01:25 Çöregiñ ysy | |
ÇÖREGIÑ YSY
Goşgular
![]() Sarç bedewiň ýallary dek şemala şuwlaýar ýaşyl maýsalar. Ak bugdaýdan bişse çörek Kän küýselen Kän soralan Mele myssyk nanyň, janyň alyp barýan ysy Daglardan derýadan sähradan ötüp ýetip barsa ýeller bilen aýak ýeterdenem alys illere türkmen dilime zar ulus illere Türkmen dagyna Kerkuga Umyt bolsa çykar ýaly ertire Desterhanym, nanym baryp bilse-de o ýana Olar mätäç bolsalar-da şo nana Ysy barsada besdir Ol türkmeniň topragynyň ruhudyr. 2017, 12 maý. *** Iň gerek adamlar ýüregimdedir Durmuşda iň möhüm adamlar ýüregimizdedir. F.M.Dostoýewskiý. Islendik pursatda taparym ýaly, Iň gerek adamlar ýüregimdedir. Küýsesem ýüzlerne bakarym ýaly, Iň gerek adamlar ýüregimdedir. Men olara ýürek syrymy açýan, Höwür-hemra bolup ýollary geçýän, Meniň durmuşyma ýagty nur saçýan Iň gerek adamlar ýüregimdedir. Adam haçan tapdy mähre dözmäni, Namys bilip aýralykda gezmäni, Soňky demde aýdylmaly söz ýaly, Iň gerek adamlar ýüregimdedir. Egnim gysyp ýörenligim mysapyr, Ezizlerme hormatymdan mysaldyr. Kalbyňy garalap ýörmeli däldir, Iň gerek adamlar ýüregimdedir. Edil özüm ýaly duýgudaş, deňdeş, Mährem dogan, misli howandar gardaş, Ýürekleri behişt bagyna meňzeş, Iň gerek adamlar ýüregimdedir. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |