06:45 "Eziz görüp, gursagymda aýanym..." | |
"EZIZ GÖRÜP, GURSAGYMDA AÝANYM..."
Eziz görüp, gursagymda aýanym, Yşkym gaýratyma güýç goşan eken. Ýaşap ýörüp, söýüp bildimmikäm çyn... Ýalynly gursagy ýalan dünýäde Kalbym talamana barmydy hakyň?! Ýok, günäni gözlemedim men senden, Bagyşlaryn baryn... Alajymam ýok. Üns berme dilimiň sakynmasyna, Geçýän günlerime gussaň baryny Oklar-da, bararyn sahypasyna. Indi başgaçarak seredýän dünýä, Aýyransoň ýüze geýlen nikabyn. Kemsidilen kalbym bilen derdinşip, Gussam bilen ýazýan ömür kitabym. Ýalanlardan ýadadym men, ynanaý... Ýalan bilen "söýýän" diýeniňden-ä, Çynyň bilen birje "söýemok" diýäý... Bilbil KAKABAÝEWA. | |
|
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |