00:52

Doñýürek Oruell

Категория: Edebiýat täzelikleri | Просмотров: 200 | Добавил: Gökböri | Теги: Semir Ataullah | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebiýat täzelikleri bölümiň başga makalalary

"Dežawýu": Menekşe Toprak Berlinde Suat Derwüşiñ yzyny yzlady - 30.03.2024
Boş arzuwlar: Merkezi Aziýanyň Aral deňiz basseýnindäki suw we imperiýa - 31.01.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Beýik adamlaryň köp halatlarda ägirt uly daragtlar ýaly töweregindäki ösümliklere gün görkezmän, olaryň ömrüni saraldyp-soldurmagy gynandyryjy ýagdaý. Meselem, W.Gýugo, J.Baýron, S.Ýesenin ýaly şahyrlaryň jalaýlyga aşa berlenligi, R.Tagoryň öz gyzlaryna ýowuzlygy, hatda ýeke ýaşan E.Kantyň öz uýasy barada geleňsizligi hakdaky gürrüňler şu wagt ýadyma düşýänleri.
Eýsem, ýazar-pozarlaryň beýikler barada şular ýaly maglumatlary ýaýratmaga ahlak hukugy beri barmyka? Bu dereksiz gep-gybat bolmaýarmy?
Meniň pikirimçe-hä bu seniň maksadyňa, ukybyňa we başarnygyňa bagly.
Meselem, eger Anna hanymyňky ýaly hakykatdanam baý materialy, degerli maglumatlary, gyzykly pikirleri özünde jemleýän, okyjynyň aňyny ösdürýän eser ýazsaň, onda hakyň bar. T.Mannyň "Lotta Weýmarda" eseri hut şeýle bolup, ýogsam ol beýik Gýote hakynda ençeme ýakymsyz hakykatlary hem açyga çykarýar (Gýotäniň tanyşlyk üsti bilen ogluny uruşdan alyp galmagy, Gýotäniň oglunyň merezýelliligi, aýalynyň (nikasyzdy öýdýän) örän wulgar zenandygy, şahyryň daýhanlara ýowuzlygy we ş.m.).
Eger beýikler barada hakykatçyl şeýle çuňňur eserleri döretmeseň, onda, meniň pikirimçe, daş gulakdan eşidilen gep-gybatlary paýlaşyp ýörmek ýagşy pişe dälmikän diýýän:

Beýikleň ömründen gözläp aýyplar,
Ile jar etmekde näme keýp bar?
Eýsem taryh üçin has gymmat dälmi
Kiçijik saglardan beýik maýyplar?

0
2 sylapberdimuhamov  
1428
Siziñ bilen ylalaşýan. Hiç bir adamyñ kemçiliksiz bolmaýşy ýaly, genial adamlar hem adamdyr. Ýene bir zat, ýazyjy öz aýaly hakda, ýa-da onuñ edýän, edäýmeli ýardamy hakda ýañzydyp ýöremeli däldir-ä?!

0
3 yaran_yagmur_9  
1578
Diňe maşgala borjuny ýerine ýetirmän, döredijiligine hem kömek etdi diýýär-ä. "Gadyrly ýanýoldaşym Eýline bagyşlanýar" diýipjik iki setir ýazaýmaly ekeni eseriň başyna, näme, kynmyka? Aý, şu genileri aýtma, olaryň käbiriniň bolşuny göreniňde "Geniý bolmak aňsat, adam bolmak kyn bolmaly" diýdirýär.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]