14:27 Meñ obamyň gyzlary | |
MEÑ OBAMYÑ GYZLARY
Ylym diýip oturan, Kitabyny göteren, Ýokar okuw gutaran, Meň obamyň gyzlary. Bolar iliň lukmany, Rakyplardan bukmany, Sözlerinden gorkmany, Meň obamyň gyzlary. Daň ýyldyza bakyşy, Dokma baslyk kakyşy, Geçirer güýzi, gyşy Meň obamyň gyzlary. Ylym gerekdir size, Goldamak borçdur bize, Galmaňyz halkdan yza, Meň obamyň gyzlary. Alkyş ediň bagtyna, Bu gün gyz, ertir ene, Ýalkym saçar aý-güne, Meň obamyň gyzlary. Obama baş ursaňyz, Myhman bolup barsaňyz, Haýalydyr görseňiz, Meň obamyň gyzlary, Maral gözli gözleri, Baldan şirin sözleri, Nuranadyr ýüzleri, Meň obamyň gyzlary. Çyksalar-da seýline, Wepalydyr iline, Sözlär ene diline, Meň obamyň gyzlary. Obasyndan daşlygy, Ýada düşýär ýaşlygy, "Türkmen gyzyň" hoşlugy, Meň obamyň gyzlary. Emine TÖRRÜK. | |
|
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |