Şpengleriň aýdan pähimini ýada salalyň. Ol şeýle diýipdir: emelsiz syýasatçy howaýy düşünjeler bilen işlejek bolýar, hakyky syýasatçy bolsa anyk ýagdaýdan ugur alyp işleýär. Diýmek, beýleki amaly meselelerde bolşy ýaly, demokratiýa meselesinde-de «howaýylyk» hem-de «hakykylyk» diýen gapma-garşylyk döreýär. O.Şpengleriň pähiminiň dogrudygyny XX asyryň ahyrynda M.Gorbaçýowyň ýöreden syýasaty oňat görkezdi. Owadan sözler owadan netije bermedi. Netijäniň sözde däl-de, hereketde, işde bolýandygyny durmuş görkezdi. M.Gorbaçýow hakyky ýagdaýyň özünden ugur alman, howaýy düşünjeler boýunça häkimlik etjek boldy. Netijede, onuň beýle häkimligi ahyrsoňunda SSSR diýilýän döwletiň dargamagynyň esasy bolup hyzmat etdi.
Elbetde, düşünjeler hakykata gatnaşygyň serişdesi bolup bilýär. Emma ýene şol düşünjeleriň özi-de hakykaty bilmegiň hem öwrenmegiň öz netijeleri bolmaly ahyryn! Hakykat bilen baglanyşygy bolmadyk düşünjeler howaýylyga öwrülýärler. Howaýy düşünje – iş ýüzündäki gurala öwrülip bilmeýän düşünje. Türkmençe aýdylanda, howaýylyk durmuşyň götermeýän ählumumylygy.
Ine, adam. Pikir edip otursaň, hakykatyň özünde «umuman adam» diýilýäni ýokdur. Onda diňe anyk, janly adam – Meret, Gurban, Çary we beýlekiler bar. Ýa-da dil meselesini alyp göreliň. Umuman dil diýilýän zat barmy? Elbetde, ýok. Oňa derek anyk dil – iňlis dili, arap dili, türkmen dili we beýleki diller bar. Umuman dil, umuman adam bolsa biziň aňymyzda dörän howaýylykdyr.
Durmuşda, onda-da syýasatda beýle howaýylygy goldanyp, hereket etmek bolmaýar. Syýasat dünýäde iň anyk barlykdyr. Çünki syýasatyň esasy özeni bähbit, onsoň «pikir, hukuk» ýaly düşünjeler özleriniň hakykylygy boýunça ondan has asgyn gelýärler.
Edil ýokarky mysal getirilen ýagdaýlardaky ýaly, «demokratiýa» düşünjesi hem, şeýle alanyňda, howaýylykdyr, howaýy düşünjedir. Syýasatçy bolsa, üstünlik gazanak islese, ilki hakykatdan ugur almaly. Munuň özi islendik howaýy düşünjeden, şol sanda demokratiýadan ýüz döndermeli, ony gören ýeriňde, oňa ýeňsäňi öwürmeli diýildigi bolýarmy?! Elbetde, ýok. Beýik syýasatçy howaýy düşünjäni anyk hakykatyň üstünde oturtmagy, howaýy düşünjä hut barlykdan alnan anyklyklary – eti, gany, süňňi bermegi başarýan syýasatçydyr. Bu ýerde K.Ýaspersiň taryhyň anyklygy, ýeke gezekligi, ählumumy kanunlaryň bolsa howaýylygy baradaky pikirini ýatlalyň. Köpler tarapyndan, köplenç, bir düşünjedir öýdülýän sözler bar – olar «hadysa» hem-de «waka» düşünjeleridir. Aslynda düşünýän adam üçin bular düýpgöter başga-başga sözlerdir. Hadysa – umumylyk, waka – bir gezeklik, gaýtalanmazlyk. Biz «tebigat wakalary» diýip bilmeýäris, çünki tebigatda wakalar däl, diňe hadysalar bolýar. Waka diňe taryhda bolup bilýär. Şeýle-de hadysa biziň taryhy durmuşy umumylaşdyrýan kanunlarymyza – ýagny, aňda bolup bilýär. Bu hili aýratynlyklaryň aňyrsynda wagtyň üç hiliniň bardygy ýatýar. Tebigatda bir wagt, taryhda bir wagt, aňda-da başga bir wagt hereket edýär.
Sosial wagtda hadysa bolmaýar, waka bolýar. Umuman adam, umuman dil biziň aňymyzyň hadysasydyr. Umuman demokratiýa hem ýokdur, mümkinem däldir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy şahsyýetine düşünmek isleseň, şu hakykatlary hasaba almalydyrys. Beýik Serdaryň demokratiýa garaýşy nähili? Asla-da bir manyly däl. Olar ýokarky manylardaky hadysa hökmündäki demokratiýany ret edýär, ýöne ol waka hökmündäki anyk demokratiýany ret etmek däl, eýsem, ony dörediji syýasatçy bolup çykyş edýär. Çünki hadysa hökmündäki demokratiýa diýilýäni milletiň hem döwletiň işini gaýtaryp biljek zatdyr, ol adamlaryň aňyndaky howaýylykdyr. Beýle demokratiýany durmuşa ornaşdyrjak bolmak anyk bir zady – garalyny, üljäni ýa erigi ekmek däl-de, «agaç» düşünjesini ekjek bolmak bilen deň sadalykdyr. Sadalyk bolsa hemişe başa dert hem hossa getirýändir. Syýasatçynyň şowakörlüginiň halkyň başyna nähili dertler getirendigini biz göre-göre geldik. Şonuň üçinem Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň beýikliginiň gadyryny bilmelidiris. Gadyryny bilmeklik, şol sanda beýiklige akyl ýetirmekligi-de öz içine alýar. Bu biziň – akyl işgärleriniň Beýik Serdaryň şahsyýetiniň we türkmeniň öňündäki borjumyz, iýýän çöregimizi halallamagyň wezipesidir.
Şeýlelikde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy hadysa däl, waka hökmündäki demokratiýany ornaşdyrdy. Munda onuň sözüň hakyky manysynda hakyky syýasatçydygy aýan boldy. Eger demokratiýa – halk häkimligi bolýan bolsa, onda anyk, türkmençe demokratiýanyň düýp manysy nämeden ybarat? Türkmen halky nähili demokratiýany göterjek halk?
Halk – adamlar, raýatlardyr. Raýatlar bolsa syýasy barlygyň subýektleridir. Subýekt – janly adam, ýagny öz bähbitleri we aňy-düşünjesi bolan adamdyr. Eýse, janly türkmeniň öňünde hakyky däl-de, howaýy demokratiýany goýsaň, onuň muňa nähili gatnaşygy bolup biler?
Türkmenistanda köppartiýalylyk – Günbatar demokratiýasynyň esasy talaplarynyň biri bolan hadysa ornaşdyrylyp başlandy diýeli. Şonda partiýalar haýsy düzgüne görä dörär öýdýärsiňiz? Elbetde, şol janly adamlaryň pikir-duýgusyna laýyklykda – ýagny, tire-taýpa degişliligine laýyklykda dörediler. Elbetde, bize şu ýerde garşy çykjaklar tapylar: «Hawa, tire-taýpa bizde bar, onuň käbir meselelerde, aýdaly, siziň aýdýan meseläňizde ýaramaz orun eýelemegi ähtimal. Ýöne, hemme zat adamyň erkinde, degişli kanunlary, gadaganlyklary, jikme-jiklikleri işläp düzeris hem bolaýjak ýaramazlyklaryň öňüni alarys» diýip, olar jogap bererler. Emma bu gülkünç hem iň bolmanda, aşa ýöntemlik bolardy. Munuň özi öwüt berip, ýakasy gaýyşly birini terbiýeläp bolar diýen ýalydyr. Müňlerçe kanun ýazyber, ýüzlerçe gadaganlyklar giriziber, barybir, kagyz däl-de, durmuşyň hökümi rüstem geler. Adamlar öz pikir-duýgularynyň yzyna düşerler. Onsoň durmuş seniň ýazan kagyzyň daşyndan aýlanyp geçmegiň ýüzlerçe mümkinçiligini açar. Galyberse-de, hiç kimi, adamlary-da ideallaşdyrmak gerek däl. Syýasatda maksat däl, hakykat iş bitirýändir... Ine, onsoň, bizde, nädersiň, iş ýüzünde seniň isleýän partiýaň däl-de, tire-taýpa öňbaşçylary döräberse! Şeýle «köppartiýalylyk» şertlerinde Prezident saýlawlaram yglan edildi diýip göz öňüne getireliň. Türkmende näçe tire bar bolsa, şonça-da prezidentlige kandidat görkezilse gerek. Ine, şeýle ýagdaý syýasatyň öňli-soňly bulaşandygy, sosial-syýasy durmuşyň petige dirändigi bolar...
Beýik Serdar tiräniň, taýpanyň taryhy taýdan özboluşly bir hadysadygyny açdy. Türkmen milletiniň taryhy ösüşi, taryhy ýaşaýşy hiç milletiňkä meňzemeýär. Munda böleklik bilen bitewülik mydama utgaşykda ýaşaýar. Göräýmäge, hersi gapma-garşylygyň bir ujy bolan bu zatlar biri-birini ýok edäýjek ýaly. Emma beýle däl. Türkmen bitewi millet, şol bir wagtda-da ol taýpa-tire ýaly böleklere bölünýär. Bitewülik şol bir görnüşinde dur. Emma onuň içindäki taýpalar, tireler üýtgäp, özgerip otyrlar. Öňki uly taýpalar dargaýar, olaryň deregine täzeleri döreýär. Öňküler bolsa soňkularyň düzümine kiçijik tire bolup girýärler.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen etnosynyň aýratynlygynyň hiç kim tarapyndan derekli öwrenilmändigine we akylly-başly düşündirilmändigine oňat göz ýetirdi. Sebäbi alymlar bu millete özge milletleriň ýaşaýşyndan umumylaşdyrylan ölçegler bilen çemeleşýärdiler. Onsoň nämäni nädip düşündirip bilersiň! Hatda olar tire näme, taýpa näme diýen, göräýmäge iň wajyp sowallara-da idili jogap berip bilenokdylar. Olar nädip döreýär, nädip özgerýär, bir-birinden tapawutlary şeýle düýplümi ýa-da bu tapawutlar şol bir zadyň biraz, daşky üýtgedilen görnüşimi?
Beýik Ruhata şeýle netije çykardy: tire hem, taýpa hem bölekdir, türkmen diýilýän bitewüligiň bölegidir. Dürli hojalyk, ykdysady we gaýry daşky sebäplere görä, türkmen bitewüligi öz içinde dürli nusgalarda we dürli gatnaşyklarda özara sepleşige girýär. Ine, şo hili sepleşik hem tire, taýpa diýilýän zady döredýär. Şonuň üçin hem taýpa ýa-da tire – munuň özi türkmen fenomeniniň içki özara utgaşygynyň her dürli kiçi nusgalarydyr.
Şu hili täze taglymy düşündirişde türkmen tire-taýpalaryny bir-birinden ýat, aýry tutmaga, olary bir-birine garşy goýmaga hiç hili esas galmaýardy. Emma sowet syýasaty assyrynlyk bilen bu tapawutlary has çişirip görkezýärdi, ol tapawutlary äpet bir zada öwürýärdi. Çünki şeýle etseň, milleti tabynlykda, baknalykda saklamak aňsat düşýärdi. Bu hili oýna düşünmeýän şowakör intelligensiýa hem özara bölünişip, bir-biri bilen it bile möjek ýalydy. Aýry-aýry näkesler bu tutluşykdan bähbit, nep araýardy. Muny-da halka düşündirmelidi weli, tire-taýpalaryň täzeçe taglymy düşündirişi has zerurdy. Çünki diňe şeýle bolanda, täze döräp gelýän nesilleriň aňyny nädogry düşünjelerden halas etmek mümkindi.
Adamy ýaradan Hudaý. Adam näçe zaýalananam bolsa, Ýaradanyň ýaradan dereginden bir zat galandyr! Hökman galandyr!..
Ol döwürde Beýik Serdar her ädimde diýen ýaly millet, millilik meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Elbetde, muňa gönümel hem gündelik durmuş hadysasy manysynda düşünmeli däl. Ýok, Beýik Serdar ykdysadyýet meselesi bolsun, halkyň gün-güzerany meselesi ýa-da döwlet emeldarlarynyň özara gatnaşyklary meselesi bolsun – bularyň barynyň şol pursatdaky ýüze çykmalarynyň we olaryň çözgütleriniň düýbüne bakanyňda, milli öz-özüňi aňlamak bilen baglanyşyklydygyna göz ýetirdi. Beýik Serdar ykdysadyýetem, jemgyýetem, adamara gatnaşyklarynam mazaly öwrenipdi. Onsoň ol bu ugurlaryň barynyň çözgüdiniň adamlaryň aňyndadygyny we ruhundadygyny bilýärdi. Ýykylyp barýan sowet jemgyýetinden soň nähili ýaşaýyş bolmaly, ol ýaşaýşy gurnaýjy we öňe ugrukdyryjy ruhy – aň itergiler nämelerden ybarat bolmaly – ine, şu sowallaryň gözlegi ony geljegi milli görnüşlerde göz öňüne getirmäge mümkinçilik beripdi. Emma, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, onuň daşyny gurşap alan adamlaryň hem, ondan entek alysdaky köpçülik hem hut şu babatda ertirki günüň wezipelerine we meselelerine taýýar däldiler.
Beýik Serdar munuň bir günüň, bir ýylyň däl, eýse ýüz ýyla çeken baknalygyň netijesidigine oňat düşünýärdi. Şonda onuň göz öňüne milletiň şeýle egbarlamagynyň dowamaty bitewi hadysa hökmünde geldi. Umuman, gepiň gerdişine görä aýtsak, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyda örän uzak wagt aralygyny hem-de uly giňişlik aralygyny çalt umumylaşdyrmak, mundan gutarnykly netije çykarmak ukyby güýçlüdi. «Dünýäde iň ýyndam zat adam akyly» diýip, Gorkut ata welilik bilen aýdypdyr. Beýik Serdaryň aňy wagt hem giňişlik babatlarda örän çalt we döredijilikli işläp bilýärdi. Gündelik hysyrdylardan boşan wagtlary, hatda şol hysyrdylaryň aralygynda hem haýsydyr bir wajyp meselede aňy örän düýpli kanunalaýyklyga sataşdygy, ol dünýäni unudan ýaly bolup, pikire çümerdi. Daşky dünýäden öz dünýäsine gidip, möhüm meseläniň uşlybyny çözläp oturan Beýik Serdaryň görnüşi Haky gözläp, zikre meşgul bolýan gadymy welileri ýada salýardy. Şonda özüniň näçe wagtlap oturanyny onuň özi hem bilmeýärdi, çünki aslynda ol Wagtyň çäginden çykýardy. Wagtyň çäginden çykan adama bolsa geçmişem, geljegem aýan bolýardy. Onsoň şo pursat adamzadyňam, türkmeniňem taryhy onuň göz öňünden ötlem-ötlem, hatarma-hatar geçer durardy. Bu aýlanyp duran hereketde her taryhy döwür bir aýlawy emele getirýärdi. Edil häzirki pursatdaky meseläniň çözgüdi şol aýlawlaryň haýsysynda ýerleşýän bolsa, pikir şol ýerde-de saklanardy, onsoň bu aýlaw esasy plana geçip, şahsyýetlerden, wakalardan hem meselelerden doly jikme-jiklige öwrülerdi. Aýlan, gör, gürleş, jedelleş, sora, bil – ýazgy kimin aýlanyp duran bu dünýä seniň ygtyýaryňda. Bu ýerde bilen zatlaryň soňra daşky dünýäde juda gerek bolýar. Adamyň şeýle içki ruhy tejribesiniň her döwürde dürlüçe atlandyrylandygyny Beýik Serdar bilýärdi. Gadymy pygamberler muňa «Hak bilen aýdyşmak», köne pirler bolsa «Weliler bilen sözleşmek» diýipdirler.
«Ýaşaýyş, dünýä näme?» diýip, ol öz-özüne sowal berýärdi, özi hem sowalyna: «Aýlawyň içindäki aýlaw, aýlawlaryň tükeniksizligi» diýip jogap berýärdi. Ikiýanlaýyn – hem hatarma-hatar, hem setirme-setir aýlawlar dünýäniň gurluş çylşyrymlylygyny emele getirýär. Hut şu nukdaýnazardan hem adamyň bilýänligini ýa nadanlygyny kesgitlemek mümkin. Nadan – öz aýlawyndan başga birine geçip bilmeýän adam, bilýän – özge aýlawlara-da geçip bilýän adam.
Özüniň aň tejribeleri esasynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adamzat taryhyny bütinleý täze nukdaýnazardan düşündirip boljagyny özi üçin açdy. Ol Gumilýowyň taryhy täzeçe düşündirişinden habarlydy. Onuň «Ýeriň biosferasy» atly kitaby ýazanlygynam bilýärdi. Öz kitabynda ol alym adamzat taryhyny özboluşly giňişlik hökmünde täzeçe düşündirýärdi. Bu täzelik bolsa taryhy giňişligi has uly giňişligiň – tebigatyň özara täsiriniň planynda düşündirmekden ybaratdy. Beýik Serdaryň pikiriçe, taryhy giňişligi başga bir giňişligiň – adam aňynyň, ruhunyň giňişligi bilen özara täsiriniň nazaryndan düşündirmek hem täze ylmy esaslandyryp bilerdi. Dogrudanam, diňe taryh adam aňyna täsir etmän, aň hem taryha täsir edýär. Muny görkezmek üçin ilki bilen adam aňynyň özbaşdak giňişlikdigini düşündirmelidi. Eýsem-de bolsa, haýsydyr bir döwür, zaman wagt taýdan geçip gidensoň, onuň reallygy, energiýasy nämä siňýär?! Elbetde, belli bir manyda tebigata-da siňýändir. Ýöne, taryh öz mazmuny boýunça, tebigat hadysasy däl.
«Taryh, onuň energiýasy adam aňyna, ruhuna siňýär» diýip, Beýik Serdar netije çykarypdy. Taryh daşdan içe geçýär. Edil tebigatyň öz döwründe taryha geçişi ýaly.
Ýöne bu pikiri subut etmek Gumilýowyňkydan has kyn boljakdy. Çünki tebigy hadysalary sana, ýazga geçirip bolýar, yzarlap bolýar, öz gözlegleriňde gaýtadan dikeldip bolýar. Emma adam başy ölümli bolansoň, ruhuň üznüksizligini, özbaşdak giňişlik hökmündäki aýratynlyklaryny doly açmak juda kyn bolar. Aý, onsoňam muňa boş wagty barmy diý! Durmuşyň jana-jan meseleleri onuň bar wagtyny ýuwdup ýatyr.
Ýöne bu düýpli we öndümli oýlanmalaryndan ol öz işlerinde zerur bolan tüýs durmuşy çözgütleri tapyp bilýärdi. Döwürdeş adamlarynyň ruhy boşlugynyň sebäplerini yzarlanynda, onuň pikiri, köplenç, Gökdepe urşunda saklanardy. Adatça, adamlar ýurt goragy ugrunda bolan uruşdaky ýeňlişi pajyga hökmünde kabul edýärler. Soňam durmuş öz parahat akymyna girip, pajyga gowşaşan, ýazylan ýaly bolýar. Emma weli, aslynda tersinedi. Duşman uruşda adamlaryň janyny gurban edýär, emma soňky nesilleriň parahat, ýöne bakna ýaşaýyşda ruhlary gurban bolýardy. Basybalyjy milletiň ruhuny, aňyny täzeden ýasamaga, öz düşünjesine, öz ruhuna laýyk edip ýasamaga durýar. Ine, esasy ýeňliş şundadyr. Şu ýeňlişiň netijesinde dälmi, onlarça ýyllardan soň kemala gelen, täze «ölçegler» boýunça kemala gelen nesiller öz nadanlygynda «atalaryň biderek gan dökendiklerini» aýtmaga çenli baryp ýetýärler. Muny taryha dönüklikden başga zat diýip atlandyryp boljak däldi.
Ine, Beýik Serdar öz oýlanmalaryna laýyklykda, töweregindäki käbir adamlaryň içiniň hoňkaryp duran köwekdigini gördi. Sebäbi olaryň içine taryh girmändir. Şonuň üçinem olar gözli nadanlardy. Içi boş adamlar bilen geljegi gurmak mümkin däl. Olar milli buýsançdan mahrumdylar. Olarda öz milletine bolan ynamsyzlyk, hatda – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özi üçin näçe ýokuş hem bolsa, muny görendigini boýun almaly bolupdy – özleriniň türkmendigine birhili kemsinmek häsiýeti we duýgusy bardy. Şonuň üçinem olar ile öýkünmegi, türkmen däl bolmagy özleriniň içki deňagramlylygynyň esasy şerti hökmünde görýärdiler. Türkmen bolmak olar üçin, birhili, pes zat ýalydy. Başga dilde gepleýärdiler, başga halkyň ýaşaýşy ýaly ýaşajak bolýardylar. Eý, Hudaý! Ine, taryha dönüklik. Mertebe hasaplanan türkmenligi, türkmen bolmagy indi özlerine kemislik, namys bilýärler. Içinde taryhyň dokmäde agajy gögermedik bolsa, hereketlerinde milli buýsanç, mertebe miweleri hem bolmajak eken.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy dünýäniň aýlanyp ösýändigini, aýlanyp ýaşaýandygyny özüniň iň esasy ýürek ynançlarynyň biri hökmünde kabul etdi. Adam gözüniň gönülik diýip görýän zatlarynyň we hereketleriniň bary aslynda aýlawlylykdy. Derýalaram aýlanyp akýar, baglaram aýlanyp ösýärler. Hatda göni görünýän ýollaram aýlanyp, egrelip gidýärdiler.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň demokratiýa meselesine beýik syýasatçy hökmünde halkyň milli aýratynlyklary esasynda çemeleşýär. Togsanynjy ýyllaryň başlaryndaky deputat saýlawlary Beýik Saparmyrat Türkmenbaşa köp zatlary görkezdi, diňe bir görkezmän, düşündirdi. Pullurak kişiler weşeň-weşeň pul harçlap, deputatlyga dalaş etdiler. Saýlawlarda ses satyn almak tas kada öwrülipdi. Onsoň deputat bolan kişilere abraýly münberde islän sözlerini aýtdyrmagy, bilbil kimin saýratmagam başardylar. Togsanynjy ýyllarda türkmeniň ýüzi doly açyldy. Azatlyk, erkinlik diýip, bu sözlere duwlanyp, käbir hannaslar adamlary öz bähbitlerine görä hereket etdirdiler. Diňe bir türkmene däl, ähli adamzada muwapyk bir häsiýet bar: göýä häzirki ýolbaşçy wezipesinden gidip, onuň ýerine täzesi gelse, ähli zat gülala-güllük bolaýjak ýaly. Durmuşda adamzadyň şu ham-hyýal pikiri netijesinde, gör, näçe bulagaýlyklar boldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy togsanynjy ýyllaryň başlarynda tas uklamady diýen ýalydy. Käbir aznawur kişileri öz ugruna kowdy. Köp adamlary öz kabulhanasyna çagyrdy, gürrüňdeş boldy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy durmuşy, adamlary çuň öwrenip, biziň hakyky ýagdaýymyza hem anyk taryhy pursata laýyk gelýän iň oňaýly demokratiýany saýlap aldy.
Ýöne bu meseläniň anyk gürrüňine girişmezden ozal, ýaňky aýdylanlaryň gutarnykly keşbe girmegi üçin bir zady ýatlaýyň. Bir zat diýýänimiz bir rowaýat. Özem türkmen tarapyndan türkmen hakda döredilip, türkmeniň arasynda-da giňden ýaýran rowaýat. Rowaýat şeýle: dowzahyň bir öýümiş. Durmuş-da bu, günä hem jenaýat millete dahylly zatlar däl, dowzahda-da her hili milletiň wekili köpmüş. Ýöne günä millete bagly bolmasa-da, dowzahyň işgärleri öz işlerini ýeňilleşdirmek üçin ol ýere düşenleri milli degişliligine laýyklykda toparlara bölenmişler. Her bir milletiň wekillerini üýşürip, gaýnap duran äpet gazanlara salyp, aşagyndan ot ýakyp, ol görgülilere jeza berýärmişler. Ine, şeýle, hezillikden mahrum kartinada bir geň-taňlyk göze ilýär diýýärler. Ähli toparlaryň gazanynyň başynda eli çarşakly sakçylar dur, türkmenden bolan dowzahylaryň gazanynyň başynda weli hiç kim ýokmuş. Ýaňy, täze baran işgärleriň biridir-dä, bu ahwalata düşünmän, baýry sakçylaryň birinden munuň sebäbini soranmyş. Şonda beýleki şeýle düşündiriş beripdir:
– Beýleki gazanlaryň içindäkiler biri-birini ýokary iterip, çykmaga kömek etjek bolýar. Onsoň biz olaryň başynda gazanyň erňegine ýetenleri aşak itip durar ýaly sakçy goýýarys. Türkmen milletinden bolan görgülilere sakçy gerek däl: biri çala ýokary galyp, saýlanyp ugradygy, gazanyň düýbündäkiler onuň aýagyndan çekýärler.
Bu rowaýat, Hudaý saklasyn, biziň oýlap tapan zadymyz däl. Bu, gynansagam, türkmeniň ganym duşmanlarynyňam döreden rowaýaty däl. Türkmen türkmeniň aýagyndan aslyşýar. Her kellede han otyr...
Türkmen özüne ýowuz daraşýar. Özi hakda mydama ýowuz rowaýat döredýär.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy häkimligi – hakyky häkimlikdir. Onuň hakykylygy – şunça ýylyň dowamynda bu beýik syýasatçynyň, ezber syýasatçynyň döwlet kerweniniň başyny çekip gelýänliginde, syýasatçy hökmünde onuň ýanbermez erkliliginde, döwlet ýolbaşçysy hökmünde özüne ynamlylygynda ýüze çykdy. M.Gegelde şeýle pähim bar: «Ähli bolýan zatlar paýhasa laýykdyr, diňe paýhasa laýyk zatlar bolýandyr». Şundan ugur alyp, bolmajak zatlaryň hyýalyna ulaşmaly däl, bar hakykata düşünjek bolmaly. Ol hakykatyň düýp manysyna akyl ýetirjek bolmaly. «Pylan zat pylan hili bolmaly» diýip boş akyl satmaly däl, bolýan zatlaryň tebigy sebäplerine göz ýetirjek bolmaly.

* * *
Sowet döwründe taryh, şol sanda döwlet-syýasy taryhyň beýan edilişinde durmuşdan üzňelik ýoň bolupdy. Üzňelik jemgyýetiň we döwletiň syýasy taryhynda janly şahsyýete juda az orun berilýänliginde ýüze çykýardy. Syýasy taryhyň hereketlendiriji güýji diýip anyk hem janly mazmundan mahrum edilen howaýy köpçülik görkezilýärdi. Köpçüligiň erkiniň we hereketiniň mazmunyny bolsa jemgyýetiň janly durmuş bilen gönüden-göni gatnaşygy bolmadyk ykdysady ýagdaýlar kesgitleýär diýilýärdi. Onsoň adamzadyň taryhy her hili üýtgeşik, bir galyba salyp bolmaýan janly şahsyýetleriň hereket meýdany däl-de, jansyz önümçilik gatnaşyklarynyň maşyn ýaly hereket edýän sehini göz öňüne getirýärdi. Marksizm üçin taryhda janly adam, janly şahsyýet hiç zatdy, ol kölegedi, ol bary-ýogy şol önümçilik-ykdysady hereketleriň «lepbeý» diýip duran hyzmatkärini ýada salýardy. Onsoň, göwnüňe bolmasa, sowet ýolbaşçylarynyň köpüsiniň özbaşdak oýlanmaga we hereket etmäge ukypsyz, nalajedeýin şahsyýetler bolmagy olaryň ýokarky ýaly taglymata uýup ýaşanlygyndan ýaly bolup dur.
Beýik Serdar bu öli taglymatyň janly durmuş bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugyna ir akyl ýetiripdi. Şonuň üçin hem ol ýaşlykdan aýgytly hem özdiýenli, talap ediji ýolbaşçy hökmünde özüni tanatdy.
Türkmenistanyň Ministrler Sowetiniň Başlygy wezipesinde amala aşyran işleri hem Beýik Serdaryň etjegini bilýän, özgäniň täsirine düşmeýän, aşa dogumly ýolbaşçydygyny görkezýärdi. Ol öz şahsyýeti bilen, ýurduň durmuşyndaky ähmiýeti bilen marksizmiň «Köpçülik – hemme zat, şahsyýet – hiç zat» diýen şowakör hem aňa zat bermeýän gysyr taglymatyny ýalana çykardy. Şahsyýet uly zat eken. Ýeke adam uly güýç eken. Çünki Allanyň özi-de şahsdyr. Çünki Allanyň özi-de ýekedir. Şahsyýet köpçüligiň ugruny täzeläp, ony bütinleý başga bir ugra gönükdirip bilýän ägirt uly güýç eken.
Öňüne nähili adamyň düşýänligine baglylykda, milletiň ykbaly dürli hili bolup biler. Syýasy ýolbaşçy erksiz, nalajedeýin we nadan bolanda gülläp oturan milletiň hem aýak astyna düşmegi mümkin. Ýolbaşçysy güýçli şahsyýet bolanda tozap, eňki gidip, egbarlan milletiň sanlyja wagtyň içinde ers-mers bolup, özüni tutup, taryhy ösüşiň belentliklerine ýetmegi hem mümkin. Hut şu ikinji mysaldaky taryhy hadysalar XX asyryň 80-nji ýyllarynyň ortalarynda Türkmenistanda bolup başlady. Çünki bu geçmişde tozan ülkä Beýik Serdar ýolbaşçylyk edip başlady.
Ýolbaşçynyň erkiniň we hereketleriniň özbaşdaklygyny onuň köre-kör ynançlardan arany açyp bilşi kesgitleýär. Köre-kör ynançdan arany üzmek üçin bolsa onuň asly gerek. Döwlet ýolbaşçysynyň «meni» iň ýokary derejede ösen bolmaly. Ol öz tutýan maksadyna ýetmek üçin özüniň «menini», öz erkini ykrar edip bilýän, öz diýenini gögerdip bilýän adam bolmaly. Özgä garaşly bolmag-a däl, eýsem özgäni öz erkine garaşly etmegi başarmaly. Muňa türkmen halk dilinde «agyzly adam» diýilýär. Özüniň tutan maksadyna ýetmek üçin şeýle ýolbaşçy kanunyň çägindäki ähli serişdeleri ulanmakdan gaýtmaly däldir. Şeýle özerkliligiň kemala gelmegi üçin bolsa syýasy şahsyýet öz-özüni hormatlaýan, öz sözüne, öz şahsyýetine gadyr goýup bilýän adam bolmalydyr. Çünki özüni hormatlamaýany il hem hormatlamaz, çünki öz sözüne gadyr goýmaýan iliň sözüne-de pitjiň atar.
Öz gymmatyny ýokary derejede aňlap bilýän syýasy ýolbaşçyda öz işine bolan ynam juda güýçli bolýar. Onuň özüne ynamlylygyny gören raýatlar hem döwlet, onuň işine ynamly garaýarlar. Onsoň raýatlar şeýle ýolbaşçynyň sözüne muwapyk bolup, onuň yzy bilen gitmäge özünde güýç-kuwwat tapynýar. Bu güýç-kuwwat hem taryhy ýaşaýyşda galkynyş görnüşinde, ýolbaşçynyň özüne ynamy bolsa täze jemgyýetçilik özgertmeler görnüşinde kemala gelýär. Diýmek, syýasy ýolbaşçynyň özüniň «menini» ykrar etmesiniň adaty adam ýa syýasy «men-menlik» bilen hiç hili dahyly ýokdur. Çünki syýasy ýolbaşçynyň «meni» diňe onuň şahsy hajatlaryndan we zeruryýetden däl-de, eýsem tutuş jemgyýetiň hajatlarynyň we bähbitleriniň jemlenmeginden kemala gelýär.
«Bir gazanda iki goçuň kellesiniň gaýnamaýşy» ýaly, janly taryhda bu iki zerurlygyň bir şahsyýetde jemlenmegi juda kyn işdir. Oňat, halkyň egninden galdyraýjak maksady bolan ýolbaşçyda, köplenç, aýgytly erk bolmady. Özdiýenli ýolbaşçy, köplenç, iliň däl, özüniň islegine we bähbidine gulluk etdi.
Diňe Allanyň ýalkamagy bilen Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetinde maksat we özerklilik bal bilen ýag kimin biri-birine garyşdy. Maksat hem özerklilik Saparmyrat Ataýewiçiň kalbynyň bossanynda boý alan agaçlardy, ol agaçlaryň miwesi türkmen halkyna wagty gelende Garaşsyzlyk we Bitaraplyk bolup ýetdi. 
Elbetde, maksat – uly zat, ol ýöne ýerden, boş ýerden we kiçijik zatdan döremeýär. Beýik Serdarymyzyň maksady hem, erki hem türkmeniň halallygyndan suw içýärdi. Ol diňe halallyk we adyllyk bilen garadangaýtmaz şahsyýete öwrüldi. Ýogsam Beýik Türkmenbaşyny mugyra getirmek üçin gaty köp pyrryldaklar edilipdi, duzaklar gurlupdy. Ýöne Beýik Biribar beýik şahsyýete çyn hossar çykyp, ony ähli duzaklardan, töhmetlerden aman-esen ýeňiş bilen alyp çykdy. Beýik Serdarymyzy zandy halallyk öz maksadyna ýetirdi. Hut zandy, asly halal bolany üçin hem ol ägirt uly erklilik bilen türkmeniň täzeçe ýaşaýşyna böwet bolýanlary ýoldan aýryp bildi. Muny diňe çirksiz arassa şahsyýet başaryp biljekdi.
Şeýlelikde, syýasy ýolbaşçynyň güýjüniň çeşmesi onuň arassalygyndadyr. Alla XX asyryň ahyrynda şeýle arassa şahsyýeti türkmene berdi. Maksat, erk, akyl, paýhas arassalygyň bar ýerinde derde tenekar bolup bilerler. Arassalygyň ýoklugynda olar bütinleý başga zatlara öwrülip gidýär. Onsoň jemgyýetçilik aňynda we adamlaryň pikirinde garym-gatymlyk, düşünjeleriň biri-biriniň ornuny çalyşmagy bolup geçýär.
Milletiň halallygy onuň baştutanynyň halallygyndan başlanýar.

2.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň demokratiýasy türkmen jemgyýetini daşyndan edilýän her hili «kömekçilerden» gorap geldi. Halk häkimligi diýlende, bu söze zoňtar düşünmeli däl. Demokratiýada döwlet halkyň erk-ygtyýarlyklary, halkyň dahyllylygynda we razylygynda dolandyrylýar. Elbetde, bu gyýtaklaýyn prosesdir. Halkyň döwleti dolandyrmagy köpçüligiň ýowara gatnaşyşy ýaly zat däl. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy demokratik häkimligi, esasan, üç sany düzüjä daýanýar:
1. Milletiň taryhy-syýasy däplerine.
2. Häzirki döwürde döredilen kanunçylyga.
3. Beýik Türkmenbaşynyň taryhy şahsyýetiniň pähim-parasadyna.
Sosiologiýa ylmynda «medeni determenizm» diýen giň hem çuňňur aňlatma bar. Pelsepewi manyda medeniýet jemgyýetiň aglaba köpçüligi tarapyndan özleşdirilen gymmatlyklaryň we pikirleriň ulgamy bolup, bu ulgama düýpli jemgyýetçilik maksatlary we düzgünleri, ynançlar, däp-dessurlar, garaýyşlar girýär. Medeni determenizm ulgamy ýokarky manydaky medeniýetiň jemgyýetiň beýleki gurşawlaryndan, aýdaly, ykdysady gatnaşyklardan garaşsyzlygyny, syýasy tendensiýalardan garaşsyzlygyny we milli-jemgyýetçilik durmuşda kesgitleýji orun eýeleýändigini ykrar edýär. Ylaýta-da, Gündogar jemgyýetleri däp hem dessuryň güýçli täsirindedir. Medeni determenizmi, ýagny jemgyýetçilik ýaşaýşynyň taryhy medeniýet tarapyndan kesgitlenýändigini düşündirmek üçin şeýle deňeşdirmä ýüzlenýärler: tebigat biologik ewolýusiýa röwüşinde ösýär. Şonuň ýaly nyşanlar we gymmatlyklar jemgyýetçilikde ýaşaýşyň «medeni kodlarydyr». Janly tebigatda bolsa «genetiki kodlar» hökmürowandyr. T.Parsons (1912-1972 ý.) maksatlaryň, manylaryň hem-de nyşanlaryň ulgamy bolan medeniýet – durmuşy toplumyň we şahsyýetiň durmuşyny öz täsiri astynda saklaýan «kibernetiki gözegçiligiň» iň ýokary merkezidir diýip kesgitleýär. Medeniýetiň şeýle kesgitleýji orny onda «jemgyýetiň simwoliki serişdeleriniň» barlygy, medeniýetiň durmuşy edaralarynyň barlygy, medeniýetiň durmuşy edarasynyň serhetlerini aň taýdan kesgitleýänligi bilen düşündirýärler. Şonda medeniýetiň täsiri astyndaky üýtgeşik şahsyýetleriň öz gezeginde medeniýete-de täsir edendigi ähmiýetlidir. Sebäbi medeniýetiň özüni kemala getirýän, adamlaryň hereketini kesgitleýän ulgamlar jemgyýete güýç-kuwwat berýärler. Medeni determenizm nukdaýnazaryndan, jemgyýetiň ösüşi milli medeniýetiň özeninde goýlan maksatlaryň hem gymmatlyklaryň kem-kemden ýüze çykmasy görnüşinde göz öňüne getirilýär.
Eger şeýle bolýan bolsa, onda türkmen jemgyýetiniň ösüşi milletiň ruhy özeninde goýlan gymmatlyklaryň ýüze çykmasy bolup durýar. Türkmen taryhynyň bäş eýýamynyň hersinde şol eýýamyň ýolbaşçysynyň döreden gymmatlyklary amala aşypdyr. Olaryň taryhy güýç-kuwwaty gowşanda bolsa, täze bir, indiki eýýam başlanypdyr.
Bir zady aýtmaly – medeni determenizmiň kesgitleýşi ýaly, medeniýet jemgyýetiň beýleki aýtymlaryna diňe bir garaşsyz bolman, eýsem olary kesgitleýjidir. Medeniýet jemgyýetiň syýasy ösüşini hem kesgitleýär. Ähli syýasy ýörelgeler, ähli syýasy gymmatlyklar we düzgünler medeni gymmatlyklardan hem-de nyşanlardan gelip çykýandyr. Onsoň şol özen medeni barlyga başga ýerden, tebigaty boýunça oňa ýat syýasy edaralaryň getirilip oturdylmagy birbada-ha uly jemgyýetçilik syýasy kynçylyklary döreder, uzagyndan bolsa degişli medeni barlygyň gutarnykly dargamagyna-da getirip biler.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň demokratiýasynyň oňynlygy onuň demokratik edaralarynyň hut türkmen milli medeni barlygyndan gelip çykýanlygyndan ybaratdyr. Munuň özi, ilkinji nobatda, jemgyýetçilik-taryhy däpleriň döwleti edara etmek derejesine çykarylanlygynda görünýär. Hawa, biz häzir Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty diýen hadysany göz öňünde tutýarys. Munuň özi örän gadymy döwürden, baryp-ha Oguz han Türkmen eýýamyndan gelýän jemgyýetçilik-syýasy edaradyr. Oguznamalarda Oguz hanyň ýanynda hemişe Erkil hoja diýen biri wezirlik edýär. Orta asyrlardaky nusgalarda «hoja» diýlip üýtgedilendigine garamazdan, aslynda ol söz «goja» sözi bolmaly. Ýaşulularyň orny hem ähmiýeti däpler bilen dolandyrylýan hem konserwatiw jemgyýetlerde has uly bolýar. Adaty türkmen jemgyýeti şeýle röwüşdäki durmuşy gurluşdyr. Bu ýerde konserwatizm oňyn manyly hadysa hökmünde teswirlenilýär. Bu latyn sözi – gorap saklamak, alada edip goramak diýen manylary berýär. Konserwatizm syýasy aňyýet hökmünde döwlet hem jemgyýetçilik ýaşaýşynyň taryhy görnüşlerini, ilkinji nobatda bolsa onuň dini ynançlar, maşgala, hususyýetçilik, millet ýaly gymmatlyklara esaslanýan görnüşlerini gorap saklamaga we goldamaga çalyşýar. Konserwatizm, adatça, uly taryhy öwrümlerde kemala gelýär we berkeýär. Konserwatizmiň has häzirki zaman görnüşine neokonserwatizm diýilýär. Neokonserwatizm bazar gatnaşyklaryny hem-de hususyýetçiligi ykrar etmek bilen bir wagtda, bularyň jemgyýetçilik-syýasy ýaşaýşy üçin ýeke-täk ugur, çykalga däldigini tekrarlaýar. Konserwatizm tertibiň hem kada-kanunçylygyň ýola goýulmagynda döwlet abraýynyň ähmiýetini berkarar edýär. Çünki kämil däl adamzat jemgyýeti dagynyklyga, baş-başdaklyga aňsat ýüz urup bilýändir. Munuň üçin iň esasy gymmatlyklar millet, maşgala, mekdep we şuňa meňzeşlerdir.

3.

Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy şahsyýetine sagdyn konserwatizm mahsusdyr. Munuň düýp manysy bolsa milletiň durmuşy-taryhy ýaşaýşynyň durnuklylygyny üpjün edýän gymmatlyklara gol ýapmakdyr. Medeni-taryhy determenizmi alamatlandyrýan milli gymmatlyklar döwletiň syýasy aňyýetiniň, jemgyýetiň durmuşy-syýasy ýaşaýşynyň esasynda goýulýar. Döwlet halkyň geçmişde rowaç bolan özüniň mümkinçiliklerini häzirem jemgyýetçilik-syýasy dessurlaryny edara edişiniň usullary hökmünde öňe çykarýar. Şeýle usullaryň, ýörelgeleriň biri-de gaty gadymdan gelýän Ýaşulular maslahatydyr. Entek SSSR imperiýasy ýykylmanka, 1990-njy ýylda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Ýaşulularyň ilkinji maslahatyny Manyş (häzirki Kasamly) obasynda geçiripdi. Şondan soňky geçen ýyllaryň dowamynda her ýyl diýen ýaly Ýaşulularyň döwlet maslahaty geçirildi. Olarda ýurduň, döwletiň ýaşaýşyna degişli iň möhüm, täze bir döwri açýan syýasy çözgütler kabul edildi. Ýyllar geçdigiçe, Ýaşulular maslahaty möhüm syýasy gurama öwrülip gitdi. Munuň özi türkmeniň taryhy-syýasy ýörelgesiniň häzirki zamanyň aýratynlyklaryna laýyklaşdyrylyp, täze döwlet-syýasy ýörelgesine öwrülmegine getirdi. Özem Ýaşulular maslahatyny, Halk maslahaty hem-de Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň maslahaty bilen bilelikde geçirmek özboluşly syýasy däbe öwrüldi. Bu üç hereketiň birleşmegi syýasat işinde döwlet bilen jemgyýetiň, döwlet bilen halk köpçüliginiň bitewülige öwrülmegine getirdi. Bu bitewüligiň birinji tarapy bolan Ýaşulular maslahaty döwlet işinde milletiň taryhy-syýasy däpleriniň giňden ulanylýandygyny aňladýar. Bu gurama arkaly türkmeniň ähli taryhy gazanan syýasy-edara ediş gymmatlyklary saklanyp galýar we janly syýasy durmuşa doly ornaşdyrylýar. Milletiň sagdyn konserwatiw gymmatlyklary hut ýaşuly nesliň tejribesinde, ahlagynda we serhalynda oňat saklanýar. Baryp «Bilimnamada», «Syýasatnamada» patyşa bir iş etjek bolsa, durmuşy görmedik ýaş-ýeleňler bilen däl-de, köpi gören gojalar bilen maslahatlaşar diýip aýdylýar. Çünki ýaşuly nesil ot-ýalnyň içinden geçen, ýaşlyga mahsus bolan ýeňlesliklerden hem göçgünlilikden, oýlanyşyksyzlykdan arany açan adamlar.
Paýhas, sowukganlylyk hem-de öz hereketlerinde her hili göçgünlilikden, badyhowalykdan daşda durmak hut döwlet-syýasy işlerinde zerur gerek aýratynlyklar. Fransuzlarda «Käşgä ýaşlar düşünip bilsedi, käşgä garrylar başaryp bilsedi» diýen pähim bar. Munuň düýp manysy bir paýhasly işi amal etmek üçin ýaşlaryň-a akyly ýetenok, garrylar üçin bolsa ony amal etmekden giç diýen pikire syrygýar. Hut ýaşulular maslahaty adaty durmuşyň şu hili çykgynsyzlygyny aradan aýryjy jemgyýetçilik-syýasy dessur boldy. Bu syýasy barlyk – ýaşaýyşda biri-birinden köplenç üzňe, hatda käteler biri-birine gapma-garşy ýüze çykýan ýaşlyk hem-de ýaşululyk tebigy utgaşdy. Ýaşlyga gujurlylyk, hökmürowanlyk, islendik garşylyga ýa amatsyzlyga garamazdan öz diýenini gögertmek mahsus. Syýasy barlykda şeýle oňyn güýçler döwletiň erkinde jemlenýär. Ýaşululyga akyl-paýhas mahsus. Syýasy gurama bolan Ýaşulular maslahaty döwletiň hökmürowanlygynyň akyl-paýhas bilen utgaşygyny alamatlandyrýar. Bu hili syýasy aňyýet Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy şahsyýetiniň miwesidir. Milletiň özakymlaýyn taryhy ýaşaýyşdan maksatnamalaýyn taryhy ýaşaýşa geçmeginiň anyk syýasy amalyýeti bolan Ýaşulular maslahaty jemgyýeti edara etmegiň öndümli guraly hökmünde orta çykdy. Milli taryhy tejribe we durmuşy-taryhy paýhas döwletiň syýasy erki bolup öňe çykdy.
Ýokarda görkezilen bitewüligiň ikinji bir tarapy Halk maslahatydyr. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetine, umuman, bitewülige gönükmek fenomeni mahsusdyr. Bu hadysa mundan öňki taryhy döwrüň esasy mazmuny bolan bölekleýinlige hem dargamaga, dagynyklyga garşy oňyn täsirdir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şahsyýeti üçinem, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy eýýamy üçinem esasy gymmatlyk bitewülikdir. Halk maslahaty hem anyk bitewülik. Halk maslahaty häkimligiň iň ýokary merkezi bolup, ol diňe dereje manysynda däl, eýsem dolulyk manysynda hem ýokary. Halk maslahaty özüniň düzümi boýunça Mejlisi we hökümeti öz içine alýar. Munuň özi bütin häkimiýetiň bir ugra gönükdirilmegi, häkimiýetiň bölekleýinliginiň aradan aýrylyp, bitewülige öwrülmegi. Häzirki taryhy şertlerde şeýle görnüş milli döwleti gurnamagyň ýeke-täk dogry usulydyr.
Biz milli döwletiň kemala getirilýän taryhy geçiş döwründe ýaşaýarys. Bu döwürde esasy ýörelge bitewülik hem bitewileşdirmek. Demokratiýanyň esasy görkezijileriniň biri hasaplanýan häkimiýetleriň bölünişigi, aýrybaşgalaşygy diýilýäni geçiş döwrüniň ikinji basgançagynda amala aşyrylmaly zat. Çünki islendik bölünişigiň sözüň hakyky manysyndaky dialektiki hadysa bolmagy üçin, bölünişik içki taýdan esasy bolan bitewülige daýanmaly bolýar. Ýogsa islendik bölünişik binýatsyz bina ýaly wagtlaýyn zat bolup, munuň soňy dargamaga barýar. Häzirki zamanaň düýp manysy indiki bölünişigiň esasy boljak bitewüligiň kemala getirilýänliginden ybaratdyr. Şonuň üçinem Halk maslahaty taryhy taýdan zerur syýasy görnüşdir. Munuň janly ýaşaýyş üçin zerurlygyny düşündirmekden ötri, şeýle tymsala ýüzlenmek bolar. Adamyň öz syrlarynyň, şahsy eldegrilmezliginiň bolmagy tebigylykdyr. Ýagny onuň özgeler bilen arasynda «serhetleriň» bolmagy tebigylykdyr. Şol bir wagtda-da jemgyýetiň agzasy bolmagy üçin onuň jemagat bilen, töweregi bilen baglanyşygynyň, ýagny töwerek üçin onuň şahsyýetiniň açyk bolmagy-da zerurlykdyr.
Şu nukdaýnazardan, häkimiýetiň dürli pudaklarynyň Halk maslahatynda bitewileşmegi-de döwlet ýaşaýşyny üpjün etmegiň zerurlygyndan gelip çykýar. Bilelikde, bitewülikde bir göwre bolup işlemek dürli häkimiýetleriň maksadynyň birligini, biri-birine oňat düşünişmegini, biri-birine garşy durmalaryň aradan aýrylmagyny üpjün edýär.
Ýokarda agzalan bitewüligiň üçünji tarapy, Umumymilli «Galkynyş» hereketi. Bu herekete Demokratik partiýadan başlap, dürli jemgyýetçilik guramalary we hereketler girýär. Munuň özi syýasy barlygyň bitewüliginiň jemgyýet bilen gönüden-göni baglanyşykly tarapy bolup,  şol bitewülik üçin jemgyýetçilik arzuw-teklipleriniň, anyk maksatlaryň çeşmesi bolup hyzmat edýär. Munuň özi syýasy-döwlet häkimliginiň jemgyýetçilik üçin açyk ýol-ýodasydyr. Şol sebäpden munuň diňe bir döwletiň jemgyýetçilik aňynyň bitewüligini üpjün etmek manysy däl-de, eýsem döwlet tarapyndan jemgyýetiň pikirlerini we meýillerini özleşdirmek, olary öz syýasy işinde goldanmak manysy-da bar.
Şeýlelikde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň syýasy işinde anyk häkimlik edarasy bolan Ýaşulular maslahatynyň, Halk maslahatynyň we Umumymilli «Galkynyş» hereketiniň bilelikdäki mejlisleri iş ýüzünde jemgyýetiň bilelikde, demokratik esasda dolandyrylýandygyny görkezýär. Munuň özi, anyk milli demokratiýadyr. Şeýle mejlislere her gezek iki müňden gowrak, has takygy 2507 wekil ýygnanýar. Şolaryň makullamagynda hem goldamagynda taryhy ähmiýetli syýasy kararlar kabul edilýär. Şeýle uly wekilçilikli häkimiýet dünýäniň hemme ýurdunda barmyka?! Dünýä döwletleriniň döwlet gurluşyny düýpli öwrenip, iki ýarym müň halk wekilini özünde jemleýän ýekeje-de döwletiň ýokdugyny anykladym. Şeýle köp halk wekilli döwlet dolandyryş toparynyň diňe bizde bardygyny buýsanç bilen nygtamak isleýärin. Degişli mejlisler arkaly Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy syýasy häkimligiň hiç mahal bolmadyk möçberliligini we bitewüligini gazandy. Onuň üç tarapynyň hersi-de milletiň ýaşaýşyny syýasy taýdan üpjün etmegiň bir jäheti bolup durýar. Ýaşulular maslahaty şu günki hakyky syýasy barlygy taryhy tejribe bilen baglanyşdyrsa, Halk maslahaty syýasy hereketlere bitewülik berýär, Umumymilli «Galkynyş» hereketi bolsa döwlet bilen jemgyýetiň özara açyk gatnaşygyny hem-de täsirini üpjün edýär. Munuň özi syýasy göwräniň geçmiş, şu gün hem geljek bilen baglanyşygynyň anyk häkimlik şertlerinde ýüze çykarylmagydyr.

Категория: Publisistika | Просмотров: 486 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]