07:05

Gorkut ata taglymatynyñ esaslary -4: Gök böri teswiri

4. Gök böri teswiri

Çagakam enemiň köp gaýtalan sözleri enteklerem gulagymda ýaňlanyp dur. Gün batansoň oturyp edýän dilegleri, alkyşlary aňyma güýçli täsir eden bolmaly-da! Gorkut atanyň ýomlary bilen owazdaş, äheňdeş hem manydaş ol dilegler, indi-indi görüp otursam, müňýyllyklaryň jümmüşinden gelýän eken.
Türkmen edebiýatyny, ylaýta-da soňky asyrlaryň – XVIII-XIX asyrlaryň nusgawy şahyrlaryny okanymda başga bir ýagdaýa duş gelipdim: o taýda säher wagty dileg edilýärdi. Özem manysy, owazy boýunça ruhuň üýtgeşik bir tarapyny, özge bir galyby aňladýan ýaly bolup durdy. Näme üçin beýlekä?!
Aňymdaky bu sowal «Gorkut atany» okanymda ýene bir gezek oýanan dek boldy.

Salkym-salkym daň ýelleri ösdüginde,
Sakally, bozlaç torgaý saýradykda
Sakaly uzyn dat(ly) ary wagladykda,
Bedewi atlar eýesin görüb okrandykda
Ak ile gara seçilen çagda
Göwsi gözel guba daglara gün degende,
Beg ýigitler, çalasynlar bir-birine
                                         tutluşan çagda...

Bu eýýäm üçünji bir ahwal owazy boýunça-ha «agşamyň garyp çagtynda...» bilen ugurdaş gopýar, aňyýeti boýunça Magtymgulyny ýatladýar:

Tur säher, ýat eýle Hakny,
                                    ýygla tenhalyk bile!

Emma edil şeýlemikä?! Bu ýerde entek säheriň aňyýeti gymmatlyk manysy ýok ahyryn, ol diňe çeperçilik, owaz gymmatlygy bolup durýar. Üçünji setire aň etsem, asylam şeýle ýaly. Çünki onda tutuş oguzyň özünden tapawutlanýan, onuň üçin keseki bir şahsyýet keşbi suratlandyrylýar.
Şol bir wagtda eserde agşam çagyna-da üns berilýändigi göze ilýär. Salyr Gazan öýüni gözläp ýörkä itine duşýar.

Garanku ahşam olanda, waf-waf üýren...

Soňra edil şol owazda-sazlaşykda Garajyk çopan bile habarlaşýar.

Garanku ahşam olanda gaýguly çoban!
Gar-le ýagmur ýaganda çakmanly çoban!
Üýnüm aňla, sözüm diňle!
Ak ban öwüm şundan geçmiş
Gördüňmi, diýgil maňa?!
Gara başym gurban olsun, çoban saňa!

Emma syrlysy Salyr Gazanyň gurda ýüzlenmesidir:

Garangu ahşam olanda güni togan!
Gar ile ýagmyr ýaganda är kibi duran...
Gara goç atlary kişňeşdiren
Gyzyl düwe gördüginde bozlaşdyran,
Akja goýun gördüginde,
guýruk çyrpyp gamçylaýyn,
Arkasyny urub, berk agylyň ardyn söken,
Garmabu, goç semizin alyp tutan,
Ganly guýruk üzüb, çab-çab ýuwdan,
Awazy gara köpeklere gowga salan,
Çakmaklyja çobanlary düňle ýügürden,
Ordamyň habaryn bilermisen,
                                           diýgil maňa?!
Garabaşym gurban olsun, gurdum saňa!

Oguz beginiň çopan bile gurda garaýşy – bir ýana, gara köpege garaýşy – bir ýana. Ol başky ikisine «Gara başym gurban olsun!» diýip ýüzlenýär. Soňka bolsa, gara başym saglygynda saňa gowulyklar ederin diýmek bilen oňýar. Elbetde, aňylyşy ýaly, bu ýerde oguzlaryň gurda totemistik garaýşy bildirip dur. Gadymky oguznamadaky börini ýada salalyň. Ol asmandan inip, Oguz hanyň ýörişlerinde oňa ýol görkezýär.
Totemistik-dini ynançlar bilen bagly bolany üçinem gurduň oguz aňynda aýratyn oňyn manysy bar. Oguzlaryň, türküleriň medeni aňynda, ruhy ynançlarynda gurduň üýtgeşik syrly keramaty bolupdyr. Ol howandar. Gazan beg «Gurt ýüzi mübärek» diýýär. Orta asyrlarda türkmeniň erkini syndyryp, ony bakna, ekdi edip bolmajagyna göz ýetiren hüňkärler «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz» diýýärler. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy» atly kitabynyň «Türkmeniň Gorkut ata eýýamy» bölüminde «Gök böri» şygryny ýerleşdiripdir. Onda gurt, böri şeýle ussatlyk bilen janlandyrylýar:

Ýyldyrymlap gökden iýndi Gök böri,
Ol çabyrap göm-gök ýalyn ýalydy.
Garaňky,
gaflatly
gadym dünýäde
Görkezýär ol Oguz hanyň ýoluny!
Gök Böri gök ýalyn bolup ýanýardy,
Gadym dünýä nur saçýardy ýalkymy.
Şeýdip, Oguz hany ýalkady Taňry,
Oguz han ýalkady oguz halkyny!

Gök Böri –
halaty arşy-aglanyň,
Gök Böri –
Taňrynyň alamatydy.
Zemine getirdi Hakyň hikmeti
Arşyň ynsansöýen adalatyny!

Ine, halkyň serhalynda, yrymlarynda gurt bilen baglanyşykly bir pursat: «Yssykkölüň günorta kenarlarynda gartaşan gyrgyz aýaly maňa hem Moldobaýewe Seýidbek bagşynyň özüniň gözüniň alnynda şamanlyk güýjüni ýitirendigi barada gürrüň berdi. Seýidbekiň ogly aýalyny kowup, başga birini aljak diýipdir. Oglunyň bolşy göwnüne batmandyr, gelninden erbetlik çykmandyr ahyryn... Gije Seýidbek iki elini öňe tutup, gygyryp öýden çykypdyr, şo halda-da howlynyň içinde ýykylyp galypdyr. «Näme boldy?» diýip ýaňky gürrüň berýän aýalyň adamsy ondan sorapdyr. «Koldoganym kaçyp kitti» diýip, şaman aýdypdyr. Asyl ol gurduň özünden gaçyp gidenini gören eken. Şondan soň Seýidbek porhanlyk etmesini goýupdyr» . Halk aňynyň täsin hadysalary hem kanunalaýyklary bar.
Gurduň reňki – gök. Agşamyň reňki – gök. Agşamyň manysy hem syrlylygy gündiziňki bilen deňeşdireniňde has köpdür. Agşamlaryna mistika hem äleme uly ýol açylýar. Gadymy oguzlaryň ruhy durmuşynda gök agşamyň üýtgeşik mistiki manysynyň hem ähmiýetiniň bolandygyny çaklamak mümkin. Şaman agşamyň hökümdary bolupdyr. «Porhan agşamlaryna oýnapdyr». «Porhan oýny garaňky düşensoň geçirilipdir». «Bagşylar öz işlerini, köplenç, gijesine märeke üýşen wagty amal edýärler». «Bejeriş işi, has dogrusy, erbet ruhlary kowmak işi, adatça, gije wagty geçirilýär, sebäbi gijäniň garaňkylygy çagyrylýan ruhlaryň gelmegi üçin amatly wagtdyr» .
Diýmek, gadymy türkmenlerde, oguzlarda agşamyň ýa gijäniň oňyn manysy bolupdyr. Gijäniň manysy yslamdaky ýaly tersin bolmandyr. Umuman, täsin bir zady bellemeli – «Gorkut atada» dünýägaraýyş ýörelgesi hökmündäki gapma-garşylyk ýokdur. Oguzlaryň ruhunda esasy zat gapma-garşylyk däl-de, ählumumy sazlaşykdyr.

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 386 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]