15:16 Gelişmeýär | |
GELIŞMEÝÄR
Pil, kätmenli gyz-aýala, Baş bolan jahyl pyýada, Hekgerip dursa saýada, Gelişmeýär ahyryn! Duralgada, geçelgede, Daýaw sakçy ýigdekçe-de, Teňňe töleg çöplese-de, Gelişmeýär ahyryn! Bäş ädimden bäşden tapsa, Iki ädimde ondan satsa, Epeý adam nebse çapsa, Gelişmeýär ahyryn! Ýa Ýaradan, ýalta etme, Är işine gelsem hötde! Aýal işin erkek etse, Gelişmeýär ahyryn! 2022 ý. • Görk hem haýa Biri görmegeýdi, biri görmeksiz, Bir obada ulalandy iki gyz, Görksiz entek hiç kime-de gereksiz, Görkli hem aýrylan eýýäm iki ärden. Çünki görkliň haýasy ýok serinde, Haýp, görk kä öňde durýar haýadan. Görksiz gyzyň haýa-şeri ýerinde. 2020 ý. | |
|
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |