20:11

Käbir dindarlaryñ jedelli sözleri

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 509 | Добавил: Gökböri | Теги: Aýşe Suju | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 15
0
1 Dunya  
502
"kiçijik gyzjagazlary bazara çykaryp satýan"

Daş etsin sad

0
2 Dunya  
502
“Allanyñ adyny biderek ýere agzama!”

Dogry aýtýa, käbir ýaş ýeleňler iki sözüniň biri "Hudaý kessin" bolup dur.

0
3 Arzyman  
418
Bir ýerde gabat gelemde Hezreti Aly hem «Allaň razylygy üçin öldürdim» diýýän ekeni. Nusga edinilýän şahsyýet şeý diýse, beýlekilerden geňem däl-le.

0
4 Hаwеrаn  
245
"bir ýerde gabat geleñde" okan yeke jümle sözüñ bilen pygamberimiziñ (s.a.w) "yslam bir ylym bolsa, Aly onuñ gapysydyr" bahasyny alan Hz.Aly hakda näme bilýändirin öýdýäñ, bu barada kesgitli bir zat aýdar ýaly? Onuñ durmuşy, ömri, geçen ýoly, göreşi... duşmanlary, duşmanlarynyñ oña we tutan ýoluna eden ýamanlygy, garalygy... barada näme bilyäñ?

-2
5 Arzyman  
418
Bolýa-la, adamlaň beýik şahsyýetleri gorajak bolmaklary birhili görünýä. Beýikligi çyn bolsa, özlerini özleri gorar.

2
6 Arzyman  
418
Islendik kişi—islendik kişi, ýa tema barada özbaşdak karara gelmäge haklydyr. Şoň üçin näçe jabjynylsa-da, pikir ýöretmek babatda hiç kim hiç kime gorky serhedini goýup bilmez. Güýjüňizi başga zada sarp ediň.

-1
7 Hаwеrаn  
245
Arzyman, jigim, bu barada öñem size göwnüñuze degmejek şekilde çalarak ýañzydypdym öýdýän?...
Biz ilki kimdir birileriniñ täsirine düşüp, kimdir birileriniñ elimize tutduran birtaraplaýyn edebiyatlaryna absolyut hakykatdyr (hut şoñ täsiri b.n şulary aydyañ) öydup "erkin" netijä gelmezden owal öz halkyñ taryhyny, medeniyetini, eldegrilmesiz mûñ yarym ýyllyk medeni kodlaryny seljer.
Türkmen halky hernąçe erkin w pygamberine (s.a.w)

-1
8 Hаwеrаn  
245
Türkmen halky hernąçe erkin we Allanyñ pygamberine (s.a.w), Allanyñ päk Çaryýarlaryna, öwlüyasine-pirine dodak çöwrenlere barlyşykly garamaz. Bäri saña "Charlie Hebdo"-nyñ redaksiyasy däl.

-1
9 Hаwеrаn  
245
Saña Gökböriniñ öz terjimesi b.n jogap: http://kitapcy.com/news/2020-07-28-12030
Şu makalada hem aydylşy yaly halkyñ hakydasynda ebedilik orun alan beyik şahsyýetlere dil uzadyp köñüllerde tagt gurup bilmersiñiz (siziñ esasy maksadyñyz hem beynileri yuwup, köñülleri "basyp almak" dälmi?)

0
10 Hаwеrаn  
245
Mysal getirilen linkden sapak almaly zatlar az däl. Halkyñ müñ yarym ýyllap ganyna damaryna siñio giden gymmatlyklaryna we ol gymmatlyklaryñ gözbaşynda duran beyik şahsyyetlere dil uzadyp özûñizi "erkin" pikirli gorkezip bilmersiñiz. Türkmen aga baryp-ha pygamber zamanynda, Hz.Ebu Bekiriñ dowrunde yorite topar ugradyp yslamy kabul edendikleri barada rowayatpisint maglumatlar bar. Gorkut ata baradaky rowayatlarda onuñ Medinä yorite baryp yslamy kabul edendigi aydylyar. Hz.Alynyñ dowrunde Marynyñ hakimi yorite hat ugradyp yslamy dogry duşundirip biljek adamlary ugratmagy sorapdyr. Diymek pygamberimiziñ we onuñ çaryýarlarynyñ dowrunde din asyl prinsiplerden gyşarman dogry wagyz edilen bolmaly. Sebabi hiç bir syyasat, hiç bir ideologiya zorluk bilen kabul etdirip bolmajagyna (kabul etdirilse-de uzak dowam etmejegine) görä, (munuñ mysaly olardan soñky emewi diktarurasynyñ yslamy basybalyjylykly syyasatlarynyñ ideologiyasyna owrup, turkmenleri we beyleki halklary gyranlarynda aydyñ görüldi) yslam hakykaty dogry wagyz edilse, tagt gurmajak köñli, eyelemejek yurdy, almajak galasy, egmejek boyny yok.. şol oñyn döwür (Asry-sagadat), yagny yslamyñ altyn asyry türkmenleriñem hakydasynda gowy yzlary galdyran bolmaly, yogsam bolmasa, Hz.Aly Turkmenistana gelmedigem bolsa onuñ yurdumyzda zyyarat edilyan ençeme simwoliki mazarlary, hatda düşlap geçen yeri, namaz okan yeri, Düldüliniñ ayak yzynyñ galan yeri we ş.m... ayratyn sylag-hormat bilen garayan yerleri bolmazdy...

0
11 Hаwеrаn  
245
Yokarky makalanyñ awtoryndan, ya terjimeçisinden zyýat erkin pikirli dalsiñiz. Makalada gozgalyan pikirler bilenem birnäçe yñdarma dinçileriñ ylalaşmajagyny bilyän.

0
12 Gurgencli  
324
"…hatda düşlap geçen yeri, namaz okan yeri, Düldüliniñ ayak yzynyñ galan yeri …" bular nirelerde bar, Has aga? Ozal eştmändirin.

0
13 Hаwеrаn  
245
Düşläp, namaz okap geçen yeridigine ynanylýan yer, Nusaý galasynyñ yanynda, Şyh Alow öwlüýäsiniñ we 400 piriñ yatandygy aydylýan we "Kiçi Şam" diyp atlandyrylýan yeriñ guk yanynda (8 km-lik "Saglyk ýolunyñ" ahyrky menziliniñ aşak yanynda) yerleşýär...

0
14 Gurgencli  
324
Sagbol, Inşallah aşgabada baramda baryp görerin.

1
15 Aksary  
876
"hatda düşlap geçen yeri, namaz okan yeri, Düldüliniñ ayak yzynyñ galan yeri we ş.m... "

Akgaýaguşaklyda "Düldüliñ agyly" diýlip zyýarat edilýan ýer bar, baýryñ (gyryñ) üstünde ýerleşen, beýigräk ýere cykyp seretseñ birnäçe oba bärden görüp bolýar. Edil özüme 4-5 km bärden synlamak nesip edipdi, baryb-a göremok...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]