13:11

Gyz haty

GYZ HATY

Men saňa ynandym halu-syrymny,
Göwnüni nur basan gerçekdir diýip,
Güýz gussasy tutanynda serimni,
Nämälim alysdan geljekdir diýip.

Sen agaryp gelýän aladaňdanym,
Men bir göç, göçmäge nesibi çeken.
Ýyllary ýaglyk deý başa daňýaryn,
Ýöne olar kem-kem agralýar eken.

Ýok, diýmerin ýyllar göwnüm galdyrdy,
Biz ýöne kän mahal bilmedik görşüp,
Nämüçindir damagymy doldurdy
Solan ýapraklaryň sowrulyp ýörşi.

Üşän ýeller gapymyza direne,
Maral sürsi ýaly yza gitdiler.
Bizi hemra diýip birek-birege,
Ahyr ulus-iller güman etdiler.

Akarlar towlanyp, durlanyp owaz,
Ýazyň ysy urar gider tenlere.
Hanalar çekiler, telwaslar sowar
Uçan guşum aýdym bilen gelmese.

Men saňa ynandym gyzgyn demimi,
Howasy arassa gerçekdir diýip.
Bir ýerlerde serip galsam elimi,
Özgelerden ilki geljekdir diýip...

Ýene seni ýada salyp erikler,
Başa gülli ýaglygyny orandy.
Bilmen, senden öwrenipmi-görüpmi,
Elni suwa sokup otyr toraňňy.

Baglar gijelere syçradyp ýagty,
Ýaşyl tütün bolanynda heserden,
Erik güllänini dünýäniň bagty
Hemem öz myradyň saýar gezerdiň.

Wysal bilen gitdiň,
Dälibaş dünýe
Ýaşyl gaýnawynda gaýnap duranda,
"Bagtly bol!" diýýän dek ýylgyryp tümler,
Ýaplar dile gelip, saýrap duranda.

Adamyň birgeňsi häsiýeti bar,
Ýazyksyz bir zada öwrülip käte,
Mähri siňen adamlary ýatlaýar,
Birwagt gören düýşi düşýän deý ýada.

Bu baharda ýene seni ýatlaýan,
Güllän agaç deýin,
Günäsiz gül deý.
Gije sansyz şemlerini otlaýar,
Gündizi geýinýär bu dogduk ülke.

Seniň bagtlydygňa ynanjym hakdyr,
Ony siller almaz, ýyldyrym urmaz.
Men bu gün yşk edip bahara bakdym,
Başymy sypady:
"Boýnuňy burma!"

Ine, onsoň şuny ýüregim syzdy,
Sen bagtly bolmanam bilermiň heý-de!
Ýogsa bu toraňňy aýdym aýtmazdy,
Ýogsa bu erikler çogmazdy beýle.

Mämmetnazar BABANAZAROW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 443 | Добавил: Мylayym | Теги: Mämmetnazar Babanazarow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Bagbanym / Goşgular - 06.01.2023
Измена суженой / Goşgular - 20.01.2023
«Когда б могла душа на миг с себя стряхнуть…» / Goşgular - 08.01.2023
«Ветер звонок, ветер нищ…» / Goşgular - 14.01.2023
«За какую ж вину и беду…» / Goşgular - 18.01.2023
Январь – алмаз / Goşgular - 19.01.2023
«Прими, прими, святый Евгений…» / Goşgular - 21.01.2023
Звезда полей / Goşgular - 02.02.2023
«Сжала руки под тёмной вуалью…» / Goşgular - 08.01.2023
Песня / Goşgular - 08.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]