17:02 Garly gijäniň ýatlamasy | |
GARLY GIJÄNIŇ ÝATLAMASY
Gar ýagýar gijäni aklyga çümrüp, Ak tozgalar zemin bilen öpüşýär. Gursagymda süýji hyýallar dogrup, Gar ýagsa, şol gije ýadyma düşýär. Edil şunuň ýaly garly gijedi, Şar gara tümlüge ak düşek ýazlan. Öýden çykdy aşyk ýigdiň bijesi, Öýden çykdy ertir maňlaýa ýazlan. Hanha, indem siňip barýar tümlüge, Ak garyň üstünde bir jübüt gara. Olar nirä barýar? Bu bir deňleme, Sorama sen, Diňe guwanyp gara! Hemişe söýgini penalan buky Goşa göwni basdy ýene bagryna. Üşäp gyzarandyr ýaňaklar belki, Emma ýalyn çowrar kalbyň törüne. Ne-hä posa bardyr, ne suwjuk sözler, Otly gözler süýji-süýji sözleşýär. Ah, şeýle bir gürrüň edýär bu gözler, Her bir demde söýgi bilen gözleşýär. Olar ne-hä gar zyňyşyp oýnaýar, Ne-de olar ylgaýar gar üstünde. Çünki göreçlerde edep gaýnaýar, Söýgi şeýle bolmalydyr aslynda. Muňa söýgiň gözelligi diýip bor, Hem diýip bor juda päkligi göwnüň. Oglumyz eştmesin, Eştse aýyp bor, Şol jübütler ikimizdik-dä, gelnim. 22. 01. 2011 ýyl | |
|
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |