09:51

«Göwündäki gündelik» ýatlamalar kitabyndan

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 414 | Добавил: Bagabat | Теги: Gurbannazar Orazgulyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Bagabat  
43
Hajy agaň (Hajy Kakalyýewiň) on alty ýaşy dolup, on ýedisine girende, 1967-nji ýylda ýazan goşgusy şu salgyda ýerleşýär: http://kitapcy.com/news/on_yedimin_bahary/2018-08-22-2028

Ine şo aýdym-goşgy:

On ýedimiň bahary

Geldiň, bahar, durmuşa jan getirdiň,
Giň asmandan dökýäň tylla-merjeni.
On altymdan on ýedime ýetirdiň.
Hiç unudyp bilmen asyl men seni.

Hawa, seni gördüm on alty gezek.
Emma on ýedimiň bahar-ýazyny,
Aýdym ýaly gursagymda göterip,
Dutar alyp çalaryn oň sazyny.

On ýedi ýaşymda gül açan bahar,
Maňa giň durmuşyň şa ýolun açdyň,
Deňiz bolup joşýan gül ýaşlygyma
Baky gülgüzarly nuruňy saçdyň.

Sagbol eziz bahar, sagbol geregim,
Ýyldan ýyla saňa alkyş sözlärin,
Urmasyn goýýança meniň ýüregim,
Giň durmuşa gadam basan baharym,
On ýedimiň baharyny gözlärin.

0
2 Bagabat  
43
Göwnüme bolmasa, Hajy agaň bu aýdymyna, Annaberdi agaň (Annaberdi Agabaýewiň) 1982-nji ýylda ýazylan, şu meşhur ýürekgopduryjy aýdymam äheňdeş-mukamdaş ýaly bolup dur:

Älemgoşar

Ýene gökde älemgoşar doguldy,-
Gagyldaşyp gazlar geçdi üstümden.
Ýene başym, başym aşak egildi,
Çykabilmän ýatlamalaň astyndan...

Biri ýaşyl, biri sary, biri ak,-
Älemgoşar ýaşlygymyň ýoly sen!
Görüpdiň sen bizi munda ikiçäk,
Şol dilberiň toý lybasy ýaly sen.

Geçip barýar aýlar, ýyllar, gyş, ýazlar,
Ýene bahar sepeleýär çagbasyn...
Haýsy ýana alyp gitdi ak gazlar
Ganatynda şol dildaryň nagmasyn.

Bilmen, bu gün bu çal sepen başyma
Ak gazlaryň ak ýelegi gaçdymy?
Ýanyp köýen gursagyma-döşüme
Ýene köne söýgiň közi düşdümi?!

...Ýene gökde älemgoşar doguldy,
Doguldy-da eräp gitdi gözümde,
Ap-ak gazlaň hatarlary bozuldy,
Söýgi galdy bu dünýäniň ýüzünde!

Biri sary, biri ýaşyl, biri ak,
Älemgoşar, şol söýgimiň ýoly sen!
Ýürek bagta ýeke pursat uçanda
Şo ýürekde dogan aýdym dämi sen?!

Maglumat üçin aýdylanda, Annaberdi aga, şu şygryny ýazanda 34 ýaşynda ekeni (Ol 1938-nji ýylyň 20-nji maýynda doglan).

0
3 Bagabat  
43
Iki aýdymyň arasynda 15 ýyl ýatyr. Ýazylanyna-da onlarça ýyllar öten. Ýöne ikisiniňem täsiri häzirem ýiti. Megerem, çyn poeziýa, çyn söz şunuň ýaly bolýan bolsa gerek.
Hemişe täze, hemişe ýiti, hemişe güýçli...

0
4 Garayolly1936  
830
Iki dilde cykan,, Yashlyk"jurnaly gaty gowydy. Her ayynyñka sabyrsyzlyk bilen garashyardym. Indi olar yaly ozune cekiji eserleri ayma-ay cap edyan jurnallar yok.,, Sowet edebiyaty"jurnalynda, gor, nahili roman-powestler cap edilyardi.

0
5 Елена_Прекрасная  
462
Şynyñ hemme yazan makalalary şobir makala. Diñe kim hakynda ýazylan bolsa at pamilýasyny üytgedäymeli. Galany şobir zat. Şo bolşuna da sahypa sahypa tutup çykýar bi. Gonorary kändirdä. Menä dolulygyna okabam bilemak

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]