22:41 Saña | |
SAÑA
Men seni gazandym yhlasym bilen, Bagta ýetip bolmaz hasrat tölemän, Bir ömüri ýaşaş maňa, nikadaş, Duýaýyn men seni hut öz kölegäm. Geçen agyr günleň geçdigi bolsun, Ýüregi giňetsin aýat-dogalar, Eger söýüp ýörsek birek-biregi, Derdimiz şatlyga gömülip galar. Artyk ýük ýok adamzadyň başynda, Durmuş gussa berýär ebtiňe görä, Mähribanym, üýtgäp durýa howalar Seň gülküňe görä, keýpiňe görä. Ýaňjada daşarda gar syrap durdy, Howlyň içi alamatdy, sowukdy, Ýylgyryp gujagma ýygnandyň welin, Sowuk, taýyp, seň mähriňe ýolukdy. Her bolşuňdan täsirlense tebigat, Häsýetiňden täsirlenip ÿazÿan men; Seň bilen bir tende ýaşaýan ýaly, Hasratlansaň dowzah bolup ýanýan men. 22.12.16 ý. Ýazmyrat ÇÖRLI. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |