17:38 Goşa ganat -3: goşgular | |
GÖRKEZ ATYM, BAGTLY DÖWRÜŇ BADYNY!
Bedew ula gitdi ala meýdanda, Her kim öz atyna umytly bakýar. Kelleler göçgünde, göwün heýjanda, Göýäki gök gürläp, ýyldyrym çakýar. Birisi gygyrýar: «Meýdan seniňdir, Uç, bedewim, dünýä tanat adyňy!». Biri diýýär: «Ganat ýaýar günüňdir, Görkez atym, bagtly döwrüň badyny!». Janköýerler ýerinden ör galypdyr, Töwerege dolup, göçgünli sesler. Aýlawyň ak asmanyna dolupdyr, Şowhuna öwrülip ýeňmek höwesler. Görjek gümanyň ýok biparh kişini, Her kim bir at ýeňsin diýip çekýär jan. Seret, gaýra taşlap ähli işini, Gelipdir ençeme çet ýurtly myhman. Goý, ganatly bedew diýsinler saňa, Haýran galyp, çapyşyňy görenler. Aýlawda çamany garýarsyň çaňa, Çünki saňa pata bermiş erenler, Çap, bedewim, döwrüň ruhy bolup çap, Gören haýran galsyn seniň badyňa. Nalyň altyn bolup, juluňam zerbap, Baky şan getir sen Türkmen adyna! MEDENIÝET Badalgadyr ähli beýik işlere — Medeniýet! Belent ruhdur, şaýoldur ýeňişlere — Medeniýet! Açyp mährem ýürekleriň gapysyn, Dostlaşdyryp milletleriň köpüsin, Gurýar çar tarapa dostluk köprüsin — Medeniýet! Ýüreklere hyjuw, dola:r ýaşlyga, Keýpiňi göterip ýeti:r bäşlige, Hemdest belent ruha hem rowaçlyga — Medeniýet! Pyragyň sözlerne diň salsaň bir dem, Gülleder kalp bagyň, bolup melhem, nem. Çünki onuň her jümlesi edep hem — Medeniýet! Nazar sal, şaýatdyr taryhyň gaty, Ähli zaman şoldur döwrüň zynaty, Ruhubelent göwünleriň ganaty — Medeniýet! Dünýä aşyk haly-palas, şaý-sepe, Köpüň ünsün çekýär taryhy depe. Olaryň waspyny ýaýandyr köpe — Medeniýet! Eýesiniň göwnün göge göteren, Milletime baky şöhrat getiren, Bedew waspyn bütin dünýä ýetiren — Medeniýet! Aýdym-sazym haýran edip dünýäni, Bezeýär toýlarmy, baýram-senäni, Arkadagyň halk kalbyna deňäni — Medeniýet! Her mirasyn deň görensoň janyna, Öwrülipdir halkyň hanymanyna. Bir hepdeläp toý toýlaýas şanyňa — Medeniýet! ÝAŇLAN, DIÝARYM, ÝAŇLAN! Joşly aýdym-saz bolup, Ýaňlan, Diýarym, ýaňlan! Baky bahar, ýaz bolup, Ýaňlan, Diýarym, ýaňlan! Sazandalar saz çalsyn, Göwünler göge galsyn. Owazyň dünýä dolsun, Ýaňlan, Diýarym, ýaňlan! Sazyň gowusyn peýläp, Bagşyň dilinde söýläp, Watanymy wasp eýläp, Ýaňlan, Diýarym, ýaňlan! Milli aýdym-sazymyz, Şat, ýaňlanan çagy biz. Dünýä dolsun çawymyz, Ýaňlan, Diýarym, ýaňlan! Ösüşleň bedew badyn, Goý, bilsin ýakyn-ýadym. Ýaýyp türkmeniň adyn, Ýaňlan, Diýarym, ýaňlan! Ähli göwne saz bolup, Ganatly owaz bolup, Dünýäň ýüregne dolup, Ýaňlan, Diýarym, ýaňlan! Halkyň bagtyýar çagy, Gülledip göwün bagy, Taryplap Arkadagy, Ýaňlan, Diýarym, ýaňlan! TÜRKMEN MEDENIÝETI, TÜRKMEN SUNGATY Bezeýär toýlary, baýram-senäni, Türkmen medenýeti, türkmen sungaty. Arkadagyň halk kalbyna deňäni, Türkmen medenýeti, türkmen sungaty. Pyragy sözleriň jöwherin saýlap, Şygyrlar döretdi göwnüne jaýlap, Ýör bu gün oň pähmin jahana aýlap, Türkmen medenýeti, türkmen sungaty. Jümlesi nur bolup kalba dolandyr, Synan göwünlere seýik bolandyr. Magtymguly bilen arşa galandyr, Türkmen medenýeti, türkmen sungaty. Aýdymlarda belent ruh bar, hyjuw bar, Süýji owazyna köpler intizar. Gözellige aşna, mydam ýagşa ýar, Türkmen medenýeti, türkmen sungaty. Ýaňlananda hoş owazy tamdyraň, Depe saçyň üýşer, göwräň sandyrar. Ömrüň her pursadyn bagt sa:ndyrar, Türkmen medenýeti, türkmen sungaty. Şahandaz halk aýdym-sazyň teşnesi, Bolmaz hoş owazdan sowlup geçmesi. Belent ruhuň egsilmejek çeşmesi, Türkmen medenýeti, türkmen sungaty. Tansçylar bezenip çyksa bir gyldan, Durşuna mähirdir kalplary ýylydan. Gözbaşlydyr asyrlardan, müň ýyldan, Türkmen medenýeti, türkmen sungaty. Dost ýoluna çyksa bagtdan şaýlanýar, Hoşluk bolup bütin dünýä aýlanýar. Gözellikde birenaýy saýlanýar, Türkmen medenýeti, türkmen sungaty. Bu gün buýsanç bilen joşup diýýärin — Milli miraslara baýdyr Diýarym! Şolara çyn hossar, anyk duýýaryn, Türkmen medenýeti, türkmen sungaty. Miraslaň alnyndan baky daň atdy, Tarypy ýaýylyp, äleme ýetdi. Göroglyny bütin dünýä tanatdy, Türkmen medenýeti, türkmen sungaty. Ne ajap gül keçe hem sünnä keşde, Her kim höwes eýlär tarypyn eşde. Göreni aňk edip, kyldyrar sežde, Türkmen medenýeti, türkmen sungaty. Şaý-seplermiz ýyldyrymlap çakandyr, Şuglasyna külli ynsan bakandyr. Küştdepdisi bilen dünýä çykandyr, Türkmen medenýeti, türkmen sungaty. Aty baryň kalbynda bolmaz düwün, Guş bolup asmana göterler göwün. Nepis haly bilen beýgeldi bu gün, Türkmen medenýeti, türkmen sungaty. Her kim bir sungaty edinse pişe, Göwnüne aram bor, güýç goşar güýje. Arkadagdan goldawlydyr hemişe, Türkmen medenýeti, türkmen sungaty. Köpi haýran edip dünýä gezýändir, Gören gözelligne başyn egýändir. Hepdeläp toý tutanyňa degýändir, Türkmen medenýeti, türkmen sungaty. DUTARDA KERAMAT, ULY BIR GÜÝÇ BAR Belent owazyňa ýürekler joşsun, Aýt sen bagşy, iň belent perdä galyp. Guşlaram sesiňe sesini goşsun, Toý toýlaýas bu gün dünýä ýaň salyp. Lykyrdaýan tüňçe toýuň bezegi, Etli palow ysy açar işdäni... Rawyça-da berip käte gezegi, Arasynda bir owurt çaý iç däni — Ýatla şelpe kakaşyny Şüküriň, Dutarda keramat, uly bir güýç bar. Dünýäden ýaraglaň «şakyr-şukuryn» Müdimilik ret eýlesin goşa tar! Aşyk Aýdyň pirden alyp ak pata, Ýöret kesbin, bolup hakyky aşyk. Döwrümi besleýip şana-şöhrata, Ýaňlansyn owazyň daglardan aşyp. Ylham bersin bu bagtyýar günlerim, Çal bagşy, joşup çal sazlaň seresin. Ülpüldisin saza salyp gülleriň, Wasp et Watanymyň dagu-deresin. Eýle waspyn bu Bitarap Diýaryň, Nermes bolup, ýeke dyzyňa galyp. Il-günüm ýagdyrsyn alkyşlaň baryn, Labyzly sesiňe bendiwan bolup. Bitaraplyk mekanyny wasp edip, Aýdýan aýdymlaryň joşgunly bolsun. Owazyň yklymdan yklyma ýetip, Parahatlyk bolup kalplara dolsun. Aýdymlarňy eşidip her saba-säher, Nepesler durlanyp, ýürek joş alsyn. Diňlänleň kalbyna gonsun-da bahar, Ykballar guş bolup asmana galsyn — Ruhumyz elmydam belentde bolsun! TÄSIN JADY GÖRDÜM SENDE MEDENIÝET! Beýik tutumlara, ýeňşe badalga, Sebäp ondan ynsan göwni bat alýa. Gözelligne halk ruhy arşa galýa, Täsin jady gördüm sende medeniýet! Açyp milletleriň ýürek gapysyn, Ysnyşdyryp ynsanlaryň köpüsin, Dünýä içre gurýaň dostluk köprüsin, Göwün şady gördüm sende medeniýet! Parahatlyk owazy bolup gaýýar, Milli däplermizi äleme ýaýýar, Prezidentim ony halk kalby saýýar, Bedew bady gördüm sende medeniýet! Aýdym-sazlar goja göwni ýaş eder, Juwanlygna dolap, keýpin bäş eder, Şonda olar ýaşlar bilen bäs eder, Täsin jady gördüm sende medeniýet! Pyragyň sözlerne diň salsaň bir dem, Gülleder kalp bagyn, bolup melhem, nem, Ýörär ýoluň nurlandyryp, ýakar şem, Ajap zady gördüm sende medeniýet! Haly nagşynda bar Oguzyň haty, Ajap şaý-seplerimiz dünýäň zynaty, Milli miras göwünleriň ganaty — Täsin jady gördüm sende medeniýet! Mydam deňäp seni hany-manyma, Ruhy güýçsüň diýip ajap çagyma, Bir hepdeläp toý toýlaýas şanyňa — Ertä bady gördüm sende medeniýet! Milli miraslaryň waspyn ýetiren, Tarypyny eýläp, şöhrat getiren, Arkadagdyr seni arşa göteren, Beýik ady gördüm sende medeniýet! 25.06.2020 ý. MEDENIÝETIŇ TOÝUN TOÝLAÝAR LEBAP Geldik Medeniýet hepdeligine, Gül Lebabym garşy aldy begene. Gadym Amul bu gün şaýlanyp has-da Görklenipdir toý lybasa bezene. Eli duz-çörekli Lebabyň ili, Garşylady bizi güler ýüz bilen. Bu iliň myhmana bolan hormaty, Has belentdir wasp ederden söz bilen. «Myhman az bolsa-da, köp synlarmyşyn», Diýlişi deý synladym men şäheri. Ýaňy dogan Güne mermer binalar, Has nurly görkezýär saba-säheri. Şäheriň ösüşi öň görlenden däl, Giňäpdir ol hem-de has görklenipdir. Bir-birinden kaşaň jaýlar diýdirýär: — Bagtam munda müdimi örklenipdir. Gülden jäheklenen aýna dek ýollar, Halkyň kalby deý giň hem-de arassa. Bu görnüşe göwnüm galkyp, bir agşam, Giň ýanýoda bilen ädimläp assa Aýlandym şäheriň ençe ýerlerin, Gije-de bu ýerler gündiz deý ýagty. Seýilgähde gezim edýän ynsanlaň, Gara gözlerinden görünýär bagty. Medenýetiň toýun tutýan Lebaba, Ähli ildeşlermiz guwanyp bakýar. Lebiniň gülleýşin duýup mele ab, Seret, öňkülerden joşgunly akýar. Oň joşunda ösüşleriň bady bar, Tolkunlaryň sesi durşuna aýdym. Bir pursat Jeýhunyň akyşyn synlap, Özümi öňküden has bagtly saýdym. Sebäp tolkunlaryň şaggyldysynda, Duýanymsoň çagalygmyň owazyn. Ol owaz kalbyma serginlik berip, Em eýledi suw üstüniň howasyn. Dogduk mekanymyň suwy, howasy, Melhem bolup jana şypa berensoň. Güýje güýç gatylyp, ruhuma-da ruh, Meniň boluberişimi gör, onsoň! Bagşy bolmasam-da aýdýaryn aýdym, Şahyr bolmasam-da ýazýaryn goşgy. Çünki gül Lebabyň gözel zynaty, Garaşsyz Watana joşdurýar yşky. Ol yşk gözbaş alýar bagtly döwrümden, Hem şahyr ýürekli Arkadagymdan. Berkarar döwletde ýaşap erkana, Her kim hoşal bagtyýarlyk çagyndan. Günlerimiz toý-baýrama beslenip, Iller baky bagtyň gujagna dolsun! Medeniýet hepdeligni döredip, Kalplary gülleden Lider sag bolsun! Iýun, 2021 ý. MIRASYMA BUÝSANÝAN Eziz Arkadagymyzyň çäksiz yhlasy bilen, Şan-şöhraty arşa galan mirasyma buýsanýan. Göwünlere ganat berer atlaryn tutsaň kileň Gymmatlyklaň jemi bolan mirasyma buýsanýan. Gözellikde naýbaşydyr haly, palas, bedewim, Däp-dessurlam dünýä ýaýar ajap türkmen edebin, Ata-baba gymmatlyklaň söýläp waspyn edeýin, Göwünlere şaýol salan mirasyma buýsanýan. Halkymyzyň kalby deý owadan şaý-seplerimiz, Haly, bedewlermiz bile aňk edýäs köpleri biz, Zamanabap toýlar üzre baýlaşýar däplerimiz, Küştdepdisi dünýä dolan mirasyma buýsanýan. «Oguznama», «Gorkut ata»... dessany kän halkymyň, Bu gün olaň paýhas nury dünýä saçýar ýalkymyn, Ýer ýüzi görýär indi türkmeniň ruhy galkymyn, Ýeňiş badalgasy bolan mirasyma buýsanýan. Adamzadyň maddy däl medeni mirasy boldy, ÝUNESKO-nyň Kararyndan ady zemine doldy, Tamdyrasy golunda, Görogly dünýä ýol saldy, Parahatlyk sazyn çalan mirasyma buýsanýan. «Göroglynyň» her setiri, her jümlesi ajaýyp — Bu gün zemine aýlanýar guş kimin ganat ýaýyp, Halklaň bary okar indi gymmatly epos saýyp, Ýüreklerden orun alan mirasyma buýsanýan. Arkadagymyz baş bolup, diňe öňe gideris, Rowaçlyga rowan berip, Diýary özgerderis, Bellenilen sepgitlere abraý bilen ýeteris, Halk ruhuna ganat bolan mirasyma buýsanýan. 28.02.2019 ý. MEDENÝETIM, SUNGATYM! Gözel halk kalby kimin, Medenýetim, sungatym! Sizden ruhlanýar zemin, Medenýetim, sungatym! Sazandalar saz çalsyn, Göwünler göge galsyn. Owazaň dünýä dolsun, Medenýetim, sungatym! Sazyň gowusyn peýläp, Bagşyň dilinde söýläp, Joş, Watany wasp eýläp, Medenýetim, sungatym! Milli aýdym-sazymyz, Şat, ýaňlanýan çagy biz. Dünýä doldur çawymyz, Medenýetim, sungatym! Ösüşde bedew badyň, Dilinde ýakyn-ýadyň. Dünýä ýaý türkmen adyn, Medenýetim, sungatym! Ähli göwne saz bolup, Ganatly owaz bolup, Zemine dol ýaz bolup, Medenýetim, sungatym! Halkyň bagtyýar çagy, Gülledip göwün bagy, Wasp eýle Arkadagy, Medenýetim, sungatym! 23.06.2021 ý. TOÝ TELWASY Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda Lebapda geçirilen Medeniýet hepdeligine 30 desse şygyr çemeni Geçmişini hyýalda janlandyryp, Synlasaňyz birdem gadym Lebaby. Şahyry, bagşysy, arypy bilen, Bezelipdir taryhynyň her baby. Watan üçin gyratyna atlanyp, Mertligiň nusgasyn görkezen Seýdi. Şygyrlary bilen ile ruh berip, Watanyn gorady, topragyn söýdi. Seýdiniň wepaly ýary Hatyja, Ýanyp ýazdy «Aýralyk gazallary». Her setirin okanyňda ör galýar, Ýara sadyk türkmeniň gözelleri. Söz ussady Allaguly Allahy, Ýaşasa-da daýhan kesbin ýöredip. Yz goýupdyr nusgawy edebýatda, Kalba ýakyn şygyrlaryn döredip. Her jümlesin eýlänsoň parasata, Şygryna teşnedi ynsanlaň bary. Söz mülkünden mynasyp orun alan, Çyn şahyrdy Abdyrahym Zynhary. Jeýhun ýakasynda Mahmyt Gaýyby, Ekin ekip, çiller çekip, ýap gazyp. Dürli ekinleri gürletdi bir gün, «Otuz iki tohum kyssasyn» ýazyp. Hakdan içen lebaply kän şahyrlar, Her täze gününe edip şüküri. Ýaşapdyrlar hem-de döredipdirler, Olaryň biriniň ady Şüküri. Ýene biri Myrat şahyr isimli, Şygrynda ýüregi il bilen urýar. Bu şahyrlaň goşgularny öwrenmek, Geljek nesillere borç bolup durýar... Gadymy Lebabyň aryplarnyň-da, Tarypy dolupdy ýakyn-yraga. Meşhur medresesi Idris babanyň, Işigin açypdy beýik Pyraga. Muhammet isimli Idris babamyz, Ýetişen kişidi, ylymda ägirt. Magtymguly, ýene ýüzläp sopular, Ony pir bildiler, özlerni şägirt. Bu gün Magtymgulyň şygryýet günün, Medenýetiň hepdeligine goşup. Ýüreklerden orun alan şahyryň, Ajap şygyrlaryn aýdýarys joşup. Ýene bir şägirdi Idris babanyň, Çyn arypdy Nyýazguly halypa. Lebapda, Maryda medrese gurup, Ylmyny öwretdi müňläp talypa. Idris babaň talyplarynyň biri, Zynharyň atasy Polat baba-da. Çagalara sowat öwretmek üçin, Bir medrese gurupdyr şol obada. Belli medreseleň ýene-de biri, Talyplara giňden açan gujagy. Astanababaly ylymdar kişiň — Akmät halypanyň bilim ojagy. Medreseler başga-da kän bolupdyr, Nesillere düýpli bilim öwreden. Olary tamamlan ençe aryplar, Ylym bilen öz döwrüni döwür eden. Lebaply alymlar dürli ugurdan, Miras goýupdyrlar ençeme kitap. Olaň adyn bildim Ýakut Hamawyň «Ýurtlaryň sözlügi» kitabyn okap. Amuly lakamly — Ahmet, Muhammet, Abdyrahman, Hasan hem-de Abdylla, Ýakup, Harun, Abu Sagyt Adawy... Ylym äleminde ýyldyzdy ylla. Asly Amully Abu Bekr Horezmi, Alymdy hem belli şahyrlaň biri. Zehin bilen meşhurlyga ýetensoň, Kalplardan ýer aldy — ol baky diri. Öz döwründe uly işler bitiren, Şeýle aryplaryň juda kän sany. Olaryň umman deý zehini bilen, Sebite dolupdyr Amulyň şany... Geçmişde Lebabyň toý-tomgusynda, Pirli tamdyrasyn alyp goluna. Kän bolupdyr ykbalyny baglanlar, Bagşyçylygyň ärsary ýoluna. Bu ýola yhlasyn siňdiren Kyrkar, Seýit, Haky, Letip, Ärsary bagşy. Belent sesi hem-de hoş owaz bilen, Aýdym aýdypdyrlar ýagşydan ýagşy. Olaň ýolun dowam eden bagşy kän — Myrat, Bazar, Ýoldaş, Öwlüýaguly. «Demir donly» bagşy diýip tanalýan, Mustak Aýmedowyň abraýy uly. Jumagül bagşyny, Juma Wellegi, Kim bilmeýär bu gün bagşy Çolagy. Rozy bagşy ýeke dyza galanda, Bolmazdy hiç aýdymlarnyň golagy. Tirmesin tamamlap, kyssa başlanda, Toýuň märekesi bordy ala-ýaz. Sebäp diýseň dessan-kyssa aýtmaga, Çyn ussatdy Tuwakgylyç Gurbanýaz. Känem bolsa bagşylaryň sanawy, Käbirin ýatlasak ýene atma-at. Ýagşy at galdyrdy il arasynda, Durdy, Hoçjy, Öwezmyrat, Ýazmyrat. Hally, Mämmetmyrat, ýene-ýeneler, Aýdym-sazy bilen ruh berip ile. Ömürlerni halka bagyşlansoňlar, Ady baky ýaşar nesiller bile. Bu gün ýaşap geçen çyn ussatlaryň, Ismi aýdym dilinde şägirtleriň. Dünýe dursa hiç wagt ady undulmaz, Il üçin iş bitiren ägirtleriň. Sebäp diýseň meşhur şahsyýetleri, Arkadag sylaýar, döwlet sylaýar. Ylma, medenýete sarpaly ilde, Baky bor olara hormat-sylag ýar. Ruhy gözel ilde sylanýar şahyr, Şahandaz milletde bagşy sylanýar. Parasatly iliň arypy zahyr1, Bagtly ilde bary ýagşy sylanýar. Bagşysyny, şahyryny, arypyn, Arkadagym görýär hormata laýyk. Gadym halkyň päk kalbyna deňelen, Medenýetiň toýy gutly, halaýyk! 1. Zahyr — belli, äşgär. Iýun, 2021 ý. MEDENIÝET — ÝEŇIŞLERE BADALGA (Özüm bilen aýdyşyk) Sowal: — Haýsy gudrat açyp ýürek gapysyn, Dostlaşdyrýar milletleriň köpüsin, Gurýar çar tarapa dostluk köprüsin, Biler bolsaň, şondan bize habar ber? Jogap: — Açyp milletleriň ýürek gapysyn, Ysnyşdyrýan ynsanlaryň köpüsin, Medenýetdir gurýan dostluk köprüsin, Habar bersem, jogabym-a şeýledir. — Ol ne gudrat goja göwni ýaş eder, Juwanlygna dolap, keýpin bäş eder, Göwni galkar, ýaşlar bilen bäs eder, Biler bolsaň, şondan bize habar ber? — Aýdym-sazlar goja göwni ýaş eder, Juwanlygna dolap, keýpin bäş eder, Şonda olar ýaşlar bilen bäs eder, Habar bersem, jogabym-a şeýledir. — Diwanyny alyp okasaň bir dem, Ýagşy gylyklaryň bary bolar jem, Kimdir ol her sözi kalplara melhem, Biler bolsaň, şondan bize habar ber? — Pyragyň sözlerne diň salsaň bir dem, Gülleder kalp bagyň, bolup melhem, nem, Ýörär ýoluň nurlandyryp, ýakar şem, Habar bersem, jogabym-a şeýledir. — Oguz hanyň gadymy haty nedir, Dünýäň şugla saçýan zynaty nedir, Halkymyzyň göwün ganaty nedir, Biler bolsaň, şondan bize habar ber? — Haly nagşyndadyr Oguzyň haty, Ajap şaý-seplermiz dünýäň zynaty, Milli miras göwünleriň ganaty — Habar bersem, jogabym-a şeýledir. — Milli miraslaryň waspyn ýetiren, Nämedir ol halka şöhrat getiren, Kimdir ony bu gün Arşa göteren, Biler bolsaň, şondan bize habar ber? — Miraslaryň tarypyny ýetiren, Medeniýetdir ýurda şöhrat getiren, Arkadagdyr waspyn Arşa göteren, Habar bersem, jogabym-a şeýledir. 26.06.2020 ý. KÜŞTDEPDÄ GAZAL Arzuwlarmyz duş oldy, Ýurdum Garaşsyz boldy, Ähli türkmen milleti, Bagtyň gujagna doldy. Söýläp Oguz boýuny, Görkezýäris oýuny, Bu gün üýşüp toýlaýas, Garaşsyzlyk toýuny. Bagtyýarlyk galkymy, Dünýä doldy ýalkymy, Paýhasly Arkadagym, Bagtly etdi halkyny. Sapar edip köp ýeri, Dostlaşdyrdy köpleri, Bir suprada jem boldy, Dünýäniň türkmenleri. Bagtdan paý alýan çagym, Gül açdy gunça-bagym, Bizi arşa ýetirdi, Sag bolsun, Arkadagym! Nazar saldyň, eý, Alla, Watanym jennet, ylla, Bir Başa uýýan türkmen, Ýene öser, enşalla!.. 12.12.2019 ý. AJAP EÝÝAM Garaşsyzlyk atly şuglaly ýalkym Galkyndyrdy ynsanlaryň ruhuny. Zähmet bilen dünýä tanaldy halkym, Ykjam tutup elde ýaşyl Tuguny. Berkarar ýurt bagty boldy halkymyň, Süňňüne siňdirip millilik keşbin. Röwşen geljegime saçyp ýalkymyn, Lowladýar kalbymda Watana yşkym. Il-günüm eşretden paýyny aldy, Köňül joşýar, gaýgy-gussa ýat bolup. Magtymgulyň ruhy tirsegne galdy, Ajap eýýam gelenine şat bolup. Goşgularna pendu-nesihat garyp, Türkmene ündeýär jebis bolmagy. Ykbal göterlende bagtyň daş ýaryp, Mydama bir Başa gulak salmagy. Her jümlesi paýhasyň dür salkymy, Ak bulak ol suw ýerne pähim akan. Goşa didesine deňäp halkyny, Berkarar döwlet diýp janyny ýakan. Ylaha ýalbaryp eden dilegi, Myrat tapdy, bir suprada aşymyz. Garaşsyz döwletde agzybir il-gün, Uly tutumlary tutýas bäşimiz. Şahyryň arzuwy hasyl bolansoň, Jebis ýaşaýarys bir Başa uýup. Lezzetli durmuşdan alýarys paýy, Agzybir ýaşaýşyň gadyryn duýup. ÖZGERIŞ ÜLKESI — TÜRKMEN ÝAÝLASY Arkadagyň paýhasyndan gül açdy, Özgeriş ülkesi — türkmen ýaýlasy. Asylly däp bolup kalba ulaşdy, Özgeriş ülkesi — türkmen ýaýlasy. Watan küýsänleriň derdini emlän, Bulak bolup teşne kalplary nemlän, Dünýä türkmenlerni bir supra jemlän, Özgeriş ülkesi — türkmen ýaýlasy. Baky bagta tarap türkmeniň ugry, Şatlyk bolup çogýar dideleň nury, Janlandyrdy gadym däbi-dessury Özgeriş ülkesi — türkmen ýaýlasy. Ak öýler bezedi türkmen ýazyny, Doganlar görkezdi oýun-bazyny, Arşa ýetir dost-doganlyk sazyny, Özgeriş ülkesi — türkmen ýaýlasy. 29.04.2010 ý. BUŞLUK, BAŞ ARÇANYŇ ÇYRASY ÝANDY! Buşluk, Baş arçanyň çyrasy ýandy, Öňküsinden has nurlandy meýdan-da. Çagalaň şowhuny belent ýaňlandy, Aýazbaba gutlag sözün aýdanda. Älemgoşar öwüşginli çyrada, Her kim täze ýylky bagtyny görýär, Meger, şoň üçindir, galman gyrada gelipdirler, arçaň daşy hyň berýär. Baş arçaň ýalkymy Watanma dolup, Şol pursat nur saçdy ähli arçalar. Bagta meňzeş şuglaň aşygy bolup, Şatlanyşdy uly-kiçi — barçalar. Kalpdan çykyp, päk asmana ýol salyp, Ganat ýaýdy hoş arzuwlar guş kimin. Süýji jümlelerden paýyny alyp, Ýylyň ahyrynda ýaşardy zemin. Serediň-ä, Baş arçanyň çyragy, Arkadagyň kalby deýin nur saçýar. Güneş deý ýagtyldyp ýakyn-yragy, Bagta binýat ertirlere ýol açýar! «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynyň ýalkymy deýin. Bu ümmülmez dünýäň sagu-solunyň dostlaşmaga bolan galkymy deýin. Jemläpdir daşyna dürli milleti, Ähli kişiň ruhy belent, keýpi çag. Arçaň şuglasyna zemin gülledi, Ol gülleýşiň sakasynda Arkadag! Mundan-da bagtyýar ýyly höwesläp, Arzuw, gutlag has belentden ýaňlandy, Töweregi Arşyň nuruna besläp, Buşluk, Baş arçanyň çyrasy ýandy! 21.12.2018 ý. TÄZE ÝYL ARZUWY Täze ýyl Bitarap Türkmen döwleti, Älem içre has ýaýylsyn, gül açsyn. Zeminim eçilip rysgal-döwleti, Ekerança rähmet nuruny saçsyn! Ýylym bolsun ili Arşa ýetirýän, Yz galdyrsyn her kim öz pudagynda. Lälezar Watanmy görke getirýän, Binalar köpelsin ýurt gujagynda! Demir ýollar, howa ýollar, suw ýollar, Ulag ýollar dosta sary uzasyn. Bu ýollaryň ählisi-de gowy ýollar Bolup, halklaň durmuşyny bezesin! Parahatlyk, asudalyk, jebislik, Mydam ilimiziň hemrasy bolsun. Halal zähmet bilen dökülen derler, Rysgal-döwlet bolup öýňüze dolsun! «Ak altyndan» dag döretsin pagtaçy, Gallaçyňam her dänesi müňlesin. Ýoly çuňluklara uzan gerçekleň, Nebit-gaz akymy asla diňmesin! Gül Diýarym nebite baý, gaza baý, Ol baýlyklar kuwwatydyr Watanyň. Ak mermerden öýler gözel köşge taý, Şol öýlerde ak daňlary ataryň! Eşretde ýaşaýan bagtyýar il-gün, Elmydam bir Başa uýup ýaşasyn! Agzybir, döwletli öý-ojagynda, Rahatlygyň gadryn duýup ýaşasyn! Söýlüp ýaşaň siz hem ýaşaň söýüp, Ýüz öwürmäň hergiz birek-birekden. Nesibäňiz diňe gowluk bolsun diýp, Ähliňize arzuw edýän ýürekden! 28.12.2017 ý. GARPAMYGYŇ AÝDYMY Pamyk deýin ýumşak, ak gardan dörän, Garpamyk men, Aýazbabaň agtygy. Arkadagly ýurda söýgüsi körän, Garpamyk men, Aýazbabaň agtygy. Halky halal işläp, päk zähmet çeken, Arkadagly ýurtda il jebis eken. Ýagşy niýet bilen aýagyn seken, Garpamyk men, Aýazbabaň agtygy. Bu iliň gyşy-da ýaz ýaly seleň, Bark urýar bakjada gülleri kileň. Gyşda şol gülleri arzuwlap gelen, Garpamyk men, Aýazbabaň agtygy. Ýurtda bagt guşunyň öý tutan wagty, Durmuş eşretli bor, ertirler ýagty. Täze ýylda arzuw edip ak bagty, Garpamyk men, Aýazbabaň agtygy. Aýazbaba bilen çagalar: — Aýlandyk, synladyk pudaklaň hersin, Allam rysgalyndan paýy bol bersin, Bagt guşy müdimi ganatyn gersin, Sizde bolsun diýip bagtyň artygy, Arzuw edýär Aýazbabaň agtygy! 29.12.2019 ý. BAGTYÝARLYK BOLUP GEL! Täze ýylym, gel sen täze bagt bolup, Güllän göwünlere çaglyk bolup gel! Arzuwlarym nesýe däl-de, nagt bolup, Her ynsana tut deý saglyk bolup gel! Daýhanlar topraga derini gatyp, Halal baýasynlar hasylyn satyp, Gar ýagan dek atyzlar öwşün atyp, «Ak altyndan» belent daglyk bolup gel! Ulag ýollar, howa ýollar, suw ýollar Dünýä uzap, gatnaşsyn sagu-sollar. Güllesin dag-düzler, gül açsyn go:llar, Ýer ýüzüne lälezarlyk bolup gel! Sagdyn ömür sürüp, bolman hiç hassa, Her kim öz bagtyny bagryna bassa. Dem alýan howamyz bolsun arassa, Zeminiň zynaty baglyk bolup gel! Tutumlarmyz bolandan soň haýra ýar, Gaz çar ýana mähir bolup ýaýraýar. Dillerimiz dostluk hakda saýraýar, Hiç mizemez bagtyýarlyk bolup gel! Her saba nurly Gün şuglasyn saçyp, Parahatlyk bolsun, dostluk gül açyp. Arkadag paýhasy daglardan aşyp, Dünýe içre ajap barlyk1 bolup gel! 1. Barlyk — durmuş, ýaşaýyş. 24.12.2020 ý. BAGTLY ÇAGA BIZ (Aýdym) Buşluk, Baş arça, Şuglasyn saçdy. Täze bir ýylyň, Gapysyn açdy. Arçaň daşynda, Çagalaň bary. Ak bagta meňzeş, Gyşyň ak gary. Gelipdir bu gün, Aýazbabamyz. Görüň, şadyýan, Bagtly çaga biz. Arçaň daşyndan, Aýlanyp bile. Aýdym aýdýarys, Şat güle-güle. Gülkülerimiz, Ýaň salýar dünýä. Geljegmiz has-da, Nurly görünýä. Bu bagty beren, Mähriban Atam. Sag bolsun mydam, Gahryman Atam! Gaýtalama: Mähriban Atam, Gahryman Atam! BIZ WEPALY ÇAGALAR Zemin ak donun geýip, Täze ýyly getirdi. Sag bolsun Arkadagym, Bizi bagta ýetirdi. Arkadagly Diýarda, Biz erkana, bagtyýar. Çünki ýaş nesilleriň, Geljegi bar, bagty bar. Şol bagty dünýä buşlap, Arçamyz şugla saçýar. Ak sakgal Aýazbaba, Bize gujagyn açýar. Bagt guşy bu döwletiň, Uçmasyn diýp başyndan. Aýdym aýdyp aýlanýas, Arçamyzyň daşyndan. Ýürekden alkyş aýdýas, Arkadag atamyza. Biz wepaly çagalar, Bitarap Watanmyza! BAGTYÝAR PURSAT Buşluk, Baş arça, Şuglasyn saçdy. Gijäň tümlügi, Ummaga gaçdy. Ýagtyldy gije, Nura beslenip, Arçaň daşynda, Batly seslenip Bagtly çagalar, Aýdýarlar aýdym. Şol pursat özüm, Körpeje saýdym. Goşup olaryň, Şat owazyna. Dolandym birdem, Ömrüň ýazyna. Arçaň daşynda, El berip ele. Kän aýdym aýtdyk, Çagalar bile. Aýdym ýaňlandy, Watan hakynda. Hoş owazymyz, Durman çakynda. Şamçyrag diýip, Öňe gidere. Saglyk diledik, Milli Lidere. Bile aýlanyp, Aýazbaba-da. Buýsanç döretdi, Her bir çagada. Şatlykdan ýaňa, Bagladym ganat. Çagalyk döwri, Gör, neneň oňat! TÄZE ÝYL — TÄZE BAGT! Täze ýyl — täze bagt, rysk bolup çogsun, Asuda ýüzsün bu durmuşyň saly! Her täze dogan Gün ýylgyryp dogsun, Bagtyýar çagalaň roýy mysaly! Gül Diýarym — baky bagtyň şalygy — Nesilleriň ykbalyna nur saçsyn! Türkmen döwletiniň Bitaraplygy, Dünýäň dost-doganlyk gapysyn açsyn! Dekabr, 2020 ý. HOŞ GELDIŇIZ, JENNET MEKAN AWAZA! Hem dogan, hem ýakyn goňşular bolup, Hoş geldiňiz, jennet mekan Awaza! Müdimilik dostluk çemenin bogup, Hoş geldiňiz, jennet mekan Awaza! Öňden-ahyr sizi ýakyn dost bilip ýöremizsoň, begendirdiňiz gelip. Ýaşarsa ýaşarsyn gözlermiz gülüp, Hoş geldiňiz, jennet mekan Awaza! Bu gün Arkadagyň ýoluny görüň, Görüp, bir-birege dost golun beriň. Ozaldan myhmandyr bezegi törüň, Hoş geldiňiz, jennet mekan Awaza! Gözelligiň nusgasyn sylyp ýüze, Awaza seýl ediň, bakyp deňize. Dostlukda ýaşamak ýaraşýar bize, Hoş geldiňiz, jennet mekan Awaza! Geleňizsoň dostluga sežde edip, Synlaň, türkmen gudratyny keşt edip. Ynamy, ygrary göwne keşde edip, Hoş geldiňiz, jennet mekan Awaza! Öňden gazak, täjik, gyrgyz hem özbek, Gatnaşýarlar türkmen bilen dogan dek. Bir-birine wepasyna ýokdur şek, Hoş geldiňiz, jennet mekan Awaza! Liderlermiz üýşüp maslahat etse, Hoşluk kararlary äleme ýetse. Jebislikden gaýry bagt barmy eýse? Hoş geldiňiz, jennet mekan Awaza! Sergiler, sammitler bezär bu güni, Gürleşer zenanlar — durmuşyň güli. Golda tutup desserhany süýjüli, Hoş geldiňiz, jennet mekan Awaza! Belentden ýaňlanyp halklaryň sazy, Göwünlere baky gondursyn ýazy. Dünýä dolsun çyn dostlugyň owazy, Hoş geldiňiz, jennet mekan Awaza! Awaza, 05.08.2021 ý. AWAZA Ýene geldim kenaryňa, Sende eglendi nazarym. Kakyp köňülleň taryna, Gözel sen, Bahry-Hazarym. Gyrkylyk yzyny ýasap, Tolkunlaryň ne ajaýyp. Çarlak guşlar aýdym aýdýar, Seň üstüňde ganat ýaýyp. Suwa gonan ak guw ýaly, Anha, gämi ýüzüp barýar. Gün nuruna ýalkym saçyp, Bagt mukamyn düzüp barýar. Kenaryňy jähekläpdir, Ymaratlar ak mermerden, Ýaşyl baglar, elwan güller, Şygyr bolup göçýär serden. Öň göremden gözelleşip, Hem-de has giňäpdir çygryň. Seň keşbiňden okadym men, Arkadagyň ajap şygryn. Ol şygyr ynsan ähline, Gözellik hem ruh eçilýär. Gudrata deň ajap görnüş, Kalba nur bolup seçilýär. Meniň bilen ylalaşyp, Baş atýan deý goja deňiz. Ýuwaşjadan tolkun atýar, Hem diýýär: «Şat men gelseňiz!» Geliň, synlaň bu gudraty, Kenarda dyz epip bir dem. Şypadyr deňiz howasy, Suwy köp derde bolar em. Awaza, 06.08.2021 ý. ALKYŞ AÝDÝAS GAHRYMAN ARKADAGA! Görk alyp her dürli ösümliklerden, Diýarym beslenýär bossana-baga. Rysgal çogýar bu gün özgerýän ýerden, Alkyş aýdýas Gahryman Arkadaga! Ynsan yhlasyndan agaçlar güräp, Sorsaň tämiz howa meňzeşdir ýaga. Bilbilli baglarda messana ýöräp, Alkyş aýdýas Gahryman Arkadaga! Watany hem kalplarmyzy gülledip, Ýetemizsoň sowulmaz bagtly çaga, Sogaply işlerin dünýä belli edip, Alkyş aýdýas Gahryman Arkadaga! Hoş owazy bilen erkin saýraýan, Bilbilli baglarda ýer ýokdur zaga, Güldür dostluk bolup dünýä ýaýraýan, Alkyş aýdýas Gahryman Arkadaga! Bagtly ýurtda daşky gurşaw arassa, Sagdyn ösýär munda körpeje çaga. Tämiz howa sorup sagalan hassa, Alkyş aýdýar Gahryman Arkadaga! Gyşyn-ýazyn ýaşyl begresin geýip, Arça bezeg berýär sähra hem daga. «Bag ekeniň ömri bakydyr!» diýip, Alkyş aýdýas Gahryman Arkadaga! 06.11.2020 ý. ÝÜREK ÖRKÜM, GARAGUMUM! Synlap, keýpimi çagladym, Gözel görküň, Garagumum! Ýüpsüz özüňe bagladyň, Ýürek örküm, Garagumum! Hol depede bir düýp selin, Göýäki kürteli gelin, Gaýta-gaýta bakdym telim, Aldy erkim, Garagumum! Çarwaň hödür-keremleri, Sähraň keýik, jerenleri, Bendi edýär görenleri, Gözel görküň, Garagumum! Haýwanat dünýäsi baýdyr, Gözelligi göwnejaýdyr, Bol nygmatly supra taýdyr — Diýýär her kim, Garagumum! Bagtyň mukamyny çalýan, Torgaý guşa gulak salýan, Ot-çöpüňe haýran galýan, Sypap hersin, Garagumum! Ösümlik kän — sazak, ýowşan... Arasynda sülgün, towşan, Seýle çykan bagta gowşar, Synlap durkuň, Garagumum! Kerwenleriň jaňy bilen, Arzuwly ak daňy bilen, Käte tupan-çaňy bilen, Synar erkiň, Garagumum! Üstüňden geçendir pirler, Duşana ak pata biýrler. Çöl däl, ajap sähra diýrler, Görüp görküň, Garagumum! Mert ärlere gujak geren, Agyr kerwenleri gören, Ralliň türgenne ýol beren, Duýup erkin, Garagumum! Şaýatsyň sen kän zatlara, Ýowuz daransyň ýatlara, Ýöne kän-kän ussatlara, Ylham berşiň, Garagumum Çeni däldir hiç bir zadyň, Şygra öwrülendir adyň, Isleglisi ýakyn-ýadyň, Bu gün sensiň, Garagumum! Deňsiz-taýsyz gözelligiň, Berer zehin gönezligin, Gördüm goşgy-gazaldygyn, Depäň-gerşiň, Garagumum! Ojagydyr çopanlaryň, Mal bakyp, bagt tapanlaryň, Emma nebse çapanlaryň, Berer merkin, Garagumum. Eger seýle çyksa her kim, Synlap biler sähraň görkün, Ýöne bil, dürlüçe erkiň Söýer berkin, Garagumum. Göwni päk hem erkli bolsaň, Mert hem kalby görkli bolsaň, Görersiň sen örkli bolsaň, Gujak gerşin, Garagumuň. Boý alyp ösümlik bary, Ýatladyp dur tokaý-bagy. Alkyşlaýar Arkadagy, Bu gün her kim, Garagumum! 13.05.2019 ý. BAG — GÖZELLIK Synlap ýaşyl öwüsýän, Köpetdagyň baýryny. Deňäp bilmen hiç zada, Ol baglaryň haýryny. Baýry bezän agaçlar, Tämiz howa gönezlik. Kalplara ylham berýän, Bir ajaýyp gözellik. Görseň göwnüň galkynýar, Giden bagy-bossany. Bu baglar Arkadagyň, Baýra ýazan dessany. Ol dessany okasaň, Göwnüň göge dyňzaýar. Hoş saýraýan bilbilli, Erem baga meňzeýär. Käkilikli, keýikli, Tilki, sülgün, towşanly, Baga gelseň duýarsyň, Gözellige gowşanňy. Hatar tutlar, arçalar, Tämizlänsoň howany, Bagtyýar ynsanlaryň, Artýar ömür dowamy. Bu gün baýra bakaňda, Göwünler gelýär joşa. Bag bezeg hem saglykdyr, Ýaşa, Arkadag, ýaşa! 10.11.2020 ý. AGTYGYNYŇ BAGBAN ATASY BILEN SÖHBEDI Atasynyň ekýän bagyn, Kän synlap duransoň agtyk. Dile getirýär sowalyn, Çydap bilmän mundan artyk: «— Ata, bag ekýärsiň welin, Haçan miwe berer olar? Bu bag miwe getirýänçä, Gör, näçe aý, ýyllar solar?». Atasy syrly ýylgyryp, Bakyp agtygnyň gözlerne. Diýipdir: «Düşündim, köşek, Diýmekçi bolýan sözlerňe. Atam ekipdi, men iýdim, Men ekdim, siz iýersiňiz. Men atama: «Sag bol!» diýdim, Sizem maňa diýersiňiz. Her gezek miwesin dadyp, Ýatlasaňyz ataňyzy. Özüňizem bag döredip, Gülletseňiz Watanňyzy. Ýetersiňiz hormat-sarpa, Ata kesbini ýöredip. Hem saglyk, baky ömürden, Paýly boluň bag döredip. Çünki sagdynlykdyr haky Baglykda zähmet çekeniň. Diýipdirler: «Ömri baky, Ýekeje agaç ekeniň». Arkadagyň yhlasyndan, Gözelleşýän wagty döwrüň. Sizem kän nahal oturdyp, Ömrüňizi baka öwrüň!» Atasynyň sözlerine, Agtygynyň göwni galyp. Bag döretmäge girişdi, Ele pildir nahal alyp... SAGLYGA NEPI DEGJEK BENTLER Kellagyryň, sowuklamanyň, zobuň, Demgysmaň, gyzzyrmaň emidir borjak. Çöpün gaýnag suwa ezip içseňiz, Köp dert dep bor, durmaz gaýtalap, gorjap. Bedene peýdasy kem däl ženşenden, Çaý ýerine içseň buýanyň kökün. Içki agzalarda bar bolsa kemiň, Ýok eder ol sökellikleriň köpün. Ýüregiňi sagat saklajak bolsaň, Öýde mydam bolsun erigiň kaky. Günde üç-dördüni iýip ýörseňiz, Berjek peýdasynyň bolmaz hiç çaky. Düzüminde demiri köp saklansoň, Peýdaly miweleň biridir alma. Ýuwup, iýip ýörseň ýüzüň nurlanar, Şoň üçin sen ony gözüňden salma. Aşgazan, içege keseli galmaz, Ýazzyny berer sowuklama dagy. Otudyr gülüni çäýnege demläp, Yzygider içip ýörseň ýandagy. Şeýle ösümlik bar seýrek görünýän, Köp dert ony görse däldir gomalan. Ýok eder ol bedendäki tegmili, Hem-de nerw ulgamy sazlar domalan. Görejiň ýitelder, ýarany biti:r, Ol dowamly iç gatamaň emidir. Sebäp diýseň şugundyryň düzümi, Has peýdaly witaminleň jemidir. DERMANLYK ÖSÜMLIKLERIŇ SÖHBEDI Eger bir dert bilen ýoňlasa her kim, Biler bejermegiň ýollaryn, tabyn. Okap Arkadagyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabyn. Baldyryň syzlamaz, sag bolar janyň, Ulansaňyz saýlap, tanap otlary. Otlaň müň bir derde dermandygyna Şaýatdyr her jildi hem-de gatlary. On bir jiltli kitap duran hazyna, Dermandyr melhemiň düwünçegi ol. Peýdalansa sagdynlyga gönükdir, Hassa bolup dertden düwünjegi ol. Derläp daşa çykyp, biraz sowuklap, Bu kitaby ele alan pursadym. Setirleriň arasynda alakjap, Gyzyl burçuň boluşyny görsediň. «Unaş edip, meni atsaň içine, Gerek däldir derman ýa-da başga hurş. Basym burçak-burçak derläp başlarsyň, Der astynda dert galmaz» diýp gyzyl burç. Ýaňy bir özüni magtap başlanda, Bir ösümlik söze sorady rugsat. Burç gyzaryp hol atyza bakanda, Hemmä tanyş ses eşdildi şol pursat: «Sowuklama, dümew ýaly ýoňlaryň, Menem piridirin» diýdi sarymsak. «Ysym ýiti, ýöne iýen adamlar, Diýer hökman elmydama serim sag». Şol mahal bir çetde ösüp oturan, Ýüzärlige başartmady dymmaklyk. Diýdi ol: «Siziňkem dogrudyr, emma Iň gowusy derdiň öňün almaklyk. Bir şahamy mejimede tütedip, Jaýda ýaýratsalar meniň tüssämi. Dep eýlärin ençe derdi-belany, Hem egserin köňüllerde gussany. Tüssäm giňlik berer ynsan göwnüne, Şoň üçin her öýde bardyr ýüzärlik. Dürli wiruslardan hem göz degmekden, Goramsoň diýýärler: «Güýji ýüz ärlik». Üçleriň söhbedin diňläp oturan, Dürli agaç başyn yrap baglykda. Ýerli-ýerden goşuldylar söhbede: «Biziňem nepimiz az däl saglykda. Gowy ýuwup, yzygider iýeniň, Jany sag bor hem-de bolar keýpi çag. Miwelermiz ýokumdyr her bedene» Diýip, sözün tamamlady goja bag. Bagy diňläp bakjadaky ekinler, Dillendiler ýerli-ýerden şadyýan: «Kädi, kelem, gawun-garpyz, başga-da Bakja önümleri saglyga peýan». Olaryň sözlerin tassyklap reýhan, Gürrüňe başlady, ýakymly kokap. Şonda barça gök önümleň peýdasyn, Bildim Arkadagyň kitabyn okap. Topragmyzda ösýän ähli ösümlik, Haýsam bolsa bir derdiň emi eken. Soň neneň diýmejek bu ajap KITAP, Tebigy melhemleriň jemi eken! 9.04.2020 ý. ALARSYŇYZ SERPAÝY Uýup sagdyn durmuş ýörelgesine, Ses goşsaň bagtyýar döwrüň sesine, Eýerseň Arkadag göreldesine, Saglyk, sagdynlykdan alarsyň paýy. Ýeňip birazajyk kynlygy başky, Saba-säher ylgap, etseňiz maşky, Synlap gözelligi töwerek-daşky, Lezzet alsaň, gujur geler günsaýy. Dürli maşklar saglygyňy berkider, Maşk edýänler bedenine erk eder, Olar hiç bir dertden etmezler heder, Çünki sport bejergiň göwnejaýy. Welosiped badalga keýpiçaglyga, Göwnüň güllär seýl edýän deý baglyga, Ähmiýeti uly tut deý saglyga, Ruha ganat, ýokdur onuň hiç taýy. Sagdynlaň dünýäsi — çyrpynýan deňiz, Beden sagdyn bolsa, gözeldir meňiz, Dert golaýňa gelmez her gün içseňiz, Dermanlyk otlardan demlenen çaýy. Kesel döredýäni etjek bolsaň sem, Käte öýde ýüzärligi tütet sen, Göz degmekde nepi bardyr tütetseň, Ulag alsaň, ýa alsaň täze jaýy. Burçluja unaşdan içseňiz derläp, Sökellik bedende bilmez hiç ýerläp, Bedew ata atlanan dek eýerläp, Günüň günortany görkezer Aýy. Derman ösümlikleň ýeserlerinden, Tebigatyň yşky heserlerinden, Okap Arkadagyň eserlerinden, Alarsyňyz sagdynlykdan serpaýy. 15.05.2020 ý. ÇAÝ Ojaryň oduna tüňçäni goýup, Dermanlyk otlardan demleseň çaýy. Burçak-burçak derläp, ýeňlär bedeniň, Hem melhem, hem ylham, ýok onuň taýy. Aran bolsaň, argynlygyň aýrylar, Demin alan çaýdan içdigiň saýy. Kelläň agyrysy zym-zyýat bolup, Gujurdan, kuwwatdan alarsyň paýy. Tutuş endamyňa gyzgynlyk ýaýrap, Dekabr aýynda görersiň maýy. Işe ýapyşarsyň belent ruh bilen, Bildirmez gyş günüň tupany-gaýy. Tomsuň epgeginem ýeňer gyzgyn çaý, Ylhamly bor ýylyň islendik aýy. Arkadagymyzyň aýdyşy deýin — Çaýdyr bilseň içgileň göwnejaýy. 9.04.2020 ý. SUWY GAÝNADYP IÇIŇ! Endik edip hemişe, Gaýnadyp içseň suwy. Kesel gelmez golaýňa, Saglygyň bolar gowy. Emma Günden hem Güne Gyzan suwdan goranyň. Sebäp saglyga nep däl, Beýle suwdan soranyň. Gözüňize dürpisint, Suwly görüner çeşme. Ýöne onam gaýnatman, Içjek bolup erjeşme. Gyrmançadan, otlardan, Dursa-da ýap arçalyp. Gaýnatman içme suwun, Çünki däl ol «Arçalyk». Krantdan akýan suwam, Içmek bolmaz gaýnatman. Sagdyn boljak bolsaňyz, Suw bilen oýun etmäň! Ýok bor kesel döredýän, Gaýnatsaňyz gowy edip. Soň suwsan halatyňyz, Içiberiň sowadyp! 28.05.2020 ý. SAGLYKDA BAGTY BOÝLALYŇ! Hemişe arassa bolsun, Biziň dem alýan howamyz. Dilegim howa zerarly, Gyzarmasyn göz owamyz. Howadan geçýän ýokançdan, Bokurdaklar gyrylmasyn. Saglykda bagty boýlalyň, Döwletimiz yrylmasyn! Howamyz tämiz bolsa-da, Käteler bardyr sörtügi. Şonda her dürli ýokançdan, Gorar lukmanyň örtügi. Gowusy lukman sözüne, Ger däni gulaklaryňy, Köpüň üýşen ýerlerinde, Örtük dak, unutma muny! 17.07.2020 ý. ARASSA HOWA — DERTLERE DOWA Ir säher howa, Dertlere dowa. Gezim etmeklik, Gör, neneň gow-a! Maşk edip irden, Ylgasaň biraz. Ruhuň belent bor, Göwnüň alaýaz. Saglyk, sagdynlyk, Geçmez sowulyp. Soka salnan dek, Durman owulyp Beden sagat bor, Göwnüň ganatly. Gezersiň mydam, Syrdam kamatly. Sag bolsaň işler, Ýüz berer şowa. Üstünlik senden, Geçmez hiç sowa. Şonuň üçin sen, Özüňe erk et! Ylgap, maşk edip, Bedeniň berk et! 31.07.2020 ý. AMYDERÝAM Mele tolkunlaryň möwji, Halkyň ruhy, Amyderýam. Gözlesem bu giň jahanda, Seniň deýin bamy, derýam?! Ogluň men, gel, görüşeli, Syr alyp, syr berişeli, Ýöne sözlerimiň weli, Ýuwgun bolsa hamy1, derýam. Kenaryňda etmän heder, Otyryn, badyň ne ýeser, Tolkunlaryň oýun eder, Günüň säher-şamy, derýam. Erkana ýüzýän guwuňdan, Sorap tyllaýy luwuňdan, Dolduramda bal suwuňdan, Içmek üçin jamy, derýam. Diýdim, kalpda bolsa gertler2, Suwuň päklär, dep bor dertler. Senden geçdi ençe mertler, Dünýä dolup na:my3, derýäm. Bu döwürde seň destiňden4, Bal önýär belent-pestimden. Arzuwym, seniň üstüňden Hiç ösmesin sa:my5, derýam, Amyderýam, Amyderýam. 1. Ham — çig. 2. Gert — çaň, tozan. 3. Nam — at-abraý. 4. Dest — ýardam, kömek. 5. Sam — ýaramaz, erbet ýel. Sentýabr, 2019 ý. OBAM Hak sylaýyp owalbaşda, Päk nazaryn salan obam. Meşhur bolup ýakyn-daşda, Mukaddes at alan obam. Astanababa keremdir, Baglary misli Eremdir, Bagt guşy ganat gerendir, Şatdyr ilen-çalan, obam. Alymy, bagşysy bilen, Ezber pagtaçysy bilen, Däpleriň ýagşysy bilen, Ady arşa galan obam. Gözel görküň gülden ýagşy, Göýäki halynyň nagşy, Waspyňy ýetirse bagşy, Sazanda saz çalan, obam. Kä aýralykdan don geýsem, Yşkym möwjemezmi eýsem?! Ykbalymyz aýry diýsem, Sözlerim bor ýalan, obam, Göbek ganym daman, obam! 06.10.2020 ý. MEN ÝAZA AŞYK Günüň, aýyň, pasyllaryň, Hiç birine erbet diýmän. Ýöne ýazy ählisinden, Biraz artygrajyk söýýän. Bu pasylda menzil aşyp, Dolanyp gelýär durnalar. Toýnuk gurap uçuşyny, Synlasaň gözüň nurlanar. Çagalygňy ýada salyp, Ylgasaň bagt donun geýip. Sesiň ýetdigne gygyrsaň, «Aýlan, durnam, aýlan!» diýip, Bu mahal görmezler aýyp, Çünki ýaz kalbyň joşdurar. Durnalar öz gykuwyna, Biygtyýar ses goşdurar. Bu görnüşi görmek üçin, Bedenin ýyrtyp topragyň, Çykan otlar göge bakýar, Ýuwaşja yrap başlaryn. Jümjümeler ýylgyryşýar, Sary, mawy güli bilen. Sähra seçek gök gyrtyçlar, Göge bakýar güni bilen. Ýagyşdan soň kömelegem, Çykypdyr oý ýeri yklap. Bulutlaryň arasyndan, Nurly Günem käte jyklap Çyny bilen ýylgyrýar-da, Bu görnüşden hoşhal bolýar. Şol ýylgyryş hemmeleriň, Kalbyna nur bolup dolýar. Soň şol kalpdan çykan owaz, Goşulyp durnaň sesine. Gül baharyň waspyn söýläp, Sähranyň belent-pesine Dolýar bagt mukamy bolup, Hem berýär ruhy joşguny. Şol joşgundan uzap gidýär, Bagtyýar döwrüň hoş güni... Ýaz tebigata jan berýär, Menem ýazda jana geldim, Maý aýynda — nurly günde, Dünýä indim, sana geldim. Günüň, aýyň, pasyllaryň, Hiç birine erbet diýmän. Ýöne dünýä gelen paslym, Bilmen-ä artygrak söýmän! 12.03.2020 ý. OWADAN GELEN BAHAR Bu bahar şeýle bir owadan geldi, Bereketli Neýsan ýagmyry bile. Arşy-aglaň ak süýdünden ganansoň, Bütin daş-töwerek bürendi güle. Älemgoşar reňkli dürli güllerden Tebigat bir ajap eşik geýipdir. Gysganyp Gün öňün gabsalan bulut, «Bu bahara hak aşyk men» diýip dur. Yşkyň ataşyna ýanýan Güne-de, Başardýar jyklamak käte birýarym. Arman, bulut duýup, basym oň öňün, Ýapmak üçin edýär golunda baryn. Bu mahal zemine Asmanam aşyk, Gül yşkynda bilbil bolýar perwana. Ganatlydan aşyk diňe bilbil däl, Dürli guşlaň sesi dolýar çarýana. Olar okaýan dek hoş owaz bilen, Tebigatyň ýazan söýgi eserni. Mollatorgaý, gaýçyguýruk garlawaç, Serçe diýrsiň, şolam yşkdan heserli. Dürli guşlaň sesi ajap simfoniýa, Gözelligi guş dilinde söýlejek. Onsoň ynsan bolup juwan bahary, Neneň wasp etmejek, neneň söýmejek?! Anha, bir topar gyz seýle çykypdyr, Gül gyzlara aşyk, gyzlaram güle... Bu bahar şeýle bir owadan geldi, Bereketli Neýsan ýagmyry bile. Aprel, 2020 ý. | |
|
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||