07:14

Hoşlaşyk

HOŞLAŞYK

Zordan daň atypdy — Gün ýaşdy birden,
Zordanjyk gelipdim — ýene-de gidýän,
Ýaňja öpuşmäge ýetişdik zordan,
Eýýämden hoşlaşyk sözün eşidýän,
Ömrüm, janym, tenim, eziz aýalym,
Taňrym saňa pena bersin ylaýym!

Lira ýerne gylyç aldym goluma,
Ýaňja-da şahyrdym, indi men soldat,
Altyn ýyldyz ýerne meniň ýoluma
Ýagty saçýar howsalaly harasat.
Ömrüm, janym, tenim, eziz aýalym.
Taňrym sana pena bersin ylaýym!

Ýok, men şöhrat uçin düşemok ýola,
Şöhrat gözlämok men üşbu dünýäde,
Maňlaýymda lawr wenogy bile
Bagt gülleri orun tapmaz birbada!
Ömrüm, janym, tenim, eziz aýalym,
Taňrym saňa pena bersin ylaýym!

Gidemok men şöhrat üçin, şan üçin,
Bireýýäm unutdym ony hemişe.
Ganym dökjek Watan — mähriban üçin,
Ine, şonuň üçin çykdym söweşe!
Ömrüm, janym, tenim, eziz aýalym,
Taňrym saňa pena bersin ylaýym!

Göreşýärkäm Watan üçin, seň üçin,
«Meniň hakda oýlan!» diýmen saňa men.
Men seni tanaýan, tanaýan içgin,
Birje pikiriň bar, ol hem diňe men!
Ömrüm, janym, tenim, eziz aýalym,
Taňrym sana pena bersin ylaýym!

Maýyp-müjrüp bolup gelerin, belki,
Şonda-da söýersiň, söýersiň meni.
Söýjegiňe Hudaý şaýatdyr ilki,
Söýmäge beripdi berende Seni.
Ömrüm, janym, tenim, eziz aýalym,
Taňrym saňa pena bersin ylaýym!

■ Aý, ne sebäpden?..

Ne sebäpden penjirämden höwesli
Seredýärsiň, Aý?
Durmuşym düýbünden öňkisi ýaly
Däldir göwnejaý.

Ozallar sen penjirämiň deňinden
Maňa bakaňda
- Ýanyp-bişip ýören aşyk - diýerdiň
Meniň hakymda.

Görýärdiň sen eşret bilen hasratyň
Söweş edişin,
Şatlygyň muşakgat bilen göreşde
Ýeňşe gidişin.

Ozallar şeýledi, hany indem bir
Synag edäli:
Görersiz ýüzümde sowuk keşbiňi,
Gözgüde ýaly.

Ýüzüm gara gyş dek gagşap durandyr
Görseň sen indi.
Şol mazaryň üstündäki daş ýaly
Sowuk men indi.

Şandor PETÝOFI,
wenger şahyry.

Terjime eden Kerim GURBANNEPESOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 491 | Добавил: Мylayym | Теги: Şandor Petýofi | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Goşgularym! / Goşgular - 06.01.2023
«Нет, правды не оспаривай…» / Goşgular - 08.02.2023
Ýitirdim! / Goşgular - 30.01.2023
Песня / Goşgular - 08.02.2023
Северная берёза / Goşgular - 15.01.2023
Сон весталки / Goşgular - 13.02.2023
"Näme bolsa, ýene bolsun şonçarak..." / Goşgular - 19.01.2023
"Gara syýa bilen ýazyldy..." / Goşgular - 03.01.2023
Эмигрант / Goşgular - 09.02.2023
Men indi gidýärin / Goşgular - 15.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]