MAZMUNY
Giriş
§1. Al-Farabynyň ömri we döredijiligi
§2. Al-Farabynyň dünýägaraýşynyň mazmuny
§3. Al-Farabynyň jemgyýet baradaky garaýyşlary
§4. Al-Farabynyň ylma goşan goşandy
§5. Al-Farabynyň döreden saz nazaryýeti
Jemleme
Peýdalanylan edebiýatlaryň sanawy
GIRIŞ
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
“Jemgyýeti ösdürmegiň kuwwatly hereketlendiriji güýji hökmünde ylym ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär, berkarar Watanymyzyň dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagynda esasy şertleriň biri bolup durýar ” diýip belläp geçýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda jemgyýetçilik işjeňliginiň esasy görnüşleriniň biri hökmünde çykyş edýän ylmy işjeňlik, häzirki Berkararlyk we bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň tutuş jemgyýetçilik ösüşiniň esasy iterijisi hökmünde häsiýetlendirilýär.
Türkmen ylmy diňe bir häzirki döwürde däl-de, eýsem, ýurdumyzda ylmy-medeni ösüşiň ençeme asyrlyk haýallamagyna getiren mongol basybalyşlaryndan öň hem ýokary depginlerde ösüpdir. Sebäbi “Gündogaryň Renessansy” diýlip atlandyrylýan şol döwürlerde, Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly: “Türkmenistan belli alymlaryň, beýik akyldarlaryň we meşhur şahyrlaryň watany bolupdyr ”.
Birnäçe oňyn şertleriň täsir etmeginiň netijesinde, türkmen halkynyň taryhy ýurdy, bary-ýogy birnäçe asyryň dowamynda, ylmyň, medeniýetiň hem ösüşiň merkezine – Gündogaryň Galkynyş eýýamynyň (Renessansynyň) ýüze çykan we amala aşýan ülkesine öwrülýär. Türkmenistanyň çägindäki şäherlerde köp sanly metjitler, medreseler, kitaphanalar gurulýar. Merw, Gürgenç (Köneürgenç) ýaly, ilatynyň sany milliondan agýan uly şäherlerde bolsa, “Ylym öýleri” (Ylymlar akademiýalary), obserwatoriýalar esaslandyrylýar. Merwde müňlerçe kitaplar saklanylýan 10 sany kitaphana döredilýär. Ylma, medeni ösüşe hemmetaraplaýyn goldaw berilmeginiň netijesinde-de, Muhammet ibn Musa al-Horezmi, Abu Nasyr Muhammet ibn al-Faraby, Abu reýhan Muhammet al-Biruny, Abu Aly Hüseýin ibn Abdallah ibn Sina, Kyýaseddin Abulfath Omar ibn Ybraýym Nişapuri (Omar Haýýam), Fahr ed-din ar-Razy, Abu Mansur Abdurahman al-Hazyny, Abu Sahyt as-Samany, Abulkasym Mahmyt ibn Omar ibn Ahmet az-Zamahşary, Ýusup Balasugunly ýaly dünýä belli alymlar, Ebulkasym Ferdöwsi, Seýit Ymameddin Nesimi, Nyzamy Genjewi, Merwezi, Unsury, Enweri, Rudaky, Saady, Ýunus Emre, Jelaleddin Rumy, Abdyrahman Jamy, Garajaoglan ýaly şahyrlar, Abu Seýit Fazlylla Ahmet bin Muhammet bin Ybraýym (Mäne baba), Saragt baba, Hoja Ahmet Ýasawy, Hoja Ýusup Hemedany, Mahmyt Gazaly ýaly dünýä belli dini-pelsepeçi alymlar, Mahmyt Gaznaly, Togrul beg, Çagry beg, Alp-Arslan ýaly serkerdeler, Nyzam al-Mülk, Hojam al-Mülk ýaly meşhur syýasatçylar, guran beýik binalarynyň şan-şöhraty häzirki döwre çenli dowam edip gelýän binagärler, orta asyrlarda sadranç (küşt) oýny boýunça dünýäniň çempiony bolan, asly saragtly as-Suly ýaly ençeme görnükli şahslar döreýärler.
Gündogaryň beýik pelsepeçileriniň biri Mahmyt Zamahşary, özüniň „Ýagşyzadalaryň bahary” atly kitabynda, Muhammet pygamberiň sahabalarynyň biri Mugaz ibn Jebel ibn Amr ibn Ews Ensary Abu Abdyrahmanyň Muhammet pygamberiň ylym baradaky hadysyny şu görnüşde beýan edipdir: „Ylym öwreniň. Ylym öwrenmek gowulykdyr. Ylym ýolunda bolmak ybadatdyr. Ylym hakda pikir alyşmak ybadatdyr. Ylymda bir meseläni çözmek jahatdyr. Bilmeýäne öwretmek sadakadyr. Mynasyp bolana ylym öwretmek Alla ýakynlykdyr.
Biliň, ylym jennet mekanlaryna barýan ýoldur. Ylym ýalňyzlykda ýoldaşdyr. Mysapyrlykda dostdur. Ýalňyz çagyň syrdaşdyr. Gizlin zatlara delildir. Darlykda kömekçidir. Dostlaryň ýanynda bezegdir. Duşmanlara garşy ýaragdyr. Allatagala milletleri ylym bilen beýgeldýär. Olary gowulyklary ýaýmakda ýolbaşçy eder, dolandyryjy eder. Alymlaryň eserlerinden peýdalanarlar. Işlerine uýarlar.
Perişdeler ylym eýeleriniň dostlukly gatnaşyklaryna uly üns berýärler. Olary ganatlary bilen penalaýarlar.
Ylym eýelerine deňizdäki ähli balyklar, ýer ýüzündäki guşlar, suw we gury ýer jandarlary, öý haýwanlary baş eger.
Sebäbi ylym kalplary nadanlykdan halas eden nur, gözleri garaňkylykdan halas eden aýdyňlykdyr. Bedenleri ejizlikden halas eden güýçdür.
Bende ylym bilen salyh kişileriň derejesine ýetýär. Alladan gorkýanlaryň toparyna goşulýar. Dünýäde we ahyretde belent derejelere ýetýär.
Ylym pikirlenmekdir, ol orazanyň sogaby ýalydyr. Ylym barada pikir alyşmak namazyň ýerine geçýändir. Dogan-garyndaşlara ylym üsti bilen gowuşýarlar. Halal-haram işler ylym bilen ölçenýär.
Ylym ýolbeletdir, beýleki işler hem oňa tabyndyr. Ylym bagtly bendelere berler, günäkär gullar ondan mahrumdyr ”.
Yslam dininde ylma mukaddeslik hökmünde garalmagynyň netijesinde, bellenip geçilişi ýaly, irki orta asyrlardan tä mongollaryň çozuşlaryna çenli Türkmenistanyň çäginde ýerleşen Merw, Gürgenç (Köneürgenç), Amul (Türkmenabat), Zemmi (Atamyrat), Nusaý, Dehistan, Serahs (Saragt), Mehne (Mäne), Abywert (Änew) ýaly ençeme şäherlerde, ylym görlüp-eşidilmedik derejede ösüpdir. Şol döwürlerde mekdepleriň, metjitleriň we medreseleriň ylym-bilimleriň ýaýrmagynda we ösmeginde ägirt uly ähmiýeti bolupdyr. Sebäpli diňe bir, yslam dininiň ýörelgeleridir-ynançlaryny özleri üçin esasy başlangyç hökmünde ykrar eden meşhur alymlaryň aglaba köpüsi metjitlerde, medreselerde ýaşamak hem zähmet çekmek bilen çäklenmän, eýsem, islendik ylymlaryň we bilimleriň hazynasy bolan kitaphanalaryň hem aglaba köpüsi metjitleriň ýanynda ýerleşipdir. Mysal üçin: bellenip geçilişi ýaly, orta asyrlarda, Merw şäherinde 10 sany ägirt uly kitaphana bolupdyr. Olardan ikisi, 12.000 jilt kitap saklanýan Aziziýýe we Kemaliýýe kitaphanalary şäheriň baş metjidiniň ýanynda ýerleşipdirler. Iki sany kitaphana Samanylar mekdebine, biri wezir Mej-al-Mülke degişli bolupdyr. Galan kitaphanalaryň ählisi medreselerde we hanakalarda jemlenipdir.
Türkmen halkynyň gadym döwürden dowam edip gelýän kitapşynaslyk hünäriniň taryhçysy, meşhur professor Almaz Ýazberdiýew bolsa, Merwde ýerleşen 13 sany kitaphananyň atlaryny hem beýan edýär. Ol kitaphanalar şulardyr: Amidiýýe, Nizamiýýe, Aziziýýe, Kemaliýýe, Hatyniýýe, Dumaýriýýe, Zamiriýýe, şeýle hem Neref al-Mülküň, Mej-al-Mülküň, Şihab ed-din as-Samanynyň, Abu Bekr as-Samanynyň, Abu Aly Hasan al-Merweziniň, Mehdi Yragyň kitaphanalary. Ondan başga-da taryhda, Merw oazisiniň beýleki şäherleriniň, Serahsyň, Mehnäniň (Mänäniň) kitaphanalary barada-da maglumatlar saklanyp galypdyr. Hatda Sasany şalarynyň iň soňkusy Ýezdigerd III-niň (b.e. 632-652-nji ýyllary) hem, Merwiň kitaphanalaryna pehlewi dilinde ýazylan golýazmalaryň müňden gowragyny getirendigi hakynda maglumatlar bar. Merwiň kitaphanalarynda saklanýan seýrek kitaplar bilen tanyşmak üçin ýöriteläp Arap Halypalygynyň hökümdary Harun ar-Raşid hem gelipdir. Arap geografy al-Istahri öz eserinde: „Merwden Halypalygyň serkerdeleriniň, Yragyň döwlet gullukçylarynyň, Horasanyň häkimleriniň, şeýle hem görnükli hukukşynaslaryň we dilçileriň aglaba köpüsi çykdy...Ol adamlar özleriniň üýtgeşik zehinleri hem bilimleri bilen tapawutlanýardylar. Barzuý atly lukman ähli pars lukmanlaryndan, Barbut atly sazanda bolsa aýdym-saz bilen meşgullanýanlaryň ählisinden ökdediler” diýip ýazypdyr.
IX asyryň başynda, Abbasylar nesilşalygyndan bolan Harun ar-Raşidiň ogly Abul-Abbas Abdullah ibn Harun al-Mamun (786-833) Horasanyň dikmesi bolan döwründe, Merwde „Paýhaslar öýüni” (arapça بيت الحكمة Beýt-el-Hikma) – Ylymlar akademiýasyny gurdurypdyr. Soňra onuň ogly, halypa Mamun ibn Mamun bolsa XI asyrda, gadymy Gürgenç şäherinde (häzirki wagtda „Kyrkmolla ” galasynyň galyndylarynyň ýerleşýän ýerinde) „Paýhaslar öýüni” esaslandyrypdyr. Gürgençdäki „Paýhaslar öýünde” Abu Reýhan Biruni, Abu Ali ibn Sina ýaly dünýä belli alymlar okap, bilim alypdyrlar.
Şunuň ýaly, ylmyň güýçli ösen döwründe, umumadamzat ösüşine täsir edýän ägirt uly işleri bitiren akyldarlaryň arasynda-da, Abu Nasyr Al-Farabynyň ýerine ýetiren ylmy işleri özleriniň ägirtliligi we ähimýetliligi bilen tapawutlanýarlar. Bu gysgaça nutuk hem, pelsepe (filosofiýa) ylmynyň ösmegine juda uly täsir eden işleri üçin „Gündogaryň Arsitoteli”, „Ikinji mugallym” tahalluslaryna mynasyp bolan beýik dana hem alym Al-Farabynyň ömrüne we döredijiligine gysgaça syn bermek maksady bilen, şeýle hem onuň dünýägaraýşynyň mazmunyny we emele geliş çeşmelerini seljermek üçin taýýarlanyldy.
§1. AL-FARABYNYŇ ÖMRI WE DÖREDIJILIGI
Abu Nasyr al-Faraby (doly ady, Abu Nasyr Muhammet ibn Muhammet ibn Tarhan ibn Uzlag al-Faraby at-Türki) 870-nji ýylda, häzirki Gazagystanyň Günortasynda, Syrderýanyň boýundaky Farap (Otrar) şäherinde, oguz-garlyk taýpasyndan bolan harby serkerdäniň maşgalasynda eneden bolupdyr. Abu Nasyr Al-Faraby 20 ýaşa ýetýänçä Otrarda ýaşap, bilim-terbiýe alypdyr. Soňra Faraby Gündogaryň belli medeni merkezlerinde – Samarkantda, Buharada, Merwde, Damaskda, Bagdatda okap öz bilimini çuňlaşdyrypdyr. Ol 40 ýaşynda 910-njy ýylda Bagdada barypdyr.
Ol Bagdatda bolanda, oňa Abu Başar Matta atly alym grek dilini öwredipdir, belli lukman Ýuhanna ibn Haýlan oňa lukmançylyk (medisina) we mantyk (logika) ylymlaryndan sapak beripdir. Al-Faraby 160-dan gowrak ylmy işi miras goýupdyr. Ol eserler onuň ýaşan döwründäki ylmyň ähli pudaklaryny diýen ýaly öz içine alypdyr. Tebigat bilimleri, matematika, filosofiýa, logika, lukmançylyk, syýasatşynaşlyk, psihologiýa, estetika, etika, saz sungaty we ş.m.-ler. Al-Faraby bu ugurlaryň hemmesine degişli ylmy eserleri ýazypdyr. Ol gadymy grek ensiklopediýaçy alymy Aristoteliň esasy eserlerini grekçeden arap diline terjime edip, olara düşündirişler ýazypdyr. Öz döwründe Aristotele „birinji mugallym” diýipdirler. Al-Faraba bolsa „Gündogaryň Aristoteli” ýa-da „Ikinji mugallym” diýip at beripdirler.
Al-Farabynyň Bagdatda bolan döwründe ýurduň syýasy we medeni durmuşynda pese düşmeklik başlanypdyr. Erkin pikirli alymlary yzarlamak güýçlenipdir. 922-nji ýylda erkana pikirli akyldar Mansur ibn Hallaç Bagdadyň merkezi meýdançasynda jezalandyrylyp öldürlipdir. Mukaffy, Nazzam, Rawandy, Razy, Kindi ýaly görnükli alymlaryň kitaplary köpçuligiň gözüniň alnynda ýakylypdyr. Akyldar Bagdatdan Damaska gitmäge mejbur bolupdyr. Damaskda ol şäheriň çetinde bir bagda gündizlerine garawul bolup, agşamlaryna bolsa şemiň ýagtysyna ylmy eserlerini ýazypdyr diýen rowaýat bar. Belli özbek alymy W.Zahydow Damaskda bir syýa çüýşe bilen bir bulgur meý onuň ýalňyz hossary bolupdyr diýip belleýär. „Men birinjiniň kömegi bilen-ä öz pikirimi beýän edýän, ikinjiniň kömegi bilen bolsa tukatlykdan dynýan” diýip Faraby gürrüň berýär ekeni .
Al-Faraby Aristoteliň eserlerine düşündirişler ýazmak arkaly, gadymy dünýäniň bu beýik ensiklopedik alymynyň ylmy pikirlerini gündogaryň ylmy jemgyýetçiligi üçin elýeterli edipdir. Al-Farabynyň bu baradaky hyzmatyna beýik ibn Sina özüniň „Ömürnamasynda” şeýle baha berýär: „Men Aristoteliň „Metafizika” atly kitabyny okadym, emma hiç zada düşünmedim... Men bu kitaby näçe sapar täzeden elime alyp, ony ýat tutýançam okasam-da, ozalkym ýaly hiç zada düşünmedim...Günleriň birinde kitap satylýan bazaryň içinden barýarkam, satyjy gygyryp, bir kitaby öwüp duran ekeni... Men ony üç dirheme satyn aldym. Görsem, bu kitap Abu Nasyr Farabynyň „Metafizikanyň tezisleri” atly kitaby ekeni. Men öýe howlukdym, gelibem, ony okap başladym. Bu kitabyň (Aristoteliň „Metafizikasynyň”) esasy gapylary meniň öňümde açyldy we hemme düşünmesi kyn zatlar düşnükli boldy. Bu ýagdaýa men begendim...”
Belli özbek filosofy M.M. Haýrullaew Al-Farabynyň eserlerini mazmuny boýunça, ýedi sany uly topara bölýär:
Akyldaryň filosofiýanyň umumy meselelerine degişli eserleri birinji topary düzýär. „Meseleleriň düýp mazmuny”, „Kanunlar hakynda kitap”, „Älem hereketiniň hemişeligi hakynda kitap”, „Substansiýa”, „Eflatunyň (Platonyň) we Arastunyň (Aristoteliň) filosofiýasynyň birligi hakynda”... ýaly eserlerde barlygyň esasy kanunlary hem-de barlyk baradaky esasy kategoriýalar gözden geçirilýär.
Ikinji topara degişli eserlerde adamyň akyl ýetiriş ukyby, akyl ýetirişiň formalary, basgançaklary, usullary seljerilýär. Bu topara „Paýhasyň manysy hakynda”, „Paýhas we düşünje”, „Logika giriş kitaby”, „Ruh hakynda”, „Ruhuň gudraty hakynda” ýaly eserleri goşmak bolar.
Ylymlary toparlara bölmek, filosofiýanyň ylym ulgamyndaky orny baradaky eserler üçünji topary emele getirýär. „Ylymlary kesgitlemek we toparlara bölmek”, „Filosofiýanyň manysy hakyndaky kitap”, „Filosofiýany öwrenmezden ozal nämeleri bilmelidigi hakyndaky kitap” we ençeme beýleki eserler üçünji topara degişlidir.
Matematika degişli eserler dördünji topary düzýär. Arifmetika, geometriýa we saz sungaty hakynda Farabynyň „Möçber we san hakyndaky kitap”, „Astrologiýanyň dogry we nädogry düzümleri hakyndaky kitap”, „Saz hakda uly kitap” we beýleki işlerini görkezmek bolar. Pifagordan soňra saz sungaty hakyndaky eserler matematika ylymlary toparyna goşulypdyr, sebäbi saz teoriýasy matematika esaslanypdyr.
Bäşinji topara fizika, himiýa, optika, lukmançylyk, biologiýa degişli eserler girýär. Al-Farabynyň „Fizikanyň esaslary hakynda”, „Boşluk hakynda”, „Adamyň synalary hakynda”, „Haýwanlaryň synalary hakynda” atly eserleri şu topara degişlidir.
Akyldaryň dilşynaslyk, dilewarlyk sungaty, şahyrana döredijilik, kalligrafiýa (hatdatlyk sungaty) barada ýazan eserleri altynjy topary düzýär. Faraby bu barada „Goşgy we ritorika hakynda kitap”, „Hatdatlyk sungaty barada kitap”, „Sözlükler barada” we ençeme beýleki eserleri miras goýupdyr.
Jemgyýetçilik durmuşynyň, döwleti dolandyrmagyň, terbiýeçilik işlerinini alyp barmagyň meselelerine, ahlak kadalaryna, adalatlylyk jemgyýetini gurmagyň ýollaryna hem Al-Faraby uly üns beripdir. Onuň bu meselelere bagyşlanan eserleri ýedinji topary emele getirýär. Onuň „Raýatlyk syýasaty”, „Syýasat hakynda”, „Ýagşylyklaryň şäherinde ýaşaýanlaryň garaýyşlary hakynda”, „Arzuwly şäherde ýaşaýanlaryň garaýyşlary hakynda” „Bagt gazanmak”, „Bagtlylyga alyp barýan ýollar hakynda”, „Uruş we parahatçylyk dürmuşy hakda kitap” ýaly işleri öz döwründe jemgyýetçilik – syýasy pikiriň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr.
§2. AL-FARABYNYŇ DÜNÝÄGARAÝŞYNYŇ MAZMUNY
Al-Faraby ylym baradaky eserlerinde dünýä, onuň hadysalaryna, predmetlerine, kanunlaryna akyl ýetirmekde ylmyň esasy serişde bolup, adamlaryň, jemgyýetiň öňünde ýüze çykýan meseleleri çözmekde esasy ýörelge, esasy gollanma bolup hyzmat edýändigini görkezmäge çalşypdyr. Onuň pikirine görä, ylmyň netijeli bolmagynyň üç sany möhüm şerti bar:
• Ylmy barlagyň anyk maksady, anyk temasy bolmaly;
• Ylym dogry maglumatlary, dogry faktlary peýdalanmaly;
• Ylym subutnamalara daýanmaly.
Beýik akyldar ylmyň, alymlaryň abraýyny ýokary götermäge çalşypdyr. Al-Faraby ylym bilen meşgullanjak adamyň päk ýüregi, şöhratparazlykdan we gopbamlykdan arassa beýik maksatlary bolmalydyr diýip, hasap edipdir.
Özüniň filosofik garaýyşlarynda Al-Faraby Aristoteliň filosofik däplerini dowam etdiriji, baýlaşdyryjy, ösdüriji hökmünde çykyş edýär. Oňa Gündogar peripatetizminiň (aristotelizminiň) düýbüni tutujy diýilmegi, ýöne ýerden däldir. Filosofiýanyň esasy ontologik meselesini ol naturalistik panteizm ruhunda gözden geçirýär we çözýär.
Al-Farabynyň pikirine görä, tebigaty hem, jemgyýeti hem Alla ýaradypdyr. Soňra Hudaý öz ýaradan tebigat we jemgyýet hadysalaryna birleşýär, siňýär. Maddy dünýä hem Hudaýyň özi ýaly bakydyr. Dünýä baky bolsa, onda materiýa we forma hem bakydyr. Çünki, dünýä materiýa bilen formanyň bir bütewiligidir diýip, ol hasap edipdir . Аkyldaryň garaýşyna görä, dünýäde hemme zat üýtgeýär, ösýär. Dünýäniň hereket etdiriji güýji, onuň öz içindedir, ol güýç tebigy determinizm, tebigy sebäplilikdir. Elbetde, Al-Faraby Hudaýa ynanypdyr. Ýöne onuň dini garaýyşlary özboluşly häsiýetlidir.
Al-Farabynyň filosofik garaýyşlarynyň üç sany möhüm alamaty bar:
1. Dünýäniň ebedilikdigini ykrar etmek;
2. Dünýädäki özgerişlerde tebigy determinizmi esaslandyrmak;
3. Dünýä akyl ýetirmekde rasionalizm ýörelgesinden ugur almak, adam paýhasynyň möhüm ähmiýetini nygtap bellemek .
Al-Farabynyň adamyň älem, jemgyýet we öz ruhy dünýäsi bilen aragatnaşygy hakyndaky garaýyşlaryny şu aşakdaky ýaly çyzgynyň kömegi bilen has anyk beýan etmek mümkin:
§3. AL-FARABYNYŇ JEMGYÝET BARADAKY GARAÝYŞLARY
Jemgyýetçilik ylymlary çygrynda Al-Farabynyň esasy bitiren hyzmaty, onuň jemgyýetçilik ýaşaýşynyň häsiýetli aýratynlyklary we düzüm gurluşy barada anyk esaslandyrylan taglymaty döredendiginden, şeýle hem jemgyýeti edara etmek bilen bagly soraglary ylmyň özbaşdak bir pudagy hökmünde beýan edendiginden ybaratdyr. Al-Farabynyň bu ugurdan ýazan iň esasy ylmy işi, onuň 948-nji ýylda Müsürde ýazan „Ýagşylyklaryň şäherinde ýaşaýanlaryň garaýyşlary hakynda” kitaby bolup durýar. Bu kitapda Al-Faraby şu aşakdaky soraglary seljerýär:
- jemgyýetçilik durmuşy baradaky ylmyň predmeti we wezipeleri;
- jemgyýetçilik birleşmeleriniň gelip çykyşy we görnüşleri;
- döwletiň wezipeleri, onuň häsiýetli aýratynlyklary we döwlet dolandyryşynyň görnüşleri;
- adamyň jemgyýetdäki orny we borçlary, ýaşlary ahlak we akyl-paýhas taýdan terbiýelemek bilen bagly soraglar;
- jemgyýetçilik instituty hökmünde döwletiň öňünde durýan ahyrky wezipe hem-de ählumumy abadançylygy üpjün etmegiň usullary we ş.m.
Görkezilen eserinde, şeýle hem Al-Farabynyň „Raýatlyk syýasaty”, „Syýasat hakynda”, „Ýagşylyklaryň şäherinde ýaşaýanlaryň garaýyşlary hakynda”, „Arzuwly şäherde ýaşaýanlaryň garaýyşlary hakynda”, „Bagt gazanmak”, „Bagtlylyga alyp barýan ýollar hakynda”, „Uruş we parahatçylyk dürmuşy hakda kitap” ýaly işlerinde, ýokarda beýan edilen soraglar aýratynlykda alnan şäher-döwletiň gurluşynyň mysalynda has çintgelip öwrenilýär.
Al-Farabynyň pikirine görä, jemgyýetçilik ylymlaryna şu aşakdakylar degişli bolup durýar:
• syýasat ylmy (al-medeniýýe);
• hukuk öwreniş ylmy (fikh);
• musulman ylahyýet ylmy (kelam).
Jemgyýeti dolandyrmagyň sungaty bolsa, diňe bir jemgyýeti edara etmegiň umumy kanunlaryny bilmekden başga-da, dolandyryşy amala aşyrmakda babatda tejribäniň bolmagyny hem talap edýär. Şu iki düzüm böleginiň utgaşmagy jemgyýeti dolandyrýan ulgamyň (adamyň, häkimiýetiň) jemgyýetde bolup geçýän hadysalara baglylykda özgermäge ukyply we kuwwatly bolmagyny üpjün edýär. Şeýle hem Al-Farabynyň pikirine görä, jemgyýet adamlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we olaryň kämilleşmeklerini üpjün etmek üçin hereket edýär .
Al-Faraby jemgyýetçilik ösüşiniň esasynda gymmatlyklaryň ulgamy durýar diýip hasaplap, şu pikirinden ugur almak bilenem, adamlaryň bilelikde ýaşamaklaryny şu aşakdaky görnüşlere bölýär:
1. Nadanlygyň şäheri – onuň ýaşaýjylary hiç haçan hakyky bagtyň nämedigini bilmeýärler, şonuň üçinem bagta, abadançylyga tarap ymtylmaýarlar. Şeýle şäheriň ýaşaýjylary „beden saglygyny, baýlygy, lezzeti, öz hyjuwlaryny gandyrmaga erkin mümkinçilikleriniň bolmagyny, şan-şöhraty we belent derejeleri” bagt hem abadançylyk diýip hasap edýärler. Nadan şäheriň şu aşakdaky görnüşleri bolýar:
Zerurlygyň şäheri – onuň ýaşaýjylary diňe diri galmak bilen bagly gündelik zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga ymtylýarlar;
Alyş-çalşyň şäheri – onuň ýaşaýjylary üçin baýlyk gazanmak durmuşyň manysy bolup çykyş edýär;
Pesligiň we Betbagtlygyň şäheri – onuň ýaşaýjylary ähli gadaganlyklary ret edip, diňe lezzet almak üçin ýaşaýarlar;
Şöhratparazlygyň şäheri – onuň ýaşaýjylary diňe şan-şöhrata we özleriniň ykrar edilmeklerine ymtylýarlar;
Häkimiýetparazlygyň şäheri – onuň ýaşaýjylary üçin häkimiýete ýetmek, özgeleri ýeňmek we olary özüňe tabyn etmek durmuşyň manysy bolup durýar;
Tenparazlygyň şäheri – onuň ýaşaýjylary ähli ahlak kadalaryny inkär edip, diňe bozuklykda ýaşaýarlar.
2. Ahlaksyzlyk şäheri – onuň ýaşaýjylary hakyky bagtyň we ýagşy gylyklaryň nämedigini bilýärler, ýöne özlerini alyp baranlarynda şol zatlary bilmeýän ýaly, Nadanlygyň şäheriniň ýaşaýjylaryna çalymdaş hereket edýärler;
3. Üýtgäp duran şäher – öň Ýagşylyk şäheri bolupdyr, ýöne soň dürli sebäplere görä üýtgäpdir;
4. Azaşan şäher – onuň ýaşaýjylary ölenlerinden soň hakyky bagta ýeteris diýen umytda ýaşaýarlar;
5. Ýagşylyklaryň şäheri – onuň ýaşaýjylary biri-birine ýardam bermek arkaly hakyky bagta ýetmek maksady bilen ýaşaýarlar. Ol şäherde asudalyk, abadançylyk höküm sürýär.
Al-Farabynyň pikirine görä, diňe Ýagşylyklaryň şäherleriniň geljegi bolup, şolar dowam ederler. Şäherleriň galan görnüşleri bolsa öz-özlerinden dargap, ýeriň ýüzünden ýom-ýok bolup giderler. Şonuň ýaly-da Al-Faraby: „Eger-de Zeminde ýaşaýan halklar ählumumy bagta we abadnçylyga ýetmek üçin birek-birege goldaw berip başlasalar tutuş ýeriň ýüzi ýagşylyga beslener” diýip belläpdir.
Al-Faraby ylmy işlerinde jemgyýeti dolandyrmagyň üç sany mümkin bolan görnüşiniň bardygyny nygtaýar:
1. Ýekehäkimiýetlilik (monarhiýa );
2. Adamlaryň kiçi toparynyň dolandyrmagy (oligarhiýa );
3. Halk tarapyndan saýlanan has mynasyp adamyň dolandyrmagy (wekilçilikli demokratiýa ).
Şol bir wagtda-da Al-Faraby esasy zat jemgyýeti dolandyrmagyň daşky görnüşi däl-de, onuň akyl-paýhasa tabynlygy has wajyp diýip hasaplapdyr. Al-Farabynyň pikirine görä, Ýagşylyklaryň şäheriniň häkimi (ýolbaşçysy) saglyk, ýiti akyl, ynsap, ylymlylyk we sypaýylyk ýaly, ähli zerur ýagşy gylyklaryň eýesi bolmalydyr.
§4. AL-FARABYNYŇ YLMA GOŞAN GOŞANDY
Abu Nasyr al-Faraby özüniň „Ylymlary kesgitlemek we toparlara bölmek” baradaky işinde ylymlary bäş topara bölýär. Olar şu aşakdakylardyr:
1. Dil hakyndaky ylym;
2. Logika we onuň bölümleri;
3. Matematika. Ol alty bölüme bölünýär:
• Arifmetika:
• Geometriýa;
• Optika;
• Ýyldyzlar hakda ylym (astronomiýa);
• Saz hakyndaky ylym;
• Agramlar hakda ylym (mehanika).
4. Tebigy bilimler (fizika we onuň bölümleri) we metafizika;
5. Şäheri dolandyryş hakyndaky ylym ýa-da syýasy ylym hem-de kelam.
Ylymlaryň şol toparlarynyň hemmesinden diýen ýaly-da onuň özi ençeme düýpli eserleri döredipdir. Häzirki döwre onuň ýerine ýetiren ylmy işleriniň aglaba köpüsi gelip ýetmedigem bolsa, şu günki günüň ylmyna beýik akyldaryň ylmyň dürli ugurlary boýunça taýýarlan işleriniň ençemesi bellidir. Al-Farabynyň häzirki zaman ylmyna mälim bolan eserleri barada şulary bellemek bolar.
Al-Faraby „Meseleleriň düýp mazmuny”, „Kanunlar hakynda kitap”, „Älem hereketiniň hemişeligi hakynda kitap”, „Substansiýa”, „Eflatunyň (Platonyň) we Arastunyň (Aristoteliň) filosofiýasynyň birligi hakynda”, „Ylymlary kesgitlemek we toparlara bölmek”, „Filosofiýanyň manysy hakyndaky kitap”, „Filosofiýany öwrenmezden ozal nämeleri bilmelidigi hakyndaky kitap” atly filosofiýa eserlerini, „Paýhasyň manysy hakynda”, „Paýhas we düşünje”, „Logika giriş kitaby”, „Ruh hakynda”, „Ruhuň gudraty hakynda” atly mantyk (logika) we filosofiýa eserlerini, „Möçber we san hakyndaky kitap”, „Astrologiýanyň dogry we nädogry düzümleri hakyndaky kitap”, „Saz hakda uly kitap” ýaly saz, matematika, geometriýa ylymlaryna bagyşlanan eserlerini, „Fizikanyň esaslary hakynda”, „Boşluk hakynda”, „Adamyň synalary hakynda”, „Haýwanlaryň synalary hakynda” atly fizika, himiýa, optika, lukmançylyk, biologiýa degişli eserlerini, „Goşgy we ritorika hakynda kitap”, „Hatdatlyk sungaty barada kitap”, „Sözlükler barada” atly dilşynaslyk, dilewarlyk sungaty, şahyrana döredijilik, kalligrafiýa (hatdatlyk sungaty) barada eserleri, „Raýatlyk syýasaty”, „Syýasat hakynda”, „Arzuwly şäherde ýaşaýanlaryň garaýyşlary hakynda”, „Bagt gazanmak”, „Bagtlylyga alyp barýan ýollar hakynda”, „Uruş we parahatçylyk durmuşy hakda kitap” atly syýasy-hukuk häsiýetli eserleri ýazypdyr.
§5. AL-FARABYNYŇ DÖREDEN SAZ NAZARYÝETI
Al-Farabynyň sazçylyk ylmynyň nazaryýetini kämilleşdirmekde amala aşyran işleriniň hem örän wajyp ähmiýeti bardyr. Ol „Saz hakda uly kitap” atly ylmy işinde sazy iki görnüşe bölýär:
• nazary saz;
• durmuşy saz ýa-da sazyň tejribesi.
Sazyň şunuň ýaly görnüşlere bölmekleri Al-Faraby özüniň saza bolan garaýşyna laýyklykda amala aşyrýar. Al-Farabynyň pikirine görä, haçan-da ol saz jümlesini düzmekden, ony beýan etmekden, şeýle hem şol jümläni hemmetaraplaýyn işläp, ýöne ony beýan etmän, oňa daşky şekil bermekden ybarat bolanda, sungat saza öwrülýär. Al-Faraby bu iki hereketiň käbir ýagdaýlarda ikisini-de, ýöne köplenç diňe birinjisini, sazyň tejribesi ýa-da durmuşy saz diýip atlandyrýar. Al-Faraby adamyň eşidiş ukybynyň saz jümlelerini saýgarmaga, oňat heňi erbet heňden, sazlaşyklyk owazy bulam-bujar mukamdan tapawutlandyrmaga bolan ukybyny sungat diýip hasaplamaýar. Ol ynsanyň bu ukybyny nazary sazyň bir görnüşi, has takygy, sazyň nazaryýeti diýip ykrar edipdir. Şonuň bilen birlikde-de, Al-Faraby kompozitoryň, saz eserini döredijiniň ukybyny, sazy ýerine ýetirijiniň, ýagny sazandanyň ýa-da bagşynyň (aýdymçynyň) ukybyndan tapawutlandyrýar we sazy döretmäge bolan ukyby has möhüm diýip belleýär. Sebäbi sazy döretmek ony ýerine ýetirmeklige garanyňda tebigatda we wagtda başlangyç şert bolup durýar.
Sazyň tebigatyny şeýle çuňňur öwrenmekligi hem Al-Farabynyň gyjaga çalymdaş täze bir saz guralyny oýlap tapmagyna hem-de onda dürli mukamlary ussatlyk bilen ýerine ýetirmegine getiripdir.
JEMLEME
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halky tarapyndan döwlet baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden başlap, türkmen jemgyýeti medeni-ylmy ösüşiň täze, ýokary derejesine gadam basdy. “Häzirki döwürde ylma daýanmazdan, islendik döwletiň durnukly öňe gitmegini we hemmetaraplaýyn gülläp ösmegini gazanmak, sözüň doly manysyndaky ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek asla mümkin däldir ” diýip belleýän Milli Liderimiziň bu çygyrda amala aşyrýan umumydöwlet ähmiýetli işleriniň täsiri bilen türkmen ylmy we medeniýeti günsaýyn pajarlap ösýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy döredildi we Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen onuň tertipnamasy tassyklandy .
Şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy ýylyň 12-nji iýunynda kabul eden „Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň meseleleri hakynda” 10458 belgili karary bilen ,öňki atlary üýtgedilip, Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty, Merkezi ylmy kitaphana, „Ylym” neşirýaty, „Ylym” çaphanasy, Taryh instituty, Derman ösümlikleri instituty, Himiýa instituty, Arheologiýa we etnografiýa instituty, Milli golýazmalar instituty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garamagyna berildi.
Görkezilenler bilen birlikde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly başlangyçlary bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk instituty, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty, „Türkmengaz“ döwlet konserniniň Nebit we gaz instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty ýaly ençeme ylmy-barlag we ýokary bilim edaralary döredildi.
Milli ylym ulgamynyň ösdürilmegine şunuň ýaly uly ähmiýet berilýän şu ajaýyp döwürde, Al-Faraby, Al-Horezmi, Al-Biruny, Ibn-Sina, As-Samany ýaly bütindünýa ylmynyň ösüşine ägirt uly goşant goşan alymlaryň işleriniň hem hemmetaraplaýyn we çuňňur öwrenilmeginiň örän wajyp ähmiýeti bardyr. Şu nukdaýnazardan hem, görnükli alym hem filosof Abu Nasyr Al-Farabynyň ömrüni we döredijiligini gysgaça seljermeklige bagyşlanan bu nutuk hem, belli bir derejede bu ugurdan has düýpli, has çuň ylmy barlaglaryň amala aşyrylmagynyň zerurlygyna ünsi çeker diýip tama edýäris.
Orta asyrlarda Türkmenistanyň çäginde ýaşan we zähmet çeken alymlaryň işleriniň öwrenilmeginiň we dowam etdirilmeginiň, häzirki döwürde milli ylym ulgamynyň ösüşinde möhüm ähmiýetiniň bardygyny Hormatly Prezidentimiziň: „Şemseddin Merwezi, Al-Horezmi, Biruni, Omar Haýýam we orta asyrlaryň beyleki alymlary öz ömürleriniň köp bölegini astronomiýa ylmyna bagyş edipdirler. Biz hem bu beýik alymlaryň başlan işlerini häzirki döwürde üstünlikli we mynasyp dowam etmelidiris ” diýen, çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan sözleri-de aýdyň açyp görkezýär.
PEÝDALANYLAN EDEBIÝATLARYŇ SANAWY:
1. Gurbanguly Berdimuhammedow. “Garaşsyzlyga guwanmak, watany, halky söýmek bagtdyr” Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2007;
2. Gurbanguly Berdimuhamedow. Parahatçylyk, döredijilik, progress syỳasatynyň dabaralanmasy. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirỳat gullugy, 2007;
3. Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ỳurdy. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirỳat gullugy, 2007;
4. Gurbanguly Berdimuhammedow. Döwlet adam üçindir. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirỳat gullugy, 2007;
5. Gurbanguly Berdimuhamedow. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. 2-nji tom. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirỳat gullugy, 2009;
6. Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda eden çykyşy (Aşgabat, 2012-nji ýylyň 12-nji iýuny) // “Türkmenistan” gazeti, 2012-nji ýylyň 13-nji iýuny;
7. “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany. Aşgabat, 2009-njy ýylyň 12-nji iýuny. № PP-5364;
8. “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tertipnamasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary. Aşgabat, 2009-njy ýylyň 07-nji awgusty. № 10570;
9. Mahmyt Zamahşary. Ýagşyzadalaryň bahary. IV jilt. A.: Türkmenistanyň milli medeniýet „Miras” merkezi, 2004;
10. Goçyýew T., Ataýew S. Beýik Galkynyş zamanasynyň hukuk ideologiýasy we medeniýeti. Aşgabat: Altyn Asyryň ykdysadyýeti, 2010. №5;
11. T.Goçyýew, S.Ataýew, A.Çaryýew. Nika, maşgala we kanun. Okuw-usuly gollanma. A.: Ylym, 2010;
12. Ý.Nuryýew, S.Ataýew, A.Çaryýew. Döwletiň we hukugyň nazaryýeti. Okuw gollanmasy. Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2011;
13. Ý.Nuryýew, S.Ataýew, A.Çaryýew, B.Orazdurdyýewa. Türkmenis-tanyň konstitusiýa hukugy. Okuw kitaby. A.: TDNG, 2012;
14. Аль-Фараби. Философские трактаты. Алма-Ата, 1970;
15. Захидов В. Три титана. Ташкент, 1972;
16. Лунин Б.В. Библиографический указатель советской литературы об Абу Насре аль-Фараби и изданий текстов его произведений в СССР// Обществ, науки в Узбекиста-не.1973. №6;
17. Адам Мец. Мусульманский Ренессанс. Москва: Наука, 1973;
18. Гафуров Б., Касымжанов А.. Аль-Фараби в истории культуры. -М.: Наука, 1975;
19. Абдурасулов А.А. Социальная утопия Фараби и ее роль в развитии общественно-политической мысли. -Автореф. диc. канд. фил. наук. Ташкент,1975;
20. Чалоян В.К., Восток-Запад: Преемственность в философии античного и средневекового общества. 2-е изд., испр. и доп. – М.: Наука, 1979;
21. Терновский В. ,ИБН СИНА (980-1037). -М. :Наука, 1980;
22. Хайруллаев М.М.. Абу Наср aль-Фараби. М., 1982;
23. Гегель Г.В.Ф.. Философия права. Москва, 1990;
24. Большая электронная юридическая энциклопедия. Москва, 2001.
|