11:00 Dostum Ýagşy Goşunowa | |
DOSTUM ÝAGŞY GOŞUNOWA
Ikimizem bir ykbaly geçiren, Meňzeş derdi çekip ýörüs ýaşlykdan. Ejesizlik bizi günde öldürýär, Afrikanlar ölüp ýörkä açlykdan. Bize mesele däl şöhrat gazanmak, Işläp ýörsek rysgal-döwlet taparys. Biz ikimiz meňzeş-meňzeş adamlar, Biz her gije gussa çekip ýatarys. Göräýmäge gowy ýaly ähli zat, Kändir bizi bagtly saýyp ýörenler. Emmä ikimizden müň esse bagtly, Ejesiniň gapdalyndan örenler. Döşümüze kakyp ýören çagymyz, Arkamyzyň dagy, boldy bir tümmek. Belki bu adamlar düşünýän däldir, Ejeňi jaýlamak-özüňi gömmek. Men derdimi goşgy bilen ýeňletsem, Sen derdiňi gardyň, içine şowuň. Ýarym däli, bolup galan sähne biz, Meniň eziz dostum, Ýagşy Goşunow. Ýazmyrat ÇÖRLI. | |
|
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||