11:55 Çykmadyk gyza | |
ÇYKMADYK GYZA
Sen deňize bakýaň onkinji gatdan, Ýüregiň aglaýar, urup dar ýerde. Eglenen ýar hakda oýa batýarsyň Bulutlara on ädimjik bar ýerde. Şazadaňy getirerne garaşýaň Tüýdügüni çalyp gelýän paromlaň. Belki seň bagtyňy açar, pal atyp Entäp ýören aýallary Baronlaň. Heniz ýok ýar hakda kän pikir edýäň, Ýaşyň bolsa ýetip barýar otuza. Ýigrim ýaşda toýun tutan joralaň Ogul-gyzy gidip ýörler okuwa. Garrap barýan ýaly duýýaň özüňi, Bukjaň bolsa ýüki ýetdi halatdan. Eglenen ýar hakda oýa batýarsyň, Sen deňize bakyp onkinji gatdan. Ýazmyrat ÇÖRLI. | |
|
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |