18:02

Käbäme

Категория: Goşgular | Просмотров: 359 | Добавил: Bayram-Aly | Теги: Näzik Möwlanowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
"Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Победителям / Goşgular - 29.02.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024

Teswirleriň ählisi: 18
1
1 mango  
651
ýalňyşdym.
bagyşlaň.

0
2 Darakdiş  
741
@mango, goşulanym üçin bagyşlarsyňyz, emma gozgan gürrüňiňize goşulman bilmedim (Sebäbi ulurak bir temaň bir bölümjigi ahyry ol, goşulmazlyk mümkin däl käbir gyzykly gürrüňler(ňiz)e).

Umuman, ähli söýgüleriň hem aňyrsynda egoistlik ýatyr.

Mende şoňa meňzeş bir ýazgy bolmaly. Bu ýere gysgajyk ýazdym, uzalyp gitjek yzy...

0
3 mango  
651
bagyşlaň.

0
4 Darakdiş  
741
Elbetde. "Men"-siz men hiç kim ahyry. Üns berjegiňizi bilipdim.
"Mende şoňa meňzeş ÖZ ýazgyM bolmaly" diýmedim ahyry.
Ýöne gowy ýatlatdyňyz :-)

Arwo daýy diýeniňizde welin, haýsydyr bir zat barada pikir aýtmak üçin, ol barada düşünjäň bolmasy gerek. MEN welin, poeziýa gezek gelende BOŞ-da.

Nätse bor?

- Bir bolgusyzja, köpüň pikirine garşy geläýjek teswirjik oklasam-a...

1
5 eatayew33  
761
Ýene bir wakanyň beýany

Aşgabadyň töweregindäki obalaryň birinde bir agzybir maşgala ýaşaýardy. Maşgala başlary bolan är-aýal daýhançylyk bilen meşgullanyp, çagalarynam (dört ogul bilen iki gyz) kiçiliklerinden zähmet bilen terbiýeläp ýören adamlardy. Körpeleri on iki ýaşa gidende olar öýlerine ýedi ýaşlyja ýüz-gözüni, üst-başyny kir-kimir basan gyzjagazy getirip, çagalaryna: "Şu günden şeýläk bu siziň jigiňiz bolar, oňa bir-biriňize seredişiňiz ýaly seretmelisiňiz" diýip tabşyrýarlar.
Hiç kimden ses çykanok. Olar sessiz razylaşýarlar. Iki gyzlary gyzjagazy äkidip suwa düşürýärler, oňa howul-hara-da bolsa, öz köýneklerinden köýnejik dikip berýärler.
Ol wakadan on ýyl geçýär. Maşgala başlarynyň ikisem heläkçilige uçrap, bir günde aradan çykýar.
Şol obanyň mollalarynyň bir häsiýeti bar: toýuna saz getireniň, ölüsini aglap ugradýanlaryň soň toýuna-ýasyna baranoklar.
Her gezegem tabyt öýden çykarylmaka uly goh edip, aglamazlygy tabşyrýarlar.
Bu gezegem şeýle bolýar. Hiç kim aglamaga het edip bilenok.
Gölegçiler gaýdyp gelensoňam, hiç kimden ses çykman, esasy molla aýat okamaga başlandan (mollalar ol obada ýanjanly bermegem gadagan edipdiler), başlaýar bir agy!
"Waý, ejeme-eý! Wah, kakam-eý! Waý, käbäm-eý, wah, kyblam! "
Ol agyň sesi ýene-de on molla goşulşyp okasa-da, barynyň sesini basyp ýatyrjakdy!
"Gelmäň golaýma! Tutmaň adymy! Aglajak, janyňyz çykýan bolsa-da, aglajak! Siz aglamaň! Ejeňiz ölende-de, kakaňyz ölende-de, çagaňyz ölende-de aglamaň! Men ölemde-de gelmäň! Jaýlamaňam! Tersiňize geliň toýuma-da! Häzirem güm boluň!"
Molladan dem-düýt çykanok, agy bolsa domam edýär:
"Howwa, men öz agymy aglaýan! Indi men kime gerek?! Yedi ýaşymdakam öz araralarynda sögüşen bolup, meni köçä taşlan ho-ol oturan meni dogran bilen daşardaky dogurdana gerekmi indi men?! Allajanam meni aglatmajak bolsa, näme üçin maňa bu ykbaly berýär?! Näme üçin meni köçeden ýygnan ezizlerimi alyp gidýär?!
Waý, iller-e-ý, men aglaman, kim aglasyn?!"

Onuň sesine ilki iki uýasy, soň gelnejelri, soňam ejeleridir kakalarynyň aýal doganlaram goşulýarlar.
Mollalar okamaly zatlarynam okaman, turmak bilen bolýarlar. Daşardaky erkeklerden diňe aglasy gelýänler galýar. Okalmaly hemme zatlaram okalýar, tizara mal kesilip, galan adamlara tagam hödürem edilýär.

P.S.
Şol wakadan soň ýaş oglanlar toýlaryna bagşy getirip başladylar, mollalara bolsa: "Jynazamyza-da gelmejek bolsaňyz, goňşy obalardan molla çagyraýarys" diýdiler.

Üc ýyldan soň bolsa doganlary şol gyzyň durmuş toýuny şeýle bir üýtgeşik tutdular welin, özüne molla diýen şol günlük obadan gaçyp gidendir diýdiler.

Heniz-henizlerem duş gelýän, köpçülikde başgalaryň agysydyr-gülküsine kontrollyk etjek bolýanlara. Sesiňi çykarmasaň, olar köpelibem barýarlar.

0
6 eatayew33  
761
"Ýasda her kim öz ölüsiniň agysyn aglar" diýen gürrüñem bar, gybat gözleýänlere weli ýa-ha "öli görmedik", ýa-da ýene bir zatlara diýýäler...

0
8 mango  
651
123

0
7 Sergezzan  
707
Men-ä Ejemi kanbir soyip bilmedim, megerem bu ejem meni emdirmani ucindir. Meniň yekeje emen zadym, olam Jemilän dodagydy

0
9 hoşowaz  
390
Aglajak adam sessizem aglar...

0
13 eatayew33  
761
Gybatkeşlerem sessiz edäýse gybatyny...

0
14 hoşowaz  
390
Emosiýalary kontrol etjek bolýanlary obsuždat edýänler hem sessiz "Il agzyny bogaýsalar"...

0
16 eatayew33  
761
Siziň "keramatyňyz" ("il agzyňyz") gaty üýtgeşik eken.
Boldy, boldy, sesi gelmese, sesimizi çykarmarys.

0
18 hoşowaz  
390
Umumylykdy bu :)
("Siz" ýa "Biz"-e geçmeklik... baýbu, ine "keramatlylyk")

0
10 Sergezzan  
707
Eje ölendensoň caga aglar, cagasy olendenson seni hickim yatlamazam. Netijede sen bolmadyk yaly bolarsyn. Nahili bidereklik

0
11 Revo  
484
Ölmek we ýaşamak näme?!
Biz bedenmiziň barlygy üçin dälde, bedenimiz biziň barlygymyz üçin ýaşaýar. Ölümi ýada ýaşaýyşy, trillionlarça öýjüklerden toplanyp emele gelen jisimine baglamaklyk, nädogry bolar. Ýaşaýyş we ölüm - bu biziň aňymyzda bolup geçýär. Bedeni ölen adam, biziň aňymyzda ýaşaýşyny dowam etýär. Ol belli bir jisimden başga bir jisime öwrülýär. Onsoň, gülkümize gülküsini, agymyza agysyny, pikirlerimize pikirlerini, endiklerimize öz gylyk - häsiýetlerini gatýar.
Ýaşabam ölüp bolýar. Hiç kimiň aňynda ornyň bolmasa, pikirlerine girmeseň, asla sen hakda düşünmese, sen, şol adama özüňiň ýaşaýanlygyňy, barlygyňy nädip subut etjek. Elbetde, oň aňynda öz ýeriňi alyp. Ýogsa seniň barlygyňa asla ynanmaz.
Ýaşaýyş - bu beden dälde, pikirdir. Sen şu günde ýaşasaňam, pikirleriň ertirdir, birgünlerde ýaşaýandyr...

0
12 Revo  
484
(Biraz pikirlerimi toparlap bilmedim öýtýän :( )

0
17 Alaýabyly  
788
Ýok, gowy aýtdyňyz. Sag boluň

0
15 hoşowaz  
390
Gözüňi ýumman uklap gördüňmi sen?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]