04:10 Men ätläp geçip bilmedim... | |
MEN ÄTLÄP GEÇIP BILMEDIM...
Men ätläp geçip bilmedim Yşgyň kenary deý gaşlan üstünden. Gözleriňe gaçdym, oň çuňlugyna Boýum däl, hat-da, dilimem ýetmedi. Şonda Gursagymda halys lälik saklanan ýüregim üýtgdi. Gözlerim ýüzüňden öpdi duýdansyz Göreçlerimiň yzy galdy ýelmeşip. Üsti-başym, dünýäm- daşym şepbeşik… Kirpikleň ýolumda demir tiken deý ýöresem aýagyma çümýä. Görýäňmi? Men hiç ýana gidip bilemok… *** “Beýdip kän seretme, söýmegiň ahmal” Diýip, syrly gülýäň. Bolup biler. Sebäbi meň ýüregim ýuka. Ony özüňem bilýäň. Ýöne ýetmiş ýylda çözülmez ýaly Adam eli bile el-aýagymy Agzymy-burnumy, ykbalym daňyp Söýgi seň öňüňe oklad-a eýýäm! Indi giç bolaýmasa… Enwer NYZAMOW. | |
|
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |