21:59 Iş syýahaty | |
IŞ SYÝAHATY.
Indi ýagdaý bütinleý üýtgedi. Dünýäniň çar ýany bilen gatnaşyk açylýar. Hatda bir-iki sany daşary ýurt dilini bileniňem ýeterlik hasap edilenok. Biziň hususy şereketimiz daşary ýurt gurallaryny, enjamlaryny almak, gurnamak, işletmek bilen meşgul bolansoň, işe kabul edilýän ýaşlardan ilkinji talap, aýratynlyk, olaryň daşary ýurt dillerini bilmekleri. Biziň ýaly könemýwrit adamlara edere iýem galanok onsoň. Ýaňy işe alan işgärimiziň ady kagyz ýüzünde Jora-da bolsa, deň-duşlary oňa Žorž diýip ýüzlenýärler. Zaňňar daşary ýurt dilleriniň üçüsini-dördüsini dagy bilär eken. Iki-üç esasy dili bilseň, beýlekilerini öwrenmek jorap söken ýaly aňsat diýýär şol-a... Soňky satyn alan enjamlarymyzy gurnamakda düşnüksiz, çylşyrymly meseleler ýüze çykansoň, gurallaryň öndürilen ýerine, daşary ýurda Jorany bir hepdelik iş saparyna ýollamagy karar etdik. --Kagyz-petekler, daşary ýurt puly hasap bölüminde. Soň sowal çykmaz ýaly hemme zady ilik-düwme öwrenip gel. Soňra „wah“ diýmäli. Eger enjamlaryň işläp duran ýeri bar bolsa, ýaltanma-da onam gidip gör. Gümmi-sümmi zat galmasyn-da, garaz... – diýip, başlyk ýaş hünärmene sargyt baryny etdi. –Göni „Gold haus“ oteline bar.Misis Matilda bardyr. Şoňa, ine, şu wizitkany ber. Meni gowy tanaýandyr. Onuň özi myhmanhanada ýerleşdirer. Şu sowgadam gowşuraý. Ol biziň ülkämiziň näzi-nygmatlarynyň çüýşä salnan tagymyny gowy bilýändir. Bir hepdelik iş sparyna giden Jora üç günden yzyna dolanyp geläýdi. „Başarjaň, how, şular“ diýdim-ä men. Kyn tabşyrygy gysga wagtda „daş eden“ işgärine çäksiz guwanan başlyk donuna sygyp bilmedi. --Iýen-ýçeniň özüňki, gören-eşdeniňden habar ber – diýip, ýaş hünärmeniň elini silkeläp durşuna, başlyk dylym-dylym etdi. --Başlyk, misis Matilda ýok eken. Işden gidenine bir aý bolupdyr. Onuň ýerinde ledi Laura diýen bir gyz işleýär eken. Olam sizi tanamady. --Otelde boş ýer ýok ekenmi onsoň?!. --Aý, misis Matilda bolmansoň, soramadymam men-ä... Şondan soňky bolan zatlary aýdyp oturmaýyn. ...Indi alty aýdan bäri men başlygyň wezipesini ýerine ýetirýärin. Orazguly Annaýew | |
|
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |