15:22 Manaman | |
MANAMAN Saba söýýäñ. Günortan Hunaba berýäñ maña. Ikindinler köşeşip, Gaý turuzýañ agşama. Hem eziz sen, Hem nejis. Dünýäñ bar birenaýy. Sensiz ötürip bolmaz, Her sagat, gün, Her aýy. Söýseñ, Misli ýaz pasly, Gülälekler açylýar. Men ýazyña höwesli, Pyntyk urup, açyl, ýar! Dymsañ, Tomsuñ jokrama Yssysynyñ petişi. Wa hasrata, nedamat Kölegäñe ýetişip, Irkilip saý ýeriñde Dem almasam, Tüssesiz - buga dönüp giderin Kelam agyz kyssasyz. Her günde, Ýa günaşa, Söbügimi yzarlap. Yrsarañda bihuda Garlar ýagar köwsarlap. Bilýän, Ýene dözmersiñ Salarsyñam külbäñe. Demiñden dem berersiñ Üşän göwün ülkäme. Dört pasyly dünýäñde Jem eýlegen jenan sen. Men Nuhuñ körpe ogly, Manaman sen, Aman sen. Ýoklugyñda girmäge, Mejalym ýok jeñlere. Sen bolmasañ ýetmerin Tilkiguýruk dañlara!.. | |
|
√ ,,Ak gar ýagyp..." / Goşgular - 17.01.2023 |
√ Гимн Атону / Goşgular - 24.01.2023 |
√ Ýene adaty gün / Goşgular - 15.01.2023 |
√ Razylyk / Goşgular - 07.01.2023 |
√ Перед маем / Goşgular - 16.01.2023 |
√ Тамара и певец её Шота Руставель / Goşgular - 12.02.2023 |
√ П. И. Вейнбергу / Goşgular - 08.01.2023 |
√ «Двух – жарче меха! рук – жарче пуха!..» / Goşgular - 07.01.2023 |
√ Başlyk hakynda ballada / Goşgular - 29.01.2023 |
√ «Как мимолётна тень осенних ранних дней…» / Goşgular - 05.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||