15:07 Ilki saña sataşmankam... | |
"ILKI SAÑA SATAŞMANKAM..."
Ilki saňa sataşmankam, Günüm geçse gurbanlykdy. Soň sen bolduň bar pikirim, Yşkyň meni urman ýykdy. Men seniň dost-ýar saýanyň, Men seniň hossar saýanyň. Ýüzin düşüp ýüz bereňde, Oýnuň soňun çaklamadym. Ne eýläk sen, ne beýläk sen, Goýbermediň, saklamadyň. Kellämi göçüren läläm, Kellämi öçüren läläm… Ýa söz degdi, ýa göz degdi, Aramyza çöp düşüpdir. Söýmekden paý berilende, Maňa juda köp düşüpdir. Sen meniň solmajak söýgim, Sen meniň bolmajak söýgim. 16.10.19 ý. | |
|
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |