16:43

Gowulyk küýsegi / powest

GOWULYK KÜÝSEGI

– Ertir okuw ýok, indi kanikul. Ýör, edil öňkülerimiz ýaly biraz suwa seredip oturaly – diýip, Jangeldi Wepa ýüzlendi. Wepa gitjeginem, gitmejeginem bilmeýän ýaly ýaýdanjyrap durşuna, bir hellewleşip görünýän tallara, birem Jangeldiniň ýüzüne seretdi. Soňundanam «näme bolsa şol bolsun» diýýän ýaly, elini salgap goýberdi-de, «Garagaç ýabyň» boýy bilen ümsüm ýöräp ugrady.
Olaryň otuz ädim dagy ýöremegi garaşylmadyk wakanyň üstünden eltdi.
Raýyşdaky böwedi böwsen suw gowaçaly atyza akyp ýatyrdy. Böwedi kem-kem ulaldyp, şogurdyly ses bilen «gülýän» suw ýaňy ýerden saýlanyp ugran gowaçalary arkaýynlyk bilen suwa gark edip barýardy. Gowaçalaryň diňe uçlary görünýärdi. Ýapdan akymyň ugruna akyp barýan porruklaram bu ýere gelenlerinde esasy gelmeli ýerine gelen ýaly böwetden gyssanmaç atyza tarap sowulýardylar.
Bu klasdaşlaryň ikisini-de hopukdyrdy. Neneň hopukdyrmasyn?! Suw atyzda tolkun atyp ýatyr. Jangeldi aljyraňňylyk bilen töweregine garanjaklady. Böwedi ýapar ýaly hiç zada gözi düşmänden soň, Wepanyň ýüzüne seretdi. Wepanyň ýagdaýy hem Jangeldiniňkiden öwerlikli däldi. Ol aljyraňňy halda durşuna, birhili özüni ýitiripdi.
Jangeldi bir atyza seretdi, bir böwede, birem yns-jynssyz ýola. Şondan soň ol köp durman özüni böwede oklady. Şeýdibem suwy saklamaga synanyşdy. Böwetde keserip ýatanyň bilen suwuň akmajak gümany barmy näme, Jangeldi nähili ýatsa-da suw akýardy. Gyrada ikijahan owarrasy bolup duran Wepa birden çöp-çalam gözlemäge başlady. Içiňi ýakaýyn diýýän ýaly, bu gyssag arada çöp-çalam hem tapylanokdy. Jangeldini bolsa suw kem-kemden basmarlap barýardy. Zumdurylyp akýan suwuň arasyndan onuň diňe kellesi görünýärdi. Ol şol ýatyşyna:
– Kesek getir – diýip, zaryn gygyrdy. 
Wepa uly-uly kesekleriň dört-bäşini getirip böwede zyňdy. Jangeldi ähli zada çydap ses-üýnsüz ýatyrdy. Ýöne zyňylýan keseklerdenem peýda ýokdy. Olaram nämedir bir zada gyssanýan ýaly, böwetde köp saklanman, suw bilen ugurdaş gidýärdiler. 
– Peýdasyz – diýip, Wepa haşlap durşuna ahmyrly dillendi. Atyzlardaky tolkun atyp ýatan suwy görende bolsa ol has-da aljyrady. Birdenem özüni Jangeldiniň gapdalyna zyňdy. Suwa düşen dessine-de «Waý» diýip çirkin gygyrdy. Jangeldi birbada näme bolandygyna oňly düşünmedi. Ýöne öňki mele suwuň birden reňkiniň gyzyla öwürip akyp başlandygyny görende weli näme bolandygyny çalarak çak etdi. Gyra çykan Wepanyň ýüzi agaryp, gözleri gorkudan çykara gelipdi. Ol aýagyny tutup esli durdy. Birdenem agyrsyna çydap bilmän gözlerini ýumdy. 
Bolan zady görmekden howatyr edýän ýaly, ýuwaşjadan gözlerini açyp, aýagyna seretdi. Aýagyndaky köwşüniň ökje tarapyndan gyrmyzy gan edil suwuň gyssanmaçlygy ýaly zogdurylyp ýere syrygýardy. Ýer eýýäm gana boýalypdy. Jangeldi gorkuly ýerinden turup, Wepanyň ýanyna geldi. Onuň aýagyna seredip durdy-da, köwşüni usullyk bilen çykardy. Öz gözlerine müňkürlik edýän ýaly aýaga içgin seretdi. Näme-de bolsa ýiti zat aýagyň aşagyny dilipdi. Dabanyň gana boýalan eti salparyp ýatyrdy. Ganyň köp akandygy üçin bolsa gerek, Wepa eýýäm tapdan düşüpdi. Ol ysgynsyz sandyrady. Ýüzi barha agarýardy. Gözleri naýynjardy. Jangeldi egninden köýnegini çykardy-da, ony tutuşlygyna Wepanyň aýagyna sarady. 
– Sen meniň arkama hopba bol. Men seni dugtara alyp gideýin. 
– Ýok, muny bejerip bolmaz. Indi meniň aýagymy keserler.
– Ýok-la – diýip, Jangeldi öz diýýänine onçakly ynam etmän dillendi. Göwnüne bolmasa Wepa mamla ýaly. – Gorkmasana Wepa. Ýör, tizräk dugtara baraly. Men seni götererin. 
– Gozgansam agyrýar. Waý-eý, nädeýin?! Sen meniň üçin indi azara galma. Men barybir... Sered-ä, bu ganlara.
– Eger beýle bolsa onda men dugtary şu ýerik getireýin?
– Ýetişermikä? – diýip, Wepa çalaja iňledi. 
– Näme boldy-how, oglanlar? Galmagalyňyz näme? Näme, beýdişip otyrsyňyz? – diýip, şol wagt Hemra suwçy pilini göterip geldi. 
– Bolýar onda, dugtary men şu ýere getireýin. Sen gozganman otur. Derrew gelerin, derrew. Çydajak bol – diýip, Jangeldi çalt-çal gürledi we jogaba-da garaşman ylgap gitdi. Daş düşelen ýol bilen ylgamak aňsat däldi. Şeýle-de bolsa Jangeldiniň häzirki barşy adaty ylgawyna seredeniňde çaltdy. Ol ýoluna seretmeýärdi. Nazary uzakdaky salgym atyp görünýän medpunkta gönügipdi. Onuň bolup barşy-da geňdi. Jalbary öl-myžžykdy. Köýnegi ýokdy. Öl jalbar onuň ylgamagyna päsgel berýärdi. Aýagyndaky ujy çürüje köwşi hem sazly köwüş ýalydy.
Onuň boýnundan aşagy batga kemsiz «bezelipdi».
Jangeldi daljygyp barşyna birden tüwdürilip gitdi. Kiçeňräk daşlaryň üstüne ýykylyp, ýüzüni pers-ala etdirdi. Onuň üstesine-de eli, kükregi, garny biraz sypjyrylypdy. Ol ýykylan dessine turup, ýene ylgawyny dowam etdirdi. Ýykylanda onuň dodagy çapylypdy. Şondan gan syrygýardy. Jangeldi dodagyndan syrygýan gany eliniň tersi bilen howul-hara süpürýärdi. Şol eli bilen ýüzünden syrygýan derleri hem süpürýärdi. Şeýlelikde elindäki gan ýüzüne çyrşaşýardy. Bu zatlardan Jangeldiniň özi bihabardy. Onuň bar pikiri medpunkta tizräk ýetmekdi. 
Jangeldi medpunkta baranda özüni bejertmäge gelen bäş-alty näsag nobatynyň gelerine garaşyp otyrdy. Jangeldini görenlerinde olar zöwwe ýerlerinden turandyklaryny-da duýman galdylar we öz gözlerine ynanmaýan ýaly Jangeldä çiňerilip-çiňerilip seretdiler. Jangeldi geliş ugruna feldşeriň ýanyna girdi.
– Of, ýörüň, ýörüň tizräk. Oň ýagdaýy agyr. Gany köp akdy – diýip Jangeldi daljygyp aýtdy. «Gany köp akdy» diýen sözi eşiden feldşer sesini çykarman meýdan sumkasyna derman salyşdyrmaga durdy.
– Özüňe näme boldy?! Kim bilen uruşdyň. Hemme ýeriň gök-dalak bolupdyr-la? – diýip, feldşer ondan sorady. 
– Hiç zat.
– Ýör onda.
Olar ýola düşdüler. Aýylganç bir waka bolandyr diýip pikir eden nähoşlaram Jangeldiniň yzyndan ylgamaga başladylar. Jangeldi öňde alakjap barýardy. Wagtal-wagtal yzyna gaňrylyp feldşeri gyssaýardy. Ýolagçylar bulara geň galma bilen seredip durýardylar, soňundan olaryň özlerem näsaglara goşulyp ylgaýardylar.
Ylgap gelýänleriň sany böwediň deňine ýetýänçä on bäş dagy boldy. Böwediň başyna baranlarynda Hemra suwçy Wepa nämedir bir zady gürrüň berýärdi hem-de böwedi ýapýardy. Ol özlerine tarap «haş-haşlaşyp» gelýänleri görende, işlemesini goýdy-da, çiňňerilip esli salyp seretdi. Olar gelip duranlarynda hem Hemra suwçynyň şol aňkarylyp durşydy. Asyl ol Wepa bir zat bolandygyndan hem öz işi bilen gümra bolup bihabar galan eken. Wepanyň oturandygyny görüp, çaý içmek üçin öýüne gidendigini, öýüne myhman gelendigini, şeýdibem güýmenendigini işläp durşuna gürrüň beripdi.
Feldşer geliş ugruna hiç kimden zat soraman Wepanyň aýagyny barlaşdyryp gördi. Aýaga saralan köýnegiň töweregine seredişdirdi. Ýerde ýaýylyp ýatan gany görüp, köýnegi çözmäge girişdi. Köýnegi aýyrdy-da, ganyň akýan ýerine göz gezdirdi. Soňra aýagy eda bilen köýnegiň üstünde goýdy-da, bir waka ýadyna düşen ýaly ýylgyryp goýberdi. Feldşeriň her bir hereketini sypdyrman synlap duranlar, onuň ýylgyrmasyny halamadylar.       
Feldşer başyny haýran galyjylyk bilen ýaýkady. Birdenem salyhatly keşbe girip, işe girişdi. Çüýşe böleginiň etde galmagyndan howatyr edýän bolarly, ýüzüne «Wodorod perekisi» diýlip ýazylan çüýşeden pamyga siňdirip derman aldy-da, ony salparyp ýatan etiň töweregine basyşdyryp çykdy. Kesilen dabany kemsiz barlan feldşer derman çalyp, aýagy sarady. Wepa ýüzüni çytyp, ýaňagyndan syrygýan gözýaşlary hiç kime görkezmejek bolup, ýüzüni aşak salyp otyrdy.
Feldşer ýerinden turup, töweregine garanjaklady. Jangeldiniň gapdalda durandygyny görüp, çalaja ýylgyrdy. 
– Inim, adam gorkuzmaga ökde ekeniň. 
– Men hiç kimi gorkuzamok.
– Seniň ýaňky bolup barşyňdan ölüm ysy gelýär – diýip, feldşer tüýli elini onuň egninde goýdy. – Wepa gorkuly zat bolmandyr. Ýogsa-da seniň ýüz-gözüňe näme boldy? Garnyň üstem-ä sypjyrylypdyr. Ýykylypsyň öýdýän, dogrumy?
– Hawa. 
– Hany, derman çalaly. Ýogsam bular azaýsa hasam erbet bolar. 
– Aý, ýok, gerek däl – diýip, Jangeldi yza çekildi.
– Gözsüz batyrlyk etjek bolma. Gerekmi, gerek dälmi, ony özüm gowy bilýän.
... Feldşer Wepany göterip howlydan girende oňa Ogulhally eje pete-pet gabat geldi.
– Hih, wa-ýeý – diýip, ol gözlerini petretdi we feldşeriň arkasynda aýagyny tokmak ýaly edip oturan ogluna ýapyşdy.
– Wah, wah, bala-am. Nägünlere düşdüň-eý, jigerim, janym. Näme boldy saňa?

* * *

Wagt birçen bolan hem bolsa Wepa entek uklamandy. Ol uklamaklyk üçin bir eýläk, bir beýläk agdarylyp gördi. Ýöne bary peýdasyz boldy. Daşary tüm garaňky bolsa-da, onuň şol gözlerini tegeläp ýatyşydy. Öň-ä kelle ýassyga degdigi besdi, alasarmyk bolup, ysgyndan gaçybirdi. Göräýmäge, az wagt geçen ýaly bolup görünse-de, gözüni açanda gün al-asmanda bolýardy. Ýöne häzirki uklap bilmeýşine Wepa geň galýardy, ony näme ýorjagyny bilenokdy. «Belki agyry üçindir? A belki şu gündizki waka sebäplidir? – diýip, Wepa ýuwaşja pyşyrdady. – Ýo-ok, hijisem däl...»
... Ol güni Wepa hiç unudyp bilmese gerek. Sebäbi ol gün ony arzuwlap ýören gününe eltmedi ahyryn. Ýogsam ol arzuwyna ýetmegi, gör, nähili isläpdi. Kakasynyň öz ýaşlygy hakynda berýän  gürrüňlerini her gün agşam diňleýärdi. Eger bu hakda kakasy gürrüň bermekden boýun gaçyrsa dagy-ha gutardy, şeýle bolsa Wepanyň has-da gürrüň diňläsi gelýärdi. Oglunyň häsiýetine belet Hudaýnazar aga işden ýadap gelenem bolsa howlukman gürrüň bermeli bolýardy.    
Wepa bolsa pökgüje dodaklaryny sallap, gözlerini geň galma bilen mölerderdi-de, gürrüň diňlärdi. Hudaýnazar aganyň berýän gürrüňleri özüniň, deň-duşlarynyň gyzykly başdangeçirmeleri hakdady. Hudaýnazar aganyň başdangeçirmeleriniň köpüsi bolan waka däldi. Olar Hudaýnazar aganyň hyýalydy, arzuwydy. Ýaşuly öz gürrüňleri bilen ogluny özüne imrindiripdi. Wepa kakasynyň gürrüňleriniň içinde ýaşaýardy. Onuň hem kakasy ýaly bolasy, köp-köp zatlary başdan geçiresi, öz deň-duşlaryny haýran galdyrasy gelýärdi. Ol her gün agşam diýen ýaly şol gürrüňdäkilere meňzeş gahrymançylygy başdan geçirerdi. Ertir  turup, başdan geçirmeleriniň düýşdügini aňyp, erbet gynanardy, esli salym oturyp, soňundan hem okamaga başlaýardy. Ol mekdepde erbedem okamaýardy. Ýöne tertip-düzgüniniň erbetdigi barada klas ýygnagynda-da, mekdepde bolýan ýygnakda-da, ilki bilen, Wepanyň adyny tutýardylar. Ol hemişe garagolluk edip ýörmese-de, köpleriň göwnüne ol mydam garagolluk edip ýören bezzatdy. Bu Wepanyň lapyny keç edýärdi. Ol özüniň gowudygyny hemmelere düşündiresi gelýärdi. Kämahal ol: «Men şu gün oňat boljak» diýip öz-özüne söz berýärdi. Ýöne şol gün onuňky käte tersine bolýardy. Ine, arada hem şeýle waka boldy. Ol gün Wepa mekdebe ir ýola düşdi. Ýol boýy hem beýleki okuwçylar gelýänçä sapaklaryna taýýarlyk görmegiň pikirini etdi. Klasa gelse, Jangeldi öz partasynda haýsydyr bir kitaby okap otyrdy. Ol Wepany sowuk-sala garşylap, ýene okamaga başlady. Jangeldiniň gözüni kitapdan aýyrman oturmagy Wepanyň gaharyny getirdi. Biri gelende onuň bilen ýerinden turup gadyrly salamlaşmaly, gürrüň etmeli dälmi näme? Ýa Jangeldi özüni köp okaýan edip görkezjek bolýarmyka? Belki ulumsylyk edýändir? Ýok, Jangeldi seniň munyň bolanok. Gel, ikimiz düşünişeli.
– Sen näme beýdip otyrsyň? – diýip, içki pikirini daşa çykaran Wepa Jangeldiniň öňündäki kitaby gahar bilen aldy-da, ony zyňyp goýberdi.
Kitap penjirä baryp uruldy. Aýna uly galmagal turzup döwüldi. Bu Wepanyň barja-ýokja keýpini uçurdy. Ol töweregine gorkuly göz aýlady. Hiç kimiň ýokdugyny gören soň agaran ýüzüni Jangeldä tarap öwürdi.
– Sen günäkär.
– Sen...
– Ýok, sen.
– Kitaby zyňan sen!
– A sen meniň gaharymy getirdiň.
– Men saňa hiç zat diýmedim.
– Hiç zat diýmänem gaharymy getirdiň-dä.
Jangeldi näme diýjegini bilmän biraz dymdy. Wepanyň sözleri onuň has-da gaharyny getiripdi. Gahardan ýaňa onuň dodaklary tirsildeşýärdi. Tutuş göwresine-de saňňyldy aralaşypdy. Ol sesini çykarman daşaryk çykyp gitdi. Esli salymdan hem zyňlan kitaby göterip geldi. Daşarda ol birneme özüni dürsän bolardy, indi öňküsi ýaly däldi.
– Ýeri, näderis?
– Nämäni?
– Şu bolan zatlary – diýip, Wepa howatyrlanma bilen Jangeldiniň ýüzüne seretdi. 
– Bilemok.
– Mugallym sorasa aýdarmyň?
– Hawa.
– Käýese nätjek?
– Ol tötänlikde boldy ahyryn.
– Şeý diýibem aýdarmyň?
Jangeldi baş atdy.
– Gorkaňokmy?
– Bilemok. Sen nä menden soraýaň? Aýnany döwen men däl-de, sen ahyryn.
– Oňa sen günäkär. Meniň bilen gepleşmediň.
– Men näme hökman seniň bilen gepleşmelimi?
– Bilýäňmi näme... – diýip, Wepa ýalbaryjy äheň bilen Jangeldä ýüzlendi. – Bu eden işimizi bilseler, bize käýärler, gel, şuny hiç kime aýtmaly. Bolýamy? Bolýa diýäýsene.
– Biz muny gizlesek...
– Baý, seniň gorkakdygyňy. Aý, bolýa, gorkýan bolsaň, mugallyma aýdaý. Men-ä boýun alman. Aýdaýsam hem Jangeldi döwdi diýerin.
Gürrüň şonuň bilenem gutardy. Klasa okuwçylar gelip başladylar.
Sapak başlananda mugallym aýnany kimiň döwendigini sorady. Ýöne hiç kimden ses çykmady. Wepa kimiň döwendigini biljek bolýan ýaly klasdaşlarynyň ýüzlerine seredip çykdy. Hemmäniň ýüzi soraglydy. Käbir okuwçylar bolsa Wepa şühbelenme bilen seredýärdi. Mugallym hem aram-aram Wepa tarap seredip goýberýärdi, ýöne açyk aýdyp bilenokdy. Onsoňam Wepanyň ýüzi aýna döwene meňzänokdy. Ol müýnürgemän ümsüm töweregine seredip otyrdy. Onuň bolup oturşy Wepa-ha döwmändir diýdirýärdi. Jangeldi weli rahatlyk tapanokdy. Gyzaran ýüzüni aşak salyp oturşyna, bir kitap okan bolýardy, birem depderini barlaşdyrýardy, mahal-mahal bolsa gözlerini alardyp Wepa seredýärdi. Arakesme bolan dessine Jangeldi Wepany bir gyra alyp çykdy. 
– Sen erbet oglan... – diýip, Jangeldi söze başlady.
– Dur, dur, men seniň näme diýjek bolýandygyňy bilýän. Ýaňy mugallym aýnany kimiň döwendigini soranda öz günäňi boýnuňa almady diýjek bolýansyň. Şeýlemi? Şeýle bolýan bolsa, bar kime aýdýan bolsaň aýt, meniň özüm-ä şony hiç kime aýtjak däl. Sen şugulçy, başga hiç zat däl – diýip, Wepa Jangeldä hem gezek bermän çalt-çalt gepledi. Soňundanam jogaba-da garaşman klasa girdi. Wepanyň oturyp göwni karar tapmady. Gaýtam, ümsüm oturdygy saýy Jangeldiniň bolşuna gahary geldi. 
Ol boş oturmazlyk üçin ikinji sagatda boljak türkmen dilinden okamaklygy pikir etdi. Sumkasyna elini sokdy. Ah, nätjek, Wepa kitabyny hem öýde galdyryp gaýdypdyr. Wepa daş-töweregine garanjaklady. Ýabanyň partasynyň üstüne «Türkmen dili» kitaby durdy. Wepa baryp kitaby aldy-da, onuň sahypalaryny agdaryşdyryp ugrady.
– Eý, eý, kitaba el degirme – diýip, Ýaban aňyrdan gaty-gaty ýöräp geldi.
– Men okajak. 
– Menem okajak.
– Sen soň okasaň hem bor. Men saňa häzir kitap berjek däl.
– Berersiň – diýip, Ýaban gaharlandy.
– Bermen.
Ýaban baryp zor bilen kitabyny almaga synanyşdy. Wepa kitaby elinde tutup durşuna, biraz yza çekildi-de, ony ýyrtmaga başlady. Kitabyň ýyrtylýandygyny gören Ýaban saklanyp bilmän özüni Wepanyň üstüne zyňdy. Wepa Ýabandan asgynlamady. Gaýtam aralaýançalar birki ýumruk artyk urmaga ýetişdi.
Gaýdyp Wepanyň hiç zat bilen seri bolmady. Tä okuw gutarýança ol partasynda dymyp oturdy.

* * *

klasda pionerlige kabul etmeklik barada ýygnak bolup geçdi. Bir Wepadan başga okuwçylaryň hemmesini pionere kabul etmek makullandy. Wepa gezek gelende weli hemmeler geplärmen boldy. Wepa barada geplemeli bolanda, baý, şowhunly bolşuny. Hemmeler çykyp geplemekçi, hemmeler Wepadan nalynmakçy. Aý, garaz, gepiň keltesi, onuň pioner bolmagyna hiç kim razy bolmady. Ýogsam: «Maňa tarapdar bardyr» diýen pikir bilen Wepa birnäçe gezek klasdaşlaryna seredip çykdy. Ýöne... Ilki bu zatlar onçakly täsir etmeýän ýalydy. Emma beýle däl eken. Ol muňa dabaraly pionerlige kabul ediliş güni has-da açyk göz ýetirdi. Ol ýerde Wepa özüne erk edip bilmedi. Ejizlik ony öz ygtyýaryna aldy-da, gözlerinden gözýaş döwmelerini akdyrdy durdy, akdyrdy durdy. Ýogsam ol ilki bu ýerik gelip duranda, ejizlemezligi, diňe perwaýsyz seredip durmaklygy özüne söz beripdi. Ýöne dabaradaky her bir hereket onuň agysyny getirmek üçin edilýän ýalydy. Dabarada beýle ýagdaýda durmagy Wepa gelşiksiz hasaplap, mekdebiň çolarak ýerine gitdi. Ol ýerde-de göwnüne aram tapman ýola düşdi. Ol ýöräp barşyna köwşüniň çürüje burny bilen dagaşyp ýatan daşlary gaharly depişdirýärdi we «Bary senden boldy, bary senden boldy» diýip, öz ýanyndan Jangeldä gaharlanýardy. Daş-töwerek ümsümlikdi. Diňe Wepanyň hork-hork edýän agy sesi bolaýmasa, näme üçindir, bu wagt guş-gumrylaryň sesleri-de eşidilmeýärdi. Wepa şol aglap barşyna birden tüýlek el egninden tutanda tisginip gitdi, hork-horkyny tapba kesip, ýüzüni aşak saldy. 
– Näme boldy, inim? Heý, seniň ýaly ýigidem aglarmy? – diýip, ýolagçy ondan sorady. Ýaňky dabarany ýatladygy saýy onuň agy haltasynyň agzy açylyberýän ýalydy. Şonuň üçinem onuň ýaňky dabarany ýatlasy gelmedi. Şeýle bolandan soň ses-üýnsüz öňe dyzady.
Ýolagçy ýagdaýa düşündimi-nämemi, Wepany saklajak bolup durmady. Şondan soň ýene-de agyly ýöriş başlandy...
Işden gelen Hudaýnazar aga oglunyň tukatdygyny gören dessine onuň pionerlige kabul edilmändigini aňdy. Ýöne ol özüni hiç zatdan bihabar ýaly alyp bardy, ogluna gyzykly gürrüňler berdi we agşamlykdan soň ony kino gitmäge yrdy.
Wepanyň kino bilen seri bolmady. Kino gyzykly hem bolsa, onuň bu wagt dabaradan öňki bolan klas ýygnagy göz öňünden aýrylanokdy. Şondaky pionerwožatynyň «Biziň guramamyzda bezzatlyga, ikilikçilige orun ýok» diýen sözleri ony oýlandyrýardy. Bu pikir basmarladygy saýy Wepanyň gözleri balkyldaýardy. Ol birdenem hamsykdy. Şeýle ýagdaýda gözýaş hötde geldirýärmi näme?
Şonuň üçin bolsa gerek, Wepanyň bu ýerde mundan artyk durasy gelmedi. Ol tarsa ýerinden turdy-da, gapa tarap gönükdi.
Oglunyň beýtmegi Hudaýnazar agany diýseň geňirgendirdi. Nämäň-nämedigine oňly düşünmän oglunyň yzyndan ugrady. 
– Ýeri, näme bolýar? – diýip, ol oglunyň ýüzüne çiňňerilip seretdi. – Şu gün saňa bir zad-a bolýar. 
Sorag jogapsyz galdy. Hudaýnazar aga näme diýjegini bilmeýän ýaly esli ýaýdanjyrap durdy-da, soňam oglunyň elinden tutup öýüne ugrady. Ýolboýy Wepanyň agysy, Hudaýnazar aganyň bolsa: «Seniň ýaly oglana aglamak aýyp bor» diýýän sözleri eşidildi durdy.
Şol günüň ertesi Wepa giç oýandy. Ol turanda kiçi jigisi Sapa howluda çägäniň üstünde öz oýny bilen başagaýdy. Wepa ýerinden turup, oýaly-ukuly ýagdaýda jigisiniň oýnaýan ýerine bardy. Sapanyň oýnaýşyna birazajyk seredip durdy-da, çägäniň üstünde birazajyk ýeri tekizleşdirip, «We» harpyny ýazdy.
– Haýsy harp?
– «B»-mi? Dur entek, häzir... – diýip, Sapajyk gümürtik jogap berdi.
– Ýatkeşligiň ugry ýok. Sen ikilikçi bolarsyň – diýip, Wepa ukuly gözlerini owkalaşdyryp durşuna aýtdy. – «We» harpyny hem bileňok. A men bolsa horlanyp saňa okamagy öwretjek bolup ýörün.
– Hä, hä, bildim. «We».
– Üçüň üstüne dördi goş.
– Ýedimi öz-ä?..
– Goýsan-aý, ol-a sekiz bolar.
– Sekiz bolar? Hä, hä, bildim, sekiz bolar.
– Hä, hä, hawa, hawa – diýip, Wepa jigisine ökündi we gaharyna jigisiniň ýaňagyna batly şarpyk çaldy.
– Sen şuny hem bileňok. Hemme zady pikirlenmän biljek bolýaň. Agzyňa haýsy söz gelse aýdyp otyrsyň. Ýedi bolýandygyny çak edýäň. Şonuň hakykatdan hem ýedi bolýandygyny bileňok.
Sapa hamsykdy. Wepanyň ýüzüne gahar bilen alarlyp seretdi. Ilki sessiz, soňundanam möňňürip aglamaga başlady.
– Maňa seniň öwredeniň gerek däl.
Wepanyň bar keýpi uçdy. Gaharlanandygyna ökündi. Nätjek, eýýäm boljak iş boldy. Hanha, Sapa aglap barýar.
Wepa ony köşeşdirmekçi boldy. Emma bary netijesiz. Şeýle bolansoň Wepa keýpsiz ertirlik edindi. Ertirlikden soň agşamky pikir edişi ýaly eline pil aldy-da, kakasynyň işleýän ýerine ugrady. Kakasyny tapmak oňa kyn düşmedi. Hudaýnazar aga oglunyň pil göterip gelýändigini görende «Ýaşlyk hyýallary» diýip myssa ýylgyrdy.
– Ýeri-how, pälwanym, ne hyýallara atlandyň?
– Kaka, men kömekleşmäge geldim.
– Kömekleşjek diýsene. Seniň şu sözüňem, kömekleşeniňçe bar. Sen arkaýyn oýnaber, pälwanym. Meniň işimiň kynçylygy ýok.
– Meniňem işläsim gelýär. Sen öýe gaýt, men işläýin.
– Oglum, sen daýhany hiç işsiz oturdyp bilmersiň. Işsiz daýhan suwsuz balyk ýalydyr. Daýhanyň keýpi işi bar wagtydyr, a işsiz wagty keýpsiz bolýandyr. 
Wepa kakasynyň ýanyndan lapykeç gaýtdy. Ejesi dagynyň ýanyna gelende bolsa, olar işlerini gutaryp, günortan arakesmä çykypdyrlar. Ejesi Wepanyň öňünden çykyp garşylady. 
– Näme boldy, ballym?
– Hiç zat.
– Onda näme üçin geldiň?
– Eje, meniň işläsim, gowy bolasym gelýär.
– Wah dilleriňe döneýin, janym – diýip, Ogulhally eje Wepany bagryna basdy.
– Eje, men saňa kömekleşjek. Bolýarmy?
– Ýok, oglum. Sen arkaýyn oýnaber. Wah, oglumyň edýän pikirini. Tüýs daýhan ogly-da. Oglum, bu ýerde eder ýaly iş ýok. Sen öýe bar-da, kitaplaryňy oka. Sapa okamagy öwret. A isleseň, bir halta ot getiräý.

* * *

Wepa bir halta oty sähel salymyň içinde getirdi. Öýde ol täze pikire hyýallandy. Ol kakasy dagy işden gelýänçä nahar taýýarlap goýmagy makul bildi: «Ýadap gelerler. Taýýar nahary görüp begenerler» diýip, ol öz pikirinden göwnühoş ýylgyrdy. Ol şol pikir bilen işe girişdi.
Ejesi işden geldi. Dogrudanam Ogulhally eje oglunyň nahar bişirendigini görende diýseň begendi we oglunyň ýaňagyndan taýly gezek ogşady.
– Meniň akyllyjam, seniň edýän pikirleriňe men geň galýan. Ýöne, oglum, sen gaýdyp nahar bişirjek bolma. Sen entek ýaş. Bolýamy? Ýok, ýok. Indi şeýtseň ýagşy görmen – diýip, Ogulhally eje çanaklara guýulyp goýlan naharlara seredip durşuna aýtdy. Şol wagt Hudaýnazar aga-da işden geldi. Nahar öňe alyndy. Entek naharyň eti-de, kartoşkasy-da bişmändi. Muňa gahary gelen Hudaýnazar aga:
– Ýuwulmadyk çemçe ýaly bolup, hemme ýere sokulyp ýörme – diýip, ogluna käýindi. Kakasyndan hoş söze garaşyp oturan Wepa üçin bu örän ýokuş degdi. Ol kakasynyň alaran gözlerine seredip hamsykdy. Ol esli oturdy-da, birdenem ýerinden turdy, gapa tarap ugrady. Ejesiniň saklajak bolup eden töwellasy gaýtam onuň agysyny getirdi. Ol gaty-gaty ýöräp ýola çykdy. Gaýralygyna uzalyp gidýän ýol bilen göni gitdi. Nirä barýandygyny bolsa onuň özi-de bilmeýärdi. Ol şol barşyna kolhoz bagynyň deňine ýetdi-de, baga sowuldy. Köp ýöremän ösgün çaýyrlygyň üstüne özüni goýberdi. Sum-sowukja çaýyrlyk onuň bedenini dygyrdatdy. Ol aglamasyny goýup, parhsyzlyk bilen asmana seredip ýatdy. Özüniň yhlas edip nahar bişirişi, kakasynyň gaharly keşbi onuň göz öňünden aýrylmady. 
Ol gözüni açanda ýatan ýeri bag däl-de, öz öýleridi. Wepa muňa diýseň geň galdy. 
– Nädip geldimkäm? – Ol şol pikir bilenem töweregine garanjaklady. Sapa uklap ýatyrdy.
– Sapa, tur, tur.
– Dur entek, häzir turjak.
– Men nädip geldim?
– Nirä?
– Öýe.
– Haçan? – diýip, ukudan oňly açylmadyk Sapa Wepanyň ýüzüne çiňerilip seretdi.
– Agşam.
– Ejem getirdi.
– Ejem?
– Hawa.
– Nädip?
– Göterip...
Şoldur-da, şoldur Wepanyň öňküligi bolmady. Öýünde onuň dostlaryna goşulyp gitmegi üçin sargyt baryny edýärdiler. Bary netijesizdi. Tukatlygy Wepanyň özi-de islemeýärdi. Ýöne nämedir bir zady ýetmeýän ýaly bolup durdy. Tertibiniň ýaramazdygy üçin Wepany tomusky dynç alyşda pioner lagerine gitmekden mahrum edipdiler.
Şonuň üçin bolsa gerek, ol gapyny ýuwaşja kakyp giren Jangeldiniň salamyny-da eşitmedi. Jangeldi onuň gapdalynda baryp oturdy. Köp oturmanam öňden birkemsiz taýýarlanan ýaly ýuwaşjadan gepe başlady. 
– Öňňün klas ýygnagyny geçirdik. Sen ondan aglap gaýtdyň. Şonda biz seniň bilen düşünişmekçidik. Olam bolmady. Şol aglap gaýdanyňda bizem birhili bolduk. Şondan soňam klas ýolbaşçymyz bilen pionerwožatymyz meni öz ýanlaryna çagyryp seniň bilen sapaklara taýýarlanmagy tabşyrdylar. Ýogsam sen her gün ikilik alýaň. 
Jangeldi Wepanyň pikirini bilmekçi bolýan ýaly, onuň ýüzüne soragly seretdi.
– Maňa öňki azaryňam ýeterlik. Indi azar berme.
– Gowusy sen hötjetligiňi goý, Wepa. Gel, ikimiz öňkümiz ýaly dost bolaly.
– Men hiç wagt şugulçy bilen dost bolman.
– Goý, biz dost däl ekenik. Ýöne biz okuwa bile taýynlanmaly.
– Juk.
– Mugallymyň tabşyrygy şeýle.
Wepa sesini çykarman öýünden çykyp gitdi...
Wepa Jangeldini ýatlatdy. Onuň yhlasly hereketleri Wepanyň göz öňünde birin-birin janlandy. Wepa özüni şol keşbiň öňünde müýnli duýdy. Näme üçindir, ol bu wagt ýanynda Jangeldiniň bolmagyny, gürleşip oturmagynyň isledi. Onuň bilen şu wagta çenli gürleşmän gezendigini geňirgendi. Soňam klasdaşlarynyň kanikuly pioner lagerinde geçirjekdiklerini, özüniň hiç ýere çykman öýde ýatmaly boljakdygyny ýatlady. Bu pikir ýadyna düşdügi saýy onuň has-da içi gysdy. Sesiniň ýetdiginden zowladyp gygyryberesi geldi. Şeýtse biraz köşeşäýjek ýalydy.
* * *

Wepany geň galdyran zat olaryň arasynda Ýaban bilen Begenjiň bolmagydy. Olar bilen Wepa gepleşmeýärdi ahyryn. Şonda-da olar bärde. Onsoňam olar Wepanyň ýüzüne nebsagyryjylyk bilen seredişlerini diýsene. Eger Ýaban ýa Begenç şeýle ýagdaýa düşen bolsalar, Wepa olaryň halyndan habar almaga bararmydy?
A belki olar Wepadan öýkelän däldirler? Ýo-ýok, olar öýkeläpdiler. Eger öýkelemedik bolsalar, ýygnakda beýle çykyş etmezdiler. Ýa biri «Wepanyň ýagdaýy erbet. Hökman siz onuň ýanyna baryň» diýip aýdaýdymyka? Aý, ýok, hiç kim aýdan däldir. Bularyň ir bilen topar bolup gelişlerini görsene. Bu wakany beýle tiz eşidişleri-de geň. Aý, öz-ä kimem bolsa biri ir bilen bu barada aýtmaga ýetişipdir.
Wepa minnetdarlyk bilen klasdaşlaryna seretdi. Birdenem ol özüne seredip oturan Oguljumany görende gözlerine ynanmajak boldy. Ol Oguljuma bilen gepleşmeýärdi ahyryn. Wah, Wepa gepleşjekdi, a Oguljumanyň özi gepleşmeýärdi. Bolan zat üýtgeşigem däldi-le. Ýönekeýje bir zatdy. Ýöne Oguljuma şonuň üçin gepleşmän torsarylyp ýördi.
Bir gün matematikadan barlag işi alyndy. Göräýmäge berlen mysallar kyn däl ýalydy. Şeýle-de bolsa Oguljuma töweregine garanjaklap klasdaşlaryndan haraý gözleýärdi. Ol ahyr öňünde oturan Ýabanyň arkasyna dürtüp nämedir bir zatlar pyşyrdady. Köp wagt geçmänkä hem Ýaban kagyza mysallar işläp Oguljuma berdi. Nämedir bir zatlary ýazyp oturan mugallym muny duýman galdy. Ýöne birden garaşylmadyk waka ýüze çykdy. Wepa ýerinden tarsa turdy-da, Oguljumanyň ýanyna bardy, onuň öňündäki kagyzy garsydyp alyp, ony ýyrtym-ýyrtym etdi. Bu hereket hemmäni geň galdyrdy. Nämäniň-nämedigine hiç kim oňly düşünmedi. 
– Näme boldy? – diýip, mugallym bir Wepanyň, birem Oguljumanyň ýüzüne soragly seretdi.
Wepa sesini çykarmady. Eger näme üçin şeýdendigini aýdaýsa, onda onuň şugulçy boldugydy. Ýöne Ýabanyň ýerinden turup, bolan zatlary bolşy ýaly gürrüň bermegi gümürtikligi hemmeler üçin aýdyňlaşdyrdy. Şondan bäri Oguljuma Wepanyň ýüzüne-de seretmeýärdi. Wepanyň iki gezek dagy salamyny-da boş galdyrypdy. Şeýle bolandan soň Wepa-da onuň bilen gepleşjek bolup dyzap durmady. Gaýtam oňa pete-pet gabat geläýen ýerinde-de, gapdalda gyzykly oýun görkezilýän ýaly gapdalyna sereden bolup geçerdi. A näme üçindir bu gün bolsa Oguljuma-da Wepanyň ýagdaýyny soramaga gelipdir. Gel, sen muňa näme diýjek?
Ýok, kim bolsa-da bulary biri getiripdir. Ýogsam kim gelse-de, Oguljuma-ha gelmezdi. Onsoňam onuň häzir ýüzi öýkeläne hem meňzänok.
Ynha-da Jangeldi. Ol öňe saýlanyp, Wepa soragly seredip otyr. 
– Ýeri, nähili? – diýip, ol Wepanyň elinden tutdy.
Hemmeleriň özüne seredýändigini görüp, Wepa birhili hamsykdy. Tolgunmadanmy, nämemi, gözlerine ýaş aýlandy. Ýöne ol bu ýagdaýy klasdaşlaryna duýdurmazlyk üçin gaýta-gaýta ýuwdundy. 
– Erbet agyrýarmy? – diýip, Oguljuma Wepanyň ýüzüne haýpygelijilik bilen seretdi.
– Aý, ýok. Bildirenogam.
– Sen aldaýaň. Agyrýandyr. Men sargyňy täzeläp bereýinmi?
– Ýok, ýok, sen başarmarsyň. Onuň üçin dugtar bolmaly. Sen, näme, dugtarmy?
Bu sözler Oguljuma diýseň ýokuş degdi:
– Sen näme beý diýýäň? Sargy täzelemegiň näme kynçylygy bar. Arada ejemiň elini pyçak kesdi. Şonda hem ony men sarap berdim. Her günem sargyny täzeleýärin. Ejem-ä meniň sargy täzeleýşimi halaýar. Ol maňa: «Sen ulalsaň, dugtar bolarsyň» diýýär.
– Hawa, hawa – diýip, Ýaban Oguljumanyň sözüni makullady. 
– Aýak elden uly. Seniň sargysyny täzeläniň bolsa el. Ony menem başarýan. A bu bolsa aýak. Ganam köp akdy. Suwuň içem gan boldy, ondan çykyp oturan ýerimem. Jangeldi sen gördüň-ä. Onsoňam dugtar: «Men gelýänçäm, sargysyny täzelemäň» diýdi.
– Öň şeý diýip, aýdaýmaly ekeniň-dä – diýip, Oguljuma gahar bilen gyzlaryň arasyna baryp oturdy.
– Sen sähel zat üçinem öýkeleýäň – diýip, Wepa Oguljumanyň ýüzüne naýynjar seretdi.
Ara esli dymyşlyk düşdi. Hiç kim gürlemeýärdi. Gelenler Wepanyň ýüzüne seredişýärdiler. Bu Wepany aljyradýardy. Ol nirä seretjegini bilmeýärdi. Göwünli- göwünsiz bir potologa seredýärdi, birem diwardan asylyp goýlan sagada.
– Nämäniň pikirini edýäň?! – diýip, esli dymyşlykdan soň Jangeldi Wepa ýüzlendi.
– Hiç zadyň.
– Onda nä dymýaň? 
– Men-ä dymamok. Ýöne siz dymýaňyz.
– Biz näme – diýip, Jangeldi çalaja ýylgyrdy – Ýagdaýyňy gördük. Onçakly erbet däl. Biz ýene geler durarys. Ine, saňa kitabam getirdik. Oka. Gowy kitaplar...
– Näme siz gaýdýaňyzmy?
– Nirä?
– Lagere.
– Ýok.
– Gitjek diýýärdiňiz-ä?
– Biz birinji aý gitmämizi goýbolsun etdik.
– Näme üçin? 
– Biz seniň bilen bile gitmekçi.
– Aý, siz gidiberseňizläň – diýip, Wepa sandyrawuk ses bilen gepledi.
– Biz eýýäm bir aýlap edere iş tapdyk. Geçen agşam Allaguly bagbana duşduk? Sen gutulýançaň biz oňa kömekleşmekçi.
– ...?
– Üzüm ýygmaly.
Şol günden soň birnäçe gün geçdi. Her geçen günem Wepanyň barha içini gysdyrdy. Onuň öýde ýatasy gelenokdy. Her gün klasdaşlary gelip durlar. Ýöne olaram hemişe ýanyňy alyp duranoklar. Birki sagat otursalar, soň gitmek bilen bolýarlar. Hany, onsoň galan wagtlaryňy nätjek? Kitapmy? Olam uzynly gün okalsa, ýadadýar. Gözüň alny garaňkyrap, kelläň sämäp ugraýar. Asyl şondan soň okan zatlaryň kelläňe-de girenok. Kitabyň ýüzüne seredip oturansyň weli, pikiriň başga ýerdedir, ýa kelläň güwläp durandyr. Onsoň gözüňi mölerdip ýatybermeseň, başga etjek alajyň ýok. Ýatsaňam, şo-ol köne heň. Içiň gysyp alyp barýar. Daşary çykasyň gelýär. A aýagyň şeýdip durka daşary çykar ýalymy näme? Ýogsam etjegimi bilýän-le. Göni Jangeldi dagynyň ýanyna gitjek. Kömekleşjek. Ah, özüň ýaman bolsaň, edýän işiň hem oňmaz eken. Jangeldini gör. Onuňky hemişe şowuna. Sebäbi ol gowy oglan. Men onuň bilenem oňuşman gezdim. Aýagym şeýle bolan güni ol, gör, nähili alada etdi. Dogrusy, onuň bolup ýörşüni görüp, oňa özümiňem nebsim agyrdy. Görýän weli ol agşam hem ýatmandyr öýdýän. Ertir gelenlerinde onuň gözleri gyzaryp durdy. Göwnüme bolmasa, şol gün olary Jangeldi alyp geläýen ýaly. Gör, şonda Ýabanam, Begenjem geldi. Oguljuma kiçijik weli, ýene aýagyň sargysyny täzeläp bereýin diýýär. Keselhana git, ol ýerde gowy serederler diýýär. Wah, beý diýip kakam dagy hem köp aýtdy-la. Maşynam alyp geldi. Näme üçindir, öýde ýatanymy gowy görýän. 
Şeýle oý-pikirlere gümra bolan Wepanyň has-da içi gysýardy. Ol ýatan ýerinden zöwwe-zöwwe galyp oturýardy. Onuň bar arzuwy Allaguly bagbanyň bagyna barmakdy. Eger şol ýere baraýsa, onuň başga hiç hili arzuwy galmajak ýalydy. Ol ýerde Jangeldi dagy bardyr. Olar häzir näme iş edýärkäler? Belki oturandyrlar? Ýok, üzüm ýygýandyrlar. Näme üçin men olar ýaly bolup bilemok? Belki hiç kime goşulman ýeke gezip ýörendigimdendir? Olar-a hemişe bile. Bir iş etjek bolsalar-da maslahatlaşyp edýärler. Ýöne men olara hiç goşulşyp bilemok. Ýok, indi beýtmen, olar bilen hemişe bile bolaryn. Olardan gaçyp ýörmek nämäňe gerekdi diýsene. Ah, bu pikirleri, gutarman şol uzap dur, uzap dur. Ol oturyp karar tapmady-da, ýuwaşjadan hetjikläp gapa bardy. Hiç kim ýok. Hudaýnazar aga-da, Ogulhally eje-de işe gidipdir. Sapa-da ýok. Olam bir ýere giden bolarly. Öň-ä howluda oýnar ýörerdi. Sapa-da uly güýmenje boljak weli, oňunam gaçgyny Wepa. Wepa daş işikde esli durdy. Soňam howlynyň derwezesine tarap ugrady. Aýagy diýseň agyrýardy. Aýagyň sähelçejik gyşyk basylmagy, ýa-da aşagynda kiçijik daşjagazlaryň bolmagy-da awundyryp, ýürege sanjylýardy. Wepa her hetjiklände, agaran ýüzüni çytyp zordan çydaýardy, köp wagtlap aýagyň awusy ýitişýänçä durýardy. Onsoňam, köp ýatandygy üçinmi, ýa aýagyň agyrysy sebäplimi, onuň başy aýlanýardy. Birhili ysgynsyzlyk ony gaplapdy. 
Ýol onçakly ýakynam däldi. Onda-da Wepanyň ýörişi bilen. Şeýle-de bolsa Wepanyň yza dolanasy gelenokdy. Ol hetjiklemesini dowam etdirýärdi. Onuň göz öňünde klasdaşlary üzüm ýygýardy. Olar Wepanyň gözlerine şeýle bir eziz bolup görünýärdiler. Klasdaşlaryny birin-birin gujaklap, öz minnetdarlygyny aýan etmek isleýärdi. Özüniň çäksiz bagtlydygyny aýdasy gelýärdi. Bu-da ony baga tarap çekip barýardy. Ýöne onuň ýüz metr dagy ýol geçmegi bilen has-da ysgyny gaçdy. Ol ýoluň gyrasyndaky tümmegiň üstüne baryp oturdy. Oturybam janyna rahatlyk tapmady. Tizräk baga ýetmek isledi. Ýerinden turup ýene ýola düşdi.
Üznüksiz hetjiklemeler ony ahyr baga ýakynlaşdyrdy. Baga seredip, biraz dynjyny aldy-da, ýene hetjikläp ugrady. Birdenem özüne tarap ylgap gelýän klasdaşlaryny görüp sakga saklandy. Ysgynsyzlygy aýrylan ýaly boldy. Agyrysyny unutdy we ylgap gelýänlere tarap ýylgyrjaklap ýöremesini dowam etdirdi...

1975 ý.

Osman ÖDÄÝEW.

Категория: Powestler | Просмотров: 548 | Добавил: Нawеran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Powestler bölümiň başga makalalary

Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024
Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024
Taraşa / powest - 01.02.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024
Baga bagşy / powest - 06.03.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]