10:42

Biz bile meýdanda sogan ýygypdyk...

BIZ BILE MEÝDANDA SOGAN ÝYGYPDYK...

Biz bile meýdanda sogan ýygypdyk,
Şol ajyly meýdan tagamlydy has.
Ykmanda dostlamdan gaçyp gijeler,
Gözleňde gizlenip bolardym halas.

Ir bilen meýdanda garaşardym soň,
Seň geljek ýoluňa garagym dike.
Sen üstünde gezseň ýaşyl öwserdi,
Göge döşün serip "garawul depe".

Bir günem üstüme ýykyldy dünýä,
Ýaglygyňy sogrup gyňaç daňdylar.
Biz birek-biregi ynjytjak däldik,
Ejeler durmuşy kynlaşdyrdylar.

Arzuwlarmyz, arzuw bolup galaýdy,
Ykballaň gözüne sokdular iňňe.
Bu gün gulagyma şum habar degdi,
Ýaşaýan dünýämden gidipdir Dünýe.

Ýüregi tämizim, ýüregmi ýolduň, 
Asman mazarlykda başyn egip dur.
Saňa birje sözi aýtmaklyk üçin,
Guburyňa giräýesim gelip dur.

Ýazmyrat ÇÖRLI.
Категория: Goşgular | Просмотров: 323 | Добавил: MissLAdy | Теги: Ýazmyrat Çörli | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Deprem Ve Tedbir / Goşgular - 13.02.2023
Söýginiň güýji / Goşgular - 07.01.2023
1-nji sentýabr duýgulary / Goşgular - 06.01.2023
Осёл в уборе / басня / Goşgular - 14.02.2023
Durmuşy deňeşdirme / Goşgular - 08.01.2023
Алмаз / Goşgular - 09.02.2023
«Мировое началось во мгле кочевье…» / Goşgular - 14.01.2023
Musa Jelile / Goşgular - 15.02.2023
Видение Иезекииля / Goşgular - 21.01.2023
«День идёт…» / Goşgular - 08.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]