19:04 Gar adamsy | |
GAR ADAMSY
Goşgular
![]() Hemmeler “Gar adam” ýasanda gardan, Men örän isledim “ýasaýsam” diýip – Uzaklaşyp barýan kişini – ýardan, Alys düşen äri namysdan-ardan. Küle siňen gyzy – misli bir dürden. Bir şatlygy – enesizi güldüren. Ol söýgini – bakylygyn bildiren. Ilki gezelençde saz bolan heňi, Goşgy hem sözara ikiçäk jeňi. Şeýle-de, gaş asty nokat deý meňi, Päkize nazarly seredýän Seni. Wagtyň ýatlamada doňup galyşyn, Dogman, giden çagaň – enä nalyşyn. Bir hassanyň gök çaýdan der tapyşyn, Balyklaryň ummandan dür tapyşyn. Sary Günüň gar üste zer sepişin, Bir ýalanyň iki işigi ýapyşyn. Göwne ornan kinäň ylla ýarysyn, Söýginiň ÿürekde çiten halysyn. Adalatyň hemrasy ol – karysyn, Ine şularyň barysyn, Ýene kän zady. Gardan şekil edip, guwanjakdym men. Erejegi akla gelip, şobada saklandym, wah, ýogsa, oňarjakdym men… Ogulşirin GURBANOWA. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |