22:34 Goşa tara ömrün baglan sazanda | |
GOŞA TARA ÖMRÜN BAGLAN SAZANDA
«Baharyň elwan güllere bürenen günleriniň birinde, ýagny 1947-nji ýylyň aprel aýynda, Bäherden etrabynyň akdepe obasynda doglan garagözelejik çagajyga Akmyrat diýip at dakyp, onuň geljekde il-güne wepaly, merdana ogullaryň biri bolmagyny dileg etdiler. Ilkinji gyz perzendini «Dillije düwmäm» diýip, öwgüsini ýetirýän Çary Möwlam oglunyň bu günki begenjini dil bilen beýan eder ýaly däldi. Ogully, gyzly, dokuzy düzüw diýilýän maşgalany görenler ýüzüne sylardy. Ýaş çagalydygyna garamazdan Ogulgerek gelin «el-aýak» ýaly diýilýän gelinlerdendi. Irden çagasynyň arlygyny täzeläp, bäş ýaşly gyzjagazyny iýdirip, içirenden soň ony sallançagyň başynda oturdyp, özi sygyrlary sagmaga giderdi. Kiçilikden kömege ýaraýan gyzjagazlaryna guwanýan ýaş çatynjalar ogullarynyň ýedi aý bolmanka oturyp başlanyna, emedeklejek bolup, çyr-çytyr bolşuna haýran galardylar. «Boljak oglan bolşundan belli» diýleni. Kiçijik Akmyrat öz doganynyň diýenini iki gaýtalatmazdy. Olaryň öýlerinde ýykmaga ýa dökmäge artykmaç zadyň ýokdugy üçinmi ýa-da düşbüjeligindenmi ol beýleki çagalar ýaly ýykyp-dökübem ýörmezdi. Özlerinden iki-üç öý aňryýanlarynda ýaşaýan doganoglan gaýyn agalary Bapba agalara köplenç bagşy-sazandalar myhmançylyga gelerdi. Olara myhman gelenini bolsa, obanyň uludan-kiçisi bilerdi. Sebäbi şol gün oba adamlary aýdym-saz diňläp, göwün poslaryny açardylar. Aýdym sazyň sesine diňe bir oba adamlary däl-de, kiçijik çagalaram begenerdiler». ************** Onuň saza bolan söýgisi çagalykdan kalbynda kök urupdy. Heniz kaka sözüni aýdyp bilmeýärkä, ýaňy ýedi aýlyk çaga wagty ata mährinden jyda düşenindenmi, ýa başga bir sebäplere görämi onuň kalby bir zatlaryň gözleginde ýaly alasarmyk duýgulardan pürepürdi. Aýdym-saza ömrüni baglap, köpleriň söýgüsine mynasyp boljak sazanda bolar öýdüp onuň dogan-garyndaşlary hatdapikirem edenokdylar. Alma agajynyň aşagyndan erik tapyp bolanok ahyry diýen ynama uýýan sada halk üçin,aňyrsynda ady belli sazanda ýa bagşy bolmasa şol maşgaladan guýmagursak zehinli sazşynasçykmajak ýalydy.«Yhlasa—myrat», «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýen pähimli sözleriň hem halk arasynda ýöne ýere döremändigi belli zat ahyry. Yhlaslylyk haýsy käriň başyna barsaň hem gerekdir welin, saz öwrenip, iliň öňüne çykjak bolsaň, şol döwürlerde hasam gerek. Ol döwürlerde sazlar nota geçirilen depderiň ýa-da kitabyň ýüzüne seredilip öwrenilmezdi. Halypa çalyp görkez-se, şägirt öwrenip, gaýtalamagy başarmalydy. Hawa, ezber sazanda bolup,il alkyşyna mynasyp bolan Akmyrat Çaryýewiň ata tarapynda-da, eje tarapynda hem aýdym–sazyň muşdagynyň juda kändigine garamazdan, eline dutar alyp saz çalany ýokdy. Ýöne enesiniň aňyrsynyň belli kompozitor Nury Halmämmetlerdenligindenmi,ýa dünýä inende kalby mukamly doglupmy Akmyrat aga kiçijikliginden nirede dutar çalynsa şol ýerde häzir bolupdyr. Ýedi onlugy arkasyna taşlan ussat sazanda özüniň ýaşka aýdymam aýdandygyny ýylgyryp gürrüň berýär. Ol özüniň saz dünýäsine aralaşmagy hakynda beren gürrüňinde çagalykdan dutaryň öz düýşlerine hemra bolandygyny, soň dutary ele alyp görmegiň, çalyp görmegiň huşundaky arzuwyna öwrülendigi barada aýdyp berdi. Halypa sazanda öz çagalygy hakynda gürrüň berende,edil dokumental kino gören ýaly täsirleri başdan geçirdim. Ussadyň birnäçe kinolarda baş keşpleri oýnandygyny ýatlasak, onuň beren gürrüňleriniň juda gyzykly bolmalydygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Men ol gürrüňleriň täsirini ýoýman, başardygymdanokyjylar bilen paýlaşasym geldi. «Ýaňy ýedi-sekiz ýaşlarymdadym. Daşkyrak agalarymyň birinde dutar bardy. Ol mahmal daşlyga geýdirilgi, öýüň dulundan asylgy durardy. Döwre görämi ýa juda çekinjeň bolupdyrysmy, şol dutary elime alyp göräýeýin, çalyp göräýeýin diýip, agamdan sorap hem bilmezdim. Agamyň özem dutar çalyp bilenokdy. Ýöne ol obada iň şahandaz adam hökmünde tanalýardy. Toý-tomgybolsa bagşylar toýdan öňem, soňam şolarda düşlärdiler. Aýdym-saz ederdiler. Şonda bütin obamyzyň halky hezil edip aýdym-saz diňlärdiler. Bir gezek bagşy –sazandalary ugratmak üçin agam çykyp gitdi. Elime dutary alyp, uzak gije gözlerimi gyrpman diýen ýaly sazandanyň hereketini synlap, ýadymda galan ýerlerini gaýtalamaga çalyşdym. Birhili saz ýaňlandy. Meniň özüm üçin bu owaz iň kämil mukamdy. Nireden batyrlygyň dörändigini-hä bilemok welin, şol gezek soragsyz-idegsiz dutary goltugyma gysyp,öýmüze barypdym. Ejem sygyr sagmaga gidipdir. Iň içki jaýa geçip, dutar çalmagyň syrlaryny özüm-özüme öwredip başladym. Uzak gije aýdym-saz diňläp, sazandaň eliniň hereketine tiňkämi dikip oturamsoň dutary gujaklap, nädip uklanymy hem bilmändirin. Ak öýlänler ajygyp oýandym. Meniň uzakly gün agamyň ogurlanandyr öýdülen dutaryny bütin oba bolup gözlenendiginden habarym ýokdy. Elim dutarly süllümbaý derläp, daşaryk çykanymda,ejem meni görüp, ýakasyny tutup: — Oglum dutary nireden aldyň?— diýip, pyşyrdady. Onuň şol wagt gaty ses bilen soramaga-da rowgaty ýok ýalydy. Etmesiz iş edendigim üçinmi ýa-da ejemiň bolşundan gorkdummy men dutary gujaklap agamlara tarap göneläýdim. Yzymdan ylgap gelýän ejeme tutdurman, agamlara kürsäp girdim. Biziň gykylygymyza laňňa ýerinden galan agam bir elimdäki dutara, birem maňa seredip doňup galypdy. Ejem ýaşmagyň aşagyndan dodaklaryny müňküldedip bir zatlar aýtjak bolýardy. Men welin henizem dutary bagryma basyp edil iň soňky temmi beriljek ogry kimin galpyldap durdum. Agamyň: — Akmyratjan, dutar çalasyň geldimi?- diýen mylaýym sözüni eşdip, ekezlenen hem bolsam- «hümm» diýmekden başga söz diýip bilmändim. Şol gün meniň üçin saz äleminiň inçe syrlaryna aralaşmagyma ak ýol açylan gün bolupdy. Obada öň ýok ogrynyň täzeden döremändigine şükür eden agam, maňa kiçiräk dutar ýasadyp, ony çalmagy öwretmäň aladasyny edipdi- diýip gürrüň beren halypa öz çagalyk döwri bilen häzirki bagtyýarlyk döwrüni öz ýanyndan saldarlap gördi. Ussat sazanda öz ilkinji halypasy Allaberdi Allaberdiýewi uly buýsanç bilen ýatlaýar. Altmyşa golaý aýdym-saz döreden Akmyrat Çaryýew,1972-nji ýylda «Mukamyň syry» kinofilminde baş gahrymanyň obrazyny ýerine ýetirýär. Soň ol birnäçe dokumental filmlerde hem dürli obrazlary döredýär. Ussat sazandanyň 1963-nji ýyla çenli aýdym aýdyp, saz çalandygyny, ilki paýtagtymyzdaky uniwersitetiň filologiýa fakultetini, soňra bolsa Türkmen milli konserwatoriýasyny gutarandygy hakynda beren gürrüňlerini diňläp, onuň ylymly-bilimli, köptaraplaýyn kämil halypadygyna has-da göz ýetirdim. Halypa hökmünde mukamlar dünýäsiniň ussatlary Çary Täçmämmedowa, Sahy Jepbarowa, Ata Ablyýewe şägirt bolan Akmyrat aganyň bu günki günde özi ýaşlara halypalyk edýär. Onuň: —Meniň döreden sazlarymyň ilkinji diňleýjisi ejemdi. Ejem dutaryň gapagyna kakylyp çalynsa halamazdy. «Takyrdyly çalynan sazyň mazasy bolmaz» diýerdi diýen sözlerini diňlänimde bolsa Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa.. » atly kitabyndaky: — Kel bagşy şägirtlerinden bütin durky bilen saza berilmegi we tutuşlygyna sungata tabyn bolmagy talap edipdir. Mylly Täçmyradow halypasynyň ýanyna görme-görşe baranda, saglyk-amanlykdan soň oňa saz çalyp berýän eken. Ýaşy birçene baran Kel bagşy sazyň owazyna uka gidýän ýaly bolup meýmiräpdir. «Ýusup owganyň» iň bir çylşyrymly ýerine ýetende, Mylly joşgunyna bäs gelip bilmän, dutaryň gapagyna pitikläp goýberipdir. Şobada Kel bagşy başyny galdyryp: «Näme, oglum, owazy kirişden alyp bilmeseň, gapak dadyňa ýeter öýdýäňmi?» diýipdir. Halypasynyň bu belligini Mylly aga ömürboýy ýatda saklapdyr diýen setirleri ýadyma düşdi. Asyl, saz äleminde ajaýyp mukamlary döreden ägirtler hem sazyň muşdagyna öwrülen eneleriň, bütin durky bilen saza siňip diňlemegi başaran sada halkyň içinden çykypdyrlar. Olar halkyň sazyň mukaddesligine bolan belent ynamlaryna wepaly bolup, täze mukamlar döredip ykrar edipdirler. Akmyrat aga öz döreden sazlarynyň ilkinji diňleýjisiniň ejesi bolandygyny, her saz dörände ejesiniň ol sazy edil özi döreden ýaly, çaga kimin begenendigini ýatlamagy halaýar. Ol bir gezek döreden sazyny näme atlandyrjagyny bilmändigini, agşam dörän sazy ilkinji gezek diňlän ejesi: — Balam, juda mähirli saz ekeni, bu sazyň ady näme? — diýip soranda bolsa: — Eje bu sazyň adyny seniň özüň goýduň. Bu sazyň ady «Mähirli» diýip, jogap berendigini aýdyp berdi. Belki-de, enäniň öz balasyna bolan ynamy, kalbynyň töründen çykýan enelik mähri, çalynýan sazlaryň has-da şirin bolmagyna, sazandanyň özüne bolan ynamynyň berkemegine täsir edýändir. Hut şonuň üçin hem türkmen topragynda şirin mukamlary döreden ägirtleriň halypalyk ýollary dowamat-dowam bolandyr. Aýdymdyrsaza bolan söýgi bolsa ene hüwdüsiniň üsti bilen ynsan aňyna mäkäm ornap, nesilleriň kalby owazly, ata Watanyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşýan nesiller bolup ýetişmeklerine itergi berýän ruhy güýçdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyz özüniň «Ile döwlet geler bolsa..»atly kitabynda «Dutar çalmagy örän inçe, ajaýyp sungat hasaplap, Ahalda oňa örän aýawly çemeleşipdirler. Geljekki sazanda üçin esasy talap ýerine ýetirijilik däplerine we halypasynyň döredijilik ýörelgesine gyşarnyksyz eýermek we bu beýik sungaty geljekki nesillere geçirmek üçin halk sazlaryny ýokary ussatlyk bilen çalmak bolupdyr. Berk talaplaryň netijesinde, dutar sazlarynyň iň bir gymmatly nusgalary bize ilkibaşky görnüşinde gelip ýetdi» diýip, belläp geçmegi hem bagşyçylyk, sazandalyk derejesiniň sungat derejesine göterilendiginiň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz şol kitapda: —«60-njy ýyllardan başlap, halk saz gurallary toparyna türkmen halk sazynyň ägirtleriniň ýoluny dowam etdiren Çary Täçmämmedow, Ýagmyr Nurgeldiýew, Akmyrat Çaryýew, Ýolaman Nurymow ýaly belli sazandalar ýolbaşçylyk etdiler. Öz hünärine bar güýjüni, yhlasyny we zehinini siňdirip, halypa sazandalar gadymy nusgawy mukamlara täzeçe öwüşgin berdiler, täze eserleri döretdiler we halk sazlaryny mazmun hem gurluş taýdan baýlaşdyrdylar. Ussatlygyň ýokary derejesine ýetip, hakyky ussat bolmak bilen, olaryň her biri milli sungatyň taryhynda çuňňur yz galdyran meşhur şahsyýet bolup ýetişdiler» -diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Üç ogly, üç gyzy ösdürip ýetişdiren, 12 sany agtygyň atasy bolan halypa sazanda Akmyrat Çaryýewiň şägirtleri sanardan kän. Onuň iki oglunyň hem Türkmen milli konserwatoriýasyny gutaryp gudrat hasap edilýän aýdymdyr saza ömürlerini baglandyklaryny uly buýsanç bilen belläsim gelýär. Türkmeniň törüniň, her bir maşgalanyň toýunyň bezegi bolan dutardyr gyjagyň owazy bu gün belentden ýaňlanýar.Goý, türkmen topragynda agzybirligiň, parahatçylygyň ýaňy bolup ýaňlanýan aýdymdyr sazlaryň owazy belent bolsun! Gülälek MERETMYRADOWA, «Adalat». | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |