22:36

Kinniwanja kyssalar

KINNIWANJA KYSSALAR

Göz ýüzüňe düşýän ýygyrtlary görmezlik üçin çöňňelýän bolaýmasa?!
***
Ahmet Gurbannepes sag eli işlemeden galandan soň:”Siziň ýazýanja zatlaryňyz meniň çep elimden gelýär” diýmäni çykardy.
***
Zehini kütekleriň köplenç jepakeş bolýandyklary gynandyrýar.
***
Adamyň kämillige ýetip bilmeýändiginiň sebäbini ýaşlykda aňynyň, biliminiň, tejribesiniň ýeterlik däldiginde, aňy goýalyp bilim, tejribe toplansoň bolsa,Allanyň onuň huşuny küteldýänliginde görýän.
***
Ýaşmakly gelin edep babatda gaýynlarynam tijendirýär.
***
Älhepus, dünýäniň pany bolaýşyny! Hany onda muňa “pany” diýen gerçekler?! Pany diýilýän dünýe dur, biz geçip gidýäs.
***
“Miniatýura” ýazmag-a tüýs meniň pişäm ekeni (pikir çuňlugymy däl-de, ýaltalygymy göz öňümde tutýan). Günde-günaşa birlän-ikilän “Kindiwanja kyssa “ ýazylsa, uzagyndan romanyňam, iň bolmanda , powestiň-ä önmegi mümkin.
***
Görmegeý zenanlara ýanýoldaşlaryna wepaly bolup päkize garramak, gör, nähili kyn! Başym gurban başaranlara!
***
Gulagy agyrrak (agyr kemi ýok-la, sypaýylaşdyran bolaýýan) Atajan Tagan bir meýlisde “Bular diňe maňa arak guýup özlerine suw guýýamykalar: örän ýuwaş gürleşýäler-le”- diýip geňirgendi.
***
2.
***
Huşuň kütelişse kemem däl ýaly-la : ýekeje kitap bilen oňşuk etse bolýar. Okap ahyryna çykýançaň , başy ýadyňdan çykýar. Gaýtalap oka-da ýör.
***
Oňa eseriňi öwdürjek bolsaň, ýa zenan bolmaly ýa-da, iň bolmanda, merhum.
***
Beýik alym Aşyrpur Meredow ýogalypdyr, bilmän galypdyrys. Kyrky geçipdir. Dostumyň ýene bir “gahrymany” köpeldi.
***
Hudaýa “Sen” diýip ýüzlenýäs , çünki Ol çäksiz geçirimli. Maňa “siz”diýip ýüzlenseler gowy görýän , çünki men Hudaý däl.
***
Bir gijede ýazylmadyk romanyň ýüzüne köz degsin. Ýazdyraýanok. Ýazamogam.
***
“Kindiwanja kyssalarymyň” haýsysynyň oýun , haýsysynyň çyndygyna özümem düşünip bilemok.
***
Ol şeýlebir mert öldi welin, ajalda ajar galmady.
***
Ne ajaýyp posagähim—lebleriň!
***
Adam ölensoň bu dünýäniň azabyndan dynýar. Şahyr gidensoňam öz goşgulary bilen bileje, tä zamana ahyr bolýança, panynyň derdini çeker ýörer, çeker ýörer.
***
Gazy gark etjek yagyýşda ...
***
Eşret azabyň yzyndan ýöreýändir.
***
Doňuzy götergiläp syrtyndan iteklemedik bolsalar, ol depä çykyp bilmän batgada agnar ýatardy.
***
Üst-başyňy hapalatman doňuzy batgadan çykarmak başartmaz.
***

3.
***
Birewden nep gözläp oňa hyzmat görkezmek, tarypyny ýetirmek—bu ýaranjaňlykdyr ; bähbit araman şeýtmeklik bolsa ýagşy kişä wepalylykdan hem-de asyllylykdan nyşandyr.
***
Soňky döwürde welilik satýan köpeldi welin, menem şolaryň birine öwrülip ýören bolaýmaýyn? Toba!
***
Kellesine ilde-günde ýok, irde-giçde-de bolmadyk, aklyňy haýran edýän täsin pikir geldi. Kagyza geçirmek üçin: “Ind-ä sypmarsyň” diýip syçrap ýatan ýerinden turdy welin,ýene-de düýş eken.
***
Älemleriň diňe ikimiz üçin yaradylandygyna ynanyp bilemok. Ynanmasam-da,hakykat bilen ylalaşmaly bolýaryn.
***
Eý, Hudaýym-eý, bu kagyzyň akdygyny! Yllabir adamzadyň menden öňki ähli ýazan zatlaryny ýüzünden sypyryp , meniň üçin ýer boşadyp goýan ýaly-da!
***
Ýitgiňi mundan beýläk gözleseň özüňiýitiräýjek çägiňe çenli gözlemeli.Özüňi tapmak has kyn.
***
Saňa duşmadyk dagy bolsam, näme bolardy?!Sen maňa duşardyň.
***
“Iki adam uruşsa ,öter ýaly ýol berme”-de, ikisinem huşa getirijä dyk.
***
Alysdan halyňy telefonda soraýan. “Gül ýaly”- diýýäň. Mensiz?! Gül ýaly?!
***
- Keýwany, gije genial hekaýa ýazdym!
- Näçe manatlyk?
***
Tebigaty wasp edip gowy zatlar ýazasym gelýär. Tebigatam maňa: “Azara galma, meni sensizem tanaýarlar”-diýýär.
***

4.
***
Az ýazanyma begenýän. L. Tolstoýa, O. Balzaga, Ž. Simenona we şolar ýalylara gözüm gidenok, nebsim agyrýar. Şu ýaltalygym bilen beýle köp zady ýazmak, ençeme gezek göçürmeg-ä beýlede dursun, öz ýazan zadymy ikinji gezek okabam bilmezdim.
***
Alty ýaşly agtygym Nurmuhammet jan maňa “ Ata, goşgy ýaz” diýip ruçka sowgat berdi.
Indi dat günüňe, türkmen! Dörejek şygyr silinden seresap bolaweri!
***
Aňrynyň ýagdaýyny soraýaýyn diýsem, gelýän-gidýänem ýok. Garaşaýyn hany,belki , öten-geçen bolar.
***
Sesiňe döneýin,Alabaý,ýöne edil häzir üýrmäň bolanok-da.Bu kellä aýda-ýylda bir pikir gelýär-a,gelenjesinem jöwhüldäp dargadýaň.
***
Enşalla,hemme zat gowy bolar : oglumam bergilerinden dynar,gyzymyňam maňlaýy açylyp gider, ezizimem görgülerden dynar,menem sag-aman ýurdumy täzelärin. Hemme zat gülala-güllük bolar,enşalla!
***
Içip öleniň gowumy ýa-da içmän ? Gidenlerden sorabam bolanok.
***
Allanyň ýeketäkdigine ynanýan. Ýöne Onuň nämüçin beýle azdygyna düşünip bilemok.
***
“Pylany beýik” diýýäler. Men-ä özüme “Çuňňur!” diýselerem kem görmezdim, kemsinmezdimem.
***
Altyn bilen ynsan göwnüniň şeýle gapma - garşydygyny görseňizläň! Tyllany sozup birje gramyndan üç kilometre ýetýän sapak ýasap bolýar, adamyň göwni bolsa ýekeje söz üçin şarta döwüläýýär.
***

5.
***
Saňa jaň edip gürleşesim gelýär. Sen bolsaň işli. Duşuşyp, meniň bilen arkaýyn didarlaşmak üçin işleýäň.
***
Goşgularymy okanlar : ” Bäşim Ödek şatlanybam bilýän eken, Bäşim Ödek gussa-da batýan eken” diýseler maňa bes.
***
Täze ýazan ýekeje setirimi okabam täze ýyldyz gören ýaly begenýäň. Şeýdibem , täze ýyldyzyň dogmagyna sebäp bolýaň.
***
Seniň adyňy eneň-ataň-a dakan däldirler. Ösüp , kemala gelip, görklenip iru-giç gujagyma doljagyňy bilip men dakandyryn.
***
Nämüçin guşlar uçýar, balyklar ýüzýär, adamlar ýöreýär? Diňe olaryň ganatlary, ýüzgüçleri ýa-da aýaklary bolany üçin-ä däldir. Bu ýerde bir hilegärlig-ä bolmaly.
***
Sen meniň goşgularyma “genial” diýýäň. Ol-a deň-duşlarymyň başdansowma, degişme bahalary. Başgaçarak , ýokarrak berjek bahaň ýokmudy?
***
Biri “Meniň pikirlerim örän çuňlukdadyr” diýdi. Men-ä gazyp-gazyp tapyp bilmedim.
***
Hiç haçanam “pylankes” bolasym gelmedi. Özüm bolasym geldi. Başartdymy ýa ýok ,bilmedim.
***
Ýaşy özümiňkiden ulularyň bu dünýäni terk edýänlerine gynansam-da,kaýyl bolýan. Binobat gidýänlere welin gaty gaharym gelýär.
***
Sen maňa “Gitme!” diýip ýalbarýaň. Meniňem gidesim gelip baranok. Sen bir perişd-ä: Özi bilen gürleşäýsene. Aňyrda menden başga-da gowy şahyrlar köp-ä.
***

6.
***
Aşa sypaýy aýalym bar : ýaňy bir ymyzganyp barýakam ölinem oýarjak sesi bilen adymy tutup gygyrýa- da : “Oýaraýan-a däldirin-dä?” diýip soraýar.
S.S. Şu ýazgymy aýalyma okap berdim. Olam : “Sen menden gowy aýala mynasybam däl-le diýdi.
***
Arak beýniňi çüýretjek-le, spirte geçiläýmese.
***
Surnugan kelläme :” Biraz dynç alaý” diýýän. Öň ýadap görmedik kelläm “dynç” sözüne düşünmän , gözüni elek-çelek edýär.
***
“Ýazmalymyş” diýseler, şol ýazyp otyryn. Ýazana bir zat berilýän bolsa, galama berlerdi ahyryn .
***
“Kindiwanja kyssalary” ýazsamam-a ýazýan welin, olar meniň wesýetlerim bolaýmasyn diýibem howatyrlanýan.
Millet- mal sürüsi. A , men Adam atanyň nesli.
***
Men o gelinden:”Şu şadyýan gülkiňi ýene-de gaýtalap bilermiň?” diýip soradym. Olam : ”Sen ýaňkyňy gaýtalasaň, menem gülkimi gaýtalaryn.”-- diýdi. Utandym.
***
Bir edebi tankytçy maňa her gün jaň etmäni çykardy. Özem ilki biraz öwen bolýa-da, soň tankydy belliklerini aýdyp başlaýar. “Külümi çykarmaga “öwrenişdirjek bolýar öýdýän.
***
Talhatan baba, Parsa pir, Ak işan ýaly keramatly ýerlere zyýarata olardan medet diläp däl-de, il-güne hyzmat edip geçendikleri üçin şolaryň özlerini beýik Allanyň ýalkamaklaryny mynajat edip barmalymyka diýýän.
***
Men saňa bir zat okap bereýin welin, öwjek bolma, tankydam etme. Ýek ýigrendigim tankyt.
***
Salamlaşmak üçin her gezek jaň edenimde,dostum menden:”Näme okaýaň” diýip soraýar. Menem :”Ýazamok, onsoň näme okaýyn?!” diýip jogap berýän.
7.
***
Ýazgylarymyň birküç ýerinde dagy onuň adyny agzandyryn. Ind-ä onuň taryha giräýmegem ahmal.
***
Öz ýyldyzymy gözläp goşa didämi asmana dikdim. Asmanam set müň göze öwrülip meni gözledi.

Категория: Sözler | Просмотров: 571 | Добавил: Mirror | Теги: Bäşim Ödek | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 6
0
1 Garaýolly  
27
Tasirli bolekler.
,,,,Enshalla,hemme zat gowy bolar: oglumam bergilerinden dynar,gyzymyñam mañlayy acylyp gider, ezizimem gorgulerinden dynar, menem sag-aman yurdumy tazelarin. Hemme zat gulala-gulluk bolar,enshalla"".
Yashayysh-durmush ukladynda yeter-yetmez guzeran gorguleriniñ ajy yañsyly beyany. Mashgala dayanjy bolup duran ogluñ bergi-borc batgasyna batmagy, suññi-suyegi ene-atanyñky,hyzmaty iliñki bolmaly gyz perzendiñ gyltyz ykbally bolmagy,mashgala bashynyñ egin soyegi bolup duryan yanyoldash ayalyñ ruhy azaplar icinde jowlan urmagy guseran hoossalaryndanbiraz cete cekilip,gezegi ogluna beren erkek kishini suyji omurden ajy kinayany doretmage mejbur edipdir meniñ pikirimce.

0
2 Garaýolly  
27
Ykjam we yiti mazmunly kyssajyklar. Biri-birinden tasirli

0
3 Garaýolly  
27
Hawa,hawa

0
4 Gumlygelin  
8
Birki setirde-de beýle-beýle täsir edip boljak eken-a...

0
5 Мylayym  
83
"Gazy gark etjek ýagyşda... Kiinniwanja kysssa bolsa-da, uly manysy bar...

0
6 jumagylyjovao  
88
"Kindiwanja kyssalarym"haýsysynyň oýun,haýsysynyň çyndygyna özümem düşünip bilemok.

Men bolsa baryna çyn diýip düşündim.Käbirleri "Gözýaş astyndaky gülki"ýaly görünýä.Şeýle täsirlendim welin,gaýtalap-gaýtalap okaýaryn.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]