23:06 Gözellik | |
GÖZELLIK
Goşgular
Görüň, agtyjagma aýak bitipdir, Akja diş görünýär ýylgyran wagty, Gözleriň garasy mähre batypdyr, Dünýäniň ýaşajyk şitil-daragty. Öz dilinde bir zat diýip gürleýär, Lak ataýsak gollaryny galgadyp, Şindi päkje, aldanmany bilmeýär, Bilenok ol ýalňyşlarny düzedip. Gözüm gidýär onuň täsin bolşuna, Onki süňňi durşy bilen çagalyk, Deň-je gülýän jykyr-jykyr gülşüne, Bolýar eken beýle ajap sadalyk. Aglasa-da özi bilmän aglaýar, Biz onuň keşgine-azarna gurban, Didelerni balkyldadyp garaýar, Biz onuň intizar nazarna gurban. Zeminiň bar ýagşylygy arzuwmyz, Kalbyň gözel-özüň gözel bol balam, Siziň barlygyňyz-biziň barlygmyz, Ozan, bagşy bolup ile dol balam. | |
|
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||