18:20 Gorkut | |
GORKUT
Goşgular
Paýhas çogýar, beýni sorkup, Takat tapman düňle kalpda. Boý boýlaýar dädem Gorkut, Täleý hakda, dünýe hakda. Peýmansyz pany penasy, Dilinde Hakyň senasy. Goldan-gola, ýoldan-ýola aşyp ýör, Kä haýyra, käte şere duşup ýör. Haýyr görse gol berip, Şer görende ýom berip, Akyl küýsäne akyl, Don isläne don berip. Her ädimde haýry Haka gönderip, Her ädimde Iblis bilen garpyşan, Şu güne çen geçip alys menzili, Boýlar boýlap aýdýamyşyn alkyşyn. Dädem Gorkut – haýyr. Iblis hem şerdir. Bu iki güýç dünýe döräp hökümli, Owal-ahyr ynsan ogullaryna, Şer iş däl-de, haýyr ýeňse ýakymly. Kimse gülýär, kimse bagryn ezip ýör, Barça durmuş ummanynda ýüzüp ýör, ...Dädem Gorkut aramyzda ýok, emma Kalbymyzda, aňymyzda gezip ýör. Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |