15:50

Kän

Категория: Goşgular | Просмотров: 387 | Добавил: Zara | Теги: Ýazmyrat Çörli | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Победителям / Goşgular - 29.02.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
"Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024

Teswirleriň ählisi: 12
0
1 Dasayak  
375
Gaty dogry aýdypdyr. Esasana aýallarymyz we şolara uýýan ärlerimizem bilgije diýip gidýäni barda. Ýosam bolmanda şol bilgiçlik edýän ili aldalp pularyny aljak bolman, bir köne galanyň ýanyna baryp palyny atyp niresinde hazyna bolsa şoňy alaýmaly ýaly welin, elbetde şeýtan ul lagyndan alan bilgiçlik diplomy ýasamadyrda.
Sagbol Zara goşgyny bizede okamakliga sebäp bolanyň üçin. Goşgynyň düzüjisi hem sag bolsun. Her setirine ep-esli teswir ýazaýmaly eken.

0
2 Gumlygelin  
8
Garyşdyrdyk ig, gul tire ganyda...
Ilçilikde ig-gul,hoja-seýit,garaçy ýaly tire-taýpa gürrüñleri öñküsinden ep-esli azalypdy.Emma,şahyr muny gynanç bilen aýdyp geçipdir.

0
3 Gumlygelin  
8
Goşgyñ ähli setirini haladym.Emma,şojagaz setiri göwnüme jaý däl.Ig-gul parhy ýok.Esasy zat adam bolsun.

0
4 Hаwеrаn  
245
Awtoryñmy ýa göçürijiniñ säwligi bilmedim welin, @Gumlygeliniñ bellik eden bendinin her setiriniñ soñundaky sözleriñ (jany-da, gany-da, añy-da) soñky bognunyn arasynda defis bolmaly.

0
5 Dasayak  
375
Bunyma birhili boldy öýüdän, pozuldy

0
6 Dasayak  
375
Dogry kitapçy dogan seň diýýäniň. Diňe şahyr däl, hiç kimiňem haky ýok beýle pikir ýöretmäge ýa bir adamyny gany, jynsy biln kemsitmäge

0
7 Dasayak  
375
Biziň hemmämizem guldyrys, şeýle dälmi.

0
8 Dasayak  
375
Şygyryň galyby, dili, pikiri hökman täze bolmaly diýilen zat ýokdurla, bu pikiriňehä goşulamok Kitapçy aga. Beýle pikir etsek ýalňyş bolaýmasyn.

0
9 Bagabat  
43
"Garyşdyrdyk ig, gul tire ganyda,
Zat ýok ýerden zaýaladyk añyda..." diýen setirleriň özi ýalan ahlaklylyga duwlanyp, "aňy zaýalaýar".
Yslamyň sünni akymynyň ulamalarydyr-hadymlary tarapyndan ykrar edilýän dört mezhebiniň biri bolan - hanbaly mezhebini esaslandyryjy, VIII-IX asyrlarda ýaşap geçen ymam Ahmet ibn Hanbal Aş-Şeýbany "Musnad" atly 40 000 hadysy özünde jemleýän hadyslaryň ýygyndysynyň 23489-njy hadysynda, pygamberimiz Muhammet Alaýhyssalamyň: "Eý adamlar! Siziň ýeke Allaňyz, ýeke ataňyz (Adam ata) bardyr we arabyň arap däller babatda, arap dälleriň hem araplar babatda, gyzyl tenlileriň gara tenliler babatda, gara tenlileriňem gyzyl tenliler babatda takwalygyň berýän artykmaçlygyndan özge hiç hili artykmaçlygy ýokdur" diýendigi bellenipdir. Bilşimiz ýaly, adamlaryň deňligi ýörelgesi bütin dünýäde ilkinji gezek resmi taýdan 1948-nji 10-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 217 А (III) belgili rezolýusiýasy bilen tassyklanan "Adam hukuklary hakynda Ählumumy jarnamada" ykrar edildi. Yslam dininde bolsa bu ýörelge şondan 14 asyr öň resmi tassyklandy.

0
10 Bagabat  
43
Ilkinji muezzin - Bilal ibn Rabah al-Hebeşi (Türkmenler oňa: "Bilal baba" diýýärler), wasanparaz hem baý mekgeli Umaýýa ibn Halafyň gara reňkli (hebeşi) guly bolupdyr. Ol yslamy kabul edenden soňra onuň hojaýyny ony dinden çykarmak üçin ony ummasyz jebir-sütemlere sezewar edipdir, ony ot ýaly gyzgyn çägede ýatyryp, garnyna agyr daş goýupdyr. Emma Bilal baba imanyny ret etmändir. Soňra ony Ebu-Bekir Sytdyk ummasyz baha satyn alyp, erkinlige goýberipdir.

0
11 Bagabat  
43
Beh! Gaýta, ýaman gowy "indedik"! Her bir ýazan zadyň şeýle "indelip" dursa, onda her ýazan zadyň depgisi ýeten laýdan salnan kepbäniň ýykylman-ýumrulman tas bir asyrlap durşy ýaly, azyndan ýüz ýyl-a okalar. Hasam, edilen belliklere: "kim ol, maňa bellik ederçe?!" diýip gaharlanman, olardan dogry netije çykarylsa...Aslynda, köplenç tankyt hut eseriň kem-käs ýerlerini düzetmek üçin edilýärmikä diýýärin. Ýöne näme üçindir, käbir tankytçylarymyz (ýa-da tankçylarymyz), ýazylan zady hökmany ýagdaýda "düzläp-tekizläp" geçmelidir öýdýärler.

0
12 Bagabat  
43
Dogry. Adamlar köplenç tehnikanyň her bir täze önüminden ilgeziklik bilen peýdalanmagy jinnek ýalam ýokuş görmeýärler. Holodilnik ("buzdan" ýa-da "ýahdan" diýmänsiň diýip "tankçylar" ýene-de "tankyňmy" ýa-da "tankydyňmy" öňüne salarlar-ow!:D), kondisioner, telewizor, mikrowolnowka, gaz, elektrik togy, eltelefon, internet, däri-derman, iýmit, içgiler, geýim-eşik, ulag, gap-gaç...Emma, näme üçindir, durmuşy kadalara gezek gelende "öň gowudy" bolaýýar. Jemgyýetem edil janly organizm ýaly. Olam hiç haçan bir ýerde durmaýar, üýtgeýär, özgerýär.
Ýaňky "tankyň" astyna alynýan gul, ig düşünjeleri, elbetde urug-tire jemgyýetçilik gurluşy döwründe, kowumdaşlaryň özara identifikasiýasyny, urugyň umumy emlägini, agzybirligini, jebisligini saklamak üçin gerek bolandyr. Emma, bu düşünje-de edil häzirki, 21-nji asyrda mellegiňde eliň bilen guýy gazynyp, ondanam gowa bilen suw çekip, hojalygy suw bilen üpjün etjek bolýan ýaly bir zada çalym edýär. Näme etjek kösenip, elektrik nasos barka, olam, elektrik mikroshemanyň kömegi bilen krany açdygyň suw akdyryp durka?!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]