14:07 Garajaoglan ikimiz hem ajal | |
GARAJA OGLAN IKIMIZ HEM AJAL
"Bar, git, Ajal, birzamanlar gelersiñ" Garaja OGLAN Gelmänler geçäýseñ nädersiñ, Ajal, Şahyr kowansoñam gelip bilermiñ?! Sen islän ömrüñi gädersiñ, Ajal, Heý, şahyr ömrüni çilip bilermiñ?! Garry-ýaşy añtan, Ajal, Doýman-dolman kañkap, Ajal, Garaja Oglana dalaş ederçe, Aşypmydy añkañ, Ajal?! Garaja Oglanyñ halalja sözi, Şol melul edip dur asyr aşyryp, Gözellerden doýmaz garaja sözi, Indi mende, gyzlañ aklyn çaşyryp. Bir töwra şahyram, senden ürkmenem, Biraz añyrrakda segre, gez, Ajal. Menem bir garaja ogly Türkmeniñ, Gowsy ikimize degme sen, Ajal. Bäşim ÖDEK. | |
|
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |